Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

44-NJI BAP

Hudaýy söýýänler bilen dostlaş

Hudaýy söýýänler bilen dostlaş

1—5. a) Biz nädip Ybraýym pygamber ýaly Hudaýyň dosty bolup bileris? b) Isa nähili adamlar bilen dostlaşýardy? ç) Isanyň ýakyn dostlary kimlerdi?

DOSTLAR gürrüňdeş bolmagy we wagtyny bile geçirmegi gowy görýär. Emma gowy dosty saýlamak wajyp. Seniň pikiriňçe, kim bize iň gowy dost bolup biler? ~ Hawa, Ýehowa Hudaý.

2 Biz, hakykatdanam, Hudaýyň dosty bolup bilerismi? ~ Hawa, Mukaddes Ýazgylarda gadymy döwürde ýaşan Ybraýym pygamberiň «Ýehowanyň dosty» bolandygy aýdylýar (Ýakup 2:23). Oňa näme üçin Hudaýyň dosty diýilýär? ~ Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ybraýym pygamber Hudaýa gulak asýardy. Alla ondan kyn zady etmegi haýyş etse-de, ol gulak asýardy. Şol sebäpli biz Ýehowanyň dosty bolmak üçin, Ybraýym pygamber we Beýik Mugallym ýaly, hemişe Hudaýy begendirýän işleri etmeli (Gelip çykyş 22:1—14; Ýahýa 8:28, 29; Ýewreýler 11:8, 17—19).

Ybraýym pygambere näme üçin «Ýehowanyň dosty» diýilýär?

3 Isa resullaryna: «Meniň size buýranymy ýerine ýetirseňiz, maňa dostsuňyz» diýýär (Ýahýa 15:14). Isa adamlara hemişe Ýehowanyň sözlerini aýdýardy. Şol sebäpli Isa Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän adamlary dosty hasaplaýardy. Hawa, ol diňe Hudaýy söýýän adamlar bilen dostlaşýardy.

4 Şu kitabyň 75-nji sahypasynda Beýik Mugallymyň käbir ýakyn dostlarynyň suraty bar. Olar Isanyň resullarydy. Olar Isa bilen bile köp ýerlere aýlanyp, wagyz edýärdiler. Isa köp wagtyny olar bilen bile geçirýärdi. Olar bile nahar iýýärdiler, Hudaý barada gürrüňdeş bolýardylar we başga-da käbir işleri edýärdiler. Emma Isanyň başga-da köp dosty bardy. Ol olara myhmançylyga barýardy we olar bilen wagtyny şatlykly geçirýärdi.

5 Isa Iýerusalimiň golaýyndaky Beýtaniýa obasynda ýaşaýan bir maşgala myhmançylyga barmagy gowy görýärdi. Olaryň kimdigi ýadyňa düşýärmi? ~ Olar: Merýem, Marta we olaryň dogany Lazar. Lazar Isanyň dostudy (Ýahýa 11:1, 5, 11). Isa bu maşgalany gowy görýärdi. Sebäbi olar Ýehowany söýüp, oňa gulluk edýärdi.

Isa Iýerusalime gelende, näme üçin köplenç şu maşgala myhmançylyga barýardy? Sen olaryň adyny bilýärmiň?

6—10. a) Isa näme üçin erbet adamlaryňam öýüne barýardy? b) Zakkaý kimdi we ol nädip Isanyň dosty boldy?

6 Elbetde, Isa Hudaýa gulluk etmeýän adamlara-da mähirli garaýardy. Ol hatda olaryň öýüne myhmançylyga baryp, olar bilen bile nahar iýýärdi. Şol sebäpli käbir adamlar: «Isa salgytçylaryň we günäkärleriň dosty» diýýärdiler (Matta 11:19). Isa şol adamlaryň öýüne olaryň edýän işini gowy görýändigi üçin barmaýardy. Isa olara Ýehowa barada gürrüň beresi gelýärdi. Ol olara düzelmäge we Hudaýa gulluk etmäge kömek etjek bolýardy.

Zakkaý näme üçin agajyň üstüne çykdy?

7 Bir gün Eriha şäherinde şeýle waka bolýar. Isa şol şäheriň üsti bilen Iýerusalime barýar. Şonda köp adamlar onuň daşyna üýşýär. Olaryň arasynda Zakkaý atly bir adam bardy. Ol Isany görjek bolýar. Emma Zakkaýyň boýy gysga bolany üçin, ony görüp bilmeýär. Şol sebäpli ol Isany görmek üçin, ylgap öňe geçýär-de, bir agajyň üstüne çykýar.

