Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

28-NJI BAP

Kime gulak asmalydygyny nädip bilmeli?

Kime gulak asmalydygyny nädip bilmeli?

1—5. a) Kime gulak asmalydygyny bilmek näme üçin käwagt kyn bolýar? b) Mukaddes Ýazgylarda çagalara nähili tabşyryk berilýär? ç) Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşanyň ýasan heýkeline näme üçin sežde etmedi? d) Resullar kime gulak asmagy ýüregine düwdüler?

KIME gulak asmalydygyny bilmek käwagt kyn bolýar. Ejeň ýa-da kakaň saňa bir zat diýmekleri mümkin. Emma mugallymlaryň ýa-da polisiýa işgärleri başga zat diýmekleri mümkin. Sen şeýle ýagdaýda kime gulak asarsyň? ~

2 Şu kitabyň 7-nji babynda biz Mukaddes Ýazgylardan Efesliler 6:1—3-nji aýatlary okapdyk. Bu aýatlarda çagalaryň ata-enesine gulak asmalydygy aýdylýar. Aýatda: «Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň» diýilýär. «Rebde» diýmegiň näme aňladýandygyny bilýärmiň? ~ Bu Hudaýa gulak asýan ata-eneňi diňlemegi aňladýar.

3 Emma käbir uly adamlaram Ýehowa ynanmaýar. Şonuň üçin olar saňa ekzamende başgalardan göçürseň ýa-da dükandan bir zady tölemän alsaň bolýar diýseler, näme edersiň? Çaga aldasa ýa-da ogurlyk etse dogry bolarmy? ~

4 Nebukadnesar patyşanyň altyndan heýkel ýasap, hemmelere oňa sežde etmegi buýrandygy ýadyňa düşýändir. Emma Şadrak, Meýşak we Abednego sežde etmediler. Olaryň näme üçin sežde etmändigini bilýärmiň? ~ Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda adamlar diňe Ýehowa Hudaýa sežde etmeli diýilýär (Müsürden çykyş 20:3; Matta 4:10).

Petrus Kaýafa näme diýdi?

5 Isa ölenden soňra, resullary mejlise, ýagny ýehudy dini ýolbaşçylaryň kazyýetine getirýärler. Baş ruhany Kaýafa: «Şu at (Isanyň ady) bilen sapak bermäň diýip, biz size berk tabşyryk berdik, emma siz öz taglymatyňyz bilen Iýerusalimi doldurdyňyz, bu adamyň (Isanyň) ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýýär. Resullar näme üçin mejlise gulak asmadylar? ~ Petrus resul: «Adama garanda, Hudaýa boýun bolmalydyr» diýip jogap berýär (Resullaryň işleri 5:27—29).

6—10. a) Isanyň günlerinde baş hökümdar kimdi we hökümetler köplenç nähili gowy işleri edýärler? b) Isa salgyt tölemek barada näme diýdi we bu näme üçin dogry?

6 Şol döwürde ysraýyllylaryň dini ýolbaşçylary adamlara diýenini etdirip bilýärdi. Emma olaryň ýaşaýan ýurdy Rim hökümdarynyň goly astyndady. Rimiň baş hökümdaryna kaýsar diýilýärdi. Emma Rim hökümeti adamlar üçin köp gowy zatlary etse-de, ýehudylar oňa gulak asmak islemeýärdi. Şu günlerem hökümetler adamlar üçin gowy zatlary edýärler. Nämeleri edýändigini bilýärmiň? ~

7 Hökümet ýol gurýar, bizi goramak üçin polisiýa işgärlerine we ýangyn söndürijilere aýlyk berýär. Şeýle-de çagalara bilim bermegiň we gartaşan adamlary bejermegiň aladasyny edýär. Bu zatlar üçin bolsa, köp pul gerek. Hökümetiň puly nireden alýandygyny bilýärmiň? ~ Adamlardan. Adamlaryň hökümete berýän puluna salgyt diýilýär.

8 Beýik Mugallymyň ýer ýüzünde ýaşan döwründe ysraýyllylaryň köpüsi Rim hökümetine salgyt tölemek islemeýärdi. Bir gün ruhanylar Isany sözünde tutjak bolup, onuň ýanyna adamlary iberýärler. Olar oňa şeýle sorag berýärler: «Biziň kaýsara salgyt tölemegimiz dogrumy ýa dälmi?» Eger-de Isa: «Hawa, tölemeli» diýen bolsa, ýehudylaryň köpüsi muny halamazdylar. Emma Isa: «Salgyt tölemeli däl» diýip hem bilmeýärdi. Sebäbi bu nädogry bolardy.

