Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI BAP

Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?

Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
  • Adamlaryň horluk çekýänine Hudaý günäkärmi?

  • Erem bagynda nähili jedelli mesele orta atyldy?

  • Hudaý nädip horluklaryň soňuna çykar?

1, 2. Adamlar nähili betbagtçylyga uçraýarlar we olarda nähili soraglar ýüze çykýar?

URUŞ gidip duran bir ýurtda elhenç söweşden soň, münlerçe aýallaryň we çagalaryň jesetleri bir mazarçylykda jaýlandy. Bu mazarçylygyň daş-töweregi «Näme üçin?» diýen ýazgydan doludy. Şeýle sorag köplenç adamlaryň gaýgy-hasratyny görkezýär. Uruşlar we tebigy betbagtçylyklar bigünä adamlary öýsüz goýýar ýa-da janyny alýar. Keselçilik, jenaýatçylyk we başga betbagtçylyklar adamlara söz bilen aýdyp bolmajak horluk getirýär. Olar şeýle betbagtçylyga näme üçin uçraýandyklaryny bilesi gelýär.

2 Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär? Ýehowa güýji her zada ýetýän, akyldar, adalatly we söýgüden doly Hudaý bolsa, onda näme üçin dünýä ýigrençlikden we adalatsyzlykdan doly? Bu soraglar seni biynjalyk edipmidi?

3, 4. a) Hudaý horluklara näme üçin ýol berýändigi hakda sorag bermegiň nädogry däldigini nireden bilýäris? b) Ýehowa erbetlige hem-de horluklara nähili garaýar?

3 Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigi hakda sorag bermek nädogrumy? Şeýle sorag berseň, käbir adamlar Hudaýy sylaňok ýa-da imansyz diýýärler. Emma Mukaddes Ýazgylary okasaň, şeýle soraglary Hudaýyň wepaly gullukçylarynyňam berendigini bilersiň. Mysal üçin, Habakkuk pygamber Ýehowa şeýle doga etdi: «Adamlar talaňçylyk edip, biri-birine azar berýärler. Olar biri-birine duşman we agzala. Sen maňa bu elhençlikleri näme üçin görkezýäň?» (Habakuk 1:3).

Ýehowa ähli horlugyň soňuna çykar

4 Ýehowa wepaly Habakkuk pygamberi beren soragy üçin ýazgardymyka? Ýok. Gaýtam, onuň ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini Mukaddes Ýazgylara ýazdyrtdy. Şeýle-de Hudaý oňa sebäbini düşündirip, imanyny berkitdi. Ýehowanyň saňa-da kömek edesi gelýär. Mukaddes Ýazgylarda ol her birimiziň «gamhorymyzdyr» diýilýär (1 Petrus 5:7). Hudaý erbetligi we onuň getirýän horluklaryny islendik adamdan-da beter ýigrenýär (Işaýa 55:8, 9). Onda näme üçin dünýä horlukdan doly?

NÄME ÜÇIN HORLUK KÖP?

5. Horluklaryň sebäbini nähili düşündirýärler, emma Mukaddes Ýazgylar näme diýýär?

5 Dindar adamlaryň köpüsi şeýle soraglary dini ýolbaşçylara berýär. Köplenç olar bu Hudaýyň yradasy ýa-da ýazgytdyr diýýärler. «Allatagalanyň etjek işi bilinmez» ýa-da biri ölende bolsa, «Hudaýa-da gowy adamlar gerek» diýen sözleri eşidýäris. Emma bilşimiz ýaly, erbetlik Ýehowa Hudaýdan däl. Mukaddes Ýazgylarda: «Eýsem, Hudaý — kanunsyzlyk, Gudraty güýçli — adalatsyzlyk edermi?!» diýilýär (Eýýup 34:10).

6. Adamlaryň köpüsi betbagtçylyklary näme üçin Hudaýdan görýär?

6 Adamlaryň betbagtçylyklary näme üçin Hudaýdan görýänini bilýäňmi? Sebäbi olaryň köpüsi dünýäniň hökümdary Gudraty güýçli Hudaýdyr öýdýär. Olar Mukaddes Ýazgylardaky ýönekeý we wajyp hakykaty bilmeýär. 3-nji bapda aýdylyşy ýaly, bu dünýäniň hökümdary Şeýtan Iblis.

