Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

43-NJI BAP

Biziň dogan-uýalarymyz kim?

Biziň dogan-uýalarymyz kim?

1—7. a) Biz Isanyň süýtdeş dogan-uýalary barada näme bilýäris? b) Isa kimleri ejesi we doganlary hasaplady we bu nämäni aňladýar? ç) Isanyň doganlary başda oňa nähili garaýardy?

BIR GEZEK Beýik Mugallym geň galdyryjy sorag berýär. Ol: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýip soraýar (Matta 12:48). Sen şu soraga jogap berip bilerdiňmi? ~ Sen Isanyň ejesiniň Merýemdigini bilýänsiň. Emma sen onuň doganlarynyň adyny bilýärmiň? ~ Onuň uýalary hem bardymy? ~

2 Mukaddes Ýazgylarda Isanyň Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda atly doganlarynyň bolandygy aýdylýar. Isanyň wagyz edýän döwründe onuň uýalary hem bardy. Isa dogan-uýalaryndan iň ulusydy (Matta 13:55, 56; Luka 1:34, 35).

3 Isanyň doganlary hem onuň şägirtleri boldumy? ~ Injilde aýdylyşy ýaly, ilki onuň «doganlary oňa iman etmeýärler» (Ýahýa 7:5). Emma soňra Ýakup bilen Iuda (oňa Ýahuda hem diýilýär) onuň şägirtleri bolýar. Hatda olar Injiliň käbir kitaplaryny hem ýazýarlar. Haýsy kitaplardygyny bilýärmiň? ~ Hawa, Ýakup we Ýahuda kitaplary.

4 Mukaddes Ýazgylarda Isanyň uýalarynyň ady aýdylmasa-da, biz onuň azyndan iki uýasynyň bardygyny bilýäris. Belki, ondanam köp bolandyr. Isanyň uýalary hem onuň şägirtleri boldumyka? ~ Injilde bu barada aýdylmaýar. Onda Isa: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýip näme üçin soraýar? ~ Gel, muny bileli.

5 Bir gün Isa şägirtlerine öwredip otyrka, biri onuň sözüni bölýär. Ol: «Ejeň bilen doganlaryň seniň bilen gepleşjek bolup, daşarda durlar» diýýär. Şonda Isa mümkinçilikden peýdalanyp, olara wajyp zady öwredýär. Isa olardan: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýip soraýar. Soňra ol elini şägirtlerine tarap uzadyp: «Ine, meniň ejem, meniň doganlarym!» diýýär.

6 Isa bu sözleriň manysyny hem düşündirýär. Ol: «Kim meniň gökdäki Atamyň islegini berjaý etse, şol meniň doganym, uýam we ejemdir» diýýär (Matta 12:47—50). Biz mundan Isanyň şägirtlerini gowy görýändigini bilýäris. Isa şägirtleriniň oňa süýtdeş dogany, uýasy we ejesi ýalydygyny düşündirýär.

Isa kimlere doganym we uýam diýdi?

7 Şol wagt Isanyň doganlary: Ýakup, Ýusup, Simun we Iuda onuň Hudaýyň Ogludygyna ynanmaýardylar. Olaryň ejesi Jebraýyl perişdäniň aýdanlaryny gürrüň beren bolmaly. Ýöne olar muňa ynanan däldirler (Luka 1:30—33). Şonuň üçin olar Isany sylamaýardylar. Kimdir biri özüni şeýle alyp barsa, oňa hakyky dogan ýa-da uýa diýip bolmaýar. Sen doganyny ýa-da uýasyny sylamaýan adamlary tanaýarmyň? ~

8—14. a) Mukaddes Ýazgylarda kimleriň öz doganyny gowy görmändigi barada aýdylýar? b) Biz Kabyl bilen Habylyň mysalyndan nähili sapak edinmeli?

8 Mukaddes Ýazgylarda Ysaw we Ýakup barada aýdylýar. Ysaw doganyny ýigrenip: «Men Ýakuby öldürerin» diýýär. Olaryň ejesi Rebeka gorkup, Ýakuby başga ýere iberýär (Gelip çykyş 27:41—46). Emma köp ýyl geçensoň, Ysawyň gahary ýatyşýar. Soňra ol Ýakuby görende, ony gujaklap ogşaýar (Gelip çykyş 33:4).

