Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BAP

Söýgüden doly Hudaýyň haty

Söýgüden doly Hudaýyň haty

1—7. a) Mukaddes Ýazgylara näme üçin iň gymmatly kitap diýse bolar? b) Hudaý Mukaddes Ýazgylary nädip ýazdyrdy we biz Onuň gökden habar berip bilýändigine näme üçin ynanýarys?

SENIŇ gowy görýän kitabyň barmy? ~ Käbir çagalar haýwanlar baradaky kitaplary gowy görýär. Käbirlerine suratly kitaplar ýaraýar. Dogrudan-da, şeýle kitaplary okamak gyzyklydyr.

2 Emma Hudaý barada hakykaty gürrüň berýän kitaplar dünýäde iň gowy kitaplardyr. Olaryň hem arasynda iň gymmatlysy haýsysy? ~ Mukaddes Ýazgylar.

3 Mukaddes Ýazgylar näme üçin iň gymmatly kitap? ~ Sebäbi ol Hudaýyň kitaby. Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada we onuň biziň üçin etjek ýagşy işleri hakda aýdylýar. Şeýle-de onda Hudaýy begendirmek üçin biziň näme etmelidigimiz düşündirilýär. Mukaddes Ýazgylara Hudaýyň haty diýse-de bolar.

4 Hudaý Mukaddes Ýazgylary gökde ýazyp, soňra adamlara berip bilerdi. Ýöne ol beýle etmedi. Mukaddes Ýazgylarda Allanyň pikiri ýazylan bolsa-da, ol ony ýer ýüzündäki gullukçylaryna ýazdyrdy.

5 Hudaý muny nädip etdi? ~ Gel, bir mysala seredeli. Biz uzak ýerde ýaşaýan adamlaryň sesini radioda eşidip bilýäris. Telewizorda bolsa, adamlary görýäris hem-de olaryň sesini eşidýäris.

6 Hatda älem gämisinde Aýa uçýan adamlar ýerdäki adamlar bilen habarlaşyp bilýärler. Sen bu barada bilýärdiňmi? ~ Eger muny adamlar edip bilýän bolsa, onda Hudaý gökden habaryny adamlara ýetirip bilmezmi? ~ Elbetde, ýetirip biler! Hudaý muny adamlar radiony we telewizory oýlap tapmazyndan köp ýyl öň edipdi.

Hudaý gaty uzakda bolsa-da, biziň bilen gepleşip bilýändigini näme görkezýär?

7 Musa pygamber Hudaý bilen gepleşen adamlaryň biridi. Ol Hudaýy görmese-de, onuň sesini eşitdi. Millionlarça adamlar hem Musa bilen bile Hudaýyň sesini eşidipdi. Şol wagt gök gürrüldäp, ýyldyrym çakdy we dag titredi. Adamlar Hudaýyň gepleýändigini bilip, gaty gorkdular. Olar Musa ýalbaryp: «Hudaý bize geplemesin, ýogsam biz öleris» diýdiler. Soňra Musa Hudaýyň aýdan sözlerini ýazyp aldy. Şu günler biz onuň ýazan sözlerini Mukaddes Ýazgylardan okap bilýäris (Müsürden çykyş 20:18—21).

8—12. a) Mukaddes Ýazgylar näçe ýylyň dowamynda ýazyldy we onuň ilkinji kitaplaryny kim ýazdy? b) Mukaddes Ýazgylary kimler ýazdy we suratda olardan kimleri görýäň? ç) Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar öňünden boljak zatlary nädip bildiler?

8 Musa pygamber Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji bäş kitabyny ýazdy. Ýöne Mukaddes Ýazgylary diňe ol ýazmady. Hudaý kitabyny 40-a golaý adama ýazdyrdy. Olar gadym döwürlerde ýaşapdy. Mukaddes Ýazgylaryň doly ýazylmagy üçin köp ýyllar gerek boldy. Hawa, Mukaddes Ýazgylar bir müň alty ýüz ýylyň dowamynda ýazylýar! Şol adamlaryň köpüsi biri-birini görmese-de, olaryň ýazan zatlary biri-birine garşy gelmeýär.

Mukaddes Ýazgylary ýazan şu adamlaryň ady näme?

9 Mukaddes Ýazgylary ýazanlaryň käbiri ady belli adamlardy. Musa pygamber çopandy, ýöne ol ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk edýärdi. Süleýman patyşa dünýäde iň akyldar hem iň baý adamdy. Emma Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň käbirini köpler tanamaýardy. Mysal üçin, Amos pygamber injir agaçlaryna gözegçilik edýärdi.

