Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

31-NJI BAP

Nireden teselli tapmaly?

Nireden teselli tapmaly?

1—7. a) Özüni ýeke duýup, ýüregi gysýan adamlara Mukaddes Ýazgylarda nähili teselli berilýär? b) Isa kynçylyk çekse-de, nämä düşünýärdi? ç) Bizi näme üçin goýna meňzetse bolar we Isa ýiten goýun barada nämäni gürrüň berdi?

SEN özüňi ýeke duýup, ýüregiň gysypmydy? ~ Sen: «Meni hiç kim gowy görmeýär» diýipmidiň? ~ Käbir çagalar özlerini şeýle duýýarlar. Emma Hudaý: «Men seni unutmaryn» diýip söz berýär (Işaýa 49:15). Muny bilmek nähili gowy, şeýle gerek?! ~ Hawa, Ýehowa Hudaý bizi söýýär!

Şu ýiten guzujyk özüni nähili duýýarka?

2 Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň biri şeýle diýýär: «Kakam, ejem meni terk etse-de, Reb meni kabul eder» (Zebur 27:10). Muny bilmek bize teselli berýär, şeýle dälmi? ~ Hawa, Ýehowa: «Gorkma, men seniň bilendirin... Men saňa kömek ederin» diýýär (Işaýa 41:10).

3 Ýehowa käte Şeýtanyň bize kynçylyk döretmegine, hatda bizi synamagyna-da ýol berýär. Bir gezek Şeýtan Isany şeýle erbet gynady welin, ol aglap, Ýehowa: «Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni taşladyň?» diýdi (Matta 27:46). Isa kynçylyk çekse-de, Ýehowanyň ony söýýändigini bilýärdi (Ýahýa 10:17). Şeýle-de Isa Hudaýyň Şeýtana Öz gullukçylaryny synamaga we olara kynçylyk çekdirmäge näme üçin ýol berýändigine düşünýärdi. Biz bu barada başga bir bapda giňişleýin bileris.

4 Kiçi çagalar käte gorkýarlar. Sen haçanam bolsa ýitipmidiň? ~ Şonda sen gorkduňmy? ~ Köp çagalar gorkýarlar. Bir gezek Beýik Mugallym biriniň ýitendigi barada aýdýar. Ýöne Isa ýiten çaga däl-de, goýun hakda gürrüň berýär.

5 Belli bir manyda, seni hem goýna meňzetse bolar. Näme üçin? Sebäbi goýunlar örän ejiz bolýar. Goýunlaryň aladasyny etmeli we olary goramaly. Goýunlary bakýan adama çopan diýilýär.

6 Isa 100 goýny bolan bir çopan barada gürrüň berýär. Bir gün çopanyň goýunlarynyň biri ýitýär. Belki-de, şol goýun baýryň beýleki tarapyny göresi gelendir. Ýuwaş-ýuwaşdan goýun sürüden daşlaşýar. Ol daş-töweregine seredip, özüniň ýeke galandygyny görýär. Şonda ol özüni nähili duýduka? ~

7 Çopan bir goýnuň ýitendigini bilende näme eder? Ol goýnuň özi günäkär diýip, ony gözlemäge gitmezmi? Ýa-da 99 goýnuny howpsuz ýerde goýup, şol ýekeje goýny gözlärmi? Aslynda, ýekeje goýun üçin şeýle alada etmek gerekmi? ~ Eger şol ýiten goýun sen bolan bolsaň, çopanyň seni gözlemegini islärmidiň? ~

Çopan ýaly kim biziň aladamyzy edýär?

8—12. a) Isanyň gürrüň beren çopany kimi aňladýar we Ol göze görünmese-de näme üçin oňa çopan diýip bileris? b) Zeburyň 23-nji babyndan Ýehowanyň bizi söýýändigini nädip bilse bolýar?

8 Çopan goýunlarynyň ählisini, hatda ýitenini hem örän gowy görýär. Şonuň üçin ol ýiten goýnuny gözlemäge gidýär. Göz öňüne getir, ýiten goýun çopanyň öz ýanyna gelýänini görýär. Şonda goýun, gör, nähili begenýär! Isa ýiten goýnuny tapan çopanyň hem örän begenendigini aýdýar. Çopan ony tapanyna, 99 ýitmedik goýnundan hem has köp begenýär. Isanyň gürrüň beren çopany kimi aňladýar? Çopanyň goýunlarynyň aladasyny edişi ýaly, kim biziň aladamyzy edýär? ~ Isa gökdäki Atamyz Ýehowanyň alada edýändigini aýtdy.

