Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Iň gowy zadymy bererin

Iň gowy zadymy bererin

Ýükläň:

  1. 1. Atam, hemişe ederin elimde barymy,

    Söýgimi görkezerin berip iň gowy zadymy.

    Wagyz etsem diňlänleriň ýoly saçar ýagty,

    Öwredip özümem tapýaryn hakyky bagty.

    GAÝTALAMADAN ÖŇ:

    Eý Hudaýym Ýehowa, berýärsiň berk iman maňa.

    Bütinleý bagş etdim ömrümi, janymy saňa.

    GAÝTALAMA:

    Saňa gulluk etmek üçin hemişe,

    Taýýar islendik wagt, islendik işe.

    Elmydam edip elimde barymy,

    Ýehowa, bererin men saňa bar zadymy.

  2. 2. Wagyz ederin Hudaýa bolup wepaly,

    Doganlar hem uýalar söýgimi duýar ýaly.

    Mätäçleri goldamak üçin berip köp wagty,

    Ýürekden gulluk edip tapýaryn hakyky bagty.

    GAÝTALAMADAN ÖŇ:

    Eý Hudaýym Ýehowa, berýärsiň berk iman maňa.

    Bütinleý bagş etdim ömrümi, janymy saňa.

    GAÝTALAMA:

    Saňa gulluk etmek üçin hemişe,

    Taýýar islendik wagt, islendik işe.

    Elmydam edip elimde barymy,

    Ýehowa, bererin men saňa bar zadymy.

    GAÝTALAMA:

    Saňa gulluk etmek üçin hemişe,

    Taýýar islendik wagt, islendik işe.

    Elmydam edip elimde barymy,

    Ýehowa, bererin men saňa bar zadymy.