Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

25-NJI BAP

Erbet iş edýänler düzelip bilermi?

Erbet iş edýänler düzelip bilermi?

1—8. a) Ählimiz näme üçin käwagt erbet işleri edýäris? b) Saul nähili erbet işleri etdi we näme üçin?

HER BIR adam ýagşy işleri etse gowy bolmazmy? ~ Emma hiç bir adam hemişe ýagşy işleri etmeýär. Biz hatda ýagşy işleri etmek islesek-de, näme üçin käte erbet işleri edýäris? ~ Sebäbi ählimiz günäli dogulýarys. Emma käbir adamlar has erbet işleri edýär. Olar adamlary şeýle bir ýigrenýär welin, olara bilgeşleýin zyýan ýetirýärler. Seniň pikiriňçe, şeýle adamlar düzelip, ýagşy işleri edip bilermi? ~

2 Suratda görşüň ýaly, bir ýaş ýigit Stefanusy daşlap duran adamlaryň eşigini saklaýar. Onuň ýewreýçe ady Saul, ýöne rimliler oňa Pawlus diýýärdi. Ol Beýik Mugallymyň şägirdi Stefanusy öldürýändiklerine begenýär. Gel, Saulyň näme üçin şeýle erbet iş edýändigini bileli.

3 Saul fariseýdi. Bu ýehudylaryň bir dini toparydy. Fariseýlerde Hudaýyň Sözi bolsa-da, olar dini ýolbaşçylarynyň taglymatlaryny öwredýärdi. Ine, şol sebäpli hem Saul şeýle erbet işleri edýär.

4 Stefanusy Iýerusalimde tussag edenlerinde, Saul şol ýerdedi. Stefanusy kazylaryň ýanyna getirýärler. Kazylaryň käbiri fariseýdi. Olar Stefanusa töhmet atsalar-da, ol gorkmaýar. Stefanus haýal etmän, kazylara Ýehowa we Isa barada gowy wagyz edýär.

5 Emma Stefanusyň aýdan zatlary kazylara ýaramaýar. Olar Isa barada eýýäm köp zatlary bilýärdi. Biraz wagt mundan öň, olar Isa ölüm jezasyny beripdiler. Emma Ýehowa ony direldip, göge alýar. Indi bolsa, kazylar düzelmegiň deregine, Isanyň şägirtlerine garşy gidýärler.

6 Kazylar Stefanusy süýräp, şäheriň daşyna çykarýarlar. Olar ony daşlap öldürýärler. Suratdan görşüň ýaly, Saul muňa seredip dur. Ol Stefanusyň öldürilmegini goldaýar.

Saul Stefanusyň öldürilmegini näme üçin goldaýar?

7 Saulyň olary näme üçin goldaýandygyny bilýärmiň? ~ Hawa, ol doglandan bäri fariseýdi we olaryň öwredýän zatlaryna ynanýardy. Şol sebäpli Saul fariseýleriň göreldesine eýerýär (Resullaryň işleri 7:54—60).

8 Stefanus öldürilenden soň, Saulyň näme edendigini bilýärmiň? ~ Ol Isanyň galan şägirtlerini hem öldürmekçi bolýar. Saul olary erkek diýmän, aýal diýmän öýlerinden süýräp çykarýar. Soňra olary türmä basýar. Isanyň şägirtleriniň köpüsi Iýerusalimden gaçyp gitmeli bolsa-da, olar Isa barada wagyz etmegini goýmaýarlar (Resullaryň işleri 8:1—4).

9—15. a) Saul mesihçileri tussag etmäge barýarka, oňa näme bolýar? b) Saul nähili adam bolýar we ol nähili ýagşy işleri edýär? ç) Adamlara kim erbet işleri etdirjek bolýar?

9 Şondan soň Saul Isanyň şägirtlerini has-da ýigrenýär. Ol Şamdaky mesihçileri tussag etmek üçin, baş ruhany Kaýafadan rugsat soraýar. Saul olary Iýerusalime getirip, jezalandyrmak isleýär. Emma ol Şama barýarka, üýtgeşik bir waka bolýar.

Saul bilen kim gepleşýär we ol Sauly näme etmäge iberýär?

10 Gökden nur ýalpyldap, şeýle ses eşidilýär: «Saul! Saul! Näme üçin maňa azar berýärsiň?» Muny gökden Isa aýdýar! Nur şeýle bir ýalpyldaýar welin, Saulyň gözi kör bolýar. Şol sebäpli Sauly Şam şäherine ýanyndaky adamlar äkidýär.

