Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

36-NJY BAP

Kimler direler we olar nirede ýaşar?

Kimler direler we olar nirede ýaşar?

1—6. a) Mukaddes Ýazgylarda ýazylan direliş baradaky wakalardan nämäni bilýäris? b) Erbet adamlar näme üçin direler we olar nirede ýaşar? ç) Ýer ýüzünde adamlar haçan direler we şonda näme bolar?

BIZ öňki iki bapdan direliş barada bildik. Näçe adam direldildi? ~ Hawa, bäş adam. Olaryň näçesi çagady? ~ Üçüsi. Direlenleriň dördünjisi ýaş oglandy. Biz mundan nämäni bilýäris? ~

2 Elbetde, Ýehowa ýaşlary gowy görýär. Emma Hudaý başga-da köp adamlary direlder. Alla diňe gowy adamlary direldermi? ~ Biziň şeýle pikir etmegimiz mümkin. Ýöne köp adamlar Ýehowa Hudaý we onuň Ogly barada hakykaty bilmän öldüler. Olara nädogry zatlar öwredildi. Şol sebäpli olar erbet işleri etdiler. Ýehowa şeýle adamlary direldermikä? ~

3 Mukaddes Ýazgylarda: «Dogrularam, egrilerem ölümden direler» diýilýär (Resullaryň işleri 24:15). Egriler, ýagny dogry iş etmedik adamlar näme üçin direler? ~ Sebäbi olaryň hiç haçan Ýehowa we onuň talaplary barada öwrenmäge mümkinçiligi bolmady.

Hudaý näme üçin erbet adamlaryň köpüsini direlder?

4 Seniň pikiriňçe, adamlar haçan direler? ~ Lazar ölende, Isa onuň uýasy Marta: «Doganyň direler» diýýär. Şonda Marta: «Men ahyret güni onuň direljegini bilýärin» diýip jogap berýär (Ýahýa 11:23, 24). Marta «ahyret güni» diýip, nämäni göz öňünde tutduka? ~

Isanyň jenaýatça aýdan Jenneti nirede bolar?

5 Marta Isanyň: «Gabyrdakylaryň hemmesi direler» diýen sözlerini eşidipdi (Ýahýa 5:28, 29). Diýmek, «ahyret güni» Hudaýyň ýadynda galan ähli adamlar direler. Şol ahyret güni 24 sagat bolmaz. Ol müň ýyl bolar. Mukaddes Ýazgylarda: «Şol gün Hudaý dünýäniň üstünden adyl höküm çykarar» diýilýär. Şonda direlen adamlar hem edýän işlerine görä, ýa temmi, ýa sylag alar (Resullaryň işleri 17:31; 2 Petrus 3:8).

6 Şol gün, gör, nähili ajaýyp bolar! Ölen adamlaryň millionlarçasy müň ýylyň dowamynda direler. Isa olaryň Jennetde ýaşamak üçin direljekdigini aýtdy. Gel, Jennetiň nirede we nähili boljakdygyny bileli.

7—11. a) Isanyň jenaýatça aýdan Jenneti nirede bolar? b) Isa haýsy manyda jenaýatçy bilen Jennetde bolar? ç) Näme üçin jenaýatçy Jennetde ýaşar?

7 Isa pürsde ölmezinden üç sagat öň, ýanyndaky çüýlenen adama Jennet barada aýdýar. Ol adama erbet iş edendigi üçin, ölüm jezasy berlipdi. Emma bu jenaýatçy Isany synlap we ol barada aýdylan sözleri eşidip, oňa ynanýar. Şonuň üçin ol Isa: «Patyşalygyňa baranyňda, meni ýatla!» diýýär. Isa oňa: «Saňa şu gün dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» diýip jogap berýär (Luka 23:42, 43).

Biz Jennet barada okanymyzda nämäni göz öňüne getirmeli?

8 Isanyň bu aýdan sözleri nämäni aňladýar? Jennet nirede bolar? ~ Gel, bu barada oýlanaly. Ilkibaşda, Jennet nirede bolupdy? ~ Ýadyňda bolsa, Adam ata bilen How ene ýer ýüzünde Jennetde ýaşapdy. Oňa Erem bagy hem diýilýärdi. Şol bagda haýwanlaram bardy. Emma olar adamlara zyýan ýetirmeýärdi. Erem bagynda köp miweli agaçlar we uly derýa hem bardy. Bu ýaşaýyş üçin örän ajaýyp ýerdi! (Gelip çykyş 2:8—10).

