Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

27-NJI BAP

Seniň Hudaýyň kim?

Seniň Hudaýyň kim?

1—5. a) Adamlar näme üçin Pawlus bilen Barnabasa sežde etjek boldular, emma olar muňa nähili garady? b) Köp adamlar nähili hudaýlara sežde edýärler? ç) Bu dünýäniň taňrysy kim we ol adamlara näme etdirjek bolýar?

SENIŇ Hudaýyň kim? Bu soragyň üstünde oýlanmak näme üçin wajyp? ~ Sebäbi adamlar köp hudaýlara sežde edýärler (1 Korintoslylar 8:5). Pawlus resul Ýehowanyň beren güýji bilen ýöräp bilmeýän bir adamy sagaldanda, adamlar gygyryşyp: «Taňrylar ynsan keşbine girip, biziň ýanymyza inipdir!» diýdiler. Olar Pawlusa we onuň dosty Barnabasa sežde etjek boldular. Olar Pawlusa Hermes, Barnabasa bolsa Zews diýen ýalan hudaýlarynyň atlaryny dakdylar.

2 Emma adamlar Pawlus bilen Barnabasa sežde etjek bolanlarynda, olar muňa garşy boldular. Olar halkyň ortasyna ylgap baryp: «Bu boş zatlardan dönüp... diri Hudaýa tarap öwrüliň» diýdiler (Resullaryň işleri 14:8—15). Ähli zady ýaradan «diri Hudaý» kim? Hawa, ol «tutuş ýeriň Beýik Allasy» — Ýehowa Hudaý. Isa-da Ýehowa «ýalňyz hak Hudaý» diýdi. Şonuň üçin biz kime sežde etmeli? ~ Diňe Ýehowa Hudaýa! (Zebur 82:19 MK; Ýahýa 17:3; Ylham 4:11).

Pawlus bilen Barnabas näme üçin adamlaryň özlerine sežde etmegine garşy boldy?

3 Adamlaryň köpüsi «ýalňyz hak Hudaýa» däl-de, başga hudaýlara sežde edýärler. Olar köplenç agaçdan, daşdan ýa-da demirden ýasalan zatlara sežde edýärler (Müsürden çykyş 32:4—7; Lewiler 26:1; Işaýa 44:14—17). Hatda ady belli adamlary-da hudaýy ýaly gowy görýärler. Olary şöhratlandyrmak dogrumyka? ~

4 Pawlus resul: «Bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir» diýdi (2 Korintoslylar 4:4). Bu dünýäniň taňrysy kim? ~ Hawa, Şeýtan Iblis! Şeýtan bizi köp zatlara we adamlara sežde etdirjek bolýar.

5 Şeýtan Isany özüne sežde etdirjek bolanda, onuň näme jogap berendigini bilýärmiň? ~ Isa: «Hudaýyň Ýehowa sežde et, diňe oňa gulluk et» diýdi (Matta 4:10). Şeýdip, Isa diňe Ýehowa sežde etmelidigini aýdyň düşündirdi. Gel, indi diňe Ýehowa sežde eden üç ýaş ýigit barada bileli. Olar: Şadrak, Meýşak we Abednego.

6—13. a) Nebukadnesar patyşa hemmelere näme etmegi buýurdy, emma üç ýewreý ýigit näme üçin gulak asmady? b) Ýehowa nähili gudrat görkezdi we bu patyşa nähili täsir etdi?

6 Bu ýaş ýigitler ýewreýdi. Olar Ysraýyldan Babyla sürgün edilen Hudaýyň halkyndandy. Babylyň patyşasy Nebukadnesar altyndan ullakan heýkel ýasaýar. Günlerde bir gün patyşa her bir adamyň saz çalnanda, ýere ýykylyp, heýkele sežde etmegini buýurýar. Ol: «Ýere ýüzin ýykylyp, heýkele sežde etmedik adam ýanyp duran peje taşlanar» diýip duýdurýar. Sen şol ýerde bolan bolsaň näme ederdiň? ~

Bu üç ýaş ýigit näme üçin heýkele sežde etmedi?

7 Şadrak, Meýşak we Abednego köplenç patyşanyň aýdanlaryny ýerine ýetirýärdi. Emma bu gezek olar patyşa gulak asmaýarlar. Munuň sebäbini bilýärmiň? ~ Hudaýyň kanunynda: «Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. Özüň üçin but ýasap, olara sežde etme» diýilýär (Müsürden çykyş 20:3—5). Şonuň üçin Şadrak, Meýşak we Abednego patyşa däl-de, Ýehowa gulak asýar.