11 Bu wakadan üç gün geçensoň, Isa Şamdaky Hananýa atly şägirdine görünýär. Isa oňa Saulyň ýanyna baryp, gözüni açmalydygyny we onuň bilen gürleşmelidigini aýdýar. Hananýa Saula Isa barada gürrüň berende, ol hakykaty kabul edýär. Onuň gözi açylýar. Saul durmuşyny bütinleý üýtgedip, Hudaýyň wepaly gullukçysy bolýar (Resullaryň işleri 9:1—22).

12 Indi sen Saulyň näme üçin erbet işleri edendigine düşünýärmiň? ~ Sebäbi oňa nädogry zatlary öwredipdiler. Ol Hudaýa wepaly gulluk etmeýän adamlaryň göreldesine eýerdi. Şeýle-de ol Hudaýyň Sözüne däl-de, adamlaryň taglymatlaryna eýerýän dini topara degişlidi. Emma beýleki fariseýler Hudaýa garşy gitse-de, Saul näme üçin durmuşyny üýtgedip, ýagşy işleri edýär? ~ Sebäbi ol hakykaty gowy görýärdi. Şonuň üçin ol hakykata düşünende, dogry işleri edýär.

13 Soňra Saulyň kim bolandygyny bilýärmiň? ~ Hawa, ol Isanyň resuly bolýar. Oňa Pawlus resul hem diýilýär. Ýadyňda bolsa, Pawlus resul Mukaddes Ýazgylary ýazan beýleki adamlara garanyňda, köp kitaplary ýazýar.

14 Biziň günlerimizde-de, Saul ýaly köp adamlar durmuşyny üýtgedýär. Emma bu aňsat däl. Sebäbi kimdir biri adamlara erbet işleri etdirjek bolup, elinde baryny edýär. Sen onuň kimdigini bilýärmiň? ~ Isa Şama barýan ýolda Saula görnende, onuň kimdigini aýtdy. Şonda Isa Saula gökden şeýle diýdi: «Men seni adamlary garaňkylykdan ýagtylyga, Şeýtanyň gol astyndan Hudaýa döner ýaly gözlerini açmak üçin olaryň ýanyna iberýärin» (Resullaryň işleri 26:17, 18).

15 Hawa, Şeýtan Iblis her bir adama erbet işleri etdirjek bolýar. Saňa-da käwagt dogry işleri etmek kyn bolýarmy? ~ Biziň hemmämize kyn bolýar. Muny Şeýtan kynlaşdyrýar. Emma hemişe dogry işleri etmegiň aňsat bolmaýandygynyň ýene-de bir sebäbi bar. Sen muny bilýärmiň? ~ Sebäbi biz günäli dogulýarys.

16—20. a) Ählimiz näme etmäge jan etmeli? b) Isa näme üçin erbetlik eden adamlary söýýärdi? ç) Biz edýän işlerimiziň Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýandygyny bilsek näme etmeli?

16 Günäli bolandygymyz üçin, köplenç erbet işleri etmek dogry işleri etmekden aňsat bolýar. Şol sebäpli biz näme etmeli? ~ Hawa, biz dogry işleri etmäge jan etmeli. Eger biz şeýle etsek, Isa bizi gowy görüp, kömek eder.

17 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, erbet işleri edip, soňra düzelen adamlary söýýärdi. Isa olara durmuşyny üýtgetmegiň nähili kyn bolýandygyna düşünýärdi. Mysal üçin, aýallaryň käbiri köp adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýärdi. Elbetde, bu erbetlikdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle iş edýän aýallara kemçin diýilýär.

Isa näme üçin erbet iş eden aýaly bagyşlaýar?

18 Şeýle ahlaksyzlyk edýän bir aýal Isa barada eşidýär. Ol Isanyň bir fariseýiň öýüne myhmançylyga barandygyny bilip, ol ýere gidýär. Ol aýal Isanyň aýagyny gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürýär we onuň aýagyna ýag çalýar. Ol öňki eden işlerine örän ökünýär. Şonuň üçin Isa ony bagyşlaýar. Emma fariseý ol aýaly bagyşlamak nädogry diýip pikir edýär (Luka 7:36—50).

19 Sen Isanyň käbir fariseýlere näme diýenini bilýärmiň? ~ Isa olara: «Kemçinler Hudaýyň Patyşalygyna sizden öň girer» diýýär (Matta 21:31). Sebäbi kemçinler Isa iman edip, erbet işlerini taşlaýarlar. Emma fariseýler Isanyň şägirtlerine ýamanlyk edýärler.

20 Şol sebäpli biz edýän işlerimiziň Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýandygyny bilsek, düzeljek bolmaly. Ýehowanyň talaplaryny öwrenip, olary höwes bilen ýerine ýetirmeli. Şonda Ýehowany begendireris we ol bize ebedi ýaşaýyş berer.

Gel, erbet işlerden gaça durmaga kömek edýän aýatlary okaly: Zebur 119:9—11; Süleýmanyň tymsallary 3:5—7 we 12:15.