Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI BAP

Isa Mesih kim?

Isa Mesih kim?
  • Isa nähili orun tutýar?

  • Ol nireden geldi?

  • Ol nähili adamdy?

1, 2. a) Meşhur adamyň adyny bilmegiň näme üçin ony gowy tanadygyň däl? b) Isa Mesihe kimdir öýdýärler?

ÝER ÝÜZÜNDE meşhur adamlar kän. Olaryň käbirlerini öz obasynda, şäherinde we ýurdunda tanaýarlar, käbirlerini bolsa bütin dünýä tanaýar. Sen olaryň biri barada eşidenem bolsaň, heniz ony gowy tanadygyň däldir, sebäbi onuň durmuşy we häsiýeti hakda sen hiç zat bileňok.

2 Isa Mesih takmynan 2 000 ýyl mundan ozal ýaşanam bolsa, ol barada eşitmedik adam gaty az. Isa Mesihe köplenç Isa pygamber hem diýýärler. Emma köp adamlar onuň hakykatdan kimdigini bilmeýärler. Käbir adamlar ol gowy adamdy diýýär. Başga biriler ony ýöne bir pygamber hasaplaýar. Ýene biriler bolsa, Isa Hudaý diýip, oňa sežde edýärler. Eýsem, Isa sežde etmek dogrumy?

3. Ýehowa Hudaý we Isa Mesih barada bilmek näme üçin wajyp?

3 Isa pygamber baradaky hakykaty her bir adam bilmeli. Näme üçin? Sebäbi Injilde: «Ebedi ýaşaýyş Seni, ýalňyz hak Hudaýy we Seniň ibereniň Isa Mesihi tanamakdyr» diýilýär (Ýahýa 17:3). Hawa, Ýehowa Hudaý we Isa Mesih baradaky hakyky bilim, ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamaga umyt berýär (Ýahýa 14:6). Şeýle-de Isa nädip ýaşamalydygyny we adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmalydygyny görkezdi (Ýahýa 13:34, 35). Şu kitabyň 1-nji babynda Hudaý baradaky hakykaty bildik. Häzir bolsa gel, Isa Mesih barada bileli.

WADA EDILEN MESIH

4. «Mesih» diýmek nämäni aňladýar?

4 Heniz Isa dogulmanka, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň wekili Mesihiň geljegi aýdylypdy. «Mesih» sözi ýewreýçe we grekçe «Bellenen» diýmekdir. Hudaý bu wekilini aýratyn bir ýumşy ýerine ýetirmäge bellemelidi. Şu kitabyň indiki baplaryndan Hudaýyň wadalarynda Mesihiň tutýan orny barada köpräk bileris. Şeýle-de, Isanyň biziň üçin häzir näme edýänini bileris. Köp adamlar entek Isa dogulmanka, kimiň Mesih boljagyny bilesi gelýärdi.

5. Isa pygamberiň şägirtleri nämä göz ýetirdiler?

5 B. e. I asyrynda Nasyraly Isanyň şägirtleri onuň öňden aýdylan Mesihdigine göz ýetirdiler (Ýahýa 1:41). Olaryň biri, ýagny Simun Petrus: «Sen... Mesihsiň» diýdi (Matta 16:16). Isa pygamberiň wada edilen Mesihdigine olar näme üçin ynanýardylar we biz näme üçin ynanýarys?

6. Ýehowa wepaly gullukçylaryna Mesihi nädip tanatdy? Mysal getiriň.

6 Isadan öň ýaşan Hudaýyň pygamberleri Mesihi tanap biler ýaly, köp jikme-jiklikleri öňünden aýtdylar. Aýdaly, senden wokzalda ýa-da aeroportda öň görmedik adamyňy garşy almagy haýyş etdiler. Eger-de ony suratlandyrsalar, onda ony tanamak saňa aňsat düşer gerek? Ýehowa öz Bellän gullukçysynyň näme etjekdigini we oňa näme boljakdygyny, Mukaddes Ýazgylarda pygamberler arkaly jikme-jik beýan etdi. Pygamberlikleriň ýerine ýetişi, Hudaýyň wepaly gullukçylaryna Mesihi tanamaga kömek etdi.

