Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY BAP

Iň wajyp zat näme?

Bu adam nämä düşünmeýärdi?

Iň wajyp zat näme?

1—6. a) Dogany barada arz eden adam nämä düşünmeýärdi? b) Isa bir adamyň nädogry garaýşyny düzetmek üçin nähili wakany gürrüň berdi? (Luka 12:16—21-nji aýatlary okaň).

BIR GEZEK Isanyň ýanyna bir adam gelýär. Ol Isanyň örän paýhaslydygyny bilip: «Mugallym! Doganyma aýt, goý, ol mirasy meniň bilen bölüşsin» diýýär. Ol adam doganynyň käbir zatlaryny özüne almaga haklydyryn öýdýär.

2 Sen Isanyň ýerine bolsaň näme diýerdiň? ~ Isa oňa nämäniň ýetmeýändigini bilýärdi. Ol doganynyň zadyna mätäç däldi. Aslynda, ol durmuşda iň wajyp zadyň nämedigine düşünmeýärdi.

3 Gel, bu barada oýlanyp göreli. Biziň üçin iň wajyp zat näme bolmaly? Bu gowy oýunjaklar, täze egin-eşikler ýa-da şuňa meňzeş zatlarmy? ~ Ýok, olardan has wajyp zat bar. Isa-da şol wajyp zady öwredipdi. Ol Hudaýy ýatdan çykaran bir adam barada gürrüň berýär. Seniň bu wakany diňläsiň gelýärmi? ~

4 Hudaýy ýatdan çykaran adam örän baýdy. Onuň ekin meýdany we ammarlary bardy. Baý adamyň ýeri köp hasyl berýär. Hatda onuň ýygnan hasyly hiç ýere sygmaýar. Şonda ol näme etmekçi bolýar? Ol: «Ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaýyn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnaýyn» diýýär.

5 Bu baý adam dogry karara gelendirin öýdýär. Ol köp zatlary ýygnamak paýhaslydyr diýip pikir edýär. Ol öz içinden: «Indi meniň köp ýyla ýeterlikli birtopar zadym bar. Men dynjymy alyp, iýip, içip, keýp çekerin» diýýär. Emma bu baý adam bir zady ýatdan çykarýar. Bilýäňmi nämäni? ~ Ol diňe özi hakynda we keýpi-sapa barada pikir edýär. Hudaýy bolsa ýatdan çykarýar.

Baý adam näme barada pikir edýärdi?

6 Şol sebäpli Hudaý baý adama şeýle diýýär: «Eý akmak! Sen edil şu gijäniň özünde ölersiň. Onsoň taýýarlan zatlaryň kime galar?» Baý adam ölenden soň ýygnan zatlaryny ulanyp bilerdimi? ~ Ýok, onuň zatlary başga birine galardy. Şol sebäpli Isa: «Hudaýyň nazarynda baý bolman, özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir» diýýär (Luka 12:13—21).

7—13. a) Käbir uly adamlar we çagalar näme üçin baý adama meňzeýärler? b) Adam üçin iň gymmatly zat näme? ç) Biz näme üçin baý adama meňzemeli däl?

7 Seniň şol baý adama meňzäsiň gelýän däldir, şeýle gerek? ~ Onuň esasy maksady baýamakdy. Bu bolsa nädogrudy. Onuň gözi hiç haçan zatdan doýmaýardy. Şol sebäpli ol «Hudaýyň nazarynda baý bolmady».

8 Adamlaryň köpüsi şol baý adama meňzeýär. Olar hiç zatdan doýmaýarlar. Ýöne bu köp kynçylyklary döredip biler. Seniň oýunjaklaryň barmy? ~ Nähili oýunjaklaryň bar? ~ Aýdaly, sende top, gurjak ýa-da başga bir oýunjak ýok. Emma sen olary dostuňda görseň näme edersiň? Ata-eneňe: «Maňa-da ony satyn alyp beräý» diýip ýalbarsaň dogry bolarmy? ~

9 Ilkibaşda, şol oýunjak saňa örän gerek ýaly görner. Ýöne wagtyň geçmegi bilen näme bolar? ~ Şol oýunjak köneler. Onuň döwülmegi mümkin ýa-da ony oýnasyň gelmez. Aslynda welin, sende oýunjaklardan has gymmatly zat bar. Munuň nämedigini bilýärmiň? ~

Oýunjaklardan has gymmatly zat näme?