7, 8. a) Näme üçin bu dünýäde Şeýtanyň häsiýeti görünýär? b) Adamlaryň bikämilligi hem-de «wagt we tötänlik» horluklara nädip sebäp bolýar?

7 Injil: «Bütin dünýä Iblisiň goly astynda» diýip aýdyň aýdýar (1 Ýahýa 5:19). Bu aýadyň üstünde oýlansak, horluklaryň sebäbine düşüneris. Bu dünýäde Şeýtanyň häsiýeti görünýär. Ol «bütin dünýäni azdyrýar» (Ylham 12:9). Şeýtan gazaply, ýalançy hem-de zalym. Şonuň üçin onuň gol astyndaky dünýä-de gazapdan, ýalandan hem-de zalymlykdan doly. Bular ýer ýüzündäki horluklaryň bir sebäbidir.

8 Ikinji sebäbi bolsa, Erem bagyndaky pitneden bäri, ähli adamlar günäli we bikämil. Bu barada-da 3-nji bapda aýdylypdy. Günäli adamlar wezipeparaz bolup, häkimiýet ugrunda göreşýärler. Şonuň üçin dünýäde uruş, zulum we horluk kän (Wagyz kitaby 4:1; 8:9). Üçünji sebäbi hem «wagt we tötänlik» (Wagyz kitaby 9:11-i okaň). Hudaýsyz dünýäde ýaşaýan adamlar oňaýsyz wagty, oňaýsyz ýerde bolanlary üçin betbagtçylyga uçrap biler.

9. Ýehowanyň horluklara ýol bermeginiň sebäbiniň bardygyna näme üçin ynanýarys?

9 Horluklaryň Hudaýdan däldigi gör, nähili teselli berýär! Uruşlara, jenaýatlara, sütemlere hem-de tebigy betbagtçylyklara Hudaý günäkär däl. Şonda-da, Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigini bilmeli. Çünki Hudaý Gudraty güýçli bolany üçin, erbetligiň soňuna çykar. Onda, ol näme üçin soňuna çykmaýarka? Söýgüden doly Hudaýyň horluklara ýol bermeginiň sebäbi bolmaly (1 Ýahýa 4:8).

WAJYP JEDELLI MESELE

10. Şeýtan nämäni şübhä goýdy we nädip?

10 Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigini biler ýaly, erbetligiň nädip peýda bolanyny ýada salmaly. Şeýtan Adam ata bilen How enäni Ýehowa garşy günä etdirip, wajyp jedelli meseläni orta atdy. Iblis Ýehowanyň güýjüne şübhelenmedi, sebäbi onuň güýjüniň çäksiz uludygyny bilýärdi. Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy. Ol raýatlaryndan bir gowy zady gizleýär diýip, Hudaýa töhmet atdy. Aslynda, Şeýtan Ýehowa erbet hökümdar diýdi (Gelip çykyş 3:2—5-nji aýatlary okaň). Şeýtan adamlar Hudaýsyzam bagtly ýaşar diýmekçi boldy. Şeýdip, ol Ýehowanyň ýokary häkimiýetini ýa-da hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy.

11. Ýehowa pitneçileri näme üçin ýok etmedi?

11 Adam ata bilen How ene Ýehowa garşy pitne turuzdylar. Olaryň bu hereketi: «Ýehowanyň höküm sürmegini islämizok. Nämäniň dogrudygyny, nämäniň nädogrudygyny özümizem çözüp bileris» diýdigidi. Ýehowa bu jedelli meseläni nädip çözer? Perişdelere hem-de adamlara pitneçileriň ýalňyşýandygyny we diňe Hudaýyň ýolunyň bagtly edýändigini nädip görkezip bolar? Kimdir biri: «Pitneçileri ýok edip, hemme zady täzeden başlamaly» diýer. Emma Ýehowa ýer ýüzüni Adam ata bilen How enäniň neslinden dolduryp, olaryň Jennetde ýaşamagyny isleýärdi (Gelip çykyş 1:28). Ýehowa islegini hemişe amala aşyrýar (Işaýa 55:10, 11). Onsoňam, Hudaý Erem bagynda pitne turzanlaryň ählisini ýok eden bolsa, onda onuň hökümdarlygy baradaky jedelli mesele çözülmezdi.

