Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

10-NJY BAP

Ruhy şahsyýetler bize nähili täsir edýär?

Ruhy şahsyýetler bize nähili täsir edýär?
  • Perişdeler adamlara kömek edýärmi?

  • Zalym ruhlar adamlara nähili täsir edýär?

  • Zalym ruhlardan gorkmalymy?

1. Biz näme üçin perişdeler barada bilmeli?

BIR adam bilen ýakyndan tanyşmakçy bolsak, ilki bilen, onuň maşlagasy bilen tanyşýarys. Ýehowa Hudaýy hem ýakyndan tanamak üçin, onuň perişdelerden ybarat bolan gökdäki maşgalasy bilen tanyşmaly. Mukaddes Ýazgylarda perişdelere «Hudaýyň ogullary» diýilýär (Eýýup 38:7). Hudaýyň niýetinde olaryň nähili orny bar? Olar adamzat taryhyna täsir etdilermi? Biziň durmuşymyza täsir edýärlermi? Täsir edýän bolsalar, nädip?

2. Perişdeleri kim ýaratdy we olaryň sany näçe?

2 Mukaddes Ýazgylarda perişdeler barada ýüzlerçe sapar agzalýar. Gel, olar barada köpräk biler ýaly, käbir aýatlara seredeli. Perişdeleri kim ýaratdy? Koloslylar 1:16-da şeýle diýilýär: «Gökdäki we ýerdäki... zatlaryň baryny... şol [Isa Mesih] ýaratdy». Görşümiz ýaly, Ýehowa Hudaý ähli perişdeleri Isa Mesih arkaly ýaratdy. Gökde näçe perişde barka? Mukaddes Ýazgylar olaryň ýüzlerçe milliondygyny we örän güýçlüdigini aýdýar (Zebur 103:20) *.

3. Eýýup 38:4—7-nji aýatlarda perişdeler barada näme aýdylýar?

3 Mukaddes Ýazgylar Ýer ýaradylanda «Hudaýyň ähli ogullary şatlandy» diýýär (Eýýup 38:4—7). Diýmek, perişdeler entek ynsan we Ýer ýaradylmanka ýaradyldy. Ruhy şahsyýetleriň duýgulary hem bar, sebäbi ýokardaky aýatda perişdeleriň «bilelikde şatlanandygy» aýdylýar. Üns beren bolsaň, «Hudaýyň ogullarynyň hemmesi» bilelikde şatlandy. Diýmek, şol wagt perişdeleriň hemmesi agzybir maşgala bolup Ýehowa gulluk edýärdi.

PERIŞDELER GOLDAW BERÝÄR WE GORAÝAR

4. Perişdeleriň adamzadyň durmuşy bilen gyzyklanýandygyny Mukaddes Ýazgylar nädip görkezýär?

4 Ynsan ýaradylandan bäri, wepaly perişdeler adamzada we Hudaýyň niýetiniň ýer ýüzünde ýerine ýetişine syn edip gelýär (Süleýmanyň tymsallary 8:30, 31; 1 Petrus 1:11, 12). Wepaly perişdeler köp adamlaryň söýgüden doly Ýaradyjydan ýüz öwrüp, oňa gulluk etmeýänini gördüler. Elbetde, bu olary gaty gynandyrandyr. Ýöne bir adam toba edip Ýehowa dolansa, «perişdeleriň arasynda şatlyk bolýar» (Luka 15:10). Perişdeler adamlar hakda alada edýär. Şonuň üçin Ýehowa ýerdäki wepaly gullukçylaryny goldamak we goramak üçin perişdeleri ençeme gezek iberipdi (Ýewreýler 1:7, 14). Gel, käbir mysallara seredeli.

«Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady» (Danyýel 6:22)

5. Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, perişdeler adamlary nädip goldaýardy?

5 Iki perişde Lut atly dogry adamy we onuň gyzlaryny halas etmek üçin, Sodom we Gomora diýen hudaýsyz şäherden alyp çykdylar (Gelip çykyş 19:15, 16). Ýüzlerçe ýyldan soň, Danyýel pygamber ýolbarsly çukurdan aman-sag çykyp: «Meniň Hudaýym öz perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady» diýdi (Danyýel 6:22). B. e. I asyrynda bir perişde Petrus resuly türmeden boşatdy (Resullaryň işleri 12:6—11). Şeýle-de Isa pygamber ýer ýüzünde gulluga başlanda, perişdeler ony goldadylar (Markus 1:13). Isa Mesihiň ölüminiň öň ýanynda, bir perişde görnüp, «Ony güýçlendirdi» (Luka 22:43). Durmuşynyň iň bir möhüm pursatynda perişdeleriň goldawy Isa üçin, gör, nähili teselli bolandyr!