10 Bu — seniň ýaşaýşyň. Seniň ýaşamagyň örän wajyp, sebäbi sen ýaşamasaň, hiç zat edip bilmersiň. Ýöne seniň ýaşaýşyň Hudaýa gulak asmagyňa bagly, şeýle dälmi? ~ Gel, şonuň üçin Hudaýy ýatdan çykaran baý adama meňzemejek bolaly.

11 Emma diňe bir çagalar däl, eýsem, uly adamlar hem şol baý adam ýaly özlerini akylsyz alyp barýarlar. Olaryň käbiri bar zadyna kaýyl bolman, hemişe köp zat almak isleýärler. Olaryň iýip-içmäge zady, egin-eşigi we ýaşamak üçin jaýy bolsa-da, bulara kaýyl bolmaýarlar. Olar köpräk egin-eşik, has uly jaý almak isleýärler. Bulary almak üçin bolsa, köp pul gerek bolýar. Şol sebäpli olar kän işleýärler. Olar näçe köp pul gazandygyça, şonça-da zat alasy gelýär.

12 Käbir adamlar örän köp işleýär. Şol sebäpli olaryň maşgalasyna-da, Hudaýa-da wagty galmaýar. Emma adam janyny pula satyn alyp bilermi? ~ Ýok. Ölen adama pul gerek bolarmy? ~ Ýok. Adam ölensoň, hiç zat edip bilmeýär (Wagyz kitaby 9:5, 10).

13 Onda adam pul gazanmaly dälmi? ~ Hawa, gazanmaly. Sebäbi biz iýmiti we egin-eşigi pula satyn alýarys. Mukaddes Ýazgylarda puluň gorag berýändigi barada aýdylýar (Wagyz kitaby 7:12). Ýöne biz puly söýsek, köp kynçylyklar çekeris. Biz Hudaýyň nazarynda baý bolman, özüne hazyna ýygnan akmak adama meňzäris.

14—17. a) Hudaýyň nazarynda baý bolmak nämäni aňladýar? b) Isa bize nähili görelde galdyrdy? ç) Isa Hudaýyň nazarynda baý bolandygy üçin nähili sowgat aldy?

14 Hudaýyň nazarynda baý bolmak nämäni aňladýar? ~ Bu — Hudaýy durmuşyňda birinji orunda goýmak. Käbir adamlar Allatagala ynanýandygyny aýdýarlar. Olar onuň bardygyna ynanmak ýeterliklidir öýdýärler. Ýöne şeýle adamlar Hudaýyň nazarynda baýmyka? ~ Ýok. Olar Hudaýy ýatdan çykaran baý adama meňzeýärler.

15 Isa gökdäki Atasyny hiç haçan ýatdan çykarmaýardy. Ol köp pul gazanmagyň aladasyny etmeýärdi. Onuň köp zady hem ýokdy. Isa durmuşda iň wajyp zadyň nämedigine düşünýärdi. Sen bu wajyp zady bilýärmiň? ~ Bu — Hudaýyň nazarynda baý bolmak.

Bu gyzjagaz nähili wajyp zatlary edýär?

16 Biz Hudaýyň nazarynda nädip baý bolup bileris? ~ Munuň üçin Hudaýa ýaraýan işleri etmeli. Isa: «Men hemişe oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi (Ýahýa 8:29). Biz Hudaýy begendirmek üçin, onuň islegini berjaý etmeli. Sen Hudaýy nädip begendirip bilersiň? ~ Hawa, sen Mukaddes Ýazgylary okamaly, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaly, Hudaýa doga etmeli we başga adamlara ony tanamaga kömek etmeli. Bular durmuşda iň wajyp zatlardyr.

17 Isa Hudaýyň nazarynda baýdy. Şol sebäpli Ýehowa onuň aladasyny edýärdi. Ol Isa ebedi ýaşaýşy sowgat berdi. Eger bizem Isadan görelde alsak, Ýehowa bizi hem söýer we aladamyzy eder. Şonuň üçin, gel, Hudaýy ýatdan çykaran baý adama däl-de, Isa meňzejek bolaly.

Mukaddes Ýazgylardaky şu aýatlar baýlyga dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär: Süleýmanyň tymsallary 23:4; 28:20; 1 Timoteos 6:6—10 we Ýewreýler 13:5.