Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

1-NJI BAP

Hudaý barada hakykat

Hudaý barada hakykat
  • Hudaý seniň aladaňy edýärmi?

  • Hudaý nähilikä? Onuň ady barmy?

  • Hudaýa ýakynlaşyp bolýarmy?

1, 2. Biz näme üçin sorag berýäris?

ÇAGALARYŇ sorag berşine üns beripmidiň? Olaryň köpüsi dil açan badyna derrew sorag berip başlaýarlar. Gözlerini balkyldadyp, bilesigelijilik bilen: «Asman näme üçin gök? Ýyldyzlar nämeden ýasaldy? Guşlara saýramagy kim öwretdi?» diýip soraýarlar. Bu soraglara jogap bermek aňsat bolmasa-da, siz dogry jogap bermäge çalyşýansyňyz. Ýöne jogap berseňiz hem sizden «o näme üçin?» diýip, ýene-de sorarlar.

2 Soragy diňe çagalar däl, uly adamlar hem berýär. Biz durmuşda öz ornumyzy we abanýan howplar barada bilmek isleýäris ýa-da iň bolmanda bilesigelijiligimizi kanagatlandyrjak bolýarys. Emma köp adamlar ýokary wezipä ýetensoň, sorag bermegini bes edýärler ýa soraglaryna jogap gözlemeýärler.

3. Köp adamlar soraglaryna jogap gözlemegini näme üçin bes edýär?

3 Şu kitabyň daşynda we başynda hem-de babyň başynda berilýän soraglar barada oýlan. Bular adamlary biynjalyk edýän esasy soraglar. Ýöne köp adamlar bu soraglara jogap gözlemegi bes edýär. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylardan şol soraglaryň jogabyny tapyp bolarmy? Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylardan jogap tapyp boljagyna şübhelenýär ýa-da ony düşünerden çylşyrymly hasaplaýar. Beýlekiler bolsa gülerler öýdüp, sorag bermäge çekinýär. Başga adamlar bolsa, şeýle soraglaryň jogabyny dini ýolbaşçylar we mugallymlar gözlemelidir öýdýärler. Sen nähili pikir edýäň?

4, 5. Adamlary köplenç nähili soraglar biynjalyk edýär we şu soraglara näme üçin jogap tapmaly?

4 Elbetde, sen köp adamlary biynjalyk edýän soraglaryň jogabyny bilesiň gelýändir. Sen käte öz-özüňe şeýle soraglary beren bolsaň gerek: durmuşyň manysy näme? Doglup, garrap, ölüp gitmek — durmuşyň bar manysymyka? Aslynda, Hudaý nähilikä? Elbetde, bu soraglaryň üstünde oýlanmak gerek. Tä dogry hem ynandyryjy jogap tapýançak ony gözlemeli. Dünýäde iň belli mugallym Isa pygamber şeýle diýdi: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar» (Matta 7:7).

5 Eger sen jogaplary «agtarsaň», hökman sylag alarsyň (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5). Adamlar her zat diýseler-de, bu möhüm soraglara jogap bar. Sen olary Mukaddes Ýazgylardan tapyp bilersiň. Olara düşünmek kyn däl. Onsoňam, bu jogaplar bize umyt berýär we bagtly edýär. Sen häzirden durmuşyňa guwanyp bilersiň. Ilki bilen, köp adamlary biynjalyk edýän soraga üns bereli.

HUDAÝ BIPERWAÝ HEM REHIMSIZMI?

6. Näme üçin köp adamlar Hudaý adamlaryň horluklaryna biperwaý garaýandyr öýdýär?

6 Köp adamlar «hawa» diýip jogap bererler. Olar: «Hudaý biziň aladamyzy edýän bolsa, onda durmuş başgaça bolmazmydy?» diýýärler. Dünýäniň uruşdan, ýigrençlikden we horlukdan doludygyny görýäris. Biz keselleýäris, ejir çekýäris, ýakyn adamlarymyzy ýitirýäris. Şonuň üçin köp adamlar: «Eger-de Hudaý aladamyzy edýän bolsa, horluklara ýol berermidi?» diýýärler.

7. a) Dini ýolbaşçylar Hudaýy nädip rehimsiz edip görkezýärler? b) Mukaddes Ýazgylar dünýädäki erbetlikler barada näme diýýär?