6. a) Şu günler perişdeler Hudaýyň halkyny nädip goraýar? b) Biz haýsy sowallara serederis?

6 Şu günler perişdeler ynsan keşbine girip, Hudaýyň halkyna görünmeýär. Olar göze görünmese-de, Hudaýyň halkyny hemişekisi ýaly goraýar. Esasanam, ruhy taýdan goraýarlar. Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Rebbiň perişdesi Ondan gorkýanlaryň daşynda düşelge gurýandyr, olary halas edýändir» (Zebur 34:7). Bu sözler bize gör, nähili teselli berýär! Sebäbi bizi heläk etjek bolýan zalym perişdelerem bar. Olar kimler? Olar nireden peýda boldular? Bize nädip zyýan ýetirjek bolýarlar? Bu sowallaryň jogabyny bilmek üçin, adamzat taryhynyň başlangyjynda näme bolanyny bileli.

PERIŞDELERDEN KIM BIZE DUŞMAN?

7. Şeýtan maksadyna ýetjek bolup, haçandan bäri adamlary Hudaýdan daşlaşdyryp gelýär?

7 3-nji bapdan bilşimiz ýaly, bir perişde hemmeleriň üstünden höküm sürjek bolup, Hudaýa garşy çykdy. Soňra oňa Şeýtan Iblis diýen at berildi (Ylham 12:9). Şeýtan erbet maksadyna ýetjek bolup, How enäni aldady. Şondan bäri 16 asyryň dowamynda Abyl, Hanoh we Nuh ýaly käbir wepaly gullukçylardan başga ähli adamlary diýen ýaly Hudaýdan daşlaşdyrdy (Ýewreýler 11:4, 5, 7).

8. a) Käbir perişdeler nädip jyn boldular? b) Nuhuň tupanyndan halas bolmak üçin, jynlar näme etdi?

8 Nuh pygamberiň döwründe başga-da käbir perişdeler Ýehowanyň garşysyna çykdylar. Olar gökdäki öýlerini goýup, adam keşbine girip ýere düşdüler. Näme üçin? Gelip çykyş 6:2-de şeýle diýilýär: «Hudaý ogullary adam gyzlarynyň owadandygyny gördüler we bütin seçenlerinden özlerine aýal aldylar». Emma Ýehowa olaryň erbetligine we adamlary azdyrmagyna çydamady. Ol zalym adamlaryň hemmesini ýok edip, wepaly gullukçylaryny halas etmek üçin, ýer ýüzüne bütindünýä tupanyny iberdi (Gelip çykyş 7:17, 23). Pitne turzan perişdeler, ýagny jynlar ynsan tenini taşlap, göge dolandylar. Netijede, olar «jynlaryň hany» bolan Iblisiň tarapyna geçdiler (Matta 9:34).

9. a) Jynlar göge gaýdyp baranlarynda näme boldy? b) Biz nämä serederis?

9 Pitne turzan perişdeler göge gaýdyp baranlarynda, bir wagt Şeýtanyň kowluşy ýaly, olar hem Hudaýyň gökdäki maşgalasyndan kowuldylar (2 Petrus 2:4). Olar häzir ynsan tenine girip bilmeseler-de, adamlary azdyrmagy dowam edýärler. Şeýtan jynlar arkaly «bütin dünýäni azdyrýar» (Ylham 12:9; 1 Ýahýa 5:19). Jynlar adamlary aldamak üçin, her hili usul ulanýar (2 Korinfliler 2:11-i okaň). Gel, olaryň käbirlerine seredeli.

JYNLAR ADAMLARY NÄDIP ALDAÝAR?

