Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BAP

Hudaýyň ady barmy?

Hudaýyň ady barmy?

1—6. a) At dakmak näme üçin wajyp? b) Hudaýyň ady näme we biz onuň adyny näme üçin tutmaly? ç) Isa Hudaýyň adyny tutýardymy we bu babatda ol adamlara näme öwretdi?

BIZ biri bilen tanşanymyzda, köplenç nähili sorag berýäris? ~ Biz onuň adyny soraýarys. Ähli adamlaryň ady bar. Hudaý ilkinji adama at dakypdy. Onuň ady Adam atady. Aýalynyň ady bolsa How enedi.

2 Emma at diňe bir adamlara dakylmaýar. Başga zatlar barada hem oýlanyp gör. Saňa gurjak ýa-da güjük sowgat berenlerinde, olara at dakýarmyň? ~ Hawa, at dakmak örän wajyp.

3 Gije Aýly asmana seredeniňde, köp ýyldyzlary görse bolýar. Seniň pikiriňçe, olaryň ady barmy? ~ Hawa, Hudaý asmandaky her bir ýyldyza at dakdy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý ýyldyzlaryň sanyny hasaplaýar, ählisiniň adyny tutup çagyrýar» (Zebur 147:4).

Ähli ýyldyzlaryň adynyň bardygyny bilýärdiňmi?

4 Älemde kimiň iň Beýikdigini bilýärmiň? ~ Hawa, ol Hudaý. Onuň ady barmy? ~ Isa Hudaýa doga edende: «Men adyňy şägirtlerime tanatdym» diýdi (Ýahýa 17:26). Sen Allanyň adyny bilýärmiň? ~ Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Eý Ýehowa, Hudaýymyz! Bütin ýer ýüzünde seniň adyň nähili dabaraly!» Hawa, Hudaýyň ady — ÝEHOWA (Zebur 8:1).

5 Adamlar seniň adyňy unutmasalar, saňa ýaraýar gerek? ~ Ýehowa-da adyny adamlaryň bilmegini isleýär. Şonuň üçin biz Hudaý barada gürrüň edenimizde, onuň adyny tutmaly. Beýik Mugallym Isa hem adamlara Hudaý barada gürrüň berende, Onuň Ýehowa adyny tutýardy. Bir gezek Isa şeýle diýdi: «Öz Hudaýyň Ýehowany bütin ýüregiň... bilen söý!» (Markus 12:30).

6 Isa Ýehowanyň adyny tutmagyň örän wajypdygyny bilýärdi. Şonuň üçin Isa şägirtlerine Hudaýyň adyny tutmagy öwretdi. Hatda ol doga edende-de, olara Ýehowanyň adyny tutmalydygyny aýtdy. Isa Ýehowanyň Öz adyny ähli adamlara tanatmak isleýändigini bilýärdi.

7—14. a) Hudaý Musa pygambere Öz ady barada nämäni aýan etdi? b) Ýehowa Öz ady barada fyrowna näme diýdi? ç) Ýehowa adyny nädip tanatdy we şu günler nädip tanadýar?

7 Gadymy döwürde Ýehowa adynyň wajypdygyny Musa pygambere hem aýdypdy. Musa pygamber ysraýyllydy. Ysraýyllylar şol döwürde Müsürde ýaşaýardylar. Ol ýeriň halkyna müsürliler diýilýärdi. Olar ysraýyllylary özlerine gul edýärler we olary zalymlyk bilen ezýärler. Musa ulalanda, bir ysraýylla kömek etjek bolýar. Şonda Müsüriň patyşasy faraonyň gahary gelýär we Musany öldürjek bolýar. Şol sebäpli Musa Müsürden gaçyp gidýär.

8 Şeýlelikde, Musa pygamber başga ýurtda ýaşap başlaýar. Ol ýeriň adyna Midiýan diýilýärdi. Ol ýerde Musa öýlenip, maşgalasynyň aladasyny edýär. Şeýle-de ol goýun çopany bolýar. Bir gezek Musa goýunlaryny bakyp ýörkä, dagyň eteginde bir geň zady görýär. Göz öňüne getir, gyrymsy agaç ýanýardy, ýöne hiç ýanyp gutarmaýardy! Musa pygamber onuň golaýyna baryp görmek isleýär.

9 Şonda näme bolandygyny bilýärmiň? ~ Musa pygamber şol ýanyp duran gyrymsy agaçdan bir ses çykýandygyny eşidýär. Ol ýerden: «Musa! Musa!» diýen ses gelýärdi. Bu kimiň sesidi? ~ Hudaýyň sesidi! Ýehowa Musa wajyp iş tabşyrmakçy bolýar. Hudaý oňa: «Men seni öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna iberjek» diýýär. Musa bu işi ýerine ýetirip biler ýaly, Hudaý kömek etjekdigini söz berýär.

Musa ýanyp duran gyrymsy agajyň ýanynda nähili wajyp zady bildi?

10 Emma Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýýär. Allatagala Musanyň ysraýyl ogullaryna näme diýmelidigini düşündirýär. Hudaý Musa pygambere: «Meniň adym Ýehowa. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza Ýehowa iberdi“ diýip aýt» diýýär (Müsürden çykyş 3:1—15). Bu wakadan görnüşi ýaly, Hudaý adynyň ebedilik tutulmagyny isleýär. Ol hiç haçan adyny üýtgetmez. Alla özüne hemişe Ýehowa diýilmegini isleýär.