9 Wagtyň geçmegi bilen, Ýakubyň 12 ogly bolýar. Emma Ýakubyň uly ogullary jigisi Ýusuby halamaýar. Ýakup Ýusuby örän gowy görýär. Şonuň üçin doganlary oňa göriplik edýärler. Şeýlelikde, olar Ýusuby Müsüre barýan söwdagärlere gul edip satýarlar. Soňra bolsa, olar kakasyna: «Ýusuby bir wagşy haýwan iýipdir» diýýärler (Gelip çykyş 37:23—36). Eýsem, bu zalymlyk dälmi näme?! ~

10 Soňra Ýusubyň doganlary eden işine ökünýär. Şol sebäpli Ýusup olary bagyşlaýar. Näme üçin Ýusuby Isa meňzetse bolar? ~ Isa kyn ýagdaýa düşende, resullary ony taşlap gidýärler. Hatda Petrus Isany tanamaýandygyny aýdyp, ondan ýüz öwürýär. Emma Isa hem Ýusup ýaly, olaryň ählisini bagyşlaýar.

Biz Kabyl bilen Habylyň mysalyndan nähili sapak edinmeli?

11 Gel, indi iki dogan Kabyl we Habyl barada gürrüň edeli. Biz olardan hem özümize sapak edinip bileris. Alla Kabylyň doganyny ýürekden söýmeýändigini görýär. Şonuň üçin Hudaý oňa düzelmelidigini duýdurýar. Eger Kabyl Hudaýy ýürekden söýen bolsa, duýduryşa gulak asardy. Emma ol Hudaýy söýmeýärdi. Bir gün Kabyl Habyla: «Ýör, meýdana gideli» diýýär. Habyl onuň bilen gidýär. Olar meýdanda ýeke galanlarynda, Kabyl doganyny urup öldürýär (Gelip çykyş 4:2—8).

12 Mukaddes Ýazgylarda biziň mundan wajyp sapak edinmelidigimiz aýdylýar. Nämedigini bilýärmiň? ~ Injilde şeýle diýilýär: «Siziň ozal-başdan eşiden habaryňyz şudur: biri-birimizi söýeliň. Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň». Şol sebäpli dogan-uýalar biri-birini söýmeli. Olar Kabyl ýaly bolmaly däl (1 Ýahýa 3:11, 12).

13 Biz näme üçin Kabyl ýaly bolmak islemeýäris? ~ Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda onuň «Iblisden bolandygy» aýdylýar. Kabyl Iblis ýaly boldy. Şonuň üçin onuň atasy Iblis diýse bolar.

14 Indi sen dogan-uýalaryňy näme üçin gowy görmelidigiňe düşünýärmiň? ~ Sen olary gowy görmeseň, kimiň çagalaryna meňzärsiň? ~ Iblisiň çagalaryna. Sen onuň çagasy bolasyň gelýärmi? ~ Eger Hudaýyň çagasy bolasyň gelse näme etmeli? ~ Dogan-uýalaryňy ýürekden söýmeli.

15—18. a) Söýgi näme we söýmek näme üçin wajyp? b) Biz dogan-uýalarymyzy söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

15 Söýgi näme? ~ Söýgi bizi adamlara ýagşylyk etmäge höweslendirýär. Biz adamlary gowy görüp, olara ýagşylyk etsek, olary söýdügimiz bolar. Biziň söýmeli dogan-uýalarymyz kim? ~ Ýadyňda bolsa, Isa olaryň mesihçi dogan-uýalarymyzdygyny aýtdy.

Sen doganyňy söýýändigiňi nädip görkezip bilersiň?

16 Biz näme üçin mesihçi dogan-uýalarymyzy söýmeli? ~ Mukaddes Ýazgylarda: «Görüp duran doganyny (ýa-da uýasyny) söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez» diýilýär (1 Ýahýa 4:20). Şol sebäpli biz mesihçi dogan-uýalarymyzyň diňe käbirini däl-de, hemmesini söýmeli. Isa: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýahýa 13:35). Sen dogan-uýalaryň ählisini gowy görýärmiň? ~ Eger sen gowy görmeseň, Hudaýy ýürekden söýdügiň bolmaz.

17 Biz dogan-uýalarymyzy ýürekden söýýändigimizi nädip görkezip bileris? ~ Hawa, biz dogan-uýalary söýsek, olar bilen gepleşmejek bolup, gaçyp ýörmeris. Biz olaryň ählisi bilen mähirli bolarys. Biz hemişe dogan-uýalara ýagşylyk edip, olar bilen gatnaşyp durarys. Olar kyn ýagdaýa düşende, kömek ederis. Sebäbi biziň ählimiz — bir maşgala.

18 Biz dogan-uýalarymyzyň ählisini söýsek, nämäni görkezeris? ~ Beýik Mugallym Isanyň şägirdidigimizi görkezeris. Biz Isanyň şägirtleri bolasymyz gelmeýärmi näme?! ~

Dogan-uýalarymyzy söýmelidigimiz barada Mukaddes Ýazgylardan şu aýatlary okaly: Galatýalylar 6:10 we 1 Ýahýa 4:8, 21.