Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

14-NJI BAP

Maşgalany nädip bagtly etmeli?

Maşgalany nädip bagtly etmeli?
  • Maşgalada äriň borjy

  • Maşgalada aýalyň borjy

  • Ata-enäniň borjy

  • Maşgala bagtly bolar ýaly, çagalar nädip goşant goşup biler?

1. Maşgalany näme bagtly edýär?

ÝEHOWA HUDAÝ maşgalamyzyň bagtly bolmagyny isleýär. Mukaddes Ýazgylarda maşgalanyň her bir agzasynyň etmeli borjy görkezilýär. Eger-de olaryň her biri öz borjuny ýerine ýetirse, onda netijesem gowy bolar. Isa pygamber: «Hudaýyň sözüni eşidip, ony ýerine ýetirýänler has hem bagtlydyr!» diýdi (Luka 11:28).

2. Maşgalaň bagtly bolmagy üçin nämä düşünmeli?

2 Maşgalaň bagtly bolmagy üçin, ony Ýehowa Hudaýyň döredendigine düşünmeli. Isa Mesih hem Ýehowa «Atamyz!» diýdi (Matta 6:9). Her bir maşgala gökdäki Atamyzyň öňünde borçly we ol maşgalanyň bagtly bolmagy üçin näme gerekdigini gowy bilýär (Efesliler 3:14, 15). Maşgala agzalaryna Hudaýyň beren borjy barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

MAŞGALANY DÖREDEN — HUDAÝ

3. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, maşgala nädip döredi we näme üçin muňa ynanyp bileris?

3 Ýehowa Hudaý Adam ata bilen How enäni ýaradyp, olary är-aýal etdi. Hudaý olary ajaýyp Erem bagynda, ýagny Jennetde ýerleşdirdi. Ýehowa olaryň çagalarynyň bolmagyny isledi. Ol Adam ata bilen How enä: «Hasylly boluň we köpeliň we ýer ýüzüni dolduryň» diýdi (Gelip çykyş 1:26—28; 2:18, 21—24). Bu rowaýat däl, çünki ilkinji maşgalanyň döreýşi barada Barlyk kitabynda ýazylanlaryň hakykatdygyny Isa-da tassyklady (Matta 19:4, 5). Biz dürli kynçylyklara duş gelsegem, häzirki durmuş Hudaýyň ilkinji niýetinden tapawutlansa-da, maşgalany bagtly edip bolýar. Nädip?

4. a) Maşgala bagtly bolar ýaly her bir adam näme etmeli? b) Maşgala bagtly bolar ýaly näme üçin Isa Mesih barada bilim almaly?

4 Maşgalada her bir adam söýmekde Hudaýdan görelde alsa, maşgala bagtly bolar (Efesliler 5:1, 2). Ýöne biz Hudaýy görmesek, ondan nädip görelde alyp bileris? Ýehowa ýere ilkinji doglan Ogly Isa Mesihi iberdi, bizem ondan öwrenip bileris (Ýahýa 1:14, 18). Isa gökdäki Atasyna şeýle bir meňzeýärdi welin, ony diňleýän we görýän adamlar, Ýehowanyň özi bilen gürrüňdeş bolýan ýalydy (Ýahýa 14:9). Şonuň üçin Isa Mesih barada bilim alyp, onuň söýşi ýaly söýsek, maşgalamyzy bagtly edip bileris.

ÄRLER ÜÇIN GÖRELDE

5, 6. a) Isa imanlylar ýygnagyna nähili garaýar we ärler Isadan näme öwrenip biler? b) Günälerimiziň bagyşlanmagy üçin näme etmeli?

5 Mukaddes Ýazgylar är aýalyna Isanyň şägirtlerine garaýşy ýaly garamaly diýýär: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly siz hem aýalyňyzy söýüň. (Çünki ol ýygnak üçin) Özüni pida etdi. Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam, Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr» (Efesliler 5:23, 25—29).

6 Isanyň imanlylar ýygnagyna bolan söýgüsi ärler üçin gowy görelde. Isa şägirtlerini «ahyryna çenli söýdi». Şägirtleri bikämil bolsa-da, olar üçin janyny pida etdi (Ýahýa 13:1; 15:13). Mukaddes Ýazgylarda: «Ärler, aýalyňyzy elmydama söýüň we olar bilen özüňizi gödek alyp barmaň» diýilýär (Koloslylar 3:19, TD). Aýaly paýhassyz bir iş edende-de, äri bu maslahata eýerer ýaly näme kömek eder? Ol özüniňem ýalňyşýandygyny we Hudaýyň bagyşlamagyna mätäçdigini unutmaly däl. Hudaý bagyşlar ýaly, ol näme etmelikä? Är özüne garşy günä edýänleri, şol sanda hem aýalyny bagyşlamaly. Bu sözler aýala-da degişli (Matta 6:12, 14, 15-nji aýatlary okaň). Biri-birine geçirimlik edýän är-aýala, ýöne ýere «bagtly maşgala» diýilmeýär.