9 Ýehowa — halkynyň Beýik Çopany. Ol gullukçylarynyň ählisini, hatda sen ýaly kiçijik çagalary hem söýýär. Ol biziň hiç birimiziň kynçylyk çekmegimizi ýa-da ölmegimizi islemeýär. Hudaýyň şeýle aladamyzy edýändigini bilmek, gör, nähili begendirýär! (Matta 18:12—14).

Ýehowanyň hem kakaň ýaly aladaňy edýändigini bilýärmiň?

10 Sen Ýehowanyň bardygyna ynanýarmyň? ~ Kakaň ýaly Ýehowanyň hem seniň aladaňy edýändigini bilýärmiň? ~ Elbetde, biz Ýehowany görüp bilmeýäris. Sebäbi ol — ruh. Biz ony görüp bilmesek-de, aslynda, ol bar we bizi görýär. Ol bize nähili kömek gerekdigini bilýär. Şeýle-de biz kakamyz bilen gepleşip bilşimiz ýaly, Ýehowa bilen hem dogada gürleşip bilýäris. Ýehowa biziň doga etmegimizi isleýär.

11 Şonuň üçin sen özüňi ýeke duýup, ýüregiň gysan wagty näme etmeli? ~ Bu barada Ýehowa aýdyp bilersiň. Sen Hudaý bilen dostlaşsaň, ol saňa teselli berip, kömek eder. Sen özüňi ýeke duýanyňda-da, Ýehowanyň seni söýýändigini unutma. Gel, indi Mukaddes Ýazgylary açaly. Zebur 23-nji babyň 1-nji aýadyndan başlap okaly. Onda şeýle diýilýär: «Reb meniň Çopanymdyr; men hiç bir zada mätäçlik çekmerin. Ol meni ýaşyl otda ýatyrýar, suwuň köp ýerine äkidýär».

12 Soňra mezmurçy 4-nji aýatda şeýle diýýär: «Tüm garaňky ýerden ýöresem-de, ýamanlykdan gorkmaýaryn, çünki Sen meniň bilensiň. Seniň hasaň, Seniň taýagyň maňa göwünlik berýär». Ýehowa Hudaýyň halky özüni şeýle duýýar. Olar kynçylykda-da teselli tapýarlar. Senem teselli tapýarmyň? ~

13—15. a) Hudaýyň goýunlary näme üçin gorkmaly däl? b) Ýehowa wepaly gullukçylaryna nähili garaýar we bu bize nähili täsir etmeli?

13 Ýehowa söýgüden doly çopan ýaly, halkynyň aladasyny edýär. Ol gullukçylaryna dogry ýoly görkezýär. Olaram oňa höwes bilen eýerýär. Ýehowanyň halky kynçylyga düşse-de, hiç zatdan gorkmaýar. Çopan taýagy bilen goýunlaryny wagşy haýwanlardan goraýar. Mukaddes Ýazgylarda çopan oglan Dawudyň goýunlaryny ýolbarsdan we aýydan gorandygy aýdylýar (1 Şamuwel 17:34—36). Hudaýyň halky hem Ýehowanyň gorajakdygyny bilýär. Olar özüni arkaýyn duýýar. Sebäbi Hudaý olar bilen biledir.

Çopanyň goýunlaryny goraýşy ýaly, kynçylyklarda kim bize kömek edýär?

14 Ýehowa goýunlaryny gowy görüp, olaryň mähir bilen aladasyny edýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary öz eline alýar, olary göterip, aladasyny edýär» (Işaýa 40:11).

15 Ýehowanyň bizi şeýle söýýändigine begenýärmiň? ~ Sen onuň goýny bolasyň gelýärmi? ~ Goýunlar çopanynyň sesine gulak asyp, onuň ýanynda galýar. Senem Ýehowa gulak asýarmyň? ~ Sen onuň ýanynda galýarmyň? ~ Onda sen hiç haçan gorkmaly dälsiň. Ýehowa hemişe seniň bilen bile bolar.

Ýehowa gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär. Gel, bu barada Mukaddes Ýazgylardan okaly: Zebur 37:25; 55:22 we Luka 12:29—31.