Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

13-NJI BAP

Ýaşaýşa Hudaýyň garaýşy ýaly garamak

Ýaşaýşa Hudaýyň garaýşy ýaly garamak
  • Hudaý ýaşaýşa nähili garaýar?

  • Hudaý çaga aýyrtmaklyga nähili garaýar?

  • Ýaşaýşa nädip hormat goýmaly?

1. Ähli diri zatlary kim ýaratdy?

ÝERMEÝA pygamber Ýehowa: «Diri Hudaý» diýdi (Ýermeýa 10:10). Şeýle-de Ýehowa ähli diri zatlaryň Ýaradyjysy. Gökdäki perişdeler ony şöhratlandyryp şeýle diýýärler: «Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy» (Ylham 4:11). Dawut patyşa hem Hudaýa öwgi aýdyp: «Ýaşaýşyň gözbaşy Sendedir» diýdi (Zebur 36:9). Diýmek, ýaşaýyş Hudaýyň sowgady.

2. Hudaý ýaşaýyş üçin bize näme berýär?

2 Ýehowa ýaşaýyş üçin gerek zatlary hem berýär (Resullaryň işleri 17:28). Ol ýaşaýyş üçin Ýeri ýaratdy hem-de bize iýmit, suw we howa berýär (Resullaryň işleri 14:15—17-nji aýatlary okaň). Ýehowa bizi lezzet alyp ýaşar ýaly ýaratdy. Ýöne ýaşaýyşdan lezzet almak üçin, Hudaýyň kanunyny öwrenip, ony ýerine ýetirmeli (Işaýa 48:17, 18).

ÝAŞAÝŞA HORMAT GOÝMAK

3. Hudaý Habylyň öldürilmegine nähili garady?

3 Hudaý öz ýaşaýşymyza we başga adamlaryň ýaşaýşyna hormat goýmagymyzy isleýär. Mysal üçin, gadym wagtlarda Adam ata bilen How enäniň ogly Kabyl inisine gaty gaharlandy. Ýehowa Kabyla gazabyň agyr günä eltjekdigini duýdurdy. Emma Kabyl Hudaýa gulak asman, inisi Habyly öldürdi (Gelip çykyş 4:3—8). Ýehowa oňa adam öldüreni üçin temmi berdi (Gelip çykyş 4:9—11).

4. Musanyň kanuny Hudaýyň ýaşaýşa garaýşyny nädip görkezýärdi?

4 Müňlerçe ýyl geçensoň, Ýehowa Ysraýyl halky dogry sežde eder ýaly kanun berdi. Bu kanun Musa pygamber arkaly berildi, şonuň üçin oňa Musanyň kanuny hem diýilýär. Musanyň kanunynda: «Adam öldürme» diýilýär (Kanun taglymaty 5:17). Bu tabşyryk ysraýyllylara Hudaýyň ýaşaýşa hormat goýýandygyny hem-de adamlaram ýaşaýşa hormat goýmalydygyny görkezýärdi.

5. Çaga aýyrtmak bolýarmy?

5 Biz heniz dogulmadyk çaga nähili garamaly? Musanyň kanuny boýunça enesiniň göwresindäki çagany öldürmek nädogry. Görşümiz ýaly, Ýehowa üçin ýaňy düwünçek bolan çaga hem gymmatly (Müsürden çykyş 21:22, 23; Zebur 127:3-nji aýatlary okaň). Şonuň üçinem çagany aýyrtmak nädogry.

6. Adamlary näme üçin ýigrenmeli däl?

6 Adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmak hem ýaşaýşa hormat goýmakdyr. Mukaddes Ýazgylar: «Doganyny ýigrenýän kişi ganhordyr, siz hiç bir ganhorda ebedi ýaşaýşyň galmaýanyny bilýänsiňiz» diýýär (1 Ýahýa 3:15). Biziň ebedi ýaşasymyz gelse, ýüregimizdäki ýigrenji köki bilen sogrup aýyrmaly, çünki ýigrenç köplenç zorluga eltýär (1 Ýahýa 3:11, 12). Adamlary söýmegi öwrenmeli.

