Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

HASRAT ÇEKÝÄNLERE GÖWÜNLIK

Bolup biljek ýagdaýlar

Bolup biljek ýagdaýlar

Dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlaryň hasrat çekişi biri-biriniňkiden tapawutlanyp biler. Käbirleri zaryn-zaryn aglaýar. Käbirleri bolsa ýürek derdini gizläp bilýär. Şeýle adamlar hasrat çekmeýärmi? Elbetde, hasrat çekýär! Eger adam aglasa we ýüregini birine dökse, derdi ýeňleýär, ýöne bu hasrat çekmegiň ýeke-täk usuly däl. Adamyň hasrat çekişi onuň terbiýesine, medeniýetine, geçmişine we ýakynynyň nädip aradan çykandygyna bagly bolýar.

GARA BULUT GURŞAP ALSA

Siziň dogan-garyndaşlaryňyz aradan çykan bolsa, düşnüksiz duýgulary başdan geçirip, özüňize näme bolýandygyny bilýän dälsiňiz. Ýöne hasrat çekýän adamlaryň köpüsiniň duş gelýän kynçylyklary we başdan geçirýän duýgulary bir meňzeş bolýar. Eger siz şolar hakda bilseňiz, özüňizi ele alyp bilersiňiz.

Gam-gussa çekmek. Hasrat çekýän adam içi-içine sygman aglaýar, aradan çykan dogan-garyndaşyny göresi gelýär we keýpi üýtgäp durýar. Ol käbir zatlary hiç unudyp bilmeýär, düýş görýär, depesinden sowuk suw guýlan ýaly bolýar we bolan ýagdaýa ynanyp bilmeýär. Tinanyň äri Tom tarpa-taýyn aradan çykýar. Tina şeýle gürrüň berýär: «Men düýş görýän ýalydym. Başda aglap hem bilmedim, ýagdaýym şeýle bir agyrdy welin, dem almak kyn bolýardy. Bolan zatlary hiç akylyma sygdyryp bilmeýärdim».

Howsala düşmek, gaharlanmak we günäkärlemek. Iwanyň 24 ýaşly ogly aradan çykýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Aýalym Ýolanda ikimiz oglumyz Erigiň ölümine gaharlanýardyk. Soňra bolşumyza özümiz utandyk, sebäbi biz gaharjaň adam däldik. Biz: „Käşgä oglumyz ölmez ýaly bir zatlary eden bolsadyk“ diýip ahmyr çekýärdik». Alehandronyň aýaly uzak wagtlap agyr keselden ejir çekýär we aradan çykýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men: „Allatagala başyma şeýle dert inderen bolsa, onda men günä eden bolmaly“ diýip pikir edýärdim. Soňra bolan ýagdaý üçin Hudaýy günäkärländigime wyždanym ezýet berdi». Geçen makalada agzalan Kostas şeýle diýýär: «Men aýalymy aradan çykandygy üçin günäkärleýärdim. Soňra öz bolşuma haýran galdym, sebäbi aýalymyň hiç hili günäsi ýok ahyryn».

Pikiriň dagynyk bolmagy. Hasrat çekýän adam ünsüni bir ýere jemläp bilmeýär. Belki, onuň aradan çykan garyndaşy gözüne görünýändir ýa-da onuň sesini eşidýändir. Oňa bir zady ýadyna salmak ýa-da pikirlenmek kyn bolýandyr. Tina şeýle gürrüň berýär: «Maňa bir zatlar gürrüň berenlerinde ünsli diňläp bilmeýärin, pikirim başga ýerde bolýar. Kellämde Tomuň aradan çykan güni şol aýlanyp durýar. Hiç zada ünsümi jemläp bilmeýändigime erbet bolýaryn».

Ýeke bolmak islegi. Hasrat çekýän adam köpçülikde bolasy gelmeýär, onuň ýönekeýje zatlara-da gahary gelýär. Kostas şeýle gürrüň berýär: «Men är-aýallaryň arasynda özümi oňaýsyz duýýaryn, sallahlaryň arasynda-da özümi rahat duýup bilmeýärin». Iwanyň aýaly Ýolanda şeýle gürrüň berýär: «Käte adamlar ýönekeý aladalaryny uly kynçylyk ýaly edip gürrüň berenlerinde gaharym gelýär. Sebäbi olaryň kynçylygy biziň çekýän derdimiziň ýanynda hiç zat bolup galýar. Tanyşlarymyz bize çagalarynyň gazanýan üstünlikleri hakda gürrüň berýärler. Biz muňa begenýäris, ýöne şonda-da olary diňlemek bize agyr degýär. Ärim Iwan ikimiz durmuşyň dowam edýändigine düşünýäris, ýöne şeýle gürrüňler biziň ýaramyza duz sepýär».

