Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BAP

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
  • Hudaý adamlary näme maksat bilen ýaratdy?

  • Hudaýyň duşmany nädip peýda boldy?

  • Ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?

1. Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

HUDAÝ, dogrudan-da, ýeri ajaýyp maksat bilen ýaratdy. Ýehowa ýer ýüzünde adamlaryň kesellemän, bagtly ýaşamagyny isleýär. Töwratda: «Reb Hudaý... bir bag dikdi; görmäge owadan we iýmäge oňat her agajy... gögertdi» diýilýär. Hudaý Adam ata bilen How enäni ýaradanda, olary ajaýyp bagda ýerleşdirip: «Hasylly boluň, we köpeliň, we ýer ýüzüni dolduryň, we ony tabyn ediň» diýip tabşyrdy (Gelip çykyş 1:28; 2:8, 9, 15). Görşümiz ýaly, Hudaý adamlaryň çaga dogrup, ýer ýüzüni Jennete öwrüp, haýwanlara gözegçilik etmegini isledi.

2. a) Hudaýyň ýere degişli maksadyny ýerine ýetirjekdigine näme üçin şübhelenmän bileris? b) Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, ýer ýüzünde nähili adamlar ebedi ýaşar?

2 Hawa, Hudaý adamlaryň ýer ýüzünde Jennetde ýaşamagyny isleýär. Seniň pikiriňçe, Jennet bolarmyka? Hudaý: «Men aýtdym... ederin» diýdi (Işaýa 46:9—11; 55:11). Ýehowa maksadyny hökman amala aşyrar! Ol ýer ýüzüni «biderek ýere ýaratmady, ony ýaşaýyş üçin döretdi» (Işaýa 45:18). Hudaýyň maksadyna görä, ýer ýüzünde nähili adamlar we näçe wagtlap ýaşamaly? Mukaddes Ýazgylar: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýýär (Zebur 37:29; Ylham 21:3, 4).

3. Ýer ýüzi nähili gözgyny ýagdaýda we şonuň bilen bagly nähili sorag ýüze çykýar?

3 Görşümiz ýaly, Hudaýyň maksady heniz amala aşanok. Muňa başda bir zat päsgel berdi. Şu günler adamlar keselleýärler we ölýärler; olar söweşýärler we biri-birlerini öldürýärler. Elbetde, Hudaý şeýle bolmagyny islemedi. Onda Hudaýyň maksady näme üçin amala aşmadyka? Bu soraga taryhy kitaplaryň biri-de jogap bermeýär, sebäbi olarda gökde bolup geçen zatlar barada aýdylmaýar.

HUDAÝYŇ DUŞMANY NÄDIP PEÝDA BOLDY?

4, 5. a) Ýylan arkaly How ene bilen kim gürleşdi? b) Dogruçyl hem halal adam nädip ogry bolup biler?

4 Töwratda Erem bagynda bolup geçen waka gürrüň berilýär. Şol wakadan Hudaýyň duşmanynyň bardygyny bilýäris. Bu duşmana «ýylan» diýilýär; emma ol hakyky ýylan däl. Injilde oňa «Iblis ýa şeýtan» we «bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan» diýilýär (Gelip çykyş 3:1; Ylham 12:9). Teatrda gurjak oýnadýan adam ýaly, güýçli göze görünmeýän perişde-de ýylany ulanyp, How ene bilen gürleşdi. Hudaý ýeri adamlar üçin taýýarlap ýörkä-de, onuň bu ruhy ogly bardy (Eýýup 38:4, 7).

5 Hudaýyň ähli ýaradan zatlary kämil. Onda Şeýtan Iblis nädip peýda bolduka? Gysgaça aýtsaň, Hudaýyň ruhy ogullarynyň biri Iblis boldy. Eýsem, şeýle zat bolup bilermi? Hatda iň dogruçyl we halal adamam ogry bolup biler. Nädip? Adamyň ýüreginde nädogry isleg döreýär. Eger-de ol şol islegi hakda hemişe pikir etse, isleg gitdigiçe güýjeýär. Amatly pursat dörände, adam günä edýär (Ýakup 1:13—15-nji aýatlary okaň).

