Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şeýtana däl-de, Ýehowa gulluk et!

Şeýtana däl-de, Ýehowa gulluk et!

Biziň hemmämiziň öňümizde iki ýol bar: Ýehowa gulluk etmeli ýa-da Şeýtana we onuň jynlaryna gulluk etmeli. Biz dogry ýoly saýlamaly. Ýehowa gulluk etmek has paýhasly!

Ýehowa – ýagşylyk Hudaýy

Biziň bilşimiz ýaly, jynlar adamlary aldamakdan we gynamakdan lezzet alýarlar. Ýöne Ýehowa beýle däl. Atanyň öz çagalaryny söýşi ýaly, Ol adamlary söýýär. Ýehowa «ähli oňat, kämil sowgady» berýän Hudaý (Ýakup 1:17). Ol adamlary aýry tutman, özüne gymmat düşse-de, iň gowy zadyny berýär (Efesliler 2:4-7).

Hudaýyň Ogly Isa adamlary kesellerinden açyp, söýgüsini bildirdi.

Hudaýyň ogly Isanyň ýerdäki eden işleri barada oýlanyp gör. Ol lallaryň dilini, körleriň bolsa gözüni açdy.Ol heýwere keselli adamlary we çolaklary sagaltdy. Isa jynlary kowdy we her hili keselleri bejerdi. Hudaýyň güýji bilen Ol hatda ölülerem direltdi (Matta 9:32-35; 15:30, 31; Luka 7:11-15).

Hudaý hiç haçan ýalan sözlänok we bize ters ýol salgy berenok. Ol hemişe hakykaty aýdýar we hiç haçan hiç kimi aldanok (Sanlar 23:19).

Hapa işlerden gaça dur

Kerebiň siňegi berk çolaşdyryşy ýaly, şu günler yrym we ýalan millionlarça adamy aldawa salýar. Olar ölen adamlardan we jynlardan gorkýarlar. Olary gargyş, yrym, doga-tumarlar baradaky pikirler öz gününe goýanok. Olar Şeýtan Iblisiň ýaýradýan ýalan dini düşünjeleriniň we däp-dessurlarynyň gulçulygynda. Hudaýyň gullukçylary bu ýalana ynanmaýarlar we şoňa meňzeş işlere gatnaşmaýarlar.

Ýehowa Şeýtandan has güýçli. Sen Ýehowa gulluk etseň, ol seni jynlardan gorar (Ýakup 4:7). Seni dogalasalar-da, saňa täsir etmez. Mysal üçin, nigeriýaly üç sany güýçli tersokan, şäherden gitmek islemeýän Ýehowanyň Güwäsini dogalap öldürjek bolýar. Doga täsir etmänligi sebäpli tersokanlaryň biri şeýle bir gorkupdyr welin, gorkusyndan ýaňa Güwäden ötünç sorap, ýalbarypdyr.

Efesdäki mesihçiler jadygöýlik bilen bagly kitaplaryny ýakdylar.

Eger saňa jynlar azar berýän bolsa, Ýehowanyň adyny çagyrsaň, ol seni hökman gorar (Süleýmanyň tymsallary 18:10). Ýöne Hudaýyň goragyny almak üçin, spiritizm we jynlara sežde etmek bilen bagly ähli zatlary ýok etmeli. Gadymy Efes şäherinde Hudaýyň gullukçylary şeýle hem etdiler. Olar spiritizme degişli ähli kitaplaryny üýşürip ýakdylar (Resullaryň işleri 19:19, 20). Hudaýyň gullukçylary şu günler hem şonuň ýaly etmeli. «Erbetlikden goraýan» doga-tumarlary, alajalary, gözmonjuklary, jadygöýçilik boýunça kitaplary we spiritizm bilen baglanşykly başga zatlary ýok et.

Hakyky seždä gatnaş

Hudaýy razy etmek üçin, diňe bir ýalan seždäni taşlap, ýamanlyk etmegi goýmak ýeterlik däl. Arassa seždä yhlasly gatnaşmak gerek. Mukaddes Ýazgylarda munuň sebäbi aýdylýar.

Mesihçileriň duşuşyklaryna gatnaş (Ýewreýler 10:24, 25)

Mukaddes Ýazgylary öwren (Ýahýa 17:3)

Adamlara wagyz et (Matta 24:14)

Suwda çokundyryl (Resullaryň işleri 2:41)

Ýehowa doga et (Filipililer 4:6, 7)

Ýehowanyň Güwäleri bilen gatnaşyk sakla

Şeýtanyň we onuň jynlarynyň ýer ýüzünde ýalan zady öwredýän hem-de nädogry işleri edýän adamlary bar. Emma Ýehowanyň hem halky bar. Olar Ýehowanyň Güwäleri (Işaýa 43:10). Ýer ýüzünde olaryň sany alty milliondan gowrak. Olaryň hemmesi adamlara ýagşylyk etmäge çalyşýarlar hem-de hakykaty öwredýärler. Köp ýurtlarda Ýehowanyň Güwälerini Patyşalyk Zallarynda tapyp bolar. Şol ýerde olar seni hem görmäge şat bolarlar.

Ýehowanyň Güwäleri adamlara Hudaýa gulluk etmäge kömek edýärler. Olar seniň bilen öýüňde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, Ýehowa dogry sežde etmäge kömek ederler. Okuw üçin pul almaýarlar. Güwäler hakykaty bilmek isleýän adamlary uly şatlyk bilen okadýarlar, sebäbi olar adamlary hem-de Ýehowa Hudaýy söýýärler.

Ýehowanyň Güwäleri saňa Hudaýa gulluk etmäge kömek ederler