Hudaý Gyzyl deňizde adyny nädip tanatdy?

11 Şeýlelikde, Musa pygamber Müsüre gelýär. Müsürliler bolsa Ýehowa ysraýyllylaryň bir kiçijik hudaýydyr diýip pikir edýärdiler. Olar hatda Ýehowanyň bütin ýer ýüzüniň Hudaýydygyny hem bilmeýärdiler. Şonuň üçin Ýehowa Müsüriň patyşasyna: «Bütin ýer ýüzünde meniň adym jar ediler» diýdi (Müsürden çykyş 9:16). Ýehowa beren sözünde-de durdy. Onuň muny nädip edendigini bilýärmiň? ~

12 Ýehowa Musa pygambere ysraýyllylary Müsürden alyp çykmagy tabşyrýar. Ine, olar Gyzyl deňzine gelip ýetýärler. Ýehowa deňziň suwuny ikä bölýär we ysraýyllylar gury ýerden onuň beýleki kenaryna geçip başlaýarlar. Emma faraon we onuň ähli goşuny olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girýär. Şonda iki gapdalda diwar ýaly bolup duran suw müsürlileriň üstünden inýär we olaryň hemmesi ölýär.

13 Tizden ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ählisi Ýehowanyň Gyzyl deňizde görkezen gudratyny eşidýärler. Biz muny nireden bilýäris? ~ Takmynan 40 ýyl geçenden soňra, ysraýyllylar Kengan ýurduna barýarlar. Ýehowa bu ýurdy olara berjekdigini aýdypdy. Ol ýerde Rahap atly bir aýal ysraýylly iki adama: «Müsürden çykanyňyzda, Hudaýyň siziň öňüňizde Gyzyl deňziniň suwuny guradandygyny biz eşitdik» diýýär (Ýeşuwa 2:10).

14 Biziň günlerimizde ýaşaýan köp adamlar hem şol heläk bolan müsürlilere meňzeýär. Olar hem Ýehowanyň bütin ýer ýüzüniň Hudaýydygyna ynanmaýarlar. Şonuň üçin Ýehowa ady barada gullukçylarynyň gürrüň bermegini isleýär. Isa hem şeýle edipdi. Ol ýerdäki ömrüniň ahyrynda Ýehowa şeýle doga edýär: «Men adyňy olara tanatdym» (Ýahýa 17:26).

Isa Hudaýyň ady barada gürrüň berýärdi. Sen Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň adyny görkezip bilersiňmi?

15—19. a) Mukaddes Ýazgylaryň haýsy aýatlarynda Allanyň ady bar? b) Ýehowany söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

15 Seniň Isa meňzäsiň gelýärmi? Onda adamlara Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny gürrüň ber. Şonda sen köp adamlaryň ony bilmeýändigine göz ýetirersiň. Belki, sen olara Mukaddes Ýazgylardan Zebur 8:9-y okap berersiň. Gel, häzir bu aýady okaly. Onda şeýle diýilýär: «Eý Ýehowa, Hudaýymyz! Bütin ýer ýüzünde seniň adyň nähili dabaraly!»

16 Biz bu aýatdan näme öwrenýäris? ~ Hawa, Ýehowanyň adynyň Älem-jahanda iň wajyp atdygyny bilýäris. Bu at — Isanyň Atasy, ýagny ähli zady ýaradan Gudratygüýçli Hudaýyň ady. Ýadyňda bolsa, Isa Ýehowany bütin ýüregiň bilen söýmelidigini aýdypdy. Sen Ýehowany söýýärmiň? ~

17 Biz Ýehowany söýýändigimizi nädip görkezip bileris? ~ Birinjiden, Ýehowany gowy görýän dostuň ýaly tanamaly. Ikinjiden, onuň ady barada adamlara gürrüň bermeli. Biz Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny Mukaddes Ýazgylardan görkezip bileris. Şeýle-de biz Ýehowanyň ýaradan ajaýyp zatlary we eden ýagşy işleri barada gürrüň berip bileris. Şonda biz Ýehowany begendireris! Sebäbi ol özi barada adamlaryň bilmegini isleýär. Bu barada biz adamlara gürrüň bererismi? ~

18 Ýöne Ýehowa hakda ähli adamlar diňlemez. Hatda Beýik Mugallym Isa Ýehowa barada gürrüň berende-de, köp adamlar ony diňlemedi. Emma bu zatlar Isa päsgel bermedi. Ol Ýehowa barada gürrüň bermegini dowam etdi.

19 Gel, Isadan görelde alyp, Ýehowa barada ähli adamlara gürrüň bereli. Şeýdip, biz Ýehowany begendireris we onuň adyny gowy görýändigimizi görkezeris.

Gel, indi bolsa Hudaýyň adynyň wajypdygyny görkezýän käbir aýatlara seredeli: Zebur 68:20; Işaýa 12:4, 5; Matta 6:9; Ýahýa 17:6 we Rimliler 10:13.