Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BAP

Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys

Biz «soňky günlerde» ýaşaýarys
  • Mukaddes Ýazgylarda şu günler nähili wakalaryň boljagy aýdyldy?

  • Hudaýyň Sözünde «soňky günlerdäki» adamlar barada näme diýilýär?

  • Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, «soňky günlerde» şatlanmaga nähili sebäp bar?

1. Gelejek barada nireden bilse bolar?

TELEWIZORDAKY täzeliklere seredip, belki, sen ençeme gezek özüňe şeýle sorag berensiň: bu dünýäniň soňy näme bolarka? Durmuşda betbagtçylyk we heläkçilik duýdansyz bolýar welin, hiç kimiň ertirki güne ynamy ýok (Ýakup 4:14). Emma Ýehowa gelejekde näme boljagyny bilýär (Işaýa 46:10). Ol köp ýyl mundan öň, Mukaddes Ýazgylarda diňe şu günleriň erbetligi barada däl-de, ajaýyp gelejek barada hem aýtdy.

2, 3. Şägirtler Isadan näme soradylar we ol näme jogap berdi?

2 Isa Mesih erbetligi ýok etjek we ýer ýüzüni Jennete öwürjek Patyşalyk barada aýdypdy (Luka 4:43). Bu Patyşalygyň haçan geljegini adamlaryň bilesi gelýärdi. Bir gezek Isanyň şägirtleri ondan: «Seniň gelmegiň we ahyrzamanyň alamaty näme bolar?» diýip soradylar (Matta 24:3). Isa Mesih ahyrzamanyň haçan boljagyny diňe Ýehowa Hudaýyň bilýändigini aýtdy (Matta 24:36). Ýöne şonda-da Isa Mesih Patyşalygyň ýer ýüzünde parahat we asuda durmuşy gurnamanka, dünýäde nämeleriň boljagyny aýtdy. Bu pygamberlikler şu günler ýerine ýetýär.

3 «Soňky günlerde» ýaşaýandygymyza göz ýetirmezden öň, gökde nähili uruş bolanyny bileli. Bu urşy hiç bir adam görmese-de, onuň getiren netijesi biziň hemmämize täsir edýär.

GÖKDÄKI URUŞ

4, 5. a) Isa Mesih Patyşa bolanda gökde näme boldy? b) Ylham 12:12-ä görä, gökdäki urşuň netijesi näme boldy?

4 Geçen bapdan 1914-nji ýylda Isa Mesihiň Patyşa bolanyny bildik (Danyýel 7:13, 14-nji aýatlary okaň). Isa Mesih Patyşalyk tagtyna geçenden çäre görüp başlady. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Mikaýyl [Isa] we onuň perişdeleri aždarha [Şeýtan Iblis] bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi» *. Şeýtan we onuň zalym perişdeleri, ýagny jynlary ýeňlip ýere zyňyldy. Gök erbetligiň täsirinden arassalananda, Hudaýyň wepaly perişdeleri gör, nähili begenendir! Emma bu waka adamlara şatlyk getirmedi. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýer... waý siziň halyňyza! Çünki Iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» diýilýär (Ylham 12:7, 9, 12).

5 Bu urşuň netijesine üns ber. Şeýtan gahar-gazapdan ýaňa, ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisine betbatçylyk getirip başlady. Bu zatlaryň şu günler bolýandygyna göz ýetireris. Emma gutulyş ýakyn. Hatda Şeýtan hem «wagtynyň azlygyny» bilýär. Mukaddes Ýazgylarda bu döwre «soňky günler» diýilýär (2 Timoteos 3:1). Basym Hudaýyň ýer ýüzüni Iblisiň täsirinden azat etjekdigi gör, nähili teselli berýär! Gel, şu günler Mukaddes Ýazgylardaky haýsy pygamberligiň ýerine ýetýändigini bileli. Olar soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezýär we Ýehowany söýýän adamlara Hudaýyň Patyşalygy tükenmez bereket eçiljekdigine güwä geçýär. Ilki bilen, Isa Mesihiň şu günlere degişli dört sany pygamberligine seredeli.

SOŇKY GÜNLERDÄKI ULY WAKALAR

6, 7. Isa Mesihiň uruş we açlyk barada aýdan sözleri, şu günler nädip ýerine ýetýär?

6 «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar» (Matta 24:7). Soňky ýüz ýylyň dowamyndaky uruşlarda millionlarça adamlar wepat boldy. Britaniýanyň bir taryhçysy şeýle belläp geçdi: «XX asyr adamzat taryhynyň iň gandöküşikli döwri boldy. [...] Diňe bir az wagtlaýyn asudalyk boldy diýmeseň, bu asyr üznüksiz uruşly asyr boldy». «Uorlduotç» institutynyň hasabatynda bolsa şeýle diýilýär: «Diňe XX asyrdaky uruşlarda heläk bolan adamlar, biziň eramyzyň beýleki asyrlaryndan üç esse köp». 1914-nji ýyldan bäri bolan harby çaknyşyklarda 100 milliondan-da köp adam wepat boldy. Bu uruşlarda dogan-garyndaşymyzdan birini ýitirenem bolsak, millionlarça adamlaryň ölüminiň getiren ähli gaýgy-hasratyny hiç haçan göz öňüne getirip bilmeris.