6. Hudaýyň ruhy ogly nädip Şeýtan Iblis boldy?

6 Şeýtan Iblis bilen hem şeýle boldy. Ol Hudaýyň: «Köpeliň we ýer ýüzüni dolduryň» diýip, Adam ata bilen How enä beren tabşyrygyny eşiden bolsa gerek (Gelip çykyş 1:27, 28). Şeýtan: «Adamlar Hudaýa däl-de, maňa sežde etseler bolmaýarmy?» diýip, pikir eden bolmaly. Onuň ýüregindäki nädogry isleg güýjedi. Onsoň, Hudaýa töhmet atyp, How enäni aldady (Gelip çykyş 3:1—5-nji aýatlary okaň). Şeýdip, ol Iblis, ýagny «töhmetçi» we Şeýtan, ýagny «duşman» boldy.

7. a) Adam ata bilen How ene näme üçin öldi? b) Adam atanyň nesli näme üçin garraýar we ölýär?

7 Şeýtan Adam atany we How enäni hile bilen aldawa salyp, Hudaýa gulak asmazlyga iterdi (Gelip çykyş 2:17; 3:6). Ahyry Hudaýyň aýdyşy ýaly, olar öldüler (Gelip çykyş 3:17—19). Adam ata günä edip kämilligini ýitireni üçin, onuň ähli nesli günäli doguldy (Rimliler 5:12-ni okaň). Kerpiç guýulýan galyby göz öňüne getir. Eger-de şol galyp zaýalanan bolsa, onda ýasalan kerpiçler nähili bolar? Kerpiçleriň barysy zaýa çykar. Şonuň ýaly-da her bir adama Adam atadan «zaýa» geçdi. Ine, şonuň üçinem hemme adamlar garraýarlar we ölýärler (Rimliler 3:23).

8, 9. a) Şeýtan Hudaýa nähili töhmet atdy? b) Hudaý pitneçileri näme üçin dessine ýok etmedi?

8 Şeýtan Adam ata bilen How enäni Hudaýa garşy günä etdirip, Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy pitne turuzdy. Aslynda, Şeýtan şeýle diýdi: «Hudaý — erbet hökümdar. Ol bendelerini aldaýar we olara gowy zat berenok. Adamlar Hudaýsyz hem ýaşap biler. Ýagşyny-ýamany olaryň özleri hem seljerip biler. Men Hudaýdan has gowy hökümdar bolaryn». Hudaý bu kemsidiji töhmete nähili jogap bererkä? Käbir adamlar Hudaý pitneçileri ýok etmelidi diýýärler. Ýöne şeýle eden bolsa, paýhasly bolarmydy? Bu Hudaýyň adalatly hökümdardygyny subut edermidi?

9 Ýehowa adalatly bolany üçin, pitneçileri dessine ýok etmedi. Ol Şeýtanyň atan töhmetine dogry jogap berip, Iblisiň ýalançydygyny subut etmek üçin, wagt gerek diýen karara geldi. Şonuň üçinem Hudaý adamlary Şeýtanyň täsirinden goraman, özlerine höküm sürmäge ýol berdi. Şu kitabyň 11-nji babynda Ýehowanyň näme üçin şeýle edendigi hem-de meseläni çözmäge näme üçin köp wagt berendigi düşündirilýär. Häzir bolsa oýlanyp gör: Hiç hili ýagşylyk etmedik Şeýtana, Adam ata bilen How enäniň ynanmagy paýhaslymy? Ähli zady beren Ýehowany hilegär ýalançy hasaplamaga olarda sebäp barmydy? Sen bolsaň kime ynanardyň?

10. Sen nädip Hudaýyň tarapyny tutup bilersiň?

10 Bu soraglaryň üstünde oýlanmak gerek, sebäbi biziň her birimiz özbaşdak karara gelmeli. Hawa, sen Ýehowany öz Hökümdaryň hasaplap, onuň tarapyny tutup bilersiň we Şeýtanyň ýalançydygyny subut edip bilersiň (Zebur 73:28; Süleýmanyň tymsallary 27:11-i okaň). Gynansak-da, milliardlarça adamlaryň sanlyjasy Hudaýyň tarapyny tutýar. Onda bu dünýäniň hökümdary Şeýtanmy? Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?