7. Haýsy endikler ýaşaýşa hormat goýmaýandygyňy görkezýär?

7 Ýaşaýşa hormat goýýandygyň nämede görünýär? Hiç bir adamyň ölesi gelenok, emma şonda-da käbirleri keýp üçin janyny howp astyna salýar. Meselem, olar nas atýarlar ýa-da çilim, neşe, tirýek çekýärler. Şu zatlar saglyga zyýan ýetirýär, köplenç ölüme-de eltýär. Olara endik eden adamlar ýaşaýşa hormat goýmaýar. Şeýle zyýanly endikler Hudaýyň öňünde hapa (Rimliler 6:19; 12:1; 2 Korinfliler 7:1-nji aýatlary okaň). Hudaýa ýaramly ýaşamak üçin bu endikleri taşlamaly. Olary taşlamak ýeňil düşmez. Emma Ýehowa güýç berip kömek eder. Ol ýaşaýşa gymmat sowgat hökmünde garap, edýän tagallalarymyzyň gadyr-gymmatyny bilýär.

8. Näme üçin seresap bolmaly?

8 Ýaşaýşa hormat goýsak, seresap bolarys. Biz geleňsizlik edip, ýiti duýgulary berýän göwün açmalar üçin janymyzy howp astyna salmarys. Maşyny seresaply süreris hem-de sportuň howply we zyýanly görnüşlerinden gaça durarys (Zebur 11:5). Ysraýyllylara berlen kanunda şeýle diýilýär: «[Üsti tekiz] täze jaý salanyňda, biri ondan ýykylyp, sen onuň ganyna galmaz ýaly, üçegiň daşyna tutalga aýla» (Kanun taglymaty 22:8). Şu prinsipe eýer-de, hiç kim büdräp ýykylmaz ýaly jaýyňy hem-de basgançagyňy abat sakla. Maşynyň bar bolsa howpsuz sürer ýaly bejer. Öýüň hem-de maşynyň hiç kime zyýan ýetirmesin.

9. Ýaşaýşa hormat goýsak haýwanlara nähili gararys?

9 Eýsem, haýwanlara nähili garamaly? Ýaradyjy üçin olaryň hem jany gymmatly. Hudaý haýwanlary diňe iýmit ýa geýim üçin ýa-da adamlara howp salanda öldürmäge rugsat berýär (Gelip çykyş 3:21; 9:3; Müsürden çykyş 21:28). Haýwanlara wagşylyk etmek ýa-da olary göwün açmak üçin öldürmek nädogry. Şeýle etmek, mukaddes ýaşaýşa hormat goýmazlykdyr (Süleýmanyň tymsallary 12:10).

GANA HORMAT GOÝMAK

10. Hudaý jan bilen ganyň bir zady aňladýandygyny nädip görkezdi?

10 Kabyl Habyly öldürenden soň, Ýehowa oňa: «Doganyň gany toprakdan Meni gygyrýar» diýdi (Gelip çykyş 4:10). Habylyň gany onuň janyny aňladýar. Kabyl, Habylyň janyny alany üçin, temmi almalydy. Başgaça aýdanyňda, Habylyň gany, ýagny onuň jany Ýehowadan adalatlylygy talap edýärdi. Gan bilen janyň bir zady aňladýandygy, Nuhuň tupanyndan soňam aýdyldy. Tupandan öň adamlar diňe miwedir ir-iýmiş iýýärdi. Tupandan soň Ýehowa Nuha we onuň ogullaryna: «Hereket eden her haýwan size iýmit bolar, gök ot ýaly hemmesini size berdim. Ýöne welin, eti onuň jany, ýagny gany bilen iýmäň» diýip duýdurdy (Gelip çykyş 1:29; 9:3, 4). Görşümiz ýaly, Ýehowa üçin jan bilen gan bir zady aňladýar.