Saglygyň erbetleşmegi. Hasrat çekýän adamyň işdäsi bolmaýar, horlanýar we ukusy gaçýar. Aronyň kakasy aradan çykýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men her gün agşam şol bir wagtda oýanyp, kakam hakda oýlanýardym. Soňra gözüme hiç uky gelmeýärdi».

Alehandro keselini anyklap bilmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ençeme sapar lukmana göründim. Ýöne olar meniň tut ýaly sagdyndygymy aýdýardylar. Şonda men hasrat çekýändigim üçin özümi erbet duýýaryn diýen netijä geldim». Wagtyň geçmegi bilen Alehandronyň ýagdaýy gowulaşýar. Ol lukmanlaryň ýanyna baryp dogry etdi. Sebäbi hasrat çekýän adamyň immuniteti peselýär, öňki keselleri gozgaýar, hatda täze kesele-de ýolugyp bilýär.

Işe eliň barmazlyk. Iwan şeýle gürrüň berýär: «Biz oglumyz Erigiň aradan çykanyny dogan-garyndaşlarymyza, dost-ýarlarymyza aýtmalydyk. Şeýle-de Erigiň başlygyna we kreýine bolan öýüniň eýesine habar bermelidik. Birnäçe resminamalary doldurmalydyk, Erigiň goş-golamlaryny ýygnamalydyk. Şu işleri etmek aňsat däldi, sebäbi biz gaýgy-hasratdan ýaňa halys tapdan düşüpdik».

Ýakynlary aradan çykan adamlaryň derdine dert goşýan ýene bir ýagdaý bar. Olar indi aradan çykan adamlaryň işlerini hem etmeli bolýarlar. Tina şeýle gürrüň berýär: «Öň ärim Tom hojalygyň hasap-hesip işlerini ýöredýärdi we salgytlary töleýärdi. Meniň şonsuzam derdim başymdan agdykdy, indi şol işleri hem etmeli bolýardym. Men: „Ýeke başyma nädip baş alyp çykarkam?!“ diýip, örän biynjalyk bolýardym».

Ýokarda agzalan zatlar hasrat çekýän adamyň agyr günleri başdan geçirýändigini görkezýär. Dogrudanam, ýakynyň aradan çykmagy ýüregiňe bitmejek ýara salýar. Ýöne bolup biljek ýagdaýlary öňünden bilmek ajy hasrata döz gelmäge kömek edýär. Şeýle-de dogan-garyndaşlaryň aradan çykanda hasrat çekmegiň adaty duýgudygyny bilmegiň özi hem göwünlik berýär. Unutmalyň, adamlaryň hasrat çekişi biri-biriniňkä meňzemeýär.

GARA BULUTLAR HAÇAN SYRYLAR?

Wagt derdiň dermany. Aýlar-ýyllaryň geçmegi bilen hasrat çekýän adamyň derdi ýeňläp biler. Elbetde, bu onuň ýürek derdiniň doly bitjegini aňlatmaýar. Ol aradan çykan ýakynlaryny hiç haçan unutmaz. Ýylyň belli bir güni, esasanam, dogan-garyndaşlarynyň aradan çykan güni, onuň gaýgy-gama batyp hasrat çekmegi mümkin. Ýöne durmuş dowam edýär. Hasrat çekýän adam wagtyň geçmegi bilen özüni ele alyp bilýär. Oňa dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary kömek etse we özi hem aýgytly ädimleri ätse, ajy hasrata döz gelmek aňsat bolýar.

Näçe wagt gerek bolýar? Käbirlerine ajy hasrata döz gelip, adaty durmuşa dolanmak üçin birnäçe aý gerek bolýar. Käbirleri bolsa bir-iki, hatda ondanam köp ýyl hasrat çekýär a. Alehandro şeýle gürrüň berýär: «Meniň ýürek ýaramyň bitişmegi üçin üç ýyl gerek boldy».

Özüňizden köp zada garaşmaň. Ertirki günüňiz hakda çendenaşa alada etmäň. Tiz aýaga galjak bolup, öz-özüňizi kösemäň we gaýgy-hasratyň hemişelik dowam etmejekdigini unutmaň. Siz ýürek ýaraňyza häzirden nädip melhem tapyp bilersiňiz? Ajy hasrat uzaga çekmez ýaly näme edip bilersiňiz?

Dogan-garyndaşlaryň aradan çykanda hasrat çekmek adaty duýgy

a Käbirleriniň uzak wagtlap hasrat çekmegi mümkin. Eger hasrat çekýän adam hiç özüni ele alyp bilmeýän bolsa, onda lukmana ýüz tutsa gowy bolar.