Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

38-NJI BAP

Biz näme üçin Isany söýmeli?

Biz näme üçin Isany söýmeli?

1—5. a) Isa bizi nämeden halas etdi? b) Isa kimler üçin janyny berdi? ç) Hudaý adamlara nähili garaýar?

AÝDALY, sen gaýykly ýüzüp barýarsyň. Birdenem, gaýygyň suwa çümüp başlaýar. Şonda kimdir biriniň seni halas etmegini islärmidiň? ~ Eger biri seni halas etjek bolup, öz janyny berse näme? ~ Hawa, Isa Mesih seniň üçin janyny berdi. 37-nji bapdan bilşimiz ýaly, ol bizi halas etmek üçin janyny töleg hökmünde berdi.

2 Isanyň bizi nämeden halas edendigi ýadyňa düşýärmi? ~ Ol ählimizi Adam atadan geçen günäden we ölümden halas etdi. Isa erbet iş edýän adamlar üçinem janyny berdi. Sen erbet adamlary halas etmek üçin janyňy berermidiň? ~

3 Injilde şeýle diýilýär: «Dogry adam üçin hiç kim ölmese gerek. Emma oňat adam üçin biri ölmäge razy bolmagy mümkin». Hawa, Injilde aýdylyşy ýaly, Isa «hudaýsyz» adamlar üçin öldi. Şolaryň arasynda Hudaýa gulluk etmeýän adamlaram bar! Mukaddes Ýazgylarda: «Biz entek erbet işleri edýärkäk, Mesih biziň üçin öldi» diýilýär (Rimliler 5:6—8).

4 Resullaryň haýsysy öň erbet işleri edipdi? ~ Şol resul: «Mesih Isa günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi. Günäkärleriň iň erbedi mendirin» diýdi. Onuň ady Pawlusdy. Ol özüniň «aň-düşünjesiz» bolandygyny we «ýamanlykda ýaşandygyny» aýtdy (1 Timoteos 1:15; Titus 3:3).

5 Hudaý şeýle erbet adamlar üçin Ogluny gurban eden bolsa, gör, ol bizi nähili güýçli söýýär! Gel, indi Ýahýa kitabynyň 3-nji babynyň 16-njy aýadyny okaly. Onda şeýle diýilýär: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, özüniň ýekeje Ogluny berdi».

Isa biziň üçin janyny gurban edende nähili görgüler gördi?

6—12. a) Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi näme boldy? b) Şol günüň ertesi näme boldy? ç) Isa Adam atadan nämede tapawutlanýar?

6 Isa Atasy ýaly bizi söýýär. Ol ölüminiň öň ýanyndaky gijesi tussag edilende, köp görgi görýär. Ýadyňa düşýän bolsa, biz bu barada 30-njy bapda okapdyk. Isany baş ruhany Kaýafanyň öýüne eltýärler. Ol ýerde ony höküm edýärler. Ýalan şaýatlar Isa töhmet atýarlar, adamlar ony ýumruklap urýarlar. Şonda Petrus Isany tanamaýandygyny aýdyp, ýalan sözleýär. Gel, häzir biz özümizi şol ýerde ýaly göz öňüne getirip, indi näme bolýandygyny göreli.

7 Daň atýar. Isa bütin gije ýatmaýar. Ruhanylar kanuny bozup, Isany höküm etjek boldular. Soňra olar derrew mejlisi, ýagny ýehudylaryň ýokary kazyýetini çagyryp, Isany höküm edýärler. Olar Isa Hudaýa garşy günä edýär diýip, oňa töhmet atýarlar.

8 Soňra ruhanylar Isany daňyp, Rim hökümdary Pilatusyň ýanyna äkidýärler. Olar Pilatusa: «Isa hökümete garşy gidýär. Ony öldürmeli» diýýärler. Emma Pilatus ruhanylaryň ýalan sözleýändigini bilýär. Şol sebäpli ol ruhanylara: «Men bu adamdan hiç hili günä tapmadym. Men ony boşatjak» diýýär. Emma ruhanylar we beýleki adamlar: «Ýok! Ony öldür!» diýip gygyryşýarlar.