10. Spiritizm näme?

10 Jynlar adamlary aldamak üçin spiritizmi ulanýar. Spiritizm — jynlar bilen gös-göni ýa-da araçy arkaly gatnaşyk saklamak. Mukaddes Ýazgylar spiritizm bilen meşgullanmagy ýazgarýar we onuň bilen bagly zatlara baş goşmazlygy ündeýär (Galatýalylar 5:19—21). Balykçylaryň gurçuk ulanyşy ýaly, jynlar hem spiritizmi ulanýar. Olar her hili balyk tutmak üçin, dürli zatlary ulanýar. Şonuň ýaly jynlar hem spiritizmiň dürli görnüşlerini ulanýar.

11. Palçylyk näme we onuň bilen bagly zatlardan näme üçin gaça durmaly?

11 Jynlaryň ulanýan usullarynyň biri — palçylyk. Palçylyk näme? Bu gelejegi ýa-da näbelli zady biljek bolmaklyk. Palçylyga astrologiýa, kart, jadyly daş we eliň aýasyna seredip pal atmaklyk hem-de yrymdyr düýşleri ýormaklyk girýär. Köp adamlar pal atmaklyga zyýanly iş däl diýip düşünseler-de, Mukaddes Ýazgylar palçylar bilen jynlaryň bilelikde iş salyşýandygyny aýdýar. Meselem, Resullaryň işleri 16:16—18-nji aýatlarda bir gyza bilgiçlik etdirýän «palçy ruh» barada aýdylýar. Emma ol gyzdan jyn çykanda, bilgiçlik ukybyny ýitirdi.

Jynlar adamlary her hili usul bilen aldaýar

12. Ölülere ýüz tutmak näme üçin howply?

12 Jynlaryň adamlary aldamak üçin ulanýan ýene bir usuly, ölülere ýüz tutmak. Köplenç bu aldawa dogan-garyndaşynyň ölümine hasrat çekýän adamlar düşýär. Olar ölen adamlar bilen gürleşip bolýandyr öýdýärler. Jynlar bilen gatnaşyk saklaýan adamlar, ölen adamlardan habar ýetirýärler ýa-da olaryň sesine meňzedip gürleýärler. Şonuň üçin köpler adam ölenden soňam ýaşaýandyr öýdýärler we olar bilen gürleşseň teselli tapýaň diýýärler. Emma şeýle «teselli» ýalan we howply. Näme üçin? Sebäbi jynlar ölen adamyň sesine öýkünip bilýär we olar hakda maglumat hem berýär (1 Şamuwel 28:3—19). Şeýle-de 6-njy bapdan bilşimiz ýaly, adam ölensoň ýaşamaýar (Zebur 115:17). Şonuň üçin «ölüleri çagyrýan» adamlar jynlara özlerini aldadyp, Hudaýyň kanunyny bozýarlar (Kanun taglymaty 18:10, 11-nji aýatlary okaň; Işaýa 8:19). Jynlaryň aldawyna düşmekden ägä bol.

13. Jynlardan gorkuda ýaşan adamlar nämäni başardylar?

13 Zalym ruhlar adamlary diňe bir aldaman, eýsem, olary gorkuzýarlaram. Şeýtan hem-de jynlar «wagtynyň azlygyny» we basym höküm ediljegini bilýärler. Şonuň üçin häzir olar has-da gaharly (Ylham 12:12, 17). Muňa garamazdan, zalym ruhlardan ýaňa ozal gorkuda ýaşan müňlerçe adamlar olaryň täsirinden azat boldular. Nädip? Spiritizm bilen meşgullanýan adamlar näme etmeli?

ZALYM RUHLARA NÄDIP GARŞY DURMALY?

14. Zalym ruhlaryň täsirinden gutulmak üçin, Efesdäki mesihçileriň göreldesine eýerip näme etmeli?

14 Mukaddes Ýazgylar zalym ruhlara nädip garşy durmalydygyny we olaryň täsirinden nädip gutulyp bolýandygyny düşündirýär. I asyrda Efes şäherindäki mesihçileriň nähili görelde galdyranyna seredeliň. Mesihçi bolmazyndan öň, olaryň käbirleri spiritizm bilen meşgullanýardy. Spiritizmden gutulmak üçin olar näme etdiler? Mukaddes Ýazgylarda: «Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň bir topary kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdy» diýilýär (Resullaryň işleri 19:19). Bu täze şägirtler jadygöýlige degişli kitaplaryny ýok edip, zalym ruhlardan gutulmak isleýänlere gowy görelde görkezdiler. Ýehowa gulluk edesi gelýän adamlar spiritizme degişli zatlaryny ýok etmeli. Muňa spiritizm bilen meşgullanmaga höweslendirýän we ony gyzykly edip görkezýän kitaplar, jurnallar, filmler, plakatlar we aýdym-sazlar girýär. Şu zatlara bela-beterden goranmak üçin dakynylýan doga-tumar, dagdan, monjuk we başga zatlar hem degişli (1 Korinfliler 10:21).