7. Haýsy iki pygamberlik Isada ýerine ýetdi?

7 Iki mysala seredeliň. Birinjiden, Mika pygamber 700 ýyldan gowrak öň, wada edilen Mesihiň Ýahudanyň Beýtullaham atly kiçijik şäherinde doguljagyny aýtdy (Mika 5:2). Isa pygamber nirede doguldyka? Şol aýdylan şäherde! (Matta 2:1, 3—9). Ikinjiden, Danyýel 9:25-de ýüzlerçe ýyl öňünden, Mesihiň b. e. 29-njy ýylynda peýda boljagy aýdyldy *. Isada ýerine ýeten pygamberlikleriň ählisi, onuň wada edilen Mesihdigini subut edýär.

Isa suwa çümdürilip, Mesih boldy

8, 9. Isa pygamber suwa çümdürilende, onuň Mesihdigi nädip aýan boldy?

8 B. e. 29-njy ýylynyň ahyrlarynda, Isanyň Mesihdigi barada ýene bir subutnama berildi. Şol ýyl Isa Iordan derýasyna suwa çümdüriji Ýahýanyň ýanyna suwa çümdürilmäge geldi. Ýehowa Mesihi tanar ýaly, Ýahýa alamat berjegini aýdypdy. Ýahýa Isany suwa çümdürende şol alamaty gördi. Bu barada Injilde şeýle diýilýär: «Isa suwa çümdürilip, derrew ondan çykdy. Ine, gök açyldy we Ýahýa Hudaýyň ruhunyň kepderi kimin Isanyň üstüne inip gelýändigini gördi. Şonda gökden: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýen ses eşidildi» (Matta 3:16, 17). Şundan soň Isany Hudaýyň iberendigine Ýahýa doly göz ýetirdi (Ýahýa 1:32—34). Isa pygamberiň üstüne Hudaýyň mukaddes ruhy ýa hereketdäki güýji inende, ol Mesih boldy, ýagny Serdar we Patyşa hökmünde bellenildi (Işaýa 55:4).

9 Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi we Ýehowa Hudaýyň güwä geçmegi, Isanyň wada edilen Mesihdigini aýdyň görkezýär. Emma Mukaddes Ýazgylar Isa barada ýene iki sany wajyp soraga jogap berýär. Ol nireden geldi? Ol nähili adamdy?

ISA MESIH NIREDEN GELDI?

10. Mukaddes Ýazgylar Isa Mesihiň ýere gelmezinden öňki durmuşy barada näme diýýär?

10 Mukaddes Ýazgylar Isanyň ýere gelmezinden öň gökde ýaşandygyny aýdýar. Mika pygamber Mesihiň Beýtullaham atly şäherde doguljagyny aýdanda, Onuň gelip çykyşynyň «gadymdan, has irki wagtdandygyny» hem aýan etdi (Mika 5:2). Isanyň özi-de ýere gelmezinden öň gökde ýaşandygyny ençeme gezek aýtdy (Ýahýa 3:13; 6:38, 62-nji aýatlary okaň; 17:4, 5). Ol gökde perişdedi we Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdady.

11. Isa pygamberiň Ýehowanyň iň söýgüli Ogludygy barada Injilde näme diýilýär?

11 Isa Ýehowanyň iň söýgüli Ogly, munuň sebäbi-de düşnükli. Hudaý ony hemme zatdan öň ýaradany üçin, oňa «bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany» diýilýär * (Koloslylar 1:15). Ýehowanyň ony has eziz görýändiginiň ýene bir sebäbi bar. Isa — Hudaýyň «ýekeje Ogly» (Ýahýa 3:16). Sebäbi diňe Isany Hudaýyň özi ýaratdy. Galan zatlary bolsa, Hudaý Isa arkaly ýaratdy (Koloslylar 1:16). Şeýle-de, Isa pygambere «Söz» diýilýär (Ýahýa 1:14). Ol Hudaýyň adyndan gökdäki we ýerdäki başga ogullaryna Atasynyň habaryny hem nesihatyny ýetirýärdi.

12. Hudaý bilen ýalňyz Oglunyň deň däldigini nireden bilýäris?

12 Hudaýyň ilkinji doglan Ogly Atasy bilen deňmikä? Ýok, Mukaddes Ýazgylarda beýle diýilmeýär. Ýokarda aýdylyşy ýaly, Ogul ýaradyldy. Diýmek, onuň başlangyjy bar. Hudaýyň bolsa ne başlangyjy, ne-de soňy bar (Zebur 90:2). Hudaýyň ýalňyz Ogly Atasy bilen deň bolmak barada pikirem etmedi. Atasynyň Oglundan beýikdigini Injil aýdyň görkezýär (Ýahýa 14:28-i okaň; 1 Korinfliler 11:3). Diňe Ýehowa — «Her zady başarýan» Hudaý (Gelip çykyş 17:1). Şonuň üçin hem onuň deňi-taýy ýok *.