9 Soňra Pilatus ýene-de adamlara Isany boşatjakdygyny aýdýar. Emma ruhanylar adamlary Pilatusa garşy öjükdirýärler. Olar: «Ony boşatsaň, sen hökümete garşy gitdigiň bolar! Ony öldür!» diýip gygyryşýarlar. Şonda Pilatusyň näme edendigini bilýärmiň? ~

10 Pilatus Isa ölüm jezasyny berýär. Ilki, ol Isany gamçyladýar. Soňra ony öldürer ýaly esgerleriň eline berýär. Olar Isanyň kellesine tikenden örülen täç geýdirýärler we öňünde dyza çöküp, üstünden gülýärler. Şondan soň olar Isa uly pürsi göterdip, şäheriň çetindäki «Kelleçanak» diýen ýere äkidýärler. Şol ýerde Isanyň elini we aýagyny pürse çüýleýärler. Soňra pürsi ýokary galdyrýarlar. Isanyň elinden we aýagyndan gan akýardy. Ol güýçli agyry duýýardy.

11 Isa derrew ölmeýär. Ol birnäçe wagtlap pürsden asylgy durýar. Baş ruhanylar onuň üstünden gülýär. Geçip barýan adamlar: «Hudaýyň Ogly bolsaň, pürsden aşak düş!» diýýärler. Emma Isa Atasynyň näme üçin ýer ýüzüne iberendigini bilýärdi. Ol biziň ebedi ýaşamagymyz üçin kämil janyny gurban etmelidigine düşünýärdi. Şeýlelikde, Isa öýlän sagat üç töweregi Atasyna ýüzlenip aglaýar we ölýär (Matta 26:36—27:50; Markus 15:1; Luka 22:39—23:46; Ýahýa 18:1—19:30).

12 Isa Adam atadan, gör, nähili tapawutlanýar! Adam ata Hudaýy söýmeýärdi. Ol Ýehowa gulak asmady. Adam ata bizi hem söýmedi. Onuň günä edendigi üçin, biziň ählimiz günäli dogulýarys. Emma Isa Hudaýy hem bizi söýýär. Ol hemişe Ýehowa gulak asýar. Isa Adam atanyň ýetiren zyýanyny bizden aýyrmak üçin janyny berdi.

Isany söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

13—16. a) Pawlus resul Isanyň söýgüsine minnetdarlygyny nädip bildirdi? b) Biz Isany näme üçin söýmeli? ç) Biz Isany begendirmek üçin näme etmeli?

13 Sen Isanyň beren ajaýyp sowgadyna minnetdar bolýarmyň? ~ Hudaýa doga edeniňde, Ogluny berendigi üçin sagbolsun aýdýarmyň? ~ Pawlus resul Isanyň eden zadyna örän minnetdardy. Ol: «Hudaýyň Ogly meni söýdi we meniň üçin janyny gurban etdi» diýdi (Galatýalylar 2:20). Isa meniň üçinem, seniň üçinem öldi. Ol biziň ebedi ýaşamagymyz üçin kämil janyny berdi! Ine, şol sebäpli biz Isany söýmeli.

14 Pawlus resul Korintosdaky mesihçilere: «Mesihiň söýgüsi bizi bir zat etmäge höweslendirýär» diýdi. Näme etmäge höweslendirýär? ~ Pawlus: «Mesih hemme adamlar üçin öldi. Şol sebäpli olar özlerini däl-de, ony begendirmek üçin ýaşamaly» diýdi (2 Korintoslylar 5:14, 15).

15 Biz Isany begendirmek üçin näme etmeli? ~ Hawa, Isa barada bilen zatlarymyzy adamlara gürrüň bermeli. Aýdaly, sen öýde ýeke özüň galýarsyň. Seni hiç kim, ejeňem, kakaňam görmeýär. Şonda sen telewizorda ýa-da Internetde Isany gynandyrjak bir zady görersiňmi? ~ Isanyň häzir diridigini we biziň ähli edýän zadymyzy görýändigini unutma!

Biziň edýän ähli zadymyzy kim görýär?

16 Şeýle-de biz Ýehowanyň göreldesine eýermek isleýändigimiz üçin Isany söýmeli. Isa: «Ata meni söýýär» diýdi. Ýehowanyň Isany näme üçin söýýändigini we biziň ony näme üçin söýmelidigimizi bilýärmiň? ~ Sebäbi Isa Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin ölmäge taýýardy (Ýahýa 10:17). Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň. Mesih sizi söýüp, janyny gurban eden bolsa, onda siz hem söýgüde geziň» diýilýär (Efesliler 5:1, 2). Gel, bizem bu maslahata eýermäge jan edeli!

Isanyň janyny berendigi üçin, oňa minnetdar bolar ýaly şu aýatlary okaly: Ýahýa 3:35; 15:9, 10 we 1 Ýahýa 5:11, 12.