10 Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň arasynda lukman hem bardy. Onuň adyny bilýärsiňmi? ~ Ol Lukady. Ýene biri salgytçydy. Onuň ady Mattady. Başga birisi bolsa, ýehudy dininiň kanunçysydy. Ol Mukaddes Ýazgylaryň köp kitaplaryny ýazýar. Sen onuň adyny bilýärsiňmi? ~ Ol Pawlusdy. Isanyň şägirtleri Petrus bilen Ýahýa hem Mukaddes Ýazgylary ýazdy. Olar balykçydy.

11 Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň köpüsi Hudaýyň gelejekde etjek işleri barada ýazypdy. Olar bu zatlary nädip öňünden bilýärler? ~ Olara Hudaý aýdýar.

12 Beýik Mugallymyň ýer ýüzünde ýaşan döwründe, eýýäm Mukaddes Ýazgylaryň köp kitaplary ýazylypdy. Isanyň gökde ýaşandygy ýadyňdamy? Ol Hudaýyň eden işlerini bilýärdi. Isa Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyna ynanýardymy? ~ Hawa, ynanýardy.

13—18. a) Hudaýyň ýazan hatyny näme üçin ähli adamlar okap bilýär? b) Mukaddes Ýazgylarda nähili wajyp zatlar ýazylan? ç) Biz Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygymyzy we paýhaslydygymyzy nädip görkezip bileris?

13 Isa adamlara Hudaý barada gürrüň berende, Mukaddes Ýazgylardan okaýardy. Käte ol aýatlary ýatdan aýdýardy. Şeýle-de Isa Hudaýdan eşiden köp zatlaryny adamlara ýetirýärdi. Ol: «Men ondan eşidenlerimi dünýä aýdýaryn» diýdi (Ýahýa 8:26). Isa Hudaý bilen gökde ýaşanda, ondan köp zatlary eşitdi. Isanyň aýdan sözlerini nireden okap bileris? ~ Mukaddes Ýazgylardan. Ol biziň üçin ýazylan.

14 Hudaýyň kitabyny ýazan adamlar ene dilinde ýazdylar. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylaryň köp kitaplary ýewreý dilinde, käbiri arameý, käbirleri bolsa grek dilinde ýazyldy. Şu günler adamlaryň köpüsi bu dilleri bilmeýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar başga dillere terjime edildi. Şu günler Mukaddes Ýazgylary tutuşlygyna ýa-da bölekleýin iki müň alty ýüzden gowrak dilde okasa bolýar. Mukaddes Ýazgylar, gör, näçe dile terjime edildi! Ol ähli adamlar üçin ýazylan Hudaýyň hatydyr. Mukaddes Ýazgylar näçe dile terjime edilse-de, ol Hudaýyň kitabydyr.

15 Mukaddes Ýazgylarda ýazylan zatlaryň ählisi biziň üçin wajyp. Ol köp ýyl mundan öň ýazylypdy. Mukaddes Ýazgylarda şu günler bolýan wakalar barada hem aýdylýar. Onda gelejek barada-da ýazylan. Ol örän gowy habar! Mukaddes Ýazgylar bize ajaýyp umyt berýär.

Mukaddes Ýazgylardan näme öwrenip bilersiň?

16 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Hudaýy begendirmek üçin nähili ýaşamalydygymyz aýdylýar. Nämäniň ýagşydygy we nämäniň ýamandygy düşündirilýär. Muny bilmek her birimiz üçin wajyp. Mukaddes Ýazgylarda erbet iş eden adamlar we olara soňra näme bolandygy hakynda hem aýdylýar. Bu bize olaryň düşen erbet ýagdaýyndan gaça durmaga kömek eder. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda gowy adamlar hem-de olaryň oňat günler görendigi barada aýdylýar. Hawa, Mukaddes Ýazgylarda ýazylan ähli zatlar biziň üçin peýdaly.

17 Emma Mukaddes Ýazgylar bize peýdaly bolar ýaly, bir soragyň jogabyny bilmeli. Mukaddes Ýazgylary bize kim berdi? Sen nähili jogap berersiň? ~ Hawa, ony Hudaý berdi. Biz nädip paýhasly bolup bileris? ~ Munuň üçin Hudaýy diňlemeli we onuň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetirmeli.

18 Biz Mukaddes Ýazgylary bile okamak üçin wagt tapmaly. Biz gowy görýän dostumyzdan hat alanymyzda, ony gaýta-gaýta okaýarys. Sebäbi onuň hatyny gaty gymmat saýýarys. Biz Mukaddes Ýazgylary hem gymmat saýýarys, sebäbi ol söýgüden doly Hudaýyň hatydyr.

Indi bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigini we onuň biziň üçin peýdalydygyny görkezýän aýatlary okaly: Rimliler 15:4; 2 Timoteos 3:16, 17 we 2 Petrus 1:20, 21.