13. Injilde Hudaýyň Ogluna näme üçin «görünmez Hudaýyň keşbi» diýilýär?

13 Heniz ýyldyzlar hem-de Ýer ýaradylmanka, Ýehowa bilen onuň ýalňyz Ogly, millionlarça ýyllap ýakyn gatnaşykdady. Olar biri-birini diýseň söýýärdiler! (Ýahýa 3:35; 14:31). Hudaýyň bu söýgüli Ogly Atasyna juda meňzeşdi. Şonuň üçin hem Injilde oňa «görünmez Hudaýyň keşbi» diýilýär (Koloslylar 1:15). Hawa, adaty ogullaryň köp zatda atasyna meňzeýşi ýaly, gökdäki Ogluň häsiýetleri hem Atasyna meňzeýär.

14. Ýehowanyň ýalňyz Ogly nädip ynsan boldy?

14 Ýehowanyň ýalňyz Ogly gökdäki ýaşaýşyny goýup, ynsan hökmünde ýere meýletin geldi. Belki-de, sen perişde nädip ynsan bolduka diýersiň? Ýehowa muny gudrat bilen etdi. Ol gökdäki ýalňyz Oglunyň janyny Merýem atly ýehudy gyzyň göwresine geçirdi. Ol erkek adam bilen gatnaşykda bolman göwreli boldy. Şeýdip, ol kämil ogul dogurdy. Onuň adyna-da Isa dakdy (Luka 1:30—35).

ISA NÄHILI ADAMDY?

15. Ýehowany näme üçin Isa arkaly gowy tanap bolar?

15 Isanyň nähili adam bolandygyny onuň sözleri we işleri görkezýär. Onsoňam, Ýehowany Isa arkaly gowy tanarys. Näme üçin? Ýadyňda bolsa, Ogluň häsiýetleri Atasynyň häsiýetlerine meňzeýär. Şonuň üçin Isa şägirtleriniň birine şeýle diýdi: «Meni gören Atany-da görendir» (Ýahýa 14:9). Injiliň Matta, Markus, Luka hem-de Ýahýa atly kitaplarynda Isa Mesihiň durmuşy, eden işleri we häsiýetleri barada jikme-jik aýdylýar.

16. Isa, esasanam, näme barada we kimiň habaryny wagyz edýärdi?

16 Köp adamlar Isany «Mugallym» hökmünde tanaýardylar (Ýahýa 1:38; 13:13). Ol näme öwredýärdi? Esasanam, ol Hudaýyň «Patyşalygynyň Hoş Habary», ýagny bütin ýer ýüzünde höküm sürjek we gulak asýan adamlara ebedi bereket berjek gökdäki hökümeti barada wagyz edýärdi (Matta 4:23). Isa kimiň habaryny wagyz edýärdi? Ol: «Meniň öwredýänlerim Özümiňki däl, Meni Ibereniňki» diýip jogap berdi (Ýahýa 7:16). Diýmek, bu Ýehowanyň habarydy. Isa adamlaryň Patyşalyk baradaky habary eşitmelidigini bilýärdi, çünki bu Atasynyň islegidi. Hudaýyň Patyşalygy we onuň etjek işleri barada 8-nji bapdan giňişleýin bileris.

17. Isa nirelerde wagyz edýärdi we näme üçin güýjüni gaýgyrmady?

17 Isa nirelerde wagyz edýärdi? Adamlara duşan ýerinde, ýagny şäher bolsun, oba bolsun, bazar bolsun, hatda olaryň öýlerinde-de wagyz edýärdi. Ol adamlaryň ýanyna gelerine garaşman, özi barýardy (Markus 6:56; Luka 19:5, 6). Isa wagyz etmäge näme üçin köp güýç sarp etdikä? Sebäbi bu Hudaýyň islegidi. Isa hemişe Atasynyň islegini ýerine ýetirýärdi (Ýahýa 8:28, 29). Mundan başga-da Isanyň adamlara haýpy gelýärdi (Matta 9:35, 36-njy aýatlary okaň). Dini ýolbaşçylar adamlara Hudaýyň hakykatyny we onuň niýetini öwretmeli borjuny ýerine ýetirmeýärdi. Isa adamlaryň Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary eşitmelidigini bilýärdi.