9 Jenaýatçynyň Jennetde ýaşajakdygy barada okanymyzda, ýer ýüzünde boljak owadan ýeri göz öňüne getirmeli. Isa, dogrudanam, jenaýatçy bilen bile ýer ýüzünde ýaşarmyka? ~ Ýok. Munuň sebäbini bilýärmiň? ~

10 Sebäbi Isa Mesih gökde ýer ýüzündäki Jennetiň üstünden höküm sürer. Isanyň jenaýatçy bilen bile Jennetde bolmagy, ony direldip, aladasyny etjekdigini aňladýar. Emma näme üçin jenaýatçy Jennetde ýaşarka? ~ Gel, bu soragyň jogabyny bileli.

11 Jenaýatçy Isa bilen gepleşmezinden öň, Hudaýyň niýeti barada bilýärdimi? ~ Ýok, bilmeýärdi. Ol Hudaý barada hakykaty bilmeýändigi üçin erbet işleri edipdi. Jennetde ol Hudaýyň niýeti barada biler. Şonda ol Hudaýyň islegini berjaý edip, ony söýýändigini görkezip biler.

12—17. a) Direlen adamlaryň hemmesiniň ýerde ýaşamajakdygyny nireden bilýäris? b) «Ilkinji direlişde» näçe adam direler we olar näme eder? ç) Jennetde ýaşamak näme üçin hezil bolar?

12 Direlen adamlaryň ählisi ýer ýüzünde Jennetde ýaşarmyka? ~ Ýok. Näme üçindigini bilýärmiň? ~ Sebäbi käbir adamlar Isa bilen bile gökde ýaşar. Olar ýer ýüzündäki Jennetiň üstünden höküm sürer. Gel, bu barada bileli.

13 Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi resullaryna: «Atamyň öýünde ýaşamak üçin ýer köpdür; size ýer taýýarlamaga barýaryn, öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi özüm bilen alyp giderin» diýýär (Ýahýa 14:2, 3).

14 Isa direlenden soň nirä gitdi? ~ Hawa, ol göge Atasynyň ýanyna gitdi (Ýahýa 17:4, 5). Isa resullaryny we beýleki şägirtlerini direldip, göge aljakdygyny aýtdy. Olar gökde Isa bilen näme eder? ~ Mukaddes Ýazgylarda «ilkinji direlişde paýy bolan» şägirtleriň gökde ýaşap, ýer ýüzüniň üstünden «müň ýyl höküm sürjekdigi» aýdylýar (Ylham 5:10; 20:6; 2 Timoteos 2:12).

15 «Ilkinji direlişde» näçe adam direler? ~ Isa şägirtlerine: «Gorkma, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Patyşalygy size bermäge razy boldy» diýýär (Luka 12:32). Gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürjek «kiçijik süriniň» sany belli. Mukaddes Ýazgylarda «ýüz kyrk dört müň adamyň» ýer ýüzünden alnyp, gökde direljekdigi aýdylýar (Ylham 14:1, 3).

Käbir adamlar nirede direler we olar näme eder?

16 Ýer ýüzündäki Jennetde näçe adam ýaşar? ~ Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmaýar. Ýöne Hudaý Erem bagynda Adam ata bilen How enä: «Köpelip, ýer ýüzüni dolduryň» diýipdi. Emma olar muny edip bilmedi. Hudaý ýer ýüzüni gowy adamlardan doldurmak niýetiniň hökman amala aşjakdygyny bilýär (Gelip çykyş 1:28; Işaýa 45:18; 55:11).

17 Jennetde ýaşamak, gör, nähili hezil bolar! Bütin ýer ýüzi bagy-bossanlyga öwrüler. Daş-töweregimizde guşlar saýraşar, her dürli haýwanlar, owadan güller we agaçlar bolar. Hiç bir adam kesellemez we ölmez. Ähli adamlar agzybir ýaşar. Eger biz Jennetde ebedi ýaşamak isleýän bolsak, häzir oňa taýýarlanmagyň tüýs wagtydyr!

Gel, Hudaýyň ýer babatdaky niýeti barada köpräk bilmek üçin şu aýatlary okaly: Süleýmanyň tymsallary 2:21, 22; Wagyz kitaby 1:4; Işaýa 2:4; 11:6—9; 35:5, 6 we 65:21—24.