Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI BAP

Biz näme üçin bagyşlamaly?

Biz näme üçin bagyşlamaly?

1—5. a) Biz ýamanlyk edenlere näme etmeli? b) Isanyň «ýedi ýola ýetmiş gezek bagyşla» diýmegi nämäni aňladýar? ç) Isa Petrusyň soragyna jogap berenden soň nämäni gürrüň berdi?

KIMDIR biri saňa ýamanlyk edip ýa-da erbet söz aýdyp, göwnüňe degipmidi? ~ Indi senem oňa ýamanlyk etmelimi? ~

2 Adamlaryň köpüsine ýamanlyk edilende, olar hem ýamanlyk edýärler. Emma Isa bize ýamanlyk eden adamlary bagyşlamalydygymyzy aýdýar (Matta 6:12). Eger biri ençeme gezek göwnümize degse näme? Biz ony näçe gezek bagyşlamaly? ~

3 Muny Petrus resul hem bilmek isleýärdi. Bir sapar ol Isadan: «Men ýedi gezek bagyşlamalymy?» diýip soraýar. Emma ýedi gezek bagyşlamak ýeterlikli däl. Şol sebäpli Isa oňa: «Adam saňa garşy näçe günä etse-de, sen ony ýetmiş ýola ýedi gezek bagyşla» diýýär.

Petrus resul bagyşlamak barada nämäni biljek boldy?

4 Gör, näçe gezek bagyşlamaly ekeni! Biz şeýle köp erbetligi ýatda saklap hem bilmesek gerek! Isanyň aýtmagyna görä, biz her bir ýamanlygy ýatlap, olary sanap ýörmeli däl. Eger adamlar bizden ötünç sorasalar, biz olary bagyşlamaly.

5 Isa şägirtlerine bagyşlamagyň wajypdygyny görkezmek isledi. Şol sebäpli ol Petrusyň soragyna jogap berenden soň, şägirtlerine bir wakany gürrüň berýär. Senem ony bilesiň gelýärmi? ~

6—13. a) Köp bergili bolan hyzmatkäri patyşa näme etdi? b) Erbet hyzmatkär bergili ýoldaşyny näme etdi? ç) Patyşa erbet hyzmatkäri näme etdi we näme üçin?

6 Gadymy döwürde örän gowy we rehimdar patyşa ýaşapdyr. Hatda ol hyzmatkärlerine karzyna pul berip, kömek edýärdi. Bir gün ol beren pullaryny yzyna almak isleýär. Bir hyzmatkäriň bolsa, oňa 60 million dinar bergisi bardy. Bu örän köp puldy!

Hyzmatkär: «Maňa sabyr et» diýip ýalbaranda, patyşa näme etdi?

7 Emma hyzmatkär patyşadan alan pulunyň ählisini sowýar we onda berere pul galmaýar. Şonda patyşa onuň özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli zatlaryny satyp, bergisini bermegini talap edýär. Seniň pikiriňçe, şonda hyzmatkär özüni nähili duýduka? ~

8 Hyzmatkär patyşanyň öňünde dyza çöküp: «Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin» diýip ýalbarýar. Eger sen patyşa derek bolan bolsaň näme ederdiň? ~ Patyşanyň hyzmatkäre rehimi inýär we ony bagyşlaýar. Patyşanyň 60 million dinar algysy bolsa-da, ony geçýär. Hyzmatkär, gör, nähili begenendir!

9 Ýöne hyzmatkär näme edýär? Ol özüne bary-ýogy ýüz dinar bergili ýoldaşyny gözläp tapýar. Ol onuň bokurdagyndan tutup: «Ýüz dinar bergiňi ber» diýip, ony bogup başlaýar. Şonça bergisi geçilen we bagyşlanan adamyň şeýle edişini göz öňüne getirip bilermiň?~

Hyzmatkär bergisini berip bilmedik ýoldaşyna näme etdi?