8 Muňa patyşanyň juda gahary gelýär. Şonuň üçin ol üç ýaş ýigidi derrew öz ýanyna getirmegi buýurýar. Nebukadnesar olara şeýle diýýär: «Siz, hakykatdanam, meniň hudaýlaryma gulluk etmeýärsiňizmi? Men size ýene-de bir mümkinçilik berýärin. Häzir saz çalnan badyna, ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde ediň. Eger sežde etmeseňiz, ýanyp duran peje taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?»

9 Indi bu ýaş ýigitler näme eder? Sen näme ederdiň? ~ Olar patyşa şeýle diýdiler: «Gulluk edýän Hudaýymyz bizi seniň eliňden halas eder. Ýöne ol bizi halas etmese-de, seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe-de sežde etmeris».

10 Patyşa gahar-gazaba münüp: «Ýanyp duran peji öňküden-de ýedi esse artyk gyzdyryň!» diýýär. Soňra ol iň güýçli esgerlerine Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň el-aýagyny daňyp, olary ýanyp duran peje taşlamaklaryny buýurýar! Peç şeýle gyzgyndy welin, onuň howruna patyşanyň esgerleri ýanyp ölýärler! Eýsem, üç ýewreý ýigide näme bolduka?

11 Şadrak, Meýşak we Abednego ýanyp duran pejiň içine ýykylýar. Emma olar ýerinden galýar! Olara hiç hili zyýan ýetmeýär, hatda ýüpleri-de çözülýär. Bu nädip beýle bolýar? ~ Patyşa pejiň içine seredende, gaty gorkýar. Ol: «Biz peje üç adamy atmandykmy?» diýýär. Onuň hyzmatkärleri: «Hawa, eý, patyşahym!» diýip jogap berýärler.

Ýehowa gullukçylaryny nädip halas etdi?

12 Soňra patyşa: «Men oduň içinde gezip ýören, el-aýagy çözülen dört adamy görýärin. Olara hiç hili zyýan ýetmändir» diýýär. Sen dördünjiniň kimdigini bilýärmiň? ~ Ol Ýehowanyň perişdesidi. Perişde bu üç ýewreý ýigidi halas edýär.

13 Patyşa ýanyp duran pejiň içine seredip: «Eý, Beýik Hudaýyň wepaly gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýip gygyrýar. Olar daşyna çykanlarynda, hemmeler olaryň ýanmandygyny görýärler. Hatda olardan tüssäniň ysy hem gelmeýärdi. Soňra patyşa şeýle diýýär: «Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna alkyş bolsun! Ol perişdesini iberip, öz gullaryny halas etdi. Sebäbi olar öz Hudaýyndan başga hiç bir hudaýa sežde etmediler» (Danyýel 3-nji bap).

Şu günler adamlar nähili butlary şöhratlandyrýarlar?

14—15. a) Şu günler adamlar nähili butlara ýa-da şekillere sežde edýärler? b) Üç ýewreý ýigidi häzirki butlara nähili garardy?

14 Biz bu wakadan köp zatlary öwrenip bileris. Hatda şu günlerem adamlar heýkellere ýa-da şekillere sežde edýärler. Bir kitapda: «Baýdak hem haç ýaly mukaddesdir» diýilýär (The Encyclopedia Americana). Şekilleri ýa-da heýkelleri agaçdan, daşdan, demirden ýa-da matadan ýasaýarlar. I asyrda ýaşan Isanyň şägirtleri hem Rim hökümdaryna sežde etmeýärdiler. Bir taryhçy muny baýdaga tagzym etmezlik ýa-da kasam okamazlyk bilen deňeşdirdi.

15 Seniň pikiriňçe, matadan, agaçdan, daşdan ýa-da demirden ýasalan buta Allatagala nähili garaýar? ~ Ýehowanyň gullukçysy şeýle butlara sežde etse dogry bolarmy? ~ Şadrak, Meýşak we Abednego buta sežde etmediler, Ýehowa-da muňa örän begendi. Sen olaryň göreldesine nädip eýerip bilersiň?~

Hudaýyň gullukçysy Ýehowadan başga hiç kime ýa-da hiç zada sežde etmeli däl. Gel, bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bileli: Ýeşuwa 24:14, 15, 19—22; Işaýa 42:8; 1 Ýahýa 5:21 we Ylham 19:10.