Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

47-NJI BAP

Armageddonyň tizden boljakdygyny nireden bilýäris?

Armageddonyň tizden boljakdygyny nireden bilýäris?

1—11. a) Adamlar Isanyň gelendigini we gökde höküm sürüp başlandygyny nädip bilýär? b) Isa injir agajyny mysal getirip nämäni düşündirdi? ç) Şu günler Isanyň aýdan alamatynyň haýsy aýratynlyklary berjaý bolýar?

BIZ 46-njy bapdan Hudaýyň hiç haçan dünýäni tupan bilen ýok etmejekdigine alamat berendigini bildik. Şol alamatyň nämedigi ýadyňa düşýärmi? ~ Isanyň resullary hem onuň gelmeginiň we ahyrzamanyň alamatyny soradylar (Matta 24:3).

2 Isa gökde höküm sürüp başlanda, adamlar ony görüp bilmezdi. Emma şol alamat arkaly olar muňa düşünmelidiler. Şol sebäpli Isa şägirtlerine ýer ýüzünde nämeleriň boljakdygyny aýtdy. Adamlar muňa üns bermelidi. Şol zatlaryň bolmagy Isanyň gelendigini we onuň gökde Patyşa bolup höküm sürüp başlandygyny görkezmelidi.

3 Isa şägirtlerine oýa bolmagyň wajypdygyny düşündirip şeýle diýdi: «Injire, ähli agaçlara serediň. Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýdygyny bilýärsiňiz». Senem tomus pasly golaýlanda bilýänsiň. Şonuň ýaly Isanyň aýdan sözleriniň ýerine ýetýändigini görüp, sen Armageddonyň hem golaýdygyny bilýänsiň (Luka 21:29, 30).

Isa injir agajyny mysal getirip nämäni düşündirdi?

4 Gel, şu we indiki sahypadaky suratlara seredeli. Isa Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny görkezýän alamatyň käbir aýratynlyklaryny aýdypdy. 46-njy bapdan bilşimiz ýaly, olaryň hemmesi berjaý bolanda, Hudaýyň Patyşalygy Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda ähli hökümetleri ýok eder.

5 Gel, indi öňki iki sahypadaky suratlara ünsli seredip, olar barada gürrüň edeli. Matta 24:6—14 we Luka 21:9—11-nji aýatlarda şol suratlardaky zatlar barada aýdylýar. Şeýle-de üns beren bolsaň, her bir surat san bilen belgilenen. Aşakdaky abzaslaryň başynda hem şol sanlar bar. Gel, biziň günlerimizde berjaý bolýan Isanyň aýdan alamatynyň käbir aýratynlyklaryna seredeli.

6 1) Isa şeýle diýdi: «Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz... millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar». Sen täzeliklerde uruş barada eşidýärmiň? ~ 1914—1918-nji ýyllarda Birinji Jahan urşy we soňra 1939—1945-nji ýyllarda Ikinji Jahan urşy boldy. Şeýle Jahan uruşlary öň hiç haçan bolmandy! Häzir hem bütin dünýäde uruşlar bolýar. Biz her gün uruş barada telewizorda, radioda eşidýäris we gazetden okaýarys.

7 2) Isa: «Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar» diýdi. Bilşiň ýaly, käbir adamlaryň iýmäge ýeterlikli iýmiti ýok. Her gün müňlerçe adam ýarym açlykdan ölýär.

8 3) Şeýle-de Isa: «Aýry-aýry ýerlerde... gyrgynçylyk bolar» diýdi. Sen gyrgynçylygyň nämedigini bilýärmiň? ~ Ol köp adamlara geçýän ýokanç keseller. Olardan köp adamlar ölýär. Meselem, bir ýylda ispan dümewinden takmynan 20 million adam öldi. Şu günler SPID (AIDS) keselinden ondanam köp adam ölýär. Şeýle-de her ýyl rak, ýürek keseli we başga-da kesellerden müňlerçe adam ölýär.

9 4) Isa alamatyň ýene-de bir aýratynlygyny aýdyp: «Aýry-aýry ýerlerde ýer titrär» diýdi. Sen ýertitremäniň nämedigini bilýärmiň? ~ Ýertitremede ýer yranyp, käte jaýlar ýykylýar we adamlar ölýär. 1914-nji ýyldan bäri, her ýyl köp ýertitreme bolýar. Sen ýertitreme barada eşidýärmiň? ~

10 5) Isa: «Şer işler artar» diýip, alamatyň ýene-de bir aýratynlygyny aýtdy. Şol sebäpli köp ogurlyk we zalymlyk bolýar. Ähli ýerde adamlar öýüniň talanmagyndan gorkýarlar. Bütin dünýäde öň hiç haçan şeýle köp jenaýatçylyk we zalymlyk bolmandy.

11 6) Şeýle-de Isa alamatyň wajyp aýratynlygyny aýtdy. Ol: «Patyşalyk baradaky bu hoş habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzamana şonda geler» diýdi (Matta 24:14). Sen «bu hoş habara» ynanýan bolsaň, ol barada adamlara gürrüň bermeli. Şeýdip, sen alamatyň şu aýratynlygynyň ýerine ýetmegine gatnaşarsyň.

12—16. a) Isanyň aýdan alamaty näme aňladýar? b) Isa gyşda betbagtçylykdan halas bolmak barada aýdyp nämäni düşündirdi?

12 Käbir adamlar Isanyň aýdan zatlary öňem bolýar diýmekleri mümkin. Emma öň bütin dünýäde hiç haçan şeýle zatlaryň ählisi şol bir wagtda bolmandy. Indi sen alamatyň näme aňladýandygyna düşünýärmiň? ~ Bu Hudaýyň tizden zalym dünýäni ýok edip, täze dünýäsini dikeltjekdigini görkezýär.

13 Isa alamat barada aýdanda, bir pasly agzap geçýär. Ol: «Gaçmagyňyz gyş güni bolmasyn diýip doga ediň» diýýär (Matta 24:20). Isa näme üçin beýle diýdikä? ~

14 Adam betbagtçylykdan halas bolar ýaly gyşda ýola çyksa gowy bolarmy? ~ Ýok, sebäbi howanyň sowukdygy üçin, oňa kyn ýa-da howply bolmagy mümkin. Ol halas bolaýanda-da, ýolda köp kynçylyk görer. Eger adam öz işleri bilen başagaý bolup, gijräk gidendigi üçin, gyşyň aňzak sowugynda heläk bolsa gynançly bolmazmy? ~

Isa gyşda betbagtçylykdan halas bolmak barada aýdyp nämäni düşündirdi?

15 Isa gaçmak üçin gyşa çenli garaşmaly däldigini aýtdy. Onuň näme üçin beýle diýendigine düşünýärmiň? ~ Isa Armageddonyň golaýdygyny bileniňden soň, Hudaýy söýüp, oňa gulluk etmegi soňa goýmaly däldigini aýtdy. Eger biz soňa goýsak, Ýehowa gulluk etmek giç bolmagy mümkin. Şonda biz Tupandan öň Nuh pygamberiň duýduryşyna gulak asman, gämä girmedik adamlara meňzäris.

16 Biz indiki bapda uly uruş Armageddondan soň näme boljakdygy barada gürrüň ederis. Şeýle-de häzir Ýehowany söýüp, oňa gulluk edýän adamlara Hudaýyň nämeleri berjekdigini bileris.

Gel, Armageddonyň golaýdygy barada aýdylýan başga-da aýatlary okaly: 2 Timoteos 3:1—5 we 2 Petrus 3:3, 4.