8 Isa agajyň ýanyna gelende, Zakkaýy görüp: «Tiz aşak düş! Men bu gün seniň öýüňe barjak» diýýär. Zakkaý köp erbet işleri eden baý adamdy. Onda näme üçin Isa onuň öýüne barjak bolýar? ~

9 Elbetde, Isa onuň edýän işini gowy görmeýär. Ol Zakkaýa Hudaý barada gürrüň berjek bolýar. Sebäbi Zakkaý Isany görjek bolup jan edýär. Isa muny görüp, onuň Hudaý barada diňlejekdigini bilýär. Zakkaýa Ýehowa barada gürrüň bermäge gowy mümkinçilik döreýär.

Isa näme üçin Zakkaýyň öýüne bardy we Zakkaý näme etjekdigini aýtdy?

10 Netijede näme bolýar? ~ Zakkaý Isanyň öwreden zatlaryny gowy görýär. Ol adamlary aldandygyna gaty ökünýär we olardan aldaw bilen alan puluny yzyna berjekdigini aýdýar. Soňra ol Isanyň şägirdi bolýar. Diňe şondan soň, Isa Zakkaý bilen dostlaşýar (Luka 19:1—10).

11—15. a) Biz dostumyz bolmadyk adamlaryň öýüne näme üçin barýarys? b) Biz kimler bilen dostlaşmaly? ç) Gowy dosty nädip saýlamaly? d) Gatnaşýan adamlarymyz bize nähili täsir edýär?

11 Biz Beýik Mugallymyň göreldesine eýersek, dostumyz bolmadyk adamlaryň öýüne bararysmy? ~ Hawa. Emma biz olaryň edýän işlerini gowy görmeýäris. Biz olar bilen erbet iş etmek islemeýäris. Biz olaryň öýüne Hudaý barada gürrüň bermek üçin barýarys.

12 Biz ýakyn dostlarymyz bilen bile wagtymyzy geçirmegi gowy görýäris. Hudaýyň gowy görýän adamlary bize gowy dost bolup biler. Belki-de, käbir adamlar Ýehowa Hudaý barada hiç zat bilýän däldir. Emma olar Ýehowa barada bilmek islese, biz olara kömek edip bileris. Wagtyň geçmegi bilen, biz ýaly olaram Ýehowany söýerler. Şonda biz olar bilen ýakyn dost bolup bileris.

13 Gowy dost saýlamak üçin ýene-de bir zada üns bermeli. Onuň edýän işlerine syn etmeli. Ol başgalara ýamanlyk edip, soňra olaryň üstünden gülýärmi? Şeýle etmek nädogry gerek? ~ Ol edýän işleri bilen hemişe özüne kynçylyk döredýärmi? Bizem onuň bilen dostlaşyp, kyn ýagdaýa düşesimiz gelýärmi? ~ Ol ýamanlyk edip: «Men muny hiç kime bildirmän edýärin» diýip öwünýärmi? Onuň edýän zadyny hiç kim bilmese-de, ony Hudaý görýär gerek? ~ Bu zatlary edýän adamlar bize gowy dost bolup bilermi? ~

14 Gel, Mukaddes Ýazgylardan gatnaşýan adamlarymyzyň bize nähili täsir edýändigi barada okaly. 1 Korintoslylar 15-nji babyň 33-nji aýadyny açaly. Sen bu aýady açdyňmy? ~ Onda şeýle diýilýär: «Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr». Diýmek, biz erbet adamlar bilen dostlaşsak, özümizem erbet bolarys. Gowy adamlar bilen dostlaşsak, gowy endikleri edinmäge kömek eder.

15 Biziň durmuşymyzda hemişe Ýehowa birinji orunda bolmaly. Biz onuň bilen dostlugymyzy ýitiresimiz gelmeýär, şeýle gerek? ~ Şol sebäpli biz diňe Hudaýy söýýän adamlar bilen dostlaşmaly.

Gel, gowy dost saýlamagyň wajypdygyny görkezýän şu aýatlary okaly: Zebur 119:115; Süleýmanyň tymsallary 13:20; 2 Timoteos 2:22 we 1 Ýahýa 2:15.