Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI BAP

Isanyň şägirtleri

Bu adam kim we ol nädip Isanyň şägirdi bolýar?

Isanyň şägirtleri

1—7. a) Isanyň şägirdi bolmak nämäni aňladýar? b) Isanyň ilkinji alty şägirdi kim we olar barada näme bilýärsiň? ç) Isanyň haýsy dört şägirdi ýene-de balyk tutup başlady? Emma Isa olara yzyma düşüň diýende näme etdiler?

HUDAÝYŇ iň gowy gullukçysy kimdi? ~ Dogry, ol Isa Mesihdi. Seniň pikiriňçe, biz hem Isa ýaly bolup bilerismi? ~ Hawa, Mukaddes Ýazgylarda onuň bize görelde galdyrandygy barada aýdylýar. Isa hem bizi öz yzyna eýermäge çagyrýar.

2 Isanyň şägirdi bolmak üçin näme etmeli? ~ Gel, muny bileli. Ilki bilen, biz Isadan öwrenmeli. Emma bu ýeterlikli däl. Şeýle-de biz onuň aýdan sözlerine ynanmaly. Eger ynansak, onda onuň aýdan zatlaryny ýerine ýetireris.

3 Adamlaryň köpüsi Isa ynanýandygyny aýdýarlar. Seniň pikiriňçe, hakykatdanam, olar Isanyň şägirtlerimikä? ~ Ýok. Olar buthana barsalar-da, Isanyň öwreden zatlary bilen hiç haçan gyzyklanýan däldirler. Aslynda, Isanyň göreldesine eýerýän adama onuň şägirdi diýilýär.

4 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, käbir adamlar onuň şägirdi bolupdy. Gel, olar bilen tanşaly. Filipus Isanyň ilkinji şägirtleriniň biridi. Ol dosty Natanaýeli (şeýle-de oňa Bartolomeus diýýärdiler) gözlemäge gidýär. Suratda görşümiz ýaly, Natanaýel şol wagt agajyň aşagynda otyrdy. Natanaýel Isanyň ýanyna baranda, Beýik Mugallym oňa: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýýär. Natanaýel muňa geň galyp: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýýär.

Isa kimlere yzyma düşüň diýýär?

5 Isa oňa: «Filipus seni çagyrmazyndan öň, men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berýär. Natanaýel muňa örän geň galýar. Sebäbi Isa onuň nirede bolandygyny anyk bilýär! Şonuň üçin Natanaýel oňa: «Sen Hudaýyň Oglusyň, sen Ysraýylyň Patyşasysyň» diýýär (Ýahýa 1:49).

Iuda Iskariot, Iuda (Taddeus), Simun

6 Käbir adamlar Filipus bilen Natanaýelden bir gün öň Isanyň şägirdi bolýar. Olar: Andreas, onuň dogany Petrus hem-de Ýahýa. Olaryň arasynda Ýahýanyň dogany Ýakup hem bolandyr (Ýahýa 1:35—51). Emma biraz wagtdan olaryň dördüsi hem ýene-de balyk tutup başladylar. Ýöne bir gün Isa Jelile kölüniň ýakasyndan barýarka, ol Petrus bilen Andreasyň torlaryny köle zyňyp duranyny görýär. Şonda Isa olara: «Meniň yzyma düşüň» diýýär.

Ýakup (Alfeusyň ogly), Tomas, Matta

7 Isa ýene-de biraz ýöränden soňra, Ýakup bilen Ýahýany görýär. Olar gaýykda kakalary bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olara-da: «Meniň yzyma düşüň» diýýär. Eger Isa saňa-da yzyma düş diýen bolsa, sen näme ederdiň? Sen şol bada onuň yzyna düşermidiň? ~ Şol adamlar Isany tanaýardylar. Ony Hudaýyň iberendigini bilýärdiler. Şonuň üçin hem olar dessine balykçylyk işini taşlap, Isanyň yzyna düşýärler (Matta 4:18—22).

Natanaýel, Filipus, Ýahýa

8—12. a) Isanyň şägirdi bolanlar näme etmäge taýyn bolmaly? b) Kim Isanyň şägirdi bolmakdan ýüz öwürdi we näme üçin? ç) Isanyň 12 resuly kimlerdi? d) 12 resulyň haýsysy Isa haýynlyk etdi we oňa derek kim saýlandy? e) Ýene kimler resul boldy?

