Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY BAP

Hakyky seždäni kabul et

Hakyky seždäni kabul et
  • Mukaddes Ýazgylar şekilleri ulanmak barada näme diýýär?

  • Mesihçiler dini baýramçylyklara nähili garaýar?

  • Adamlaryň göwnüne degmän, dini düşünjäňi nädip düşündirmeli?

1, 2. Ýalan dinden çykansoň näme barada çynlakaý oýlanmaly we näme üçin?

AÝDALY, seniň içýän suwuňy bir adam zäherläpdir. Sen näme ederdiň? Elbetde, sen derrew arassa suwuň gözlegine çykardyň. Arassa suwy tapanyňdan soňam: «Men şol suwdan zäherlenen bolaýmaýyn?» diýip alada ederdiň.

2 Ýalan din barada hem şeýle diýse bolar. Mukaddes Ýazgylar onuň murdar taglymatlardan we däp-dessurlardan bilen zäherlenendigini aýdýar (2 Korinfliler 6:17). Şonuň üçinem «Beýik Babyldan», ýagny ýalan diniň dünýä imperiýasyndan çykmaly (Ylham 18:2, 4). Sen ýalan dinden çykdyňmy? Çykan bolsaň, berekella! Emma ýalan dinden doly çykmak üçin, ýene-de etmeli zatlar bar. Oýlanyp gör, ýalan dine degişli zatlaryň hemmesini terk etdiňmi? Käbir mysallara seredeli.

ŞEKILLERE WE ÖLEN ADAMLARA SEŽDE ETMEK

3. a) Mukaddes Ýazgylarda şekillere sežde etmek barada näme diýilýär we näme üçin Hudaýyň garaýşyny kabul etmek käbir adamlara aňsat däl? b) Ýalan dine degişli zatlary näme etmeli?

3 Köp adamlar dini şekilleri we keramatly zatlary öýlerinde ençeme ýyl saklaýar. Şeýle zatlar sende-de barmy? Belki, sen Hudaýa onsuz dogada ýüzlenip bolýan däldir öýdýänsiň. Megerem, käbir şekiller seniň üçin gymmatlydyr. Emma nädip sežde etmelidigimizi diňe Hudaý çözýär. Mukaddes Ýazgylarda Hudaý özüne şekiller arkaly sežde etmeklerini islemeýändigi aýdylýar (Müsürden çykyş 20:4, 5-nji aýatlary okaň; Zebur 115:4—8; Işaýa 42:8; 1 Ýahýa 5:21). Diýmek, hakyky dini kabul etmek üçin, ýalan dine degişli zatlary ýok etmeli. Bizem olara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. Ýehowa olary «ýigrenýär» (Kanun taglymaty 27:15).

4. a) Ölen adamlara sežde etmegiň peýdasyzdygyny nireden bilýäris? b) Ýehowa halkyna jadygöýlük bilen meşgullanmagy näme üçin gadagan etdi?

4 Köp ýalan dinlerde ölen adama sežde edýärler. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmänkä, ölen adamyň ruhy çykyp adamlara kömek berýändir ýa-da zyýan ýetirýändir öýdýärdiler. Mümkin, senem ölen dogan-garyndaşlaryň ruhuny razy etmek üçin köp zatlar edensiň. Emma 6-njy bapdan bilşimiz ýaly, adam ölensoň ýaşamaýar. Şonuň üçin ölen adam bilen gürleşmek peýdasyz. Ölen adamdan gelýän ýaly habarlar, aslynda, jynlardan gelýär. Şonuň üçinem Ýehowa ysraýyllylara ölenler bilen gürleşmegi we jadygöýlügiň başga görnüşleri bilen meşgullanmagy gadagan etdi (Kanun taglymaty 18:10—12-nji aýatlary okaň).

5. Şekillere we ölen adamlara sežde edýän bolsaň näme etmeli?

5 Ýöne sen şekillere we ölen adamlara öňden bäri sežde edýän bolsaň näme etmeli? Mukaddes Ýazgylardan şuňa degişli aýatlary okap, Hudaýyň garaýşy barada oýlan. Hakyky seždäni kabul etmek we Hudaýyň garaýşy ýaly garamak üçin Ýehowa her gün doga et (Işaýa 55:9).

