Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

41-NJI BAP

Hudaýy begendiren çagalar

Hudaýy begendiren çagalar

1—7. a) Bir sapar Isanyň ata-enesi näme üçin alada galdy? b) Isa çagaka ata-enesini we Hudaýy nädip begendirdi?

ÇAGALARDAN kim Ýehowany has begendirdi? ~ Onuň Ogly Isa. Gel, Isanyň gökdäki Atasyny nädip begendirendigini bileli.

2 Isa maşgalasy bilen Iýerusalimden üç günlük ýol uzaklykda ýerleşýän ýerde ýaşaýardy. Iýerusalimde Ýehowanyň owadan ybadathanasy bardy. Isa oňa «Atamyň öýi» diýýärdi. Isa maşgalasy bilen her ýyl Pesah baýramyny bellemek üçin şol ýere gidýärdi.

3 Isa 12 ýaşyndaka-da, olar Pesah baýramyna gidýärler. Onuň ene-atasy yzyna gaýdyp gelýärkä, agşam bir ýerde düşleýärler. Şonda olar dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň arasynda Isanyň ýokdugyny bilýärler. Şol sebäpli Merýem bilen Ýusup Isany tapmak üçin, derrew Iýerusalime dolanýar. Seniň pikiriňçe, Isa niredekä? ~

4 Olar Isany ybadathanadan tapýarlar. Ol mugallymlary diňläp, olara sorag berýärdi. Mugallymlar hem oňa sorag berende, ol jogap berýärdi. Olar Isanyň berýän jogaplaryna haýran galýarlar. Indi sen Isanyň Hudaýy näme üçin begendirendigine düşünýärmiň? ~

5 Elbetde, Merýem bilen Ýusup Isany tapanlarynda rahatlanýar. Isa bolsa, hiç zadyň aladasyny etmeýärdi. Ol ybadathananyň gowy ýerdigini bilýärdi. Şol sebäpli Isa olara: «Siz meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýýär. Ol ybadathananyň Hudaýyň öýüdigini bilýärdi we şol ýerde bolmagy gowy görýärdi.

6 Şondan soň Merýem bilen Ýusup 12 ýaşly Isany alyp, öýüne Nasyra şäherine dolanýar. Seniň pikiriňçe, Isa ene-atasyna gulak asýardymy? ~ Hawa, Injilde Isanyň «olaryň tabynlygynda galandygy» aýdylýar. Bu nämäni aňladýar? ~ Isa ata-enesine gulak asýardy. Ol ata-enesiniň diýenini edýärdi. Meselem, ol guýudan suw getirendir (Luka 2:41—52).

Isa çagaka Hudaýy nädip begendirdi?

7 Isa kämil bolsa-da, bikämil ata-enesine gulak asýardy. Şeýtmek bilen, ol Hudaýy begendirdimikä? ~ Elbetde, Injilde-de: «Çagalar, ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň» diýilýär (Efesliler 6:1). Isa ýaly senem ata-eneňe gulak assaň, Hudaýy begendirersiň.

8—12. a) Çagalar nädip Hudaýy begendirip biler? b) Hudaýyň halkyny nädip tanamaly?

8 Şeýle-de biz adamlara Hudaý barada gürrüň bersek, ony begendireris. Emma käbir adamlar çagalar Hudaý barada gürrüň bermeli däl diýmegi mümkin. Bir sapar çagalar Hudaýy şöhratlandyrjak bolanda, adamlar olary saklaýarlar. Şonda Isa şol adamlara: «„Ýaşajyk balalaryň, süýt emýänleriň agzyndan alkyşlar aldyň“ diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýýär (Matta 21:16). Şonuň üçin biz islesek, adamlara Ýehowanyň nähili gowy Hudaýdygy barada gürrüň berip bileris. Şeýdip, biz Hudaýy begendireris.

9 Biz adamlara Hudaý barada gürrüň bermek üçin, ony nädip tanamaly? ~ Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmeli. Emma Hudaý barada köpräk bilmek üçin, Hudaýyň halkynyň ýygnanyşýan ýerine barmaly. Ýöne kimlere Hudaýyň halky diýip bolar? ~

10 Ýygnak duşuşygyna barýan adamlar näme edýärler? Olar, hakykatdanam, Mukaddes Ýazgylary öwrenýärmi? Olar ony okap, pikir alyşýarmy? Biz Hudaýy diňlemek üçin şeýle etmeli dälmi näme? ~ Biz ýygnak duşuşyklarynda Hudaýyň sözlerini diňlemek isleýäris, şeýle dälmi? ~ Eger adamlar saňa Mukaddes Ýazgylara görä ýaşamak gerek däl diýseler näme? Olara Hudaýyň halky diýip bolarmy? ~