8 Olar Isanyň şägirdi bolandan soňra hiç haçan ýalňyşmadylarmy? ~ Ýok. Ýadyňa düşýän bolsa, olar öz aralarynda kimiň uludygy barada jedel edipdiler. Emma olar Isa gulak asyp, garaýşyny we häsiýetini üýtgetmäge taýýardylar. Eger bizem gowy tarapa üýtgemäge taýyn bolsak, Isanyň şägirtleri bolup bileris.

Ýakup (Ýahýanyň dogany), Andreas, Petrus

9 Isa ähli adamlary şägirdi bolmaga çagyrypdy. Bir sapar bir baý ýaş ýigit Isadan ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmelidigini soraýar. Ýaş ýigit Hudaýyň kanunlaryna çagalykdan bäri gulak asýandygyny aýdýar. Şonda Isa oňa: «Meniň yzyma düş» diýýär. Onuň näme edendigini bilýärmiň? ~

10 Ol Isanyň şägirdi bolmagyň baý bolmakdan has wajypdygyny bilende, örän gynanýar. Ol puly Hudaýdan has köp söýýändigi üçin, Isanyň şägirdi bolup bilmeýär (Luka 18:18—25).

11 Isa bir ýarym ýyl töweregi wagyz edensoň, şägirtleriniň arasyndan 12 sany resul saýlaýar. Bu resullara aýratyn iş berilýär. Sen olaryň atlaryny bilýärmiň? ~ Gel, olary ýat tutaly. Sen surata seredip, olaryň atlaryny aýdyp gör. Indi bolsa, olary ýatdan aýt.

Isa wagyz edende aýallardan kimler oňa kömek edýärdi?

12 Wagtyň geçmegi bilen, 12 resuldan biri, ýagny Iuda Iskariot erbetlik edýär. Şol sebäpli oňa derek başga bir şägirt resul edip saýlanylýar. Onuň adyny bilýärmiň? ~ Mattiýas. Soňra Pawlus bilen Barnabas hem resul bolýar, emma olar 12 resulyň sanyna girmeýär (Resullaryň işleri 1:23—26; 14:14).

13—16. a) Aýallaryň hem Isanyň şägirdi bolup bilýändigini nireden bilýäris? b) Biz özümizi nirelerde Isanyň şägirdi ýaly alyp barmaly?

13 Şu kitabyň 1-nji babyndan bilşimiz ýaly, Isa çagalara hem üns berýärdi. Näme üçin? ~ Sebäbi çagalar hem Isanyň şägirdi bolup bilýär. Dogrudan-da, çagalaryň aýdýan sözleri uly adamlara täsir edip, Beýik Mugallymy has gowy tanamaga kömek edýär.

14 Isanyň şägirtleriniň arasynda köp aýallar hem bardy. Isa başga şäherlere wagyz etmäge gidende, olaryň käbiri onuň bilen gidýärdi. Olar: Magdalaly Merýem, Ýuhanna we Suzannady. Belki, olar Isa üçin nahar taýýarlap, onuň egin-eşigini ýuwandyrlar (Luka 8:1—3).

15 Senem Isanyň şägirdi bolasyň gelýärmi? ~ Emma «Men Isanyň şägirdi» diýmegiň ýeterlikli däldigini unutma. Biz diňe bir ýygnak duşuşyklarynda däl, eýsem, ähli ýerde özümizi Isanyň şägirdi ýaly alyp barmaly. Seniň pikiriňçe, biz ýene-de nirelerde özümizi Isanyň şägirdi ýaly alyp barmaly? ~

16 Hawa, biz öýde-de, mekdepde-de özümizi Isanyň şägirdi ýaly alyp barmaly. Biz Isanyň şägirdidigimizi hiç haçan ýatdan çykarmaly däl. Biz nirede bolsak-da, her gün we hemişe Isa meňzejek bolmaly.

Biz nirelerde özümizi Isanyň şägirdi ýaly alyp barmaly?

Gel, Mukaddes Ýazgylardan Isanyň şägirtleri barada okaly: Matta 28:19, 20; Luka 6:13—16; Ýahýa 8:31, 32 we 1 Petrus 2:21.