ILKINJI MESIHÇILER ROŽDESTWONY BELLEMEÝÄRDI

6, 7. a) Roždestwo kimiň şanyna bellenilýär we bu baýramçylygy Isa pygamberiň ilkinji şägirtleri belleýärmidi? b) Gadymy wagtda doglan günler näme bilen baglydy?

6 Häzirki baýramçylyklaryň köpüsi ýalan dine degişli. Olaryň biri — Roždestwo. Roždestwo Isanyň doglan güni hasaplanyp, ähli hristian dininde bellenilýär. Emma Isa Mesihiň ilkinji şägirtleri, onuň doglan gününi belläpdir diýmäge hiç hili esas ýok. Dini däp-dessurlaryň gelip çykyşy baradaky kitapda şeýle diýilýär: «Birinji we ikinji asyrlarda Isanyň doglan güni bilen gyzyklanýanlar azdy; onuň doglan gününi hiç kim bilmeýärdi» («Sacred Origins of Profound Things»).

7 Isa pygamberiň şägirtleri onuň doglan gününi bilen bolsalar-da bellemezdiler. Näme üçin? «Uorld buk» diýen ensiklopediýada ilkinji mesihçiler «islendik adamyň doglan gününi butparazlaryň däbi hasaplaýardy» diýilýär. Mukaddes Ýazgylarda diňe iki doglan gün barada agzalýar, olary hem Ýehowa sežde etmeýän hökümdarlar bellediler (Gelip çykyş 40:20; Markus 6:21). Doglan günler butparaz taňrylara sežde etmek bilenem bagly. Mysal üçin, gadymy rimliler maý aýynyň 24-ine Diana diýen taňrynyň doglan gününi belleýärdi. Maý aýynyň 25-ine bolsa, Gün taňrysy Apollonyň doglan gününi belleýärdi. Görşümiz ýaly, doglan günler mesihçileriň däl-de, butparazlaryň baýramy.

8. Doglan günüň yrym bilen nähili baglanyşygy bar?

8 Isanyň doglan gününi ilkinji mesihçileriň bellemändiginiň ýene bir sebäbi bar. Şägirtler doglan günüň yrym bilen baglydygyna düşünýärdi. Mysal üçin, gadymy grekler we rimliler çaga doglanda bir ruh ýanyna gelýär we çagany bütin ömrüniň dowamynda goraýar diýip ynanypdyrlar. «Doglan günleri bellemekligiň gelip çykyşy» diýen kitapda şeýle diýilýär: «Her bir çaga haýsy-da bolsa bir taňrynyň doglan güni dünýä inýär, şol ruh bolsa şol taňry bilen jadyly aragatnaşyk saklaýar» («The Lore of Birthdays»). Elbetde, Ýehowa Isanyň adynyň yrym bilen ýatlanmagyny halamaz (Işaýa 65:11, 12). Onda Roždestwo baýramçylygy nädip giňden ýaýrady?

ROŽDESTWONYŇ GELIP ÇYKYŞY

9. Isa Mesihiň doglan gününi näme üçin dekabr aýynyň 25-ine belläp başladylar?

9 Isa Mesih ölenden soň ýüzlerçe ýyl geçende, onuň doglan gününi dekabr aýynyň 25-ine belläp başladylar. Emma bu Isanyň doglan güni däldi, çünki ol oktýabr aýynda doguldy *. Onda ony näme üçin dekabr aýynyň 25-ine belleýärler? Mälim bolşy ýaly, hristianlar «ol güni rim butparaz baýramçylygy, ýagny «ýeňip bolmaýan Gün-taňrysynyň doglan güni» bilen bilelikde» bellejek boldular (Täze Britan ensiklopediýasy «The New Encyclopedia Britannica»). Günüň gyşyna ýagtylygy azka, ýylylygyň we ýagtylygyň çeşmesini uzak syýahatdan yzyna dolandyrmak üçin, butparazlar aýratyn baýramçylyk edýärdiler. Ol dekabr aýynyň 25-ine dolanýandyr öýdýärdiler. Dini ýolbaşçylar butparazlara öz dinini kabul etdirmek üçin, bu baýramçylygy girizdiler we ony «hristian» baýramy hökmünde belläp başladylar *.

10. Öňler näme üçin Roždestwony bellemeýärdiler?

