Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

29-NJY BAP

Ähli baýramçylyklar Hudaýa ýaraýarmy?

Bu baýramçylyk näme üçin Hudaýy begendirdi?

Ähli baýramçylyklar Hudaýa ýaraýarmy?

1—10. a) Hudaýyň baýramçylyklary gowy görýändigini nireden bilýäris? Emma nähili baýramçylyklar Hudaýa ýaramaýar? b) Mukaddes Ýazgylarda haýsy iki doglan gün barada aýdylýar? ç) Şol baýramçylyklarda näme boldy?

SEN baýramçylyk bellemegi gowy görýärmiň? ~ Ondan köp şatlyk tapyp bolýar. Seniň pikiriňçe, Beýik Mugallym biziň baýramçylyk bellemegimizi isleýärmikä? ~ Hawa, Isanyň özi hem nika toýuna çagyranlarynda, şägirtleri bilen toýa bardy. Ýehowa-da bagtly Hudaý. Şol sebäpli biz wagtymyzy şatlykly geçirenimizde, ol begenýär (Ýahýa 2:1—11).

2 Şu kitabyň 29-njy sahypasynda Ýehowanyň ysraýyllylary Gyzyl deňizden geçirendigi barada gürrüň berilýär. Biz bu barada okapdyk, ýadyňdamy? ~ Şonda ysraýyllylar aýdym aýdyp, tans edýärler hem-de Ýehowa minnetdarlyk bildirýärler. Bu olar üçin baýramçylykdy. Ysraýyllylar örän begenýär. Hudaý hem şatlanýar (Müsürden çykyş 15:1, 20, 21).

3 Takmynan 40 ýyl geçensoň, ysraýyllylar ýene bir uly baýramçylyga barýarlar. Emma bu sapar olary baýramçylyga Ýehowa sežde etmeýän adamlar çagyrýar. Olar başga hudaýlara sežde edip, öz ýanýoldaşy däl adamlar bilen jynsy gatnaşyk edýärdiler. Seniň pikiriňçe, şeýle baýramçylyga barmak dogrumy? ~ Bu Ýehowa ýaramaýar. Şol sebäpli ol ysraýyllylara jeza berýär (Sanlar 25:1—9; 1 Korintoslylar 10:8).

4 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda iki sany doglan gün barada aýdylýar. Olaryň biri Beýik Mugallymyň doglan günüdimi? ~ Ýok. Bu doglan günleri Ýehowa gulluk etmeýän iki adam belleýär. Olaryň biri Hirodes patyşady. Hirodes Isanyň ýaşan döwründe Jelile etraplarynyň hökümdarydy.

5 Hirodes patyşa köp erbet işleri edýär. Ol doganynyň aýalyna öýlenýär. Onuň ady Hirodiýady. Hudaýyň gullukçysy Ýahýa çokundyryjy Hirodes patyşa bu eden işiniň erbetdigini aýdýar. Bu Hirodes patyşa ýaramaýar. Şonuň üçin ol Ýahýany türmä basýar (Luka 3:19, 20).

6 Ýahýa çokundyryjy türmedekä, Hirodes patyşa doglan gününi belleýär. Ol uly toý tutýar. Hirodes at-abraýly adamlary myhmançylyga çagyrýar. Olaryň ählisi iýip-içip, hezil edýärler. Şonda Hirodiýanyň gyzy olaryň öňünde tans edýär. Onuň eden tansy hemmelere ýaraýar. Şonuň üçin Hirodes patyşa oňa üýtgeşik sowgat bermek isleýär. Ol oňa: «Menden näme dileseň, patyşalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýýär.

7 Gyz ondan näme sorarka? Belki, ol pul ýa-da gymmat bahaly köýnek sorar? Ýa-da ol özi üçin köşk sorarmy? Şonda gyz näme sorajagyny bilmeýär. Şol sebäpli ol ejesi Hirodiýanyň ýanyna baryp: «Näme diläýin?» diýýär.

8 Hirodiýa Ýahýa çokundyryjyny gaty ýigrenýärdi. Şol sebäpli ol gyzyna Ýahýanyň kellesini soramagyny aýdýar. Gyz patyşanyň ýanyna baryp, oňa: «Häziriň özünde çokundyryjy Ýahýanyň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýýär.

9 Hirodes patyşa Ýahýany öldüresi gelmeýär. Sebäbi ol onuň gowy adamdygyny bilýärdi. Emma Hirodes myhmanlaryň ýanynda söz berensoň, olardan çekinýär. Şol sebäpli ol Ýahýanyň kellesini kesdirmek üçin bir adamy türmä iberýär. Ol adam derrew gaýdyp gelýär. Ol Ýahýanyň kellesini bir tabakda getirip, gyza berýär. Gyzam ony eltip, ejesine berýär (Markus 6:17—29).