BU DÜNÝÄNIŇ HÖKÜMDARY KIM?

Ähli patyşalyklar Şeýtanyň elinde bolmadyk bolsa, ol ony Isa pygambere hödürläp bilermidi?

11, 12. a) Isanyň düşen synagy bu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygyny bilmäge nädip kömek edýär? b) Bu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygyny ýene näme subut edýär?

11 Bu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygyny Isa inkär etmeýärdi. Bir gezek Şeýtan gudrat bilen «dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny [Isa] görkezdi» we: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini saňa bereýin» diýdi (Matta 4:8, 9; Luka 4:5, 6). Ähli patyşalyklar Şeýtanyň elinde bolmadyk bolsa, ol Isany şeýdip synap bilermidi? Isa bu dünýäniň hökümdarynyň Şeýtandygyny bilýärdi, ýogsa onuň hökümdar däldigini aýdardy.

12 Elbetde, Ýehowa — Güýji her zada ýetýän Hudaý, täsin älemiň Ýaradyjysy (Ylham 4:11). Muňa garamazdan, Isa «bu dünýäniň hökümdarynyň» Şeýtandygyny aýtdy (Ýahýa 12:31; 14:30; 16:11). Şeýtan Iblise «bu dünýäniň taňrysy» hem diýilýär (2 Korinfliler 4:3, 4). Ýahýa resul Şeýtan barada şeýle ýazdy: «Bütin dünýä... iblisiň gol astynda» (1 Ýahýa 5:19).

ŞEÝTANYŇ DÜNÝÄSI NÄDIP ÝOK EDILER?

13. Täze dünýä näme üçin gerek?

13 Gitdigiçe dünýäniň ýagdaýy agyrlaşýar. Hemme ýerde diýen ýaly uruş gidýär, adamlar naýynsap syýasatçylardan, ikiýüzli dini ýolbaşçylardan we doňýürek jenaýatçylardan ýaňa ejir çekýär. Bu zatlara hiç hili çäre tapylanok. Mukaddes Ýazgylarda Hudaý Armageddonda hudaýsyz dünýäni ýok edip, täze adalatly dünýäni gurjak wagtynyň ýetip gelýändigi aýdylýar (Ylham 16:14—16).

14. Hudaý Patyşalygyna kimi Hökümdar belledi we bu barada nähili welilik edildi?

14 Ýehowa gökdäki Patyşalygyna ýa-da Hökümetine Isa Mesihi Hökümdar edip belledi. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda bir eýýäm welilik edilipdi: «Bize bir çaga doguldy, bize bir ogul berildi; hökümdarlyk Onuň gerşinde bolar; Onuň adyna... Parahatlyk Şazadasy diýerler. Onuň hökümdarlygy uly bolar, parahatçylygynyň bolsa çägi bolmaz» (Işaýa 9:6, 7). Isa bu hökümet barada: «Patyşalygyň gelsin; Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn» diýip, doga etmegi öwretdi (Matta 6:10). Adamzat hökümetiniň ýerine basym Hudaýyň Patyşalygy geler (Danyýel 2:44-i okaň). Şonda ýer ýüzünde Jennet bolar.

BASYM TÄZE DÜNÝÄ GELER!

15. «Täze ýer» nämäni aňladýar?

15 Mukaddes Ýazgylarda: «Biz... [Hudaýyň] wadasyna görä täze göklere, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» diýilýär (2 Petrus 3:13; Işaýa 65:17). Käte Ýazgylardaky «ýer» sözi ýer ýüzünde ýaşaýan adamlary aňladýar (Zebur 66:1, 4). Diýmek, adalatly «täze ýer» — Hudaýyň merhemetini gazanan adamlar.

