Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BAP

Isa näme üçin Beýik Mugallymdy?

Isa näme üçin Beýik Mugallymdy?

1—6. a) Isa nähili mugallymdy? b) Isa nädip gowy Ogul we Beýik Mugallym boldy? ç) Isa başga adamlardan nämede tapawutlanýardy?

IKI MÜŇ ýyl mundan öň, bir üýtgeşik çaga dogulýar. Ol ulalanda, iň beýik adam bolup ýetişýär. Şol döwürde uçaram, maşynam ýokdy. Hatda telewizor, kompýuter we Internet-de ýokdy.

2 Ol çaganyň adyna Isa dakdylar. Başga adamlara garanyňda, Isa köp zatlary bilýärdi. Şeýle-de ol iň gowy mugallymdy. Ol kyn zatlary hem düşnükli edip aýdýardy.

3 Isa adamlara ähli ýerde: deňziň kenarynda, gaýykda, ýolda we olaryň öýlerine baryp öwredýärdi. Isanyň maşyny ýokdy, ol awtobusa-da, otla-da münmeýärdi. Ol adamlara öwretmek üçin pyýada ýöreýärdi.

4 Biz adamlardan köp zatlary öwrenýäris. Emma iň wajyp zatlary Beýik Mugallym Isa öwredýär. Onuň sözleri Mukaddes Ýazgylarda ýazylan. Biz ony okanymyzda, edil Isanyň özüni diňlän ýaly bolýarys.

5 Isa näme üçin Beýik Mugallymdy? Sebäbi onuň hem mugallymy bardy. Ol gulak asmagyň wajypdygyny bilýärdi. Isa kime gulak asýardy? Onuň mugallymy kimdi? ~ Atasy — Hudaýdy.

6 Isa başga adamlardan tapawutlanýardy. Sebäbi hiç bir adam dogulmazyndan öň gökde ýaşamady. Isa bolsa, ýere gelmezinden öň, gökde Hudaýyň ýanynda ýaşapdy. Isa Atasyna gulak asyp, gowy Ogul boldy. Şonuň üçin ol Hudaýdan öwrenen zatlaryny adamlara öwredip bilýärdi. Senem ata-eneňe gulak assaň, Isadan görelde alarsyň.

7—11 a) Isanyň çagalary söýýändigi nämeden görünýär? b) Isa näme üçin çagalara öwredýärdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris? ç) Isa näme üçin çaga ýaly bolmagy maslahat berdi?

7 Isanyň Beýik Mugallym bolmagynyň ýene bir sebäbi, ol adamlary söýýärdi. Isa adamlara Alla barada öwretmek isleýärdi. Ol diňe uly adamlary däl, çagalary hem söýýärdi. Isa çagalar bilen gepleşýärdi we olary diňleýärdi. Şonuň üçin çagalara onuň ýanynda bolmak ýaraýardy.

Çagalara näme üçin Isanyň ýanynda bolmak ýaraýardy?

8 Bir gün ata-eneler çagalaryny Isanyň ýanyna getirýärler. Emma Isanyň dostlary Beýik Mugallymyň çagalar bilen gepleşmäge wagty ýokdur öýdýärler. Şonuň üçin olar çagalary Isanyň ýanyna goýbermejek bolýarlar. Ýöne Isa näme diýýär? ~ Ol: «Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň» diýýär. Hawa, Isa ady belli we akyldar adam bolsa-da, çagalara öwretmek üçin wagt tapýardy. Ol çagalaryň öz ýanyna gelmegini isleýärdi (Markus 10:13, 14).

9 Isa näme üçin çagalary diňleýärdi we olara öwredýärdi? Sebäbi Isa olaryň bagtly bolmagyny isleýärdi. Ine, şonuň üçin ol çagalara gökdäki Atasy Hudaý barada gürrüň berýärdi. Sen adamlary nädip bagtly edip bilersiň? ~ Munuň üçin Hudaý barada bilýän zatlaryňy gürrüň bermeli.

10 Bir gezek Isa çagany mysal getirip, dostlaryna wajyp sapak berýär. Ol çagany ýanyna çagyryp, şägirtleriniň, ýagny okuwçylarynyň ortasynda duruzýar-da, olara çaga ýaly bolmagy maslahat berýär.

Uly adamlar we ýaşlar çagadan nämäni öwrenip bilerler?

11 Isanyň bu aýdan sözleri nämäni aňladýar? Uly adamlar we ýaşlar näme üçin çagadan görelde almaly? ~ Sebäbi çagalar köp zady bilmeýär we uly adamlardan höwes bilen öwrenýär. Isa şeýle diýmek bilen, şägirtleriniň çagalar ýaly kiçigöwünli bolmalydygyny aýdýar. Elbetde, biz köp zatlary başga adamlardan öwrenýäris. Emma Isanyň öwreden zatlarynyň biziň garaýşymyzdan has wajypdygyna düşünmeli (Matta 18:1—5).