7 Üstesine-de, dini ýolbaşçylar hem Hudaýy käte rehimsiz edip görkezýärler. Nädip? Haçan-da pajygaly waka bolanda, olar Hudaýyň islegi şeýledir diýýärler. Başgaça aýdanyňda, dini ýolbaşçylar dünýädäki ähli erbetlikleri Hudaýdan görýärler. Olaryň aýdýany dogrumyka? Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär? Ýakup 1:13 şeýle jogap berýär: «Synaga düşende, hiç kim: «Hudaý meni synaýar» diýmesin. Sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, onuň özi-de hiç kimi synamaýar». Hawa, dünýädäki bolýan erbetlikler hiç haçan Hudaý tarapyn bolmaýar (Eýýup 34:10—12-nji aýatlary okaň). Dogry, ol horluklara we betbagtçylyklara ýol berýär. Ýöne erbetlige ýol bermegiň hem-de ony etmegiň tapawudy uly.

8, 9. a) Erbetlige ýol bermegiň hem-de ony etmegiň tapawudyny haýsy mysal görkezýär? b) Adamlaryň erbetlik etmegine ýol berendigi üçin, Hudaýy günäkärlemek dogrumy?

8 Aýdaly, paýhasly we söýýän atanyň özi bilen bile ýaşaýan ýetişen ogly bar. Ogly atasyna gulak asman başlaýar we öýünden gitmekçi bolýar. Atasy ony saklamaýar. Ogly ahlaksyzlyga baş goşup, betbagtçylyga uçraýar. Oýlanyp gör, atasy ogluna erbetlik etdimi? Ýok (Luka 15:11—13). Hudaý adamlaryň erbetlik etmegine ýol berse-de, olara erbetlik etmedi. Şonuň üçin adamlaryň çekýän horluklaryny Hudaýdan görmek nädogry.

9 Hudaý adamlaryň erbetlik etmegine ýol berýär, çünki onuň sebäpleri bar. Akyldar we güýji her zada ýetýän Ýaradyjy munuň sebäbini düşündirmäge borçly däl. Ýöne söýýändigi üçin düşündirýär. Hudaýyň horluklara ýol bermeginiň sebäplerine 11-nji bapda serederis. Sen kynçylyklaryň Hudaýdan däldigine ynanyp bilersiň. Gaýtam, kynçylyklary diňe Hudaý çözüp biler! (Işaýa 33:2).

10. Günäniň ýetiren zyýanyny Hudaýyň ýok etjekdigine biz näme üçin ynanyp bileris?

10 Şeýle-de Hudaý mukaddesdir (Ylham 15:4). Diýmek, ol päk hem-de çirksiz. Onda hiç hili erbetlik ýok. Şonuň üçin biz oňa doly ynanyp bileris. Durnuksyz adamlara şeýle ynanyp bolmaýar. Bilşimiz ýaly, iň adalatly hökümdaram erbet adamlaryň ýetiren zyýanyny düzedip bilmeýär. Hudaýyň bolsa, başarmaýan zady ýok. Ol günäniň ýetiren ähli zyýanyny ýok etmek isleýär we oňa güýji-de ýetýär. Hudaý çäre görüp başlanda, erbetligi hemişelik ýok eder (Zebur 37:9—11-nji aýatlary okaň).

HUDAÝ ADALATSYZLYGA NÄHILI GARAÝAR?

11. a) Hudaý adalatsyzlyga nähili garaýar? b) Hudaý adamlaryň horluk çekýändigine nähili garaýar?

11 Hudaý dünýäde we seniň durmuşyňda bolýan zatlara nähili garaýar? Mukaddes Ýazgylar Hudaý «adalaty söýýändir» diýýär (Zebur 33:5). Şonuň üçin ony ýagşylyk we ýamanlyk meselesi juda biynjalyk edýär. Ol ähli adalatsyzlygy ýigrenýär. Bir wagtlar ýer ýüzi erbetlikden dolanda, Hudaý «ýüreginde agyry duýdy» diýip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar (Gelip çykyş 6:5, 6). Hudaý hiç haçan üýtgemeýär (Malaky 3:6). Ol häzirem adamlaryň horluk çekýändigine gynanýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Ol siziň aladaňyzy edýändir» diýilýär (1 Petrus 5:7-ni okaň).

Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa älem-jahanyň söýgüden doly Ýaradyjysy diýilýär

12, 13. a) Bizde näme üçin ajaýyp söýgi häsiýeti bar we dünýädäki wakalar bize nähili täsir edýär? b) Hudaýyň dünýädäki kynçylyklary çözjekdigine biz näme üçin şübhelenmeli däl?

12 Adamlaryň horluk çekýänine Hudaýyň gynanýandygyny ýene näme görkezýär? Mukaddes Ýazgylar adam Hudaýyň keşbinde ýaradyldy diýip öwredýär (Gelip çykyş 1:26). Hudaýyň gowy häsiýetleri bolany üçin, şeýle häsiýetler bizde-de bar. Meselem, bigünä adamlaryň çekýän horluklaryna seniň ýüregiň awamazmydy? Şeýle adalatsyzlyk seni biynjalyk edýän bolsa, onda Hudaýy has-da biynjalyk edýändigine şübhelenme.