18. Isanyň haýsy häsiýetleri saňa has ýarady?

18 Isa mähirli, duýgur we mylakatlydy, şonuň üçin onuň bilen pikir alyşmak aňsatdy. Hatda çagalar hem Isa bilen özüni arkaýyn duýýardy (Markus 10:13—16). Ol adalatlydy, açgözlükdir ikiýüzlüligi ýigrenýärdi (Matta 21:12, 13). Şol döwürde aýallary äsgermeýärdiler, olaryň hukuklary-da ýokdy. Emma Isa olara hormat goýýardy (Ýahýa 4:9, 27). Ol, hakykatdan-da, kiçigöwünlidi. Bir gezek Isa resullarynyň aýaklaryny ýuwup, hyzmatkärleriň etmeli işini etdi.

Isa adamlara duşan ýerinde wagyz edýärdi

19. Isanyň adamlaryň hal-ahwalyna ünsli bolandygyny haýsy waka görkezýär?

19 Isa adamlaryň hal-ahwalyna ünslüdi. Biz muny onuň Hudaýyň güýji bilen adamlary sagaldyşyndan bilýäris (Matta 14:14). Bir sapar Isanyň ýanyna heýwere keselli adam gelip: «Eger isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýdi. Isa onuň agyrysyny duýdy. Oňa ýüregi awap: «Isleýärin, tämiz bol!» diýip, elini degirdi. Ol heýwere keselinden saplandy! (Markus 1:40—42). Ol adam özüni nähili duýandyr öýdýäň?

SOŇUNA ÇENLI WEPALY GALDY

20, 21. Hudaýa wepaly galmakda we gulak asmakda Isa nähili görelde galdyrdy?

20 Isa Hudaýa wepaly galmagyň we gulak asmagyň ajaýyp göreldesini galdyrdy. Garşylyga duş gelende-de, horluk çekende-de, ol gökdäki Atasyna wepaly galdy. Isa Şeýtanyň synaglarynda berk durdy (Matta 4:1—11). Hatda Isanyň garyndaşlary hem birnäçe wagtlap oňa ynanman: «Ol üýtgäpdir» diýýärdiler (Markus 3:21). Emma bu zatlar Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge Isa päsgel bermedi. Ol kemsitmelere garamazdan öz erkini elden bermedi we duşmanlaryndan öç almady (1 Petrus 2:21—23).

21 Isanyň ölümi aýylganç we sütemlidi, muňa garamazdan ol soňuna çenli wepaly galdy (Filipililer 2:8-i okaň). Ömrüniň iň soňky güni başdan geçiren zatlary barada bir oýlanyp gör: tussag edilmegi, töhmet atylmagy, adalatsyz höküm çykarylmagy, märekäniň ýaňsylamasy we esgerleriň masgaralamasy. Sütem pürsünde Isa: «Hemmesi berjaý boldy!» diýip jan berdi (Ýahýa 19:30). Ölenden üç gün geçende, ony gökdäki Atasy ruhy şahsyýet hökmünde direltdi (1 Petrus 3:18). Birnäçe hepdeden soň Isa göge dolandy we patyşalyk berilýänçä, «Hudaýyň sagynda oturdy» (Ýewreýler 10:12, 13).

22. Isa Mesihiň ölümi nämä ýol açdy?

22 Isa Mesihiň ölümi nämä ýol açdy? Ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşaýşa ýol açdy. Bu Ýehowanyň başdaky niýetidi. Indiki bapdan Isa Mesihiň ölüminiň ebedi ýaşaýşa nädip ýol açandygyny bileris.

^ abzas 7 Danyýeliň Mesih baradaky pygamberligi 197—199-njy sahypalardaky Goşmaça maglumatda düşündirilýär.

^ abzas 11 Ýehowa Ýaradyjy bolany üçin, ol biziň Atamyz (Işaýa 64:8). Isany Ýehowa ýaradany üçin, oňa Hudaýyň Ogly diýilýär. Şol sebäpli perişdelere we hatda Adam ata-da Hudaýyň ogullary diýilýär (Eýýup 1:6; Luka 3:38).

^ abzas 12 Hudaý bilen ýalňyz Oglunyň deň däldigini 201—204-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatdan tapyp bileris.