12—16 a) Isa guşlary we gülleri näme üçin mysal getirdi? b) Iş sebäpli maşgalaňdan aýra düşmeli bolanda, dogry karara gelmäge näme kömek edýär? ç) Isa Hudaýy birinji orunda goýmak barada näme öwretdi?

12 Isanyň Beýik Mugallym bolmagynyň ýene-de bir sebäbi, ol adamlara her bir zady gyzykly edip gürrüň berýärdi. Isa ýönekeý we sada dilde düşündirýärdi. Adamlara guşlary, gülleri ýa-da olara tanyş zatlary mysal getirip, Hudaý barada gürrüň berýärdi.

13 Bir sapar Isa dagyň eteginde otyrka, onuň ýanyna köp adamlar gelýär. Suratda görşümiz ýaly, Isa olara wagyz edip başlaýar. Isa olara şeýle diýýär: «Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz?»

Isanyň guşlar we güller baradaky mysalyndan näme öwrenip bileris?

14 Soňra Isa sözüni şeýle dowam edýär: «Meýdan liliýalarynyň ösüşine serediň; olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma size diýýärin, Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň biri ýaly-da geýinmändi. Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi?» (Matta 6:25—33).

15 Isanyň bu aýdan sözleriniň manysyna düşündiňmi? ~ Ol biziň näme iýerin, näme geýerin diýip aladalanmaly däldigimizi aýdýar. Hudaý bize bu zatlaryň gerekdigini bilýär. Ýöne Isa bize işlemeli däl diýjek bolmady. Eger biz Hudaýy durmuşymyzda birinji orunda goýsak, ol bizi iýmit we egin-eşik bilen üpjün eder. Sen muňa ynanýarmyň? ~

16 Isanyň aýdan sözleri adamlara nähili täsir edýär? ~ Mukaddes Ýazgylarda onuň sözlerine haýran galandyklary aýdylýar. Adamlar Isany höwes bilen diňleýärdi. Ol adamlara ýagşy işleri etmäge kömek edýärdi (Matta 7:28).

17—21 a) Biz Isany nädip diňläp bileris we onuň nähili peýdasy bar? b) Hudaý Isany diňlemelidigimizi haçan aýdypdy we biz bagtly bolmak üçin näme etmeli?

17 Hawa, Isadan öwrenmek örän wajyp. Ýöne ondan nädip öwrenip bileris? ~ Isanyň sözleri bir kitapda ýazylan. Ol kitabyň ady näme? ~ Mukaddes Ýazgylar. Diýmek, biz Mukaddes Ýazgylary ünsli okasak, Isa gulak asyp bileris. Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Isa gulak asmalydygyny aýtdy. Gel, bu barada bileli.

18 Bir gezek Isa üç sany iň gowy görýän dostlaryny ýanyna alyp, beýik dagyň üstüne çykýar. Olar: Ýakup, Ýahýa we Petrusdy. Biz soňra olar barada köp zatlary bileris. Ýöne bu sapar üýtgeşik waka bolýar, suratdan görnüşi ýaly, Isanyň ýüzi Gün kimin parlaýar, egin-eşigi yşyk ýaly agarýar.

«Bu meniň söýgüli Oglumdyr... ony diňläň»

19 Soňra gökden bir ses eşidilýär. Ol Isa we onuň dostlaryna: «Bu meniň söýgüli Oglumdyr, men ondan gaty razydyryn. Ony diňläň» diýýär (Matta 17:1—5). Bu kimiň sesidi? ~ Hudaýyň sesi! Hawa, Allatagalanyň hut özi Ogluna gulak asmalydygyny aýdýar.

20 Biz hem Hudaýa we onuň Ogly Beýik Mugallyma gulak asarysmy? ~ Biziň ählimiz olara gulak asmaly. Olara nädip gulak asmalydygy ýadyňdamy? ~

21 Biz Mukaddes Ýazgylardan Isa bilen bolan wakalary okasak, Hudaýyň Ogluna gulak asyp bileris. Şonda Beýik Mugallym köp gyzykly zatlary bize gürrüň berer. Mukaddes Ýazgylardan okan zatlaryň göwnüňe ýarar. Olary dostlaryňa gürrüň berseň, has hem bagtly bolarsyň.

Isany diňlemegiň peýdalydygyna düşünmek üçin Mukaddes Ýazgylardaky şu aýatlary okaly: Ýahýa 3:16; 8:28—30 we Resullaryň işleri 4:12.