11. Nuh pygamberiň günlerinden bäri, gany näme etmelidi?

11 Gana hormat goýmak üçin ony iýmeli ýa-da içmeli däl. Ýehowanyň ysraýyllylara beren kanunynda şeýle diýilýär: «Kimdir biri iýip bolýan guşy ýa-da haýwany tutsa, onuň damagyny çalyp, ganyny ýere gömmeli... Men Ysraýyl ogullaryna: eti gany bilen iýmäň diýdim» (Lewiler 17:13, 14). Görşümiz ýaly, haýwanlaryň etini gany bilen iýmezlik barada Nuh pygambere berlen tabşyryk 800 ýyldan soňam berjaý edilmelidi. Ýehowanyň gana garaýşy düşnükli. Onuň gullukçylary haýwanlaryň etini iýip bilýärdi, ýöne ganyny çykarmalydy. Başgaça aýdanyňda, ýaşaýşy Ýaradyja gaýtarmak üçin gany ýere dökmelidi.

12. Şu günler I asyrdaky ýaly gan babatda haýsy tabşyrygy berjaý etmeli?

12 Bu tabşyryk mesihçilere hem degişli. B. e. I asyrynda resullar we ýolbaşçylyk edýän doganlar mesihçileriň haýsy tabşyryklary ýerine ýetirmelidigi barada maslahata ýygnandylar. Olar şeýle karara geldiler: «Mukaddes ruh we biz siziň üstüňize wajyp bolan şu zatlardan başga hiç bir zady ýüklemezligi unadyk: Butlara gurban edilen iýmitlerden, gandan, boglan haýwanlaryň etinden [gany çykarylmadyk et], zynadan gaça duruň» (Resullaryň işleri 15:28, 29; 21:25). Görşümiz ýaly, mesihçiler gandan gaça durmaly. Hudaý üçin bu tabşyryk butparazlykdan we zynadan gaça durmaly diýen tabşyryklar ýaly wajyp.

Lukman saňa spirtli içgi içmeli däl diýse, sen ony içmän damardan goýberseň dogry bolarmy?

13. Gandan gaça durmaly diýen tabşyryk gan goýbermezligi-de aňladýarmy? Düşündir.

13 Gandan gaça durmaly diýen tabşyryk gan goýbermezligi-de aňladýarmy? Hawa. Aýdaly, lukman saňa spirtli içgi içmeli däl diýdi. Eger-de sen ony içmän damardan goýberseň, dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Şonuň ýaly-da «gandan gaça durmaly» diýen tabşyryk hem gany hiç hili görnüşde ulanmazlygy aňladýar. Bu tabşyrygy ýerine ýetirýän mesihçi gan goýbermez.

14, 15. Eger lukmanlar gan goýbermeli diýseler, mesihçi näme eder we näme üçin?

14 Eger mesihçiniň ýagdaýy agyr ýa-da operasiýa edilmeli bolsa, onda näme etmeli? Aýdaly, lukman gan goýbermesek, keselli adam öler diýýär. Elbetde, mesihçiniň ölesi gelenok. Şol sebäpli ol janyny, ýagny Hudaýyň beren sowgadyny goramak üçin gansyz bejerişe razy bolar. Mesihçi gan goýbermegiň deregine, başga gowy bejerişi gözlär.

15 Mesihçi ömrüni uzaltmak üçin Hudaýyň kanunyny bozarmy? Isa pygamber şeýle diýdi: «Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder» (Matta 16:25). Biziň ölesimiz gelenok. Ýöne janymyzy halas etmek üçin Hudaýyň kanunyny bozsak, baky ýaşaýşy ýitireris. Biz Ýehowanyň kanunynyň adalatlydygyna şübhelenmeli däl. Biz bir sebäp bilen ölsek-de, Ýaradyjymyzyň ýadyndagyna we direltjekdigine ynanmaly (Ýahýa 5:28, 29; Ýewreýler 11:6).

