Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Millionlarça ruhlar

Millionlarça ruhlar

Biz Mukaddes Ýazgylardan ençeme ruhlaryň bardygyny bilýäris. Ýehowanyň özi hem ruh (Ýahýa 4:24; 2 Korintoslylar 3:17).

Bir wagtlar Älemde Ýehowadan başga hiç kim ýokdy. Soňra ol perişdeler diýilýän ruhlary ýaradyp başlady. Adamlar bilen deňeşdireniňde olar örän güýçli hem paýhasly. Ýehowa ençeme perişdeleri ýaratdy. Hudaýyň gullukçysy Daniýel görnüşde ýüz millionlarça perişde gördi (Daniýel 7:10; Ýewreýler 1:7).

Hudaý entek ýer ýüzüni ýaratmanka, perişdeleri ýaradypdy (Eýýup 38:4-7). Olaryň hiç biri ýer ýüzünde bir wagtlar ýaşap, ölüp giden adamlardan däl.

Beýik Ruh, Ýehowa, millionlarça ruhlary ýaratdy.