11 Gel, indi ýene-de bir zat barada oýlanaly. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Hudaýyň halky onuň adyny götermeli (Resullaryň işleri 15:14). Hudaýyň ady — Ýehowa. Şol sebäpli biz adamlardan kime sežde edýändiklerini sorap bileris. Eger olar Ýehowa Hudaýa sežde etmeýän bolsalar, biz olaryň Hudaýyň halky däldigini bilýäris. Şeýle-de Hudaýyň halky Hudaýyň Patyşalygy barada adamlara wagyz etmeli. Olar Allanyň tabşyryklaryny berjaý edip, ony söýýändigini görkezmeli (1 Ýahýa 5:3).

12 Sen şu zatlary edýän adamlary tanaýan bolsaň, olar bilen ýygnanyşyp, Hudaýa sežde edip bilersiň. Sen ýygnak duşuşyklarynda ünsli diňläp, soraglara jogap bermeli. Isa-da Hudaýyň öýünde şeýle edipdi. Isa ýaly senem ýygnak duşuşyklarynda Hudaýy begendirip bilersiň.

13—18. a) Timoteos çagalara nähili görelde görkezdi? b) Biz ysraýylly gyzjagazdan näme öwrenip bileris? ç) Çagalar nähili gowy maksatlar goýup biler?

13 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýy begendiren başga çagalar barada hem aýdylýarmy? ~ Timoteos gowy görelde görkezdi. Onuň kakasy Ýehowa sežde etmeýärdi. Emma ejesi Ewniki we mamasy Lois Ýehowa gulluk edýärdi. Timoteos olary diňläp, Ýehowa barada öwrenýärdi.

Kakasy Ýehowa sežde etmese-de, Timoteos näme etmek isledi?

14 Timoteos ulalanda, Pawlus resul olaryň ýaşaýan şäherine gelýär. Ol Timoteosyň Ýehowa ýürekden gulluk etmek isleýändigini görýär. Şol sebäpli Timoteos Ýehowa köpräk gulluk edip biler ýaly, Pawlus oňa özi bilen gitmegi teklip edýär. Olar köp ýerlere aýlanyp, adamlara Hudaýyň Patyşalygy we Isa barada gürrüň berýärler (Resullaryň işleri 16:1—5; 2 Timoteos 1:5; 3:14, 15).

15 Emma Mukaddes Ýazgylarda diňe oglanlaryň Hudaýy begendirendigi barada aýdylýarmy? ~ Elbetde, ýok. Gel, Hudaýy begendiren bir ysraýylly gyzjagaz barada bileli. Şol döwürde siriýalylar bilen ysraýyllylar duşmandy. Bir gün siriýalylar ysraýyllylar bilen söweşýär. Şonda olar şol gyzjagazy hem ýesir edýärler. Ony goşun serkerdesi Nagamanyň öýüne eltýärler. Ol Nagamanyň aýalynyň hyzmatkäri bolýar.

16 Nagaman ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi. Lukmanlar ony bejerip bilmeýär. Emma ysraýylly gyzjagaz Hudaýyň pygamberiniň Nagamany bejerip biljekdigine ynanýar. Elbetde, Nagaman we onuň aýaly Ýehowa sežde etmeýärdi. Gyzjagaz bilýän zadyny olara aýtmalydymy? Sen aýdardyňmy? ~

Ysraýylly gyzjagaz Hudaýy nädip begendirdi?

17 Hawa, gyzjagaz: «Eger Nagaman Ysraýyldaky Ýehowanyň pygamberiniň ýanyna gitse, ol ony ýokançly deri keselinden bejerer» diýýär. Nagaman gyzjagaza gulak asyp, Ýehowanyň pygamberiniň ýanyna gidýär. Ol pygamberiň aýdan zadyny edende, keselinden sagalýar. Şondan soň Nagaman hak Hudaýyň gullukçysy bolýar (2 Patyşalar 5:1—15).

18 Senem şol gyzjagaz ýaly kimdir birine Ýehowa we onuň işleri barada bilmäge kömek edesiň gelýärmi? ~ Sen kime kömek edip bilersiň? ~ Elbetde, adamlar ilki Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmezler. Emma sen olara Ýehowanyň edýän gowy zatlary barada gürrüň berseň, belki, olar seni diňlär. Sen şeýle edip, Hudaýy begendirersiň!

Şu aýatlar çagalary Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge höweslendirýär: Zebur 122:1; 148:12, 13; Wagyz kitaby 12:1; 1 Timoteos 4:12 we Ýewreýler 10:23—25.