16. Hudaýyň merhemetini gazanan adamlar bahasyna ýetip bolmajak nähili sowgat alar we ony almak üçin näme etmeli?

16 Isa täze dünýäde dogry adamlaryň «ebedi ýaşaýşy» sowgat aljagyny söz berdi (Markus 10:30). Mukaddes Ýazgylary eliňe al-da, Ýahýa 3:16 we 17:3-däki sözleri oka. Şu aýatlardan sen ebedi ýaşaýşy almak üçin näme etmelidigini bilersiň. Indi bolsa Hudaýyň bu ajaýyp sowgadyna mynasyp adamlara, ýer ýüzünde boljak Jennetde nähili bereketleriň garaşýandygyny göreli.

17, 18. Ýer ýüzünde parahat hem howpsuz durmuşyň boljakdygyna biz näme üçin ynanýarys?

17 Erbetlik, uruş, jenaýatçylyk we zorluk bolmaz. «Erbet ýok bolar... Emma mylakatlylar ýeri miras alar» (Zebur 37:10, 11). Parahatlyk bolar, sebäbi Hudaý «ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadar» (Zebur 46:9; Işaýa 2:4). Şonda «dogry adam güllär, Aý ýok bolana deňeç [ebedi] bol parahatlyk bolar» (Zebur 72:7).

18 Ýehowanyň gullukçylary howpsuz ýaşar. Gadymy döwürde ysraýyllylar Hudaýa gulak asýarkalar, howpsuz ýaşaýardy (Lewiler 25:18, 19). Jennetde asuda durmuşyň boljakdygy nähili ajaýyp! (Işaýa 32:18-i okaň; Mika 4:4).

19. Hudaýyň täze dünýäsinde açlyk bolmajakdygyny nireden bilýäris?

19 Iýmit bol bolar. «Galla daglaryň başyna çenli ýurtda bol bolar» (Zebur 72:16). «Ýer hasylyny berer» diýip, mezmurçynyň pygamberlik edişi ýaly, Ýehowa Hudaý dogry adamlara ak pata berer (Zebur 67:6).

20. Bütin ýer ýüzüniň Jennet boljagyna näme üçin şübhelenmeli däl?

20 Bütin ýer ýüzi Jennet bolar. Adamlaryň häzirki dargadýan ýerini owadan jaýlar we baglar bezär. (Işaýa 65:21—24-nji aýatlary okaň; Ylham 11:18). Wagtyň geçmegi bilen bütin ýer ýüzi Erem bagy ýaly güllär. Hudaý hemişe «elini açyp, ähli dirileri islegleri boýunça doýrar» (Zebur 145:16).

21. Adamlaryň we haýwanlaryň parahat ýaşajakdygyny nireden bilýäris?

21 Adamlar we haýwanlar parahat ýaşar. Ýabany we öý haýwanlary bir ýerde otlar. Çagalar häzirki howply haýwanlardan hem gorkmazlar (Işaýa 11:6—9-njy aýatlary okaň; 65:25).

22. Adamlaryň saglygy nähili bolar?

22 Keselçilik bolmaz. Isa ýerde ýaşanda köp kesellileri sagaltdy. Ol Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Hökümdary hökmünde adamlaryň saglygy barada alada eder (Matta 9:35; Markus 1:40—42; Ýahýa 5:5—9). Şonda «ýaşaýjylaryň hiç biri: «men ýaramok» diýmez» (Işaýa 33:24; 35:5, 6).

23. Direliş näme üçin şatlyk getirer?

23 Ölen adamlar ebedi ýaşamak üçin direler. Hudaý ölüm ukusyna gidenleriň, emma öz ýadynda saklaýan adamlarynyň hemmesini direlder. «Hem dogrular, hem egriler ölümden direler» (Resullaryň işleri 24:15; Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlary okaň).

24. Ýer ýüzündäki Jennet barada sen näme pikir edýäň?

24 Beýik Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaýa ýakynlaşýan we oňa gulluk edýän adamlara ajaýyp gelejek garaşýar! Isa ýanyndaky pürse çüýlenen jenaýatçylaryň birine: «Sen... Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi. Isa oňa gelejekdäki ýer ýüzünde boljak Jennet barada aýdypdy (Luka 23:43). Hudaý bu wadalary Isa pygamber arkaly ýerine ýeter. Şonuň üçin ol hakda köpräk bilmeli.