Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI BAP

Hudaýa doga arkaly ýakynlaş

Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
  • Hudaýa näme üçin doga etmeli?

  • Hudaý dogalarymyzy eşider ýaly näme etmeli?

  • Hudaý dogalarymyza nädip jogap berýär?

«Gökleri we ýeri ýaradan» Ýehowa biziň dogalarymyzy eşitmäge taýyn

1, 2. Doga etmek näme üçin uly hormat we Mukaddes Ýazgylaryň doga barada öwredýän zatlaryny näme üçin bilmeli?

BIZIŇ Ýer planetamyzy älem-jahan bilen deňeşdireniňde gaty kiçi. «Gökleri we ýeri ýaradan» Ýehowa üçin ähli milletler bedredäki suw damjasy ýalydyr (Zebur 115:15; Işaýa 40:15). Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Reb özüni çagyrýanlaryň ählisine, Özüni çyndan (hakykatda, TD) çagyrýanlaryň ählisine ýakyndyr. Ol Özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýandyr, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» (Zebur 145:18, 19). Oýlanyp gör! Gudraty güýçli Ýaradyjy ony hakykatda çagyrýanlara ýakyn we olary eşidýär. Hudaýa dogada ýüzlenmek gör, nähili uly hormat!

2 Ýehowa dogamyzy eşider ýaly, onuň islegine görä ýüzlenmeli. Mukaddes Ýazgylaryň doga barada näme öwredýänini bilmän, nädip doga edip bolar? Bu mesele — wajyp mesele, çünki doga arkaly Ýehowa ýakynlaşýarys.

ÝEHOWA NÄME ÜÇIN DOGA ETMELI?

3. Ýehowa doga etmegiň esasy sebäpleriniň biri näme?

3 Doga etmegiň esasy sebäbi, Ýehowanyň özi doga etmäge çagyrýar. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» (Filipililer 4:6, 7). Elbetde, Älemiň Beýik Hökümdarynyň beren ajaýyp sowgadyndan ýüz öwresimiz gelenok.

4. Ýehowa bilen dostlugyň berkär ýaly doga nädip kömek edýär?

4 Ýehowa doga etmegimiziň ýene bir sebäbi, onuň bilen gürrüňdeş bolsak dostlugymyz berkär. Hakyky dostlar biri-birine diňe işi çykanda ýüz tutmaýar. Olar bile bolmagy gowy görýär. Dostlar aç-açan pikir alşanda hem-de dertleşende olaryň gatnaşygy berkeýär. Ýehowa Hudaý bilen hem şonuň ýaly. Şu kitapdan Hudaý, onuň häsiýetleri we niýeti barada Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänini bildiň. Indi sen Hudaýyň şahsyýetdigini bilýäň. Doga edip gökdäki Atamyza içiňi döküp bilersiň. Şeýdip, sen Ýehowa ýakynlaşarsyň (Ýakup 4:8).

WAJYP TALAPLAR

5. Ýehowanyň hemme dogany diňlemeýänini nireden bilýäris?

5 Ýehowa hemme dogany diňleýärmi? Işaýa pygamberiň döwründe pitneçi ysraýyllylara onuň aýdan sözlerine üns ber: «Siz köp ýalbarsaňyzam, Men diňlemeýärin; siziň eliňiz gandan doly» (Işaýa 1:15). Görşümiz ýaly, käbir adamlaryň özüni alyp barşy, doga edenlerinde Ýehowanyň diňlemezligine mejbur edýär. Edýän dogamyz Hudaýa ýarar ýaly, esasy talaplary ýerine ýetirmeli.

6. Hudaý dogamyzy diňlär ýaly, haýsy wajyp talaby ýerine ýetirmeli we nädip?

6 Ilkinji talap — ýürekden iman etmeli (Markus 11:24-i okaň). Pawlus resul şeýle ýazdy: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» (Ýewreýler 11:6). Ýürekden iman etmek üçin, Hudaýyň bardygyna ynanmak, dogamyzy eşidýändigini hem-de jogap berýändigini bilmek ýeterlik däl. Iman iş ýüzünde görkezilýär. Her günki edýän işlerimiz iman edýändigimizi görkezmeli (Ýakup 2:26).