12, 13. Mysal arkaly Ýehowanyň näme üçin Şeýtana dünýäniň hökümdary bolmaga hem-de adamlara dürli hökümeti döretmäge ýol berendigini düşündir.

12 Aýdaly, mugallym okuwçylara matematikadan bir kyn meseläniň çözülişini düşündirýär. Şol wagt bir ukyply, ýöne özdiýenli okuwçy mugallymyň ýalňyşýandygyny we meseläni başgaça çözmelidigini aýdýar. Mugallymyň sapakdan başy çykanok diýip, meseläni özüniň gowy çözüp biljekdigini aýdýar. Käbir okuwçylar onuň aýdýanyny dogry hasaplap, özdiýenli okuwça goşuldylar. Mugallym näme ederkä? Eger garşy çykan okuwçylary klasdan kowsa, başgalara nähili täsir eder? Bu meselede kimiňki dogrudygyny olar nädip biler? Mugallym ýalňyşynyň subut edilmeginden gorkýandyr öýdüp, okuwçylar ony sylamazlygy mümkin. Mugallym özdiýenli okuwça meseläni özüçe çözmäge rugsat berse, nähili bolar?

Okuwçy tejribelimi ýa-da mugallym?

13 Ýehowa-da şeýle etdi. Ýadyňda bolsa, Erem bagynda bolan waka diňe bir pitneçilere täsir etmedi. Oňa millionlarça perişdeler syn edýärdi (Eýýup 38:7; Danyýel 7:10). Şonuň üçin jedelli meseläniň çözgüdi ähli perişdelere, netijede bolsa, adamlara-da täsir etmelidi. Ýehowa näme etdikä? Ol Şeýtana adamlaryň üstünden höküm sürmegine ýol berdi. Şeýle-de Şeýtanyň ýolbaşçylygynda adamlaryň dürli hökümeti döretmegine ýol berdi.

14. Ýehowanyň adamlara öz hökümetlerini döretmäge ýol berendigi näme üçin peýda getirer?

14 Mugallym özdiýenli okuwçynyň we onuň ýoldaşlarynyň aýdýanynyň nädogrudygyny bilýär. Şeýle-de olaryň garaýyşlaryny subut etmäge mümkinçilik berse, tutuş klasa peýda getirjeginem bilýär. Çünki beýleki okuwçylar garşy çykan okuwçylaryň hiç zat edip bilmeýändiklerini bilende, mugallymyň dogry aýdýanyna we sapagy diňe onuň geçirip bilýändigine göz ýetirer. Gelejekde kimdir biri mugallymyň hukugyny ýene-de şübhä goýjak bolsa, onda onuň näme üçin ýol bermeýändigine hemmeler düşüner. Ýehowa meseläniň şeýle çözülişiniň wepaly adamlara we perişdelere peýda getirjekdigini bilýär, ýagny Şeýtandyr pitneçileriň ýalançydygyna hem-de adamlaryň hökümetiniň şowsuz boljakdygyna ynanarlar. Olar: «Öz ýodalaryna ugur görkezmek adamyň ygtyýarynda däldir» diýen Ýermeýa pygamberiň sözleriniň hakykatdygyna düşünerler (Ýermeýa 10:23).

NÄME ÜÇIN UZAGA ÇEKDI?

15, 16. a) Ýehowa horluklara näme üçin uzak wagtlap ýol berdi? b) Ýehowa näme üçin erbetligiň we jenaýatlygyň öňüni almaýar?

15 Ýöne Ýehowa näme üçin horluklaryň uzaga çekmegine ýol berdi? Näme üçin ol adamlary betbagtçylykdan gutarmaýar? Ýokardaky mysaly ýatlalyň. Görşümiz ýaly, mugallym özdiýenli okuwçyny saklaman, öz diýenini subut etmäge rugsat berdi. Meseläni çözmäge hem kömek etmedi. Ýehowa hem şeýle etdi. Ol Şeýtany we onuň yzyna eýerýänleri saklamady hem-de olara öz diýenini subut etmäge päsgel bermedi. Gaýtam, Ýehowa olara wagt berdi. Müňlerçe ýylyň dowamynda adamlar dürli hökümetleri döretdi. Olar ylymda we beýleki ugurlarda käbir üstünlige ýetseler-de, adalatsyzlyk, garyplyk, jenaýatlyk hem-de uruşlar görlüp-eşidilmedik möçberde möwç alýar. Ynsan hökümetleriniň şowsuzlyga uçrandygy aýdyň boldy.