10 Hyzmatkäre bary-ýogy ýüz dinar bergili bolan adam örän garypdy. Ol bergisini derrew töläp bilmeýär. Şol sebäpli ol hyzmatkäriň aýagyna ýykylyp: «Sabyr et, bergimi bererin» diýip ýalbarýar. Hyzmatkär oňa sabyr etmelidimi? ~ A sen näme ederdiň? ~

11 Emma ol hyzmatkär patyşa ýaly rehimdar däldi. Ol puluny derrew aljak bolýar. Şol sebäpli ýoldaşy bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Beýleki hyzmatkärler bolan wakany görüp, gaty gynanýarlar. Olaryň garyp hyzmatkäre rehimi inýär. Şol sebäpli olar patyşanyň ýanyna baryp, bolan zatlary gürrüň berýärler.

12 Muny eşidip, patyşanyň hem rehimsiz hyzmatkäre gaty gahary gelýär. Patyşa ony ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Eý erbet hyzmatkär! Men seniň bergiňi geçmedimmi näme? Senem ýoldaşyňy bagyşlamaly dälmidiň?»

Patyşa bagyşlamadyk hyzmatkäri näme etdi?

13 Bagyşlap bilmedik hyzmatkär gowy patyşadan görelde almalydy. Emma ol muny etmedi. Şol sebäpli ol 60 million dinar bergisini berýänçä, patyşa ony zyndana saldyrýar. Elbetde, ol zyndanda bergisini berip bilmeýär. Şol sebäpli ol galan ömrüni zyndanda geçirýär.

14—18. a) Patyşany kime meňzetse bolýar? b) Isanyň gürrüň beren wakasyndan näme öwrenýäris? ç) Birini ençeme sapar bagyşlanyňdan soň, ol ýene-de göwnüňe degip, ötünç sorasa näme edersiň?

14 Isa bu wakany gürrüň berensoň, şägirtlerine: «Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, meniň gökdäki Atam hem size şeýle eder» diýýär (Matta 18:21—35).

15 Görşümiz ýaly, biz Hudaýa köp zatda bergili. Sebäbi Hudaý bize ýaşaýyş berdi. Bu gymmatly sowgatdyr! Şol sebäpli muny adamlaryň bize bolan bergisi bilen deňeşdireniňde, bu örän köp. Bize bergili adamlary ýoldaşyna ýüz dinar bergili bolan garyp hyzmatkäre meňzetse bolar. Biziň Hudaýyň öňünde edýän ýalňyşlyklarymyzy bolsa, 60 million dinar bergili bolan hyzmatkäre meňzetse bolar.

16 Allatagala örän rehimdar. Biz köp günä etsek-de, ol bizi bagyşlaýar. Ol algysyny bizden talap etmeýär. Eger şeýtse, onda biz ýaşaýşymyzy ebedilik ýitirerdik. Emma biz mundan sapak edinmeli: eger biz göwnümize degen adamlary bagyşlasak, Hudaý hem bizi bagyşlar. Biz bu barada çynlakaý oýlanmaly dälmi näme?! ~

Biri senden ötünç sorasa näme edersiň?

17 Kimdir biri seniň göwnüňe degse, ýöne soňra ötünç sorasa näme edersiň? Sen ony bagyşlarmyň? ~ Eger ol muny birnäçe gezek gaýtalasa näme? Sen ony her gezegem bagyşlarmyň? ~

18 Biz birinden ötünç soranymyzda, onuň bizi bagyşlamagyny isleýäris gerek? ~ Şonuň üçin biz hem adamlary bagyşlamaly. Emma biz diňe bir bagyşladym diýmän, eýsem, ýürekden bagyşlamaly. Şonda biz Beýik Mugallymyň şägirdi bolmak isleýändigimizi görkezeris.

Bagyşlamagyň wajypdygyna düşünmek üçin şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 19:11; Matta 6:14, 15 we Luka 17:3, 4.