7. a) Ýehowa näme üçin hormat bilen doga etmeli? b) Hudaýa nädip pes göwünli we ak ýürekden doga etmeli?

7 Şeýle-de Ýehowa pes göwünli we ak ýürekden doga etmeli. Eýsem, biz Hudaý bilen pes göwünli gürleşmeli dälmi? Haçan-da adamlar prezidente ýüz tutanda, onuň ýokary wezipesine garap, sylag-hormat bilen gürleşýärler. Onda biz Ýehowa Hudaýa nähili ýüzlenmeli! (Zebur 138:6). Çünki ol «her zady başarýan Hudaý» (Gelip çykyş 17:1). Biz doga edenimizde, Hudaýyň öňünde tutýan ornumyzy bilip, pes göwünli bolmaly. Şeýle etsek, dogalary ýat tuman, şol bir sözleri gaýtalaman, ak ýürekden doga ederis (Matta 6:7, 8).

8. Nädip dogalarymyza görä hereket etmeli?

8 Mundan başga-da Hudaý bizi diňlär ýaly, dogalarymyza görä hereket etmeli. Munuň üçin güýjümizi gaýgyrmajakdygymyza Ýehowa ynanýar. Meselem, biz: «Gündelik çöregimizi bize şu gün ber» diýip doga etsek, ak ýürekden we jan edip işlemeli (Matta 6:11; 2 Selanikliler 3:10). Eger ten ejizliklerimize garşy göreşmek üçin doga etsek, ten höweslerinden gaça durmaly (Koloslylar 3:5). Hudaýa dogry doga etmegimiz üçin ýene näme bilmeli?

DOGA BARADA ÝENE NÄME BILMELI?

9. Biz kime doga etmeli we kim arkaly?

9 Biz kime doga etmeli? Isa şägirtlerine «göklerdäki Atamyza» doga etmegi öwretdi (Matta 6:9). Şonuň üçin biz diňe Ýehowa Hudaýa doga etmeli. Emma Ýehowa biziň ýalňyz Ogly Isa Mesihiň tutýan wezipesine düşünip, hormat goýmagymyzy isleýär. 5-nji bapdan bilşimiz ýaly, Isa bizi günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat etmek üçin ýere geldi (Ýahýa 3:16; Rimliler 5:12). Ol Baş ruhany we Kazy bellendi (Ýahýa 5:22; Ýewreýler 6:20). Ine, näme üçin Mukaddes Ýazgylar Isa Mesih arkaly doga etmegi öwredýär. Isa: «Men ýol hakykat we ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6). Dogalarymyz eşidiler ýaly, diňe Ýehowa doga etmeli we Isa Mesih arkaly ýüzlenmeli.

10. Doga edenimizde näme üçin belli bir ýagdaýda ýa-da belli bir ýerde durmak hökman däl?

10 Doga edenimizde belli bir ýagdaýda ýa-da belli bir ýerde durmak hökmanmy? Ýok. Ýehowa muny talap etmeýär. Mukaddes Ýazgylarda oturan ýeriňde, dik durup, başyňy egip ýa-da dyza çöküp doga etse bolýandygy aýdylýar (1 Ýyl ýazgylary 17:16; Nehemýa 8:6; Markus 11:25; Resullaryň işleri 9:40). Iň esasy zat adamlara görünjek bolup belli bir ýerde däl-de, ýürekden doga etmeli. Biz nirede bolsak-da, näme etsek-de hatda howp abansa-da içimizden doga edip bilýäris. Doga edenimizde adamlar görmese-de, Ýehowa eşidýär (Nehemýa 2:1—6).