7 «Açlyklar bolar» (Matta 24:7). Hasaba görä, soňky 30 ýylyň dowamynda azyk harytlar juda köpeldi. Şonda-da adamlar açlykdan horlanýar, sebäbi olaryň azyk satyn almaga ýa-da hasyl ýygnar ýaly, ýer satyn almaga pullary ýok. Ösüp barýan ýurtlardaky milliondan gowrak adam, gününe bir dollara bara-bar çykdajy bilen nalaç ýaşaýar. Olaryň köpüsi ýarym açlykdan ejir çekýärler. Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasynyň hasabaty boýunça, her ýylda 5 milliondan gowrak çagalar, esasan, ýarym açlykdan ölýär.

8, 9. Isa Mesihiň ýer titreme we gyrgynçylyk baradaky weliligi şu günler ýerine ýetýändigi nämeden görünýär?

8 «Güýçli ýer titremeler... bolar» (Luka 21:11). ABŞ-nyň Geologik gullugynyň berýän maglumatyna görä, diňe 1990-njy ýyldan bäri ortaça hasap bilen her ýylda jaýlara hem-de ýeriň gatlagyna zyýan ýetirýän on ýedi sany güýçli ýer titreme bolýar. Üstesine-de, ortaça aýdanyňda her ýylda jaýlary weýran edýän uly ýer titremeler bolýar. Başga bir maglumata görä, «soňky ýüz ýylyň dowamynda ýer titremelerde 100 müňlerçe adam öldi, häzirki zaman tehnikasy bolsa, heläkçiligiň sanyny hiç hili peseldip bilmedi».

9 «Gyrgynçylyk... bolar» (Luka 21:11). Medisinanyň ösýändigine garamazdan, dünýäde täze keseller peýda bolup, könelerem möwç urýar. Bir maglumata görä, soňky on ýyllyklaryň dowamynda inçekesel, ysytma we mergi ýaly 20 sany belli keseller çalt ýaýrady. Olaryň käbirlerini bolsa derman bilenem bejermek gün-günden kynlaşýar. Azyndan 30 sany täze kesel peýda boldy. Olaryň käbirleri bejerilmeýär we ölüme eltýär.

SOŇKY GÜNLERDE ADAMLAR NÄHILI BOLAR?

10. Şu günki adamlara mahsus bolan nähili gylyk-häsiýetler 2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlarda pygamberlik edildi?

10 Mukaddes Ýazgylarda soňky günlerde boljak wakalardan başga-da, adamlaryň üýtgejegi hem aýdylýar. Pawlus resul adamlaryň gylyk-häsiýetini görkezdi. Şeýle-de «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygy» aýtdy (2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary okaň). Pawlus şeýle adamlaryň boljagyny pygamberlik etdi:

  • özüni söýýän,

  • pula gyzan,

  • ene-ata boýun egmeýän,

  • mukaddeslikden mahrum,

  • doňýürek,

  • nebsine buýurmazak,

  • zalym,

  • lezzeti Hudaýdan köp söýýän,

  • Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, bu ýoluň güýjüni inkär edýän.

11. Erbet adamlara näme boljakdygyny Zebur 92:7 nädip görkezýär?

11 Goňşy-golaňlaryň arasynda şeýle häsiýetli adamlar barmy? Elbetde, bardyr. Sebäbi häzir dünýäde şeýle adamlar köp. Bu zatlar Hudaýyň tizden çäre görüp başlajakdygyny görkezýär, çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Erbetleriň ot kimin gögermegi, ähli ýaman iş edýänleriň güllemegi olaryň ebedi heläk bolmagy üçindir» diýilýär (Zebur 92:7).

ŞATLANMAGA SEBÄP BAR

12, 13. «Hakyky bilim» «soňky wagtlarda» nädip köpelýär?

12 Mukaddes Ýazgylaryň pygamberlik edişi ýaly, şu soňky günlerde köp betbagtçylyklar bolýar. Ýöne bu howsalaly döwürde-de Ýehowany söýýän adamlarda şatlanmaga sebäp bar.