10 Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan beýleki doglan günde-de hiç hili gowy zat bolmaýar. Ony Müsüriň patyşasy belleýär. Bu doglan günde-de patyşa biriniň kellesini kesdirýär. Soňra guşlar onuň etini iýer ýaly, şol adamy dardan asyp goýýar (Gelip çykyş 40:19—22). Bu iki baýramçylyk Hudaýa ýaradymyka? ~ Sen şol ýerde bolmak islärmidiň? ~

Hirodesiň doglan gününde näme boldy?

11—15. a) Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan doglan günlerden nähili sapak edinse bolar? b) Isanyň doglan gününi haçan belleýärler, emma ol näme üçin şol wagt dogulmady diýse bolar?

11 Bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylarda ýazylan zatlaryň ählisi biziň üçin peýdaly. Onda diňe iki doglan gün barada aýdylýar. Onuň ikisinde hem erbet zatlar boldy. Diýmek, Hudaý doglan günlere nähili garaýar? Alla biziň doglan güni bellemegimizi isleýärmikä? ~

12 Elbetde, şu günler doglan gün bellenende, adamlar biriniň kellesini kesmeýärler. Aslynda, doglan güni hak Hudaýa sežde etmeýän adamlar belläp başladylar. Bir kitapda: «Günäli adamlar... doglan gününi uly şagalaň bilen belleýärler» diýilýär (The Catholic Encyclopedia). Sen hem şol adamlaryň göreldesine eýermek isleýärmiň? ~

13 Beýik Mugallym barada näme diýse bolar? Ol doglan güni belledimikä? ~ Mukaddes Ýazgylarda onuň doglan güni barada hiç zat aýdylmaýar. Aslynda, I asyrda Isanyň şägirtleri onuň doglan gününi bellemeýärdiler. Şu günler adamlaryň köpüsi Isanyň doglan gününi gyşda belleýärler. Emma Isa gyşda dogulmady.

14 Näme üçin şeýle diýse bolar? ~ Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Isa doglanda, çopanlar gijelerine meýdanda galýardylar (Luka 2:8—12). Isanyň doglan şäherinde dekabr aýy howa ýagynly we sowuk bolýardy. Şol sebäpli çopanlar gijelerine meýdanda galmaýardylar. Adamlar Isanyň doglan gününi butparazlaryň baýramçylyk belleýän gününde belläp başladylar.

15 Şol sebäpli köp adamlar Isanyň doglan gününi dekabr aýynda belleýärler. Aslynda, baýramçylyklaryň köpüsi butparazlykdan gelip çykdy. Mysal üçin, köp adamlar ýanwar aýynda Täze ýyl baýramyny belleýärler. Gadymy döwürde rimliler şol güni Ýanus taňrysynyň şanyna baýramçylyk belleýärdiler.

Isa näme üçin gyşda dogulmady diýse bolar?

16—17. a) Adamlar näme üçin Täze ýyl baýramyny belleýärler? b) Gurnaýan baýramçylygymyzyň Hudaýy begendirjekdigini nädip bilse bolar? (Ýahýa 17:16; 2 Korintoslylar 6:14; 1 Petrus 4:3)

16 Adamlaryň köpüsi butparazlykdan gelip çykan Täze ýyl baýramynyň Hudaýa ýaramaýandygyny bilýärler. Emma şonda-da ony belleýärler. Olar Hudaýyň baýramçylyga bolan garaýşy barada däl-de, ony bellemek hakda has köp alada edýärler. Emma biz Ýehowany begendirmek isleýäris, şeýle dälmi? ~

17 Şol sebäpli biz Ýehowa ýaraýan baýramçylyklary bellemeli. Biz ýylyň islendik güni baýramçylyk belläp bilýäris. Bize belli bir güne garaşmak gerek däl. Biz şonda süýji zatlar iýip, gyzykly oýunlar oýnap bileris. Sen şeýdip baýramçylyk bellemek isleýärmiň? ~ Onda sen bu barada ata-eneňe aýdyp, ony gurnap bermegi haýyş edip bilersiň. Şeýle etseň, gowy bolmazmy? ~ Emma sen baýramçylygy gurnanyňda, Hudaýy begendirmek barada oýlanmaly.

Baýramçylygymyzyň Hudaýy begendirýändigini nädip bilse bolar?

Hudaýy hemişe begendirmegiň wajypdygyny görkezýän şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 12:2; Ýahýa 8:29; Rimliler 12:2 we 1 Ýahýa 3:22.