9 Onda Isa näme edýär? Ol: «Maňa bir dinary görkeziň» diýýär. Dinary berenlerinde, Isa olardan: «Onuň ýüzündäki surat bilen ýazgy kimiňki?» diýip soraýar. Olar: «Kaýsaryňky» diýip jogap berýärler. Şonda Isa: «Kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýýär (Luka 20:19—26).

Isany sözünde tutjak bolanlarynda, ol näme jogap berdi?

10 Hiç kim Isa jogap berip bilmeýär. Kaýsar adamlaryň aladasyny etmek üçin pul çykarýar. Diýmek, oňa pul tölemek örän ýerlikli. Şeýlelikde, Isa hökümetiň edýän hyzmatlary üçin salgyt tölemegiň dogrudygyny düşündirdi.

11—18. a) Çagalar we uly adamlar hökümetiň kanunyna näme üçin gulak asmaly? b) Mesihçiler haýsy ýagdaýda hökümetiň kanunyna gulak asmaýarlar we näme üçin?

11 Sen häzir ýaş bolanyň üçin salgyt töleýän dälsiň. Emma seniň hökümete bermeli bir zadyň bar. Nämedigini bilýärmiň? ~ Sen onuň kanunyna gulak asmaly. Injilde: «Ýokary häkimiýetlere tabyn boluň» diýilýär. Hökümetiň ygtyýar beren adamlaryna ýokary häkimiýetler diýilýär. Diýmek, Hudaýyň özi hökümetiň kanunyna gulak asmalydygymyzy aýdýar (Rimliler 13:1, 2).

12 Mysal üçin, hökümet köçelerde kagyz ýa-da başga zatlary zyňmaly däl diýen kanun çykarýar. Sen bu kanuna gulak asmalymy? ~ Hawa, Alla seniň gulak asmagyňy isleýär. Sen polisiýa işgärlerine hem gulak asmalymy? ~ Hökümet polisiýa işgärlerine bizi goramak üçin aýlyk töleýär. Olara gulak asmak, hökümete gulak asan ýalydyr.

13 Sen ýoldan geçjek bolanyňda, polisiýa işgäri saňa: «Garaş!» diýse näme edersiň? ~ Emma başga adamlar gulak asman ýoldan geçse, senem geçersiňmi? ~ Hatda hemmeler geçse-de, sen garaşmaly. Hudaý seniň gulak asmalydygyňy aýdýar.

14 Aýdaly, öýüňiziň golaýynda bir zatlar bolýar. Polisiýa işgäri hem: «Daşary çykmaň!» diýýär. Emma sen köçeden gelýän sesleri eşidip, näme bolýanyny bilesiň gelýär. Şonda sen daşary çykarsyňmy? ~ Bu «ýokary häkimiýetlere» gulak asdygyň bolarmy? ~

15 Hökümet köp ýerlerde mekdepler gurýar we mugallymlara aýlyk töleýär. Seniň pikiriňçe, Hudaý mugallymyňa gulak asmagyňy isleýärmi? ~ Gel, biraz oýlanaly. Hökümet mugallyma seni okatmak we polisiýa işgärine bolsa, seni goramak üçin aýlyk töleýär. Mugallyma ýa-da polisiýa işgärine gulak asmak, hökümete gulak asan ýalydyr.

Biz polisiýa işgärlerine näme üçin gulak asmaly?

16 Emma mugallym saňa bir zada sežde etmeli diýse näme edersiň? ~ Nebukadnesar patyşa üç ýewreý ýigide heýkele sežde etmeli diýende, olar sežde etmedi. Näme üçindigi ýadyňdamy? ~ Sebäbi olar Hudaýa gulak asmak islediler.

17 Bir taryhçy I asyrda ýaşan mesihçileriň kaýsara däl-de, Ýehowa wepaly bolandygyny aýdýar. Şol sebäpli durmuşyňda Ýehowany birinji orunda goýmagy unutma!

18 Biziň hökümete gulak asýandygymyzyň sebäbi, muny Hudaý isleýär. Emma bize Hudaýyň etmeli däl diýen zadyny etdirjek bolsalar, näme etmeli? ~ Resullar baş ruhana: «Adama garanda, Hudaýa boýun bolmalydyr» diýip jogap beripdiler. Bizem olaryň göreldesine eýermeli (Resullaryň işleri 5:29).

Mukaddes Ýazgylarda hökümetiň kanunyna hormat goýmalydygy aýdylýar. Gel, bu barada okaly: Matta 5:41; Titus 3:1 we 1 Petrus 2:12—14.