13 Adamyň ajaýyp söýgi häsiýeti bar. Söýmekde ol Hudaýa meňzeýär. Mukaddes Ýazgylar: «Hudaý söýgüdir» diýip öwredýär (1 Ýahýa 4:8, 16). Biz söýüp bilýäris, çünki bu häsiýet Hudaýda bar. Eger-de sen ýer ýüzündäki horluklaryň we adalatsyzlygyň soňuna çykyp bilýän bolsaň, adamlary söýýändigiň üçin soňuna çykmazmydyň? Elbetde! Şonuň üçin Hudaýyň horluklaryň hem-de adalatsyzlygyň soňuna çykjakdygyna hiç şübhelenme. Bu kitabyň sözbaşyndaky berilýän wadalar boş arzuw ýa tama däl. Hudaýyň wadasy hökman ýerine ýeter! Emma Hudaýyň wadalaryna ynanar ýaly, Hudaý barada köpräk bilmeli.

HUDAÝ ÖZI BARADA SENIŇ BILMEGIŇI ISLEÝÄR

Eger bir adam bilen tanyşmakçy bolsaň, sen adyňy aýtmazmydyň? Hudaý öz adyny bize Mukaddes Ýazgylarda aýan edýär

14. Hudaýyň ady näme we näme üçin onuň adyny tutmaly?

14 Eger-de seniň bilen bir adamyň tanyşmagyny isleseň näme ederdiň? Sen öz adyňy aýtmazmydyň? Hudaýyň hem ady barmyka? Köp dinleriň ýolbaşçylary onuň adyna «Hudaý» ýa-da «Alla» diýýärler, ýöne bular onuň ady däl. Bular patyşa we prezident diýen ýaly titul. Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň titulynyň köpdügini aýdýar. Hudaý hem-de Alla şol titullara degişli. Emma Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny hem aýdýar. Zebur 8:1-de şeýle diýilýär: «Eý Ýehowa Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly!» Seniň Mukaddes Ýazgylaryňda Hudaýyň ady bolmasa, kitabyň 195—197-nji sahypalaryndaky Goşmaça maglumatda sebäbi düşündirilýär. Mukaddes Ýazgylaryň gadymy golýazmalarynda Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelýär. Hawa, Ýehowa öz adyny seniň bilmegiňi hem-de tutmagyňy isleýär. Ol seni Mukaddes Ýazgylar arkaly tanyşmaga çagyrýar.

15. Ýehowa diýen at nämäni aňladýar?

15 Hudaýyň adynyň çuň manysy bar. Ýehowa diýmek, Hudaý öz beren wadasyny ýerine ýetirip, niýetini amala aşyryp bilýändigini görkezýär *. Hudaýyň ady ýaly at hiç kimde ýok. Bu at diňe Hudaýda bar. Ýehowanyň deňi-taýy ýok. Nämede?

16, 17. a) «Güýji her zada ýetýän» diýen titul nämäni görkezýär? b) «Bütin döwürleriň patyşasy» diýmek näme? ç) «Ýaradyjy» diýen tituldan Ýehowa barada näme bilýäris?

16 Zebur 83:18-de Ýehowa barada: «Bütin dünýäniň üstünde diňe Seniň hemmelerden beýikdigiňi bilsinler» diýilýär. Güýji her zada ýetýän diýip hem diňe Ýehowa aýdylýar. Ylham 15:3-de: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr!» diýilýär. «Güýji her zada ýetýän» diýen titul Ýehowanyň älemde iň güýçli şahsyýetdigini görkezýär. Onuň güýjüne taý geljek güýç ýok. 1 Timoteos 1:17-de Ýehowa «bütin döwürleriň Patyşasy» diýilýär. «Bütin döwürleriň patyşasy» diýen titul Ýehowanyň ýene-de bir aýratynlygyny görkezýär. Ol hemişe-de bardy. Zebur 90:2-de: «Sen... ezelden ebede çenli barsyň, eý Hudaý» diýip okaýarys. Bu bizde uly hormat döretmeýärmi näme?

17 Ýehowa Ýaradyjy hökmünde hem tapawutlanýar. Ylham 4:11-de şeýle diýilýär: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy». Oýlanyp gör: gökdäki göze görünmeýän perişdeler, asmandaky ýyldyzlar, agaçlardaky miweler, okeanlardaky we derýalardaky balyklar — bularyň barysy Ýaradyjymyz Ýehowanyň elleriniň işi.

ÝEHOWA ÝAKYNLAŞYP BOLÝARMY?