16. Hudaýyň gullukçylary ganyň ulanyşyna nähili garaýarlar?

16 Şu günler Hudaýyň wepaly gullukçylary gan baradaky görkezmä eýerýärler. Olar iýmitiň düzüminde gan bolsa iýmezler. Şeýle-de özüni bejertmek üçin gan goýbertmezler *. Olar ganyň dogry ulanyşyny Hudaýyň gowy bilýändigine ynanýarlar, çünki gany Hudaý ýaratdy. Senem munuň bilen ylalaşýaňmy?

GANYŇ DOGRY ULANYLYŞY

17. Ýehowanyň kanuny boýunça, gan haýsy maksat üçin niýetlendi?

17 Musa pygamberiň kanuny boýunça, gan diňe bir maksat üçin niýetlendi. Ýehowa gadymy ysraýyllylara şeýle tabşyryk berdi: «Bedeniň jany gandadyr, Men size ony janyňyzy satyn alar ýaly, gurban edilýän ýer üçin niýetledim, çünki gan jany satyn alýar» (Lewiler 17:11). Günäleriniň ötülmegi üçin ysraýyllylar maly gurban etmelidi we onuň gany bilen mukaddes çadyrdaky gurban edilýän ýere sepmelidi. Birnäçe ýyldan soň bolsa, bu kanuny ybadathanada ýerine ýetirmelidi. Görşümiz ýaly, gany diňe gurban edilýän ýerde ulanylmalydy.

18. Isa Mesihiň döken gany nämä ýol açdy?

18 Hakyky mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarlar, şonuň üçin olara gurban bermek we gurban edilýän ýere gan sepmek gerek däl (Ýewreýler 10:1). Emma ganyň şeýle ulanylyşy, Hudaýyň Ogly Isa Mesihiň has gymmatly gurban bermelidigini görkezýärdi. 5-nji bapdan bilşimiz ýaly, Isa Mesih ganynyň dökülmegine razy bolup, biziň üçin janyny gurban etdi. Soňra ol göge baryp, döken ganynyň bahasyny Hudaýa hemişelik hödürledi (Ýewreýler 9:11, 12). Bu biziň günälerimiziň ötülmegine we ebedi ýaşaýşa ýol açdy (Matta 20:28; Ýahýa 3:16). Dökülen gan gör, nähili gymmatlydy! (1 Petrus 1:18, 19). Çünki Isa Mesihiň döken ganyna iman etsek halas bolarys.

Ýaşaýşa we gana nädip hormat goýup bolýar?

19. Biz «bütin adamlaryň ganyndan tämiz» bolar ýaly näme etmeli?

19 Biz Ýehowa ajaýyp ýaşaýşy bereni üçin minnetdar! Bu Isa Mesihiň gurbanyna iman edýänleriň ebedi ýaşap biljekdigini gürrüň bermäge höweslendirmeýärmi? Ýaşaýşa Ýehowanyň garaýşy ýaly garasak, gutulyş habaryny yhlas bilen wagyz ederis (Ezekiýel 3:17—21-nji aýatlary okaň). Bu işe yhlasly ýapyşsak, Pawlus resul ýaly: «Bütin adamlaryň ganyndan tämizdigime güwä geçýärin. Çünki men Hudaýyň bütin yradasyny wagyz etmegi sizden gaýgyrmadym» diýip bileris (Resullaryň işleri 20:26, 27). Adamlara Hudaý we onuň niýetleri barada gürrüň berip, Ýehowanyň sowgat beren ýaşaýşyny we ganyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris.

^ abzas 16 Gansyz bejeriş usullary baradaky maglumaty, «Gan seniň janyňy nädip halas eder?» diýen Ýehowanyň Şaýatlarynyň köp dilde çap eden broşýurasynyň 13—17-nji sahypalaryndan taparsyň.