7. Isa nämäni göz öňünde tutýardy we ärler ondan näme öwrenip biler?

7 Şeýle-de ärler Isa Mesihiň öz şägirtleriniň aladasyny edendigini bilmeli. Ol şägirtleriniň mümkinçiligini we başarjak zatlaryny göz öňünde tutýardy. Mysal üçin, olar ýadanda Isa: «Siziň ýeke özüňiz bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi (Markus 6:30—32). Aýallar hem aladasynyň edilmegine mynasyp. Mukaddes Ýazgylar aýallara «ejiz gap» diýýär, ärler olary «sylamaly». Näme üçin? Sebäbi erkek adam ýaly aýal maşgala-da «ýaşaýyş merhemetiniň mirasdaşlarydyr» (1 Petrus 3:7). Hudaýa adamlaryň jynsy däl-de, wepalylygynyň gymmatlydygyny ärler ýatda saklamaly (Zebur 101:6).

8. a) Näme üçin «aýalyny söýýän özüni söýýändir» diýse bolar? b) Är-aýala «bir tendir» diýmek nämäni aňladýar?

8 Mukaddes Ýazgylar: «Aýalyny söýýän özüni söýýändir» diýýär. Çünki Isanyň aýtmagyna görä, är-aýal indi «iki däl, bir tendir» (Matta 19:6). Bu diňe är-aýalyň jynsy gatnaşykda bolup bilýändigini görkezýär (Süleýmanyň tymsallary 5:15—21; Ýewreýler 13:4). Olar biri-biriniň zerurlygyny höwes bilen kanagatlandyrsa, nikada wepaly bolarlar (1 Korinfliler 7:3—5). Mukaddes Ýazgylar: «Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän,... ony iýmitlendirip timarlaýandyr» diýip ýatladýar. Är özüni söýşi ýaly, aýalyny-da söýmeli we Isa Mesihe tabyn bolmaly (Efesliler 5:29; 1 Korinfliler 11:3).

9. Filipililer 1:8-de Isanyň haýsy häsiýeti barada aýdylýar we ondan ärler nädip görelde alyp biler?

9 Pawlus resul Isa Mesihiň ýygnagy söýendigini aýdýar (Filipililer 1:8). Isanyň söýgüsi köp adamlary, hatda onuň şägirdi bolan aýallary hem özüne çekýärdi (Ýahýa 20:1, 11—13, 16). Aýal hem äriniň söýmegini isleýär.

AÝALLARA GÖRELDE

10. Isa aýallara nähili görelde galdyrdy?

10 Maşgala — är-aýalyň birleşmegidir, emma onuň abadançylygy üçin kimdir biri ýolbaşçy bolmaly. Hatda Isa-da bir başa boýun bolýar. «Aýalyň baýary erkek» bolşy ýaly, «Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Korinfliler 11:3). Isa Atasyna tabyn bolup, bize ajaýyp görelde galdyrdy, çünki her kes kimdir birine tabyn bolmaly.

11. Aýal ärine nähili garamaly we ol özüni şeýle alyp barsa nähili netije getirer?

11 Ärler bikämil bolany üçin, käte gowy maşgalabaşy bolup bilmeýär. Şeýle ýagdaýda aýal özüni nähili alyp barmaly? Ol ärini kemsitmeli ýa-da maşgalabaşy borjuny öz eline aljak bolmaly däl. Aýal ýumşak we ýuwaş ruhy Hudaýyň gymmat saýýandygyny bilmeli (1 Petrus 3:4). Eger-de aýal şeýle etse, onda kynçylyklarda-da maşgalabaşa boýun bolmak ýeňil düşer. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar: «Aýal hem ärini sylasyn» diýýär (Efesliler 5:33). Ýöne äri Isa Mesihe boýun bolmasa näme etmeli? Mukaddes Ýazgylar aýallary şeýle ündeýär: «Öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Petrus 3:1, 2).

12. Öz pikiriňi aýtmak näme üçin äriňe hormat goýmazlyk däl?

12 Öz pikiriňi sypaýylyk bilen aýtmak, äriňe boýun bolmaýandygyňy aňlatmaýar. Äri imandaş bolmasa-da, aýal öz närazylygyny ýumşaklyk bilen aýdyp biler. Belki, aýalynyň teklibi dogrudyr we maşgalasyna peýda-da getirer. Ybraýym bir meselede aýaly bilen ylalaşmadyk wagty, Hudaý oňa: «Saranyň aýdan sözüne gulak as» diýdi (Gelip çykyş 21:9—12-nji aýatlary okaň). Emma äriniň karary Hudaýyň kanunyny bozmaýan bolsa, aýaly ärine gulak asmaly we goldamaly (Resullaryň işleri 5:29; Efesliler 5:24).