15. Zalym ruhlara nädip garşy durmaly?

15 Efesdäki mesihçileriň jadygöýlige degişli kitaplaryny ýakanlaryndan soň, birnäçe ýyl geçende, Pawlus resul olara: «Çünki biziň söweşimiz... ýamanlygyň gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr» diýdi (Efesliler 6:12). Görşümiz ýaly, jynlar üstün çykmak üçin dyngysyz göreşýärdi. Onda mesihçiler nädip garşy durmaly? Pawlus olara şeýle maslahat berdi: «Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen Şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz» (Efesliler 6:16). Iman galkanymyz näçe berk bolsa, zalym ruhlara şonça-da üstünlikli garşy durup bileris (Matta 17:20).

16. Imanymyzy nädip berkitmeli?

16 Imanymyzy nädip berkitmeli? Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam et. Galanyň berkligi onuň fundamentine bagly. Şonuň ýaly-da imanymyzyň berkligi hem onuň fundamenti bolan Mukaddes Ýazgylary bilşimize bagly. Biz Mukaddes Ýazgylary her gün okap, öwrensek imanymyz berkär. Şeýle iman berk gala kimin, bizi zalym ruhlardan gorar (1 Ýahýa 5:5).

17. Zalym ruhlardan goranmak üçin ýene näme etmeli?

17 Efesdäki mesihçiler ýene näme etmelidi? Olara başga-da gorag gerekdi, çünki olar jynlardan doly şäherde ýaşaýardylar. Pawlus: «Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň» diýdi (Efesliler 6:18). Şu günler hem dünýä jynlardan doly bolany üçin, bizi zalym ruhlardan gorar ýaly, Ýehowa erjellik bilen doga etmeli. Doga edenimizde Ýehowanyň adyny tutmaly (Süleýmanyň tymsallary 18:10-y okaň). Bizi Şeýtan Iblisden gutarar ýaly, Hudaýdan kömek soramaly (Matta 6:13). Ýehowa biziň ak ýürekden edýän dogalarymyza hökman jogap berer (Zebur 145:19).

18, 19. a) Zalym ruhlardan üstün çykmaga saňa näme kömek eder? b) Indiki bapdan haýsy soragyň jogabyny bileris?

18 Zalym ruhlar howply bolsa-da, biz olardan gorkup ýörmeli däl. Munuň üçin Iblise garşy durmaly we Hudaýyň islegini berjaý edip, oňa ýakynlaşmaly (Ýakup 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Zalym ruhlaryň güýji çäkli. Nuhuň günlerinde olar jezalandyrylypdy, indi bolsa ahyrky höküme garaşýarlar (Ýahuda 6). Bizi Ýehowanyň güýçli perişdeleriniň goraýandygyny hem unutma (2 Patyşalar 6:15—17). Bu perişdeler zalym ruhlar bilen göreşde, biziň berk durmagymyzy we olaryň azgyn täsirine garşy durup bilmegimizi isleýärler. Wepaly perişdeler başgaça aýdanyňda bizi ruhlandyrýarlar. Şonuň üçin geliň, Ýehowadan we onuň wepaly perişdelerinden daşlamalyň hem-de spiritizmiň ähli görnüşlerinden gaça durup, Hudaýyň Sözündäki maslahatlara hemişe eýereliň (1 Petrus 5:6, 7; 2 Petrus 2:9). Bu bize zalym ruhlara garşy göreşde üstün çykmaga kömek eder.

19 Ýöne Hudaý bu zalym ruhlaryň ýaşamagyna hem-de adamlaryň horluk çekmegine näme üçin ýol berýärkä? Bu soragyň jogabyny indiki bapdan bileris.

^ abzas 2 Gowy perişdeler barada Ylham 5:11-de şeýle diýilýär: «Olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi». Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylar ýüzlerçe million perişdeleriň bardygyny görkezýär.