Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gijä galmarsyň! (2023-nji ýylyň kongresi)

Gijä galmarsyň! (2023-nji ýylyň kongresi)

(Habakuk 2:3)

Ýükläň:

  1. 1. Dag-deňizleri, jeňňel-çölleri,

    Çeşme-çaýlary Ýehowa ýaratdy.

    Dünýä üýtgäp dur, sen üýtgemeýäň,

    Sabyr-takatly, mähirli Hudaýym.

    (GAÝTALAMA)

    Atam jan, goý, gelsin, tizräk täze dünýäň,

    Sabyrly garaşaryn.

    Gowy günler geler, aýdanlaryň bolar.

    Ähli zat täzelener,

    Gijä galmarsyň!

  2. 2. Pygamberleriň tizden direler,

    Ýehowa Atam, olary küýsediň.

    Ýyllar geçse-de, aýra düşseň-de,

    Ýene görmäge sabyrly garaşdyň.

    (GAÝTALAMA)

    Atam jan, goý, gelsin, tizräk täze dünýäň,

    Sabyrly garaşaryn.

    Gowy günler geler, aýdanlaryň bolar.

    Ähli zat täzelener,

    Gijä galmarsyň!

  3. 3. Ýumşak adamy gözläp tapýarsyň,

    Geljege umyt, ýaşaýyş berýärsiň.

    Kalby päklere wagyz ederin,

    Bar güýjüm bilen ýoluňdan ýörärin.

    (GAÝTALAMA)

    Atam jan, goý, gelsin, tizräk täze dünýäň,

    Sabyrly garaşaryn.

    Gowy günler geler, aýdanlaryň bolar.

    Ähli zat täzelener,

    Gijä galmarsyň!

    Sabyrly garaşaryn!

(Serediň: Kol. 1:11).