Sara aýallara nähili görelde galdyrdy?

13. a) Titus 2:4, 5-nji aýatlar aýallary nämä ündeýär? b) Mukaddes Ýazgylar aýry ýaşamak we nikany bozmak barada näme diýýär?

13 Aýal borjuny ýerine ýetirse, maşgalanyň bagtly bolmagyna ýardam eder. Meselem, Mukaddes Ýazgylar aýallary «öz ärlerini, çagalaryny söýýän, sagdyn düşünjeli, päk, öýünde işeňňir, oňat we öz ärlerine tabyn bolmagy» ündeýär (Titus 2:4, 5). Bu maslahata eýerýän aýallary äri-de, çagalary-da söýer we sylar (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 28-nji aýatlary okaň). Nika iki sany bikämil adamyň birleşigi bolany üçin, aýry ýaşamaklyga ýa-da nikany bozmaklyga eltip biler. Mukaddes Ýazgylar käbir ýagdaýlarda är-aýala aýry ýaşamaga ýol berýär. Ýöne muňa ýüzleý garamaly däl, çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Aýal aýry ýaşamak üçin ärinden gitmesin... erkek adam hem aýalyny taşlamasyn» diýilýär (1 Korinfliler 7:10, 11, TD). Mukaddes Ýazgylar, diňe är-aýalyň biri zyna etse, nikany bozmaga ýol berýär (Matta 19:9).

ATA-ENELERE GÖRELDE

14. Isa Mesih çagalara nähili garaýardy we olar nämä mätäç?

14 Isa Mesih ata-eneleriň çagalara nähili garamalydygy barada gowy görelde galdyrdy. Haçan-da Isanyň ýanyna çagalary goýbermän saklanlarynda, ol: «Degmäň, çagalar meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň» diýdi. Mukaddes Ýazgylarda Isa «çagalary gujaklap, elini üstlerinde goýup, olara ak pata berdi» diýilýär (Markus 10:13—16). Eger-de Isa Mesih çagalara wagt sarp eden bolsa, onda bizem çagalarymyza wagt sarp etmeli dälmi? Çagalara sähelçe wagt däl-de, köp wagt sarp etmeli. Olara öwredip terbiýe bermeli, çünki muny ata-enelerden Ýehowa talap edýär (Kanun taglymaty 6:4—9-njy aýatlary okaň).

15. Ata-eneler çagalaryny nädip goramaly?

15 Zamana gitdigiçe erbetleşýär, şonuň üçin ata-eneler çagalaryny bozuk adamlardan goramaly. Meselem, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary azdyrýan ahlaksyz adamlardan goramaly. Isa Mesihiň «çagalar» diýip, atlandyran şägirtlerini nädip goranyna üns ber. Haçan-da Isany tussag edip öldürjek bolanlarynda, ol şägirtlerini goýbermekleriniň aladasyny etdi (Ýahýa 13:33; 18:7—9). Eger çagaň bar bolsa, Iblis zyýan ýetirmez ýaly, olara has-da ünsli bolmaly. Bu zalym dünýädäki howply zatlar barada çagalara öňünden duýdurmaly * (1 Petrus 5:8). Olara beden, ruhy we ahlak taýdan henize çenli şeýle uly howp abanmandy.

Ata-eneler Isa Mesihden näme öwrenip biler?

16. Isa Mesih şägirtleriniň bikämilligine nähili garady we ata-eneler ondan nähili görelde alyp biler?

16 Isa Mesihiň öldüriljek gijesi şägirtleri öz aralarynda kimiň uludygy hakda jedel etdiler. Isa olara gaharlanmagyň deregine, ýene-de söýgi bilen düşündirdi we görelde görkezip sapak berdi (Luka 22:24—27; Ýahýa 13:3—8). Ata-eneler çagalara terbiýe bereniňizde, nädip Isanyň göreldesine eýerip bilersiňiz? Elbetde, temmi bermeli, ýöne çägini bilmeli. Çagalardan gaharyňy çykarmaly däl. «Gylyjyň sanjylyşy ýaly», oýlanyşyksyz sözlerden gaça durmaly (Ýermeýa 30:11; Süleýmanyň tymsallary 12:18). Temmi bereniňde, çagalar onuň peýdalydygyna düşüner ýaly edip temmi bermeli (Efesliler 6:4; Ýewreýler 12:9—11).