10 Roždestwonyň ýalan dinden gelip çykyşyny öňem bilýärdiler. Ol Mukaddes Ýazgylara esaslanmansoň, XVII asyrda Angliýada we onuň Amerikadaky käbir koloniýasynda bellemek gadagan edildi. Şol gün işe çykman öýde galan adamlara jerime salynýardy. Emma biraz wagtdan şol gadymy däpleri we başga-da birnäçe däpleri täzeden ýöredip başladylar. Roždestwo ýene-de umumy baýramçylyga öwrülip, häzirem köp ýurtlarda bellenilýär. Hudaýa ýaramly ýaşamak isleýän adamlar, butparazlykdan we ýalan dinden gelip çykan Roždestwony hem-de başga baýramçylyklary bellemeýär *.

BAÝRAMÇYLYKLARYŇ GELIP ÇYKYŞYNA ÜNS BERMELIMI?

11. Näme üçin käbir adamlar baýramçylyklary belleýär, ýöne, ilki bilen, biz nämäniň aladasyny etmeli?

11 Käbir adamlar Roždestwonyň Mukaddes Ýazgylara esaslanman, ýalan dine degişlidigini bilseler-de, oňa üns bermeýär. Olar diňe dogan-garyndaşlary bilen üýşüp oturmak üçin bu baýramçylygy belleýärler. Senem şeýle pikirdemi? Şeýle bolsa, onda sen ýalan dini söýýänligiň üçin däl-de, dogan-garyndaşlaryň göwnüne degmejek bolup hakyky seždäni kabul edip bileňok. Emma maşgalany döreden Ýehowa dogan-garyndaşlaryň bilen gowy gatnaşykda bolmagyňy isleýär (Efesliler 3:14, 15). Hudaýyň kada-kanunlaryny bozmanam maşgalaňy berkidip bolýar. Pawlus resul: «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak boluň» diýip, biziň, ilki bilen, nämäniň aladasyny etmelidigimizi aýtdy (Efesliler 5:10).

Hapa suw ýygnanýan ýapdan kemput alyp iýermiň?

12. Butparazlykdan gelip çykan däp-dessurlardan we baýramçylyklardan gaça durmagyň sebäbini mysal arkaly görkez.

12 Mümkin, sen häzirki baýramçylyklar öňki manysyny ýitirendir öýdýänsiň. Olaryň gelip çykyşyna üns bermelimi? Hawa! Mysal üçin, hapa suw ýygnanýan ýapda kemput görseň alyp iýermidiň? Elbetde, iýmezdiň! Ol hapa ahyryn. Süýji kemput ýaly özüne çekýän baýramçylyklaram, ýigrenç ýerden gelip çykdy. Hakyky seždäni kabul etmek üçin, bizde-de Işaýa pygamberiň garaýşy bolmaly. Ol hak Hudaýyň gullukçylaryna: «Ýigrenç zada galtaşmaň» diýdi (Işaýa 52:11).

ADAMLAR BILEN GÜRLEŞENIŇDE PAÝHASLY BOL

13. Baýramçylyklary bellemän başlasaň, nähili oňaýsyz ýagdaýa düşmegiň mümkin?

13 Baýramçylyklary bellemän başlasaň, oňaýsyz ýagdaýa düşmegiň mümkin. Meselem, işdeşleriň baýramçylyga gatnaşmaýanyňy bilse geň galar. Eger Roždestwo baýramynda saňa sowgat berseler näme edersiň? Ony alsa bolýarmy? Ýanýoldaşyň dini düşünjesi seniňkiden tapawutlanýan bolsa näme? Siziň maşgalaňyz hemmeleriň belleýän baýramçylygyny bellemese, çagalaryň kemsinmez ýaly näme etmeli?

14, 15. Baýramçylyk bilen gutlasalar ýa-da sowgat berseler näme etmeli?

14 Her bir ýagdaýda paýhasly bolmaly. Eger duşuňdan geçip barýan biri baýramçylyk bilen gutlasa, ýöne «sag bol» diýip bilersiň. Eger ýygy-ýygydan görýän adamyň ýa-da işdeşiň gutlasa näme? Elbetde, şeýle ýagdaýda sen dini düşünjäňi düşündirjek bolarsyň. Her niçik-de bolsa, mylaýym gürleş. Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Koloslylar 4:6). Gödek gürleşmejek bol. Dini düşünjäňi sypaýylyk bilen düşündir. Sen, sowgat almaga we onuň bilen gatnaşyk saklamaga garşy däl-de, şol baýramçylygy bellemeýändigiňi aýt.