16 Ýehowa Şeýtana hökümdarlyk etmäge ýardam etmedi. Eger Hudaý erbetligiň we jenaýatlygyň öňüni alsa, pitneçilere ýardam edeni bolmazmydy? Çünki şeýle ýagdaýda adamlar ýer ýüzünde özbaşdak gowy höküm sürüp bilýändirler öýderdi we hökümetiň erbet netijesini görüp bilmezdiler. Eger Ýehowa şeýle eden bolsa, onda ýalany goldardy. «Hudaýyň [bolsa] ýalan sözlemegi mümkin» däldir (Ýewreýler 6:18).

17, 18. Ýehowa adamlaryň hökümetiniň hem-de Şeýtanyň ýetiren zyýanyny nädip aýrar?

17 Pitnäniň müňlerçe ýyllap adamlara ýetirýän zyýanyna näme bolarka? Biz Ýehowanyň Gudraty güýçli Hudaýdygyny ýatda saklamaly. Ol adamzada ýeten ähli zyýany aýryp bilýär we ony hökman eder. Bilşimiz ýaly, ýer indi dargamaz, ol täzeden Jennete öwrüler. Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman etsek, günäniň ähli zyýany aýrylar, ölümi bolsa direliş ýeňer. Hudaý «Iblisiň işlerini ýogaltmagy» Isa Mesihe tabşyrdy (1 Ýahýa 3:8). Ýehowa bu zatlary öz bellän wagtynda ýerine ýetirer. Biz Hudaýyň öň hereket edip başlamandygyna begenýäris, çünki onuň sabyrlylygy arkaly hakykaty bildik we oňa gulluk etmäge mümkinçilik döredi (2 Petrus 3:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa şu günler oňa ak ýürekden gulluk edesi gelýän adamlary gözleýär. Ol aladaly dünýäde kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär (Ýahýa 4:23; 1 Korinfliler 10:13).

18 Emma şeýle sorag ýüze çykýar: Ýehowa Adam ata bilen How enäni näme üçin hemişe dogry hereket eder ýaly ýaratmady? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin, Ýehowanyň nähili gymmat sowgat berendigini ýada salmaly.

SEN NÄME EDERSIŇ?

Hudaý saňa ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek eder

19. Ýehowa bize nähili sowgat berdi we ony näme üçin gymmat saýmaly?

19 5-nji bapdan bilşimiz ýaly, adamlar erkin ýaradyldy. Munuň gymmatly sowgatdygyny bilýäňmi? Hudaý haýwanlary aňly-düşünjeli ýaratmady (Süleýmanyň tymsallary 30:24). Adamlar etmeli işi kesgitlenen robotlary döredýär. Eger bizem şeýle ýaradylan bolsak, bagtly bolarmydyk? Elbetde, ýok. Biz isleýşimiz ýaly ýaşap, dostumyzy hem-de kesp-kärimizi özümiz saýlap bilýänligimize begenýäris. Bize bu erkinlik ýaraýar, Hudaý hem şuny isleýär.

20, 21. Erkinligi nädip dogry ulanyp bileris we bu näme üçin wajyp?

20 Ýehowa biziň mejburlyk bilen gulluk etmegimizi islemeýär (2 Korinfliler 9:7). Çaga: «Men seni söýýärin» diýip, biriniň sözüni gaýtalasa ata-enä ýararmy ýa-da ýürekden aýtsa? Eýsem, sen Ýehowanyň beren erkinligini nädip ulanarsyň? Şeýtan hem-de Adam ata bilen How ene iň erbet ýoly saýladylar. Olar Ýehowa Hudaýy inkär etdiler. Eýsem, sen näme edersiň?

21 Sen bu ajaýyp sowgady, ýagny erkinligi dogry ulanyp bilersiň. Ýehowanyň tarapyny tutýan millionlarça adamlara goşulyp bilersiň. Bu adamlar Ýehowany begendirýärler, çünki Şeýtanyň ýalançydygyny we onuň erbet hökümdardygyny subut edýärler (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Senem durmuşda dogry ýol saýlap bilersiň. Bu hakda indiki bapdan bileris.