ÇAGALARA GÖRELDE

17. Isa Mesih çagalara nähili görelde galdyrdy?

17 Çagalar Isa Mesihden görelde alyp bilermi? Elbetde! Isa ata-enä gulak asmagy görelde görkezdi. Isa: «Atanyň öwredenlerini aýdýaryn... Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi (Ýahýa 8:28, 29). Isa gökdäki Atasyna gulak asýardy. Mukaddes Ýazgylaram çagalaryň ata-enesine gulak asmagyny ündeýär (Efesliler 6:1—3-nji aýatlary okaň). Isa kämil bolsa-da, ýerdäki bikämil ata-enesine, ýagny Ýusup bilen Merýeme gulak asýardy. Bu, elbetde, maşgalanyň bagtly bolmagyna goşant goşandyr (Luka 2:4, 5, 51, 52).

18. Isa Mesih gökdäki Atasyna näme üçin hemişe tabyn bolýardy we çagalaryň gulak asmagy kimi begendirýär?

18 Çagalar Isadan görelde alyp, ata-enesini nädip begendirip biler? Elbetde, ata-enä gulak asmak aňsat düşýän däldir, ýöne Ýehowa çagalaryň gulak asmagyny isleýär (Süleýmanyň tymsallary 1:8; 6:20). Isa kyn ýagdaýda-da gökdäki Atasyna tabyn bolýardy. Bir sapar Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek kyn bolanda, Isa Atasyna: «Bu käsäni [tabşyrygy] Menden geçir» diýip haýyş etdi. Ýöne şonda-da ol Hudaýyň islegini ýerine ýetirdi, çünki näme etmelidigini Atasynyň gowy bilýändigine düşünýärdi (Luka 22:42). Çagalar gulak asmagy öwrenseler, ata-enesini we gökdäki Atasyny begendirerler * (Süleýmanyň tymsallary 23:22—25).

Ýaş oglan-gyzlar synaga düşende nämäni unutmaly däl?

19. a) Şeýtan çagalara näme etdirýär? b) Çaga erbet iş etse, hossarlaryna nähili täsir eder?

19 Iblis Isany synan bolsa, çagalara-da erbet iş etdirjegi gürrüňsiz (Matta 4:1—10). Şeýtan Iblisiň hileleriniň biri — deň-duşlaryň täsiri. Olara garşy durmak aňsat däl. Şonuň üçin Hudaýyň ýolundan ýöremeýänler bilen dostlaşmaly däl (1 Korinfliler 15:33). Ýakubyň gyzy Dinanyň Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen dostlaşygy uly betbagtçylyga getirdi (Gelip çykyş 34:1, 2). Çaga ahlaksyzlyk etse, hossarlaryna nähili agyr deger! (Süleýmanyň tymsallary 17:21, 25).

MAŞGALANY NÄME BAGTLY EDÝÄR?

20. Maşgala bagtly bolar ýaly, maşgalanyň her bir agzasy nädip goşant goşup biler?

20 Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyny ulansak, maşgaladaky kynçylyklary çözmek aňsat bolar. Hudaýyň Sözündäki maslahatlar maşgalany bagtly edýär. Ärler, aýalyňyzy söýüň, olara Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyna garaýşy ýaly garaň. Aýallar, äriňize maşgalabaşy hökmünde garaň we Süleýmanyň tymsallary 31:10—31-nji aýatlardaky başarjaň aýaldan görelde alyň. Ata-eneler, çagalaryňyza terbiýe beriň (Süleýmanyň tymsallary 22:6). Atalar, «öýüňizi oňat dolandyryň» (1 Timoteos 3:4, 5; 5:8; Koloslylar 3:20). Çagalar, ata-eneňize gulak asyň. Bikämil adamlaryň hemmesi ýalňyşýar. Şonuň üçin biri-biriňizden ötünç soraň.

21. Bize nähili gelejek garaşýar we maşgalamyzy häzirden nädip bagtly edip bileris?

21 Mukaddes Ýazgylarda maşgalany bagtly edýän peýdaly maslahatlar hem-de prinsipler bar. Şeýle-de onda Hudaýyň täze dünýäsi, ýagny Jennet barada aýdylýar. Jennetde Ýehowanyň gullukçylary bagtly ýaşar (Ylham 21:3, 4). Bize gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň maslahatyna eýersek, maşgalamyzy häzirden bagtly edip bileris.

^ abzas 15 Çagalaryňy nädip goramak barada, Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dilde çap eden «Beýik Mugallymdan öwren» diýen kitabynyň 32-nji babynda gürrüň berilýär.

^ abzas 18 Ata-enesi diňe Hudaýyň kanunyny bozmagy talap edende, çaga olara gulak asman biler (Resullaryň işleri 5:29).