11. Näme barada doga etmeli?

11 Näme barada doga etmeli? Mukaddes Ýazgylarda «Onuň (Ýehowanyň) islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider» diýilýär (1 Ýahýa 5:14). Diýmek, Hudaýyň islegine laýyk gelýän zat barada doga etmeli. Bizi biynjalyk edýän zatlar baradaky dogamyz, onuň islegine laýyk gelýärmikä? Elbetde, Ýehowa doga etmek, ýakyn dostuň bilen gürleşen ýalydyr. Doga edenimizde «ýüregimizi Oňa döküp» bileris (Zebur 62:8). Dogry hereket eder ýaly, Hudaýdan mukaddes ruh dilemeli (Luka 11:13). Şeýle-de meseläni paýhasly çözer ýaly Ýehowadan görkezme, kynçylygy ýeňer ýaly goldaw dilemeli (Ýakup 1:5). Eger günä etsek, Isa Mesihiň tölegi esasynda günälerimiziň ötülmegi barada doga etmeli (Efesliler 1:3, 7). Ýöne diňe özümizi biynjalyk edýän zat barada doga etmän, ýakynlarymyz we imandaşlarymyz barada-da doga etmeli (Resullaryň işleri 12:6; Koloslylar 4:12).

12. Ilki bilen, biz näme barada doga etmeli?

12 Ilki bilen, Ýehowa Hudaýa degişli zatlar barada doga etmeli. Hudaýa ýürekden öwgi aýtmaga we onuň ýagşylyklary üçin minnetdarlyk bildirmäge sebäp köp (1 Ýyl ýazgylary 29:10—13). Isa Matta 6:9—13-nji aýatlardaky (okaň) nusgalyk dogasynda, Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy, Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşmagy barada dileg etmegi öwretdi. Diňe şu wajyp dileglerden soň, özümize gerek zatlary dilemelidigini aýtdy. Biz nusgalyk doga görä doga etsek, diňe öz aladamyzy etmeýändigimizi görkezeris.

13. Hudaýa ýaraýan doganyň dowamlylygy barada Mukaddes Ýazgylar näme diýýär?

13 Edýän dogamyzyň dowamlylygy nähili bolmaly? Mukaddes Ýazgylarda ýekelikde ýa-da köpçülik bolup edilýän doganyň dowamlylygy barada aýdylmaýar. Mysal üçin, dogalar nahar iýmezden öň gysga, ýüregimizi dökenimizde bolsa uzyn bolup biler (1 Şamuwel 1:12, 15). Emma Isa göz üçin uzyn-uzyn doga edýän, öz-özünden göwni hoş adamlary ýazgardy (Luka 20:46, 47). Şeýle dogalary Ýehowa halamaýar. Oňa ýürekden edilen doga ýaraýar. Görşümiz ýaly, Hudaýa ýaraýan dogalaryň dowamlylygy biziň zerurlyklarymyza we ýagdaýymyza bagly.

Sen nirede bolsaň-da, Hudaý dogalaryňy eşider

14. «Dyngysyz» doga etmek näme we ol nädip teselli berýär?

14 Näçe gezek doga etmeli? Mukaddes Ýazgylarda «hemişe» we «dyngysyz» doga ediň diýilýär (Luka 18:1; Rimliler 12:12; 1 Selanikliler 5:17). Bu uzynly gün doga etmegi aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň edýän ýagşylygy üçin minnetdarlyk bildirip, ondan görkezme bilen goldaw diläp, öwran-öwran doga etmäge höweslendirýär. Ýehowanyň näçe gezek we näçe wagt doga etmegimizi çäklendirmeýändigi teselli berýär. Doga etmegiň gadyryny bilsek, gökdäki Atamyz bilen gürleşmäge hemişe wagt taparys.

15. Ýeke özüň doga edeniňden soň ýa-da köpçülikleýin edilen dogadan soň näme üçin «omyn» diýmeli?

