Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

5. Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?

5. Jebir-jepasyz ýaşaýyş bolarmy?

Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?

Soragyň jogabyny bilsek, gelejege umydymyz bolar we horluklaryň Allanyň jezasy däldigine düşüneris.

Oýlanyp görüň

Adamlar horluklary aýyrmak isleýär, ýöne olaryň elinden hiç zat gelmeýär. Käbir subutnamalara seredeliň.

Medisina ösýär, ýöne...

  • ýürek keselinden köp adamlar ölýär.

  • rak keselinden her ýyl millionlarça adamlar aradan çykýar.

  • bir professoryň aýtmagyna görä, köp keselleri bejerip bolmaýar. Şeýle-de täze keseller döreýär we öňki keseller ýene-de ýaýraýar («Frontiers in Immunology» žurnaly).

Käbir ýurtlaryň ykdysadyýeti ösýär, ýöne...

  • garyp ýurtlarda her ýyl millionlarça çagalar aradan çykýar.

  • arassaçylyk şertleriniň ýokdugy sebäpli milliardlarça adamlar kösenýär.

  • arassa agyz suwunyň ýetmezçiligi sebäpli ýüz millionlarça adamlar kösenýär.

Adam hukuklary goralýar, ýöne...

  • köp ýurtlarda adamlary gul-gyrnak edip satmak gün-günden artýar. Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda ynsan söwdasyny edýän jenaýatçylara jeza berilmeýändigi hakda şeýle diýilýär: «Döwlet işgärleri jenaýatçylara göz ýumýarlar ýa-da olar bilen göreşmäge güýji ýetmeýär».

    KÖPRÄK BILIŇ

    JW.ORG saýtyndan «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.

Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?

Hudaý aladamyzy edýär.

Ol horluk çekenimizde gynanýar.

«Alla ejiziň derdine göz ýumýan däldir, ondan ýüz öwürýän däldir, perýadyny eşidýändir» (ZEBUR 22:24).

«Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» (1 PETRUS 5:7).

Horluklar hemişe bolmaz.

Mukaddes Kitapda Allanyň adamzat baradaky niýetini amala aşyrjakdygy aýdylýar.

«Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (YLHAM 21:3, 4).

Alla adamlaryň çekýän jebir-jepasyny aýrar.

Ol muny Patyşalygy, ýagny gökdäki hökümeti arkaly eder.

«Gögüň Hudaýy hiç haçan ýok edilmejek bir patyşalygy döreder. Ol patyşalyk başga halkyň eline geçmez... özi bolsa ebedi durar» (DANYÝAR 2:44).