13 «Hakyky bilim köpeler» diýip, Mukaddes Ýazgylaryň Danyýel kitabynda pygamberlik edilýär. Bu sözler haçan berjaý bolmalydy? «Soňky wagtlarda», ýagny ahyrky döwürde (Danyýel 12:4). 1914-nji ýyldan bäri, Ýehowa akýürekli adamlara Mukaddes Ýazgylara gowy düşünmäge kömek edýär. Olara Hudaýyň ady, onuň niýeti, Isa Mesihiň töleg gurbany, ölüler we direliş baradaky gymmatly hakykat aýan boldy. Onsoňam, Ýehowanyň gullukçylary durmuşda bagtly ýaşar ýaly we Hudaýy şöhratlandyrar ýaly näme etmelidigini bildiler. Olar Hudaýyň Patyşalygynyň ähmiýetine we onuň ýer ýüzünde Hudaýyň islegini nädip amala aşyrjakdygyna gowy düşünip başladylar. Bu bilim olary nämä höweslendirdi? Bu sorag soňky günlerde ýerine ýetýän başga bir pygamberlik bilen berk baglanyşykly.

«Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler» (Matta 24:14)

14. Patyşalyk baradaky hoş habar nähili möçberde ýaýraýar we ony kimler wagyz edýär?

14 «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar... dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler» diýip, Isa Mesih «ahyrzamana» degişli pygamberliginde aýdypdy (Matta 24:3, 14-nji aýatlary okaň). Şu günler dünýäniň 230-dan gowrak ýurdunda hem-de territoriýasynda Patyşalyk baradaky hoş habar ýuzlerçe dillerde wagyz edilýär. Onuň nähili Patyşalykdygy, näme etjekdigi we nähili bereketler getirjekdigi barada gürrüň berilýär. Bu şatlykly habary «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden» bolan, Ýehowanyň millionlarça Şaýatlary wagyz edýär (Ylham 7:9). Olar Hudaýyň Sözüniň näme öwredýändigini bilesi gelýän millionlarça adamlar bilen, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärler. Isa Mesihiň mesihçilere «hemmeler sizi ýigrener» diýen sözlerini ýada salsak, bu pygamberligiň ýerine ýetmegi täsin! (Luka 21:17).

SEN NÄME EDERSIŇ?

15. a) Soňky günlerde ýaşaýandygymyza ynanýaňmy? Düşündir. b) Ýehowa garşy gidýän adamlara «ahyrzamanda» näme bolar we Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýanlara näme garaşýar?

15 Bu pygamberlikleriň ýerine ýetmegi, soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezmeýärmi? Haçan-da Ýehowa hoş habary wagyz etmegi bes etmeli diýende «ahyrzamana» geler (Matta 24:14). «Ahyrzaman» Hudaýyň ýer ýüzüni erbetlikden arassalamagydyr. Ýehowa Isa Mesihe we onuň güýçli perişdelerine, Hudaýa bilgeşleýin garşy gidýän adamlary ýok etmegi tabşyrdy (2 Selanikliler 1:6—9). Şeýtan we onuň jynlary gaýdyp halklary azdyrmaz. Şonda Hudaýyň Patyşalygy onuň adalatly hökümdarlygyna tabyn bolýanlaryň ählisine köp bereket berer (Ylham 20:1—3; 21:3—5).

16. Näme etseň paýhasly bolar?

16 Şeýtanyň dünýäsi basym ýok ediljek bolsa, sen näme etmeli? Ýehowa we onuň kadalary barada bilimiňi artdyrsaň paýhasly bolar (Ýahýa 17:3). Mukaddes Ýazgylary ünsli öwrenmäge çalyş. Ýehowanyň islegini berjaý edýän adamlar bilen, mümkin boldugyça hemişe gatnaşyk sakla (Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlary okaň). Hudaýyň wajyp hakykatyny çuňňur öwrenip, onuň kadalaryna laýyk ýaşap Ýehowany begendir (Ýakup 4:8).

17. Ahyrzaman näme üçin köpleriň üstüne duýdansyz geler?

17 Isa Mesih soňky günlere degişli pygamberliklere köp adamlaryň üns bermejegini aýdypdy. Erbetler duýdansyz ýok ediler. Sebäbi ahyrzaman köpleriň üstüne duýdansyz geler, ýagny onuň gelşi «ogrynyň gije gelşi ýaly bolar» (1 Selanikliler 5:2-ni okaň). Isa şeýle duýduryş berdi: «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Çünki adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli, Tupandan öňki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar. Tupan turup hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar» (Matta 24:37—39).

18. Isanyň haýsy duýduryşyna çynlakaý garamaly?

18 Isa diňleýjilerine şeýle diýdi: «Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn. Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler. Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň» (Luka 21:34—36). Isanyň bu duýduryşyna çynlakaý garamaly. Näme üçin? Sebäbi Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende, Ýehowa Hudaýyň hem-de «Ynsan Oglunyň», ýagny Isa Mesihiň makullaýan adamlary diri galyp, ajaýyp täze dünýäde ebedi ýaşap biler. Bu ajaýyp täze dünýä basym geler! (Ýahýa 3:16; 2 Petrus 3:13).

^ abzas 4 Mikaýylyň Isa Mesihdigini görkezýän subutnamany 218, 219-njy sahypalardaky Goşmaça maglumatdan tapyp bolar.