15 Näme üçin dogadan soň «omyn» diýmeli? «Omyn» diýen söz «dogry» ýa-da «goý, şeýle bolsun» diýmegi aňladýar. Gadymy döwürdäki Hudaýyň gullukçylary dogalarynyň ahyrynda «omyn» diýýärdiler (1 Ýyl ýazgylary 16:36; Zebur 41:13). Ýeke özüň doga edeniňden soň «omyn» diýseň, aýdan sözleriňi ýürekden aýdandygyňy görkezýäň. Köpçülikleýin edilen dogadan soň daşymyzdan ýa-da içimizden «omyn» diýsek, aýdylan sözler bilen ylalaşýandygymyzy görkezýäris (1 Korinfliler 14:16).

HUDAÝ DOGALARYMYZA NÄDIP JOGAP BERÝÄR?

16. Doga edenimizde nämä ynanmaly?

16 Ýehowa dogalarymyza jogap berýärmikä? Elbetde! Biz «dogalary eşidýän» Ýehowanyň millionlarça adamlaryň ýürekden edýän dogasyna jogap berýändigine doly ynanyp bileris (Zebur 65:2). Ol dogalara dürli ýol bilen jogap berýär.

17. Ýehowa dogalarymyza näme üçin perişdeler we ýerdäki gullukçylary arkaly jogap berýär diýse bolar?

17 Ýehowa dogalara perişdeler we ýerdäki gullukçylary arkaly jogap berýär (Ýewreýler 1:13, 14). Adamlar Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin Hudaýdan kömek soranda, köplenç Ýehowanyň gullukçylaryna duş gelýärdiler. Şeýle wakalar Patyşalyk baradaky wagyz işine perişdeleriň gatnaşýandygyny görkezýär (Ylham 14:6). Ýehowa biziň dogamyza imandaşlarymyzyň kömegi arkaly hem jogap berýär (Süleýmanyň tymsallary 12:25; Ýakup 2:16).

Ýehowa dogalarymyza imandaşlarymyzyň kömegi arkaly jogap berýär

18. Ýehowa dogalarymyza mukaddes ruh hem-de Sözi arkaly nädip jogap berýär?

18 Mundan başga-da, Ýehowa Hudaý dogalarymyza mukaddes ruh hem-de Sözi arkaly jogap berýär. Ol, synaglarda berk durar ýaly kömek soranymyzda, mukaddes ruh arkaly gerekli görkezme we güýç berýär (2 Korinfliler 4:7). Köplenç dogalarymyza Hudaýyň Sözünden jogap tapyp bileris. Ondaky prinsipler paýhasly netijä gelmäge kömek edýär. Gerekli aýatlary Mukaddes Ýazgylardan şahsy okuw geçenimizde we mesihçileriň edebiýatyndan taparys. Şeýle-de Hudaýyň Sözünden gerekli maslahatlary mesihçileriň ýygnagynda hem-de ýygnagyň aladasyny edýän ýaşululardan eşidip bileris (Galatýalylar 6:1).

19. Dogalarymyz jogapsyz galýan ýaly görünse, nämäni unutmaly däl?

19 Eger dogalarymyz jogapsyz galýan ýaly görünse, Ýehowanyň jogap berip bilmeýändigini aňlatmaýar. Ýehowa dogalarymyza öz islegine görä we öz wagtynda jogap berýändigini unutmaly däl. Ol bize näme gerekdigini we nädip kömek etmelidigini gowy bilýär. Köplenç ol bize dilemäge, agtarmaga we kakmaga mümkinçilik berýär (Luka 11:5—10). Şeýle etsek, ýürekden iman edýändigimizi we dileýän zadymyzyň wajypdygyny görkezeris. Käte Ýehowa dogamyza biziň isleýşimiz ýaly jogap bermeýär. Meselem, biz synaga düşsek, Ýehowa kynçylykdan dyndyrman, döz geler ýaly güýç bermegi mümkin (Filipililer 4:13-i okaň).

20. Näme üçin doga etmegiň gadyryny bilmeli?

20 Älem-jahanyň Ýaradyjysy hakykatda çagyrýanlaryň ählisine ýakyndygyna biz nähili şat! (Zebur 145:18-i okaň). Geliň, doga etmegiň hemişe gadyryny bileliň. Şeýle etsek, dogalary eşidýän Ýehowa öňkündenem has ýakynlaşarys.