18. Näme üçin käbir adamlar Hudaýa ýakynlaşyp bolmaz öýdýärler we Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?

18 Käbir adamlar Ýehowanyň täsin häsiýetleri barada okanlarynda, özlerinde gorky duýýarlar. Olar Hudaýyň juda beýikliginden çekinýärler. Hudaýa ýakynlaşyp bolmaz öýdýärler we ol bize ünsem berýän däldir diýip pikir edýärler. Dogrudanam, şeýlemikä? Ýok, Mukaddes Ýazgylar Ýehowa barada: «Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir» diýýär (Resullaryň işleri 17:27). Şeýle-de: «Hudaýa ýakyşlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýýär (Ýakup 4:8).

19. a) Hudaýa ýakynlaşmak üçin, ilki bilen, näme etmeli we munuň nähili peýdasy bar? b) Hudaýyň haýsy häsiýeti saňa has köp ýaraýar?

19 Hudaýa nädip ýakynlaşyp bolar? Ilki bilen, Hudaý barada bilim almagyňy dowam et. Isa Mesih, ýagny Isa pygamber şeýle diýipdi: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» (Ýahýa 17:3). Hawa, Mukaddes Ýazgylar Hudaý we Isa Mesih barada alýan bilimiň «ebedi ýaşaýşa» eltýär diýýär. Bilşimiz ýaly «Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:8, 16). Ýehowanyň başga-da köp ajaýyp häsiýetleri bar. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa «rehimdar we mähriban Hudaý, örän sabyrly, merhemeti we hakykaty boldur» diýilýär (Müsürden çykyş 34:6). Onda şeýle sözler hem bar: «Ýa Reb, Sen gowy, geçirimlisiň» (Zebur 86:5). Hudaý sabyrly (2 Petrus 3:9). Ol wepalydyr (1 Korinfliler 1:9). Mukaddes Ýazgylary okadygyňça, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görersiň.

20—22. a) Hudaýy görmesek-de, oňa nädip ýakynlaşyp bileris? Düşündir. b) Käbir adamlar saňa gowulyk etjek bolup näme diýmekleri mümkin, emma sen näme etmeli?

20 Dogry, Hudaýy görüp bolmaýar, sebäbi ol göze görünmeýän ruh (Ýahýa 1:18; 4:24; 1 Timoteos 1:17). Emma Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaýyň Şahsyýetdigini bilersiň. Mezmurçynyň aýdyşy ýaly: «Rebbiň gözelligine seredersiň» (Zebur 27:4; Rimliler 1:20). Ýehowa barada bildigiňçe, onuň bardygyna göz ýetirersiň, oňa bolan söýgüň artar hem-de ýakynlaşasyň geler.

Aladaçyl ata çagalaryny söýýär; gökdäki Atamyz bizi has-da köp söýýär

21 Mukaddes Ýazgylaryň Ýehowa biziň Atamyz diýip öwretmeginiň sebäbine kem-kemden düşünersiň (Matta 6:9). Ol bize ýaşaýyş bermek bilen çäklenmedi (Zebur 36:9). Her bir söýýän atanyň çagalaryna isleýşi ýaly, Hudaý hem biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygy aýdylýar (Ýakup 2:23). Göz öňüne getir, sen älemiň Ýaradyjysy bilen dostlaşyp bilersiň!

22 Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanyňda, diniňden dänersiň öýdüp, saňa gowulyk etjek bolup, bu okuwyňy goý diýmekleri mümkin. Iň gowy Dost tutunmagyňa goý, saňa hiç kim päsgel bermesin!

23, 24. a) Düşünmeýän zatlaryňy soramaga näme üçin çekinmeli däl? b) Indiki bapdan näme bileris?

23 Elbetde, ilkibaşda saňa käbir zatlara düşünmek kyn bolar. Emma düşünmeýän zatlaryňy soramaga çekinme, munuň üçin pes göwünli bolmaly. Isa köp sorag berýän çaga ýaly, özüňi pes tutmalydygyňy aýtdy (Matta 18:2—4). Hudaý seniň soraglara jogap tapmagyňy isleýär. Mukaddes Ýazgylar Hudaý barada yhlas bilen bilim alýan adamlary öwýär. Şeýle adamlar Ýazgylary erjellik bilen öwrenip, hakykatdan-da, şeýlemikä diýip barlaýardylar (Resullaryň işleri 17:11-i okaň).

24 Ýehowany tanamagyň iň gowy usuly — Mukaddes Ýazgylary öwrenmek. Ol ähli kitaplardan tapawutlanýar. Nämede? Bu barada indiki bapdan bileris.

^ abzas 15 Hudaýyň adynyň dogry tutulyşy we manysy barada kitabyň 195—197-nji sahypalaryndaky Goşmaça maglumatdan bilersiň.