15 Saňa sowgat berseler näme etmeli? Ýagdaýa görä hereket etmeli. Bir adam: «Men seniň baýramçylyk bellemeýändigiňi bilýärin, ýöne şonda-da sowgat edesim geldi» diýmegi mümkin. Sen bu ýagdaýda: «Sowgat alsam, baýramçylyk belledigim däl» diýersiň. Eger ol adam dini düşünjäňden bihabar bolsa, oňa baýramçylyk bellemeýändigiňi aýt. Şonda sowgat alsaň-da, näme üçin sowgat bermeýändigiňi düşündirmek saňa aňsat bolar. Emma biri saňa gyjalat berjek bolup sowgat berse ýa-da sen nebisjeňlikden ýaňa alasyň gelse, onda sowgady almasaň gowy bolardy.

MAŞGALADA ÖZÜŇI NÄDIP ALYP BARMALY?

16. Baýramçylyga degişli meselelerde nädip sypaýy bolmaly?

16 Eger ýakyn garyndaşlaryň seniň dini garaýşyňy kabul etmeseler näme etmeli? Şeýle ýagdaýda-da sypaýy bol. Maşgaladaky her bir däp-dessur ýa-da baýramçylyk üçin jedelleşme. Dogan-garyndaşlaryň seniň garaýşyňa düşünmeklerini isleýän bolsaň, onda senem olaryň garaýşyna hormat goý (Matta 7:12-ni okaň). Baýramçylyga gatnaşmaz ýaly, oňa degişli zatlardan gaça dur. Baýramçylyga degişli bolmadyk meselelerde bolsa oýlanyşykly hereket et. Her näme bolsa-da, ynsabyňy arassa sakla (1 Timoteos 1:18, 19-njy aýatlary okaň).

17. Hemmeleriň belleýän baýramçylyklaryny bellemeýän bolsaňyz, çagalar kemsinmez ýaly näme etmeli?

17 Hudaýyň halamaýan baýramçylyklaryny bellemeýän bolsaňyz, çagalar kemsinmez ýaly näme etmeli? Seniň çagalar üçin ýylyň dowamynda eden işleriňe bagly. Käbir ata-eneler çagalaryna başga günleri sowgat berýär. Iň gowy sowgatlaryň biri bolsa, çagalara wagt sarp etmek we üns bermekdir.

HAKYKY SEŽDÄNI KABUL ET

Hakyky sežde bagtly edýär

18. Hakyky seždäni kabul etmäge mesihçileriň ýygnagy nädip kömek edýär?

18 Hudaýy begendirmek üçin ýalan dinden çykyp, hakyky seždäni kabul etmeli. Nädip? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:24, 25). Mesihçileriň ýygnagynda Hudaýyň isleýşi ýaly sežde edip bilýäris (Zebur 22:22; 122:1). Wepaly mesihçiler ýygnakdan «bilelikde teselli» tapýar (Rimliler 1:12).

19. Mukaddes Ýazgylardan alan bilimiňi adamlara näme üçin gürrüň bermeli?

19 Mukaddes Ýazgylary Ýehowanyň Şaýatlary bilen öwrenip, alan bilimiňi başga adamlara gürrüň berseňem, hakyky seždäni kabul etdigiňdir. Köp adamlar dünýäde bolýan zalymlygy görüp, ahy-nala çekýär (Ezekiýel 9:4). Şeýle adamlary senem tanaýansyň. Olara Mukaddes Ýazgylarda aýdylan gelejekde boljak gowy durmuş barada gürrüň berermiň? Sen, mesihçiler bilen gatnaşykda bolsaň we Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary adamlara gürrüň berseň, ýalan diniň däp-dessurlaryny kem-kemden terk edersiň. Hakyky seždäni kabul etseň, bagtly bolarsyň we bol bereket alarsyň! (Malaky 3:10).

^ abzas 9 221, 222-nji sahypalardaky Goşmaça maglumata seret.

^ abzas 9 Onuň dekabr aýynyň 25-ne düşmegine, Rim saturnaliý baýramçylyklary hem sebäp boldy. Bu baýramçylyklar dekabr aýynyň 17—24-ne rimiň ekerançylyk taňrysy üçin bellenilýärdi. Onda şady-horramlyk, meýlis bolýardy we biri-birine sowgat berýärdiler.

^ abzas 10 Mesihçileriň başga baýramçylyklara garaýşyny, 222, 223-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatdan bilip bolar.