Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Hudaýyň adynyň manysy we tutulyşy

Hudaýyň adynyň manysy we tutulyşy

SENIŇ okaýan Mukaddes Ýazgylaryňda Zebur 8:1-de: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» diýip ýazylanmy? Käbir terjimelerde, meselem, «Täze dünýä terjimesinde» hem ol şeýle terjime edilen. Ýöne Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde Ýehowa diýen at duş gelmeýär, ol «Reb» ýa «Hudaý» diýen titullara çalşylypdyr. Haýsy terjime dogruka? Bu aýatda Ýehowa bolmalymy ýa-da titul?

Hudaýyň adynyň ýewreýçe ýazylyşy

Bu aýatda Hudaýyň ady barada aýdylýar. Mukaddes Ýazgylaryň ýewreý dilinde ýazylan asyl nusgasy, bu adyň ýeke-täkdigini görkezýär. Ýewreý dilinde bu at şeýle ýazylýar: יהוה (ÝHWH). Türkmençe bolsa «Ýehowa». Bu at Mukaddes Ýazgylaryň başga aýatlarynda-da barmy? Hawa. Ýewreý Ýazgylarynyň asyl nusgasynda takmynan 7 000 gezek duş gelýär.

Hudaýyň adyny bilmek wajypmy? Isa pygamberiň nusgalyk dogasyna seredeli. Doga: «Eý göklerdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» diýip başlanýar (Matta 6:9). Isa: «Eý Ata, adyňy şöhratlandyr» diýibem doga etdi. Şonda gökden: «Men adymy hem şöhratlandyrdym, hem-de şöhratlandyraryn» diýip, Hudaýyň sesi geldi (Ýahýa 12:28). Diýmek, Hudaýyň adyny bilmek wajyp. Onda näme üçin käbir terjimeçiler Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adyny titullara çalyşdylarka?

Munuň iki sebäbi bar. Birinjiden, Hudaýyň adynyň dogry tutulyşy näbelli bolansoň, köp adamlar onuň ady tutulmaly däldir öýdýär. Gadymy ýewreý elipbiýinde çekimli harplar ýokdy. Şonuň üçin ÝHWH harplarynyň gadymy döwürde nähili okalyşyny, häzir hiç kim bilenok. Onda Hudaýyň ady tutulmaly dälmi? Isa Mesihiň adynyň dogry tutulyşyny-da hiç kim bilmeýär. Gadymy döwürde oňa «Ýeşuw» ýa-da «Ýeşua» diýendirler. Şu günler Isanyň adyny her kim öz dilinde özüçe tutýar. Olar I asyrda onuň nähili tutulyşyny bilmeseler-de, häzir Isanyň adyny tutýarlar. Eger-de sen başga ýurda giden bolsaň, ol ýerde seniň adyňy başgaça tutandyrlar. Şonuň üçin häzir Hudaýyň adynyň dogry tutulyşyny bilmesek-de, onuň adyny tutmaly.

Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimesinde Hudaýyň adynyň ýoklugynyň sebäbi, gadymy ýewreý däp-dessury bilen bagly. Ýewreýlerde Hudaýyň adyny tutmaly däl diýen düşünje bar. Olar: «Reb Hudaýyň adyny biderek ýere tutma, çünki Onuň adyny biderek ýere tutýanlary Reb jezasyz goýmaz» diýen tabşyryga nädogry düşünen bolmaly (Müsürden cykyş 20:7).

Bu tabşyryk Hudaýyň adyna sarpa goýman tutmagy gadagan edýär. Ýöne onuň adyny hormat bilen tutmaga gadagan edýärmikä? Elbetde, ýok. Mukaddes Ýazgylaryň (Töwrat, Zebur, pygamberleriň ýazgylarynyň) asyl nusgasyny ýazan adamlar, Hudaýyň kanunyny ýerine ýetirselerem, onuň adyny ulanýardylar. Meselem, Hudaýyň ady onuň gullukçylarynyň üýşüp aýdan mezmurlarynyň köpüsinde duş gelýär. Galyberse-de, Ýehowa Hudaý adyny tutarlar ýaly gullukçylaryny höweslendirýärdi. Şonuň üçin olar Hudaýyň adyny tutýardy (Ýowel 2:32; Rimliler 10:13). Häzir mesihçiler Hudaýyň adyna uly hormat goýýarlar we Isa Mesih ýaly onuň adyny tutmakdan gorkmaýarlar (Ýahýa 17:26).

Hudaýyň adyny titullara çalşyp, terjimeçiler uly ýalňyşlyk goýberýär. Şol sebäpli Hudaý bizden uzakda ýa-da şahsyýet däl ýaly görünýär. Mukaddes Ýazgylar bolsa, Hudaýa ýakynlaşmaga höweslendirýär (Ýakup 4:8). Sen adamyň adyny bilmän, onuň bilen dostlaşyp bilermiň? Şeýle-de Hudaýyň adyny bilmän, oňa ýakynlaşyp bolarmy? Onsoňam, Hudaýyň adyny tutmaýanlar onuň manysyna düşünmeýärler. Eýsem, Hudaýyň adynyň manysy näme?

Ýehowa öz adynyň manysyny Musa pygambere düşündirdi. Musa Hudaýyň adyny soranda, Ýehowa şeýle jogap berdi: «Men kim bolmak islesem, bolup bilýärin» (Çykyş 3:14, TD). Rotergamyň terjimesinde: «Men kim bolmak islesem bolaryn» diýilýär. Hawa, Ýehowa niýetini ýerine ýetirmek üçin, kim bolaýyn diýse bolup bilýär.

Aýdaly, sen kim bolaýyn diýseň bolup bilýäň, şonda dostlaryň üçin näme ederdiň? Meselem, olaryň biri agyr keselli bolsa, sen gowy lukman bolup, ony bejererdiň. Eger-de dostuň ähli zadyndan mahrum bolsa, oňa kömek edip ýitgisini gaýtarardyň. Ýöne hemme adamlaryňky ýaly seniňem mümkinçiligiň çäkli. Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, Ýehowa niýetini ýerine ýetirmek üçin, kim bolaýyn diýse bolup bilýändigini bilersiň. Hudaýy söýýänler üçin, Ol güýjüni gaýgyrmaz (2 Ýyl ýazgylary 16:9). Hudaýyň adyny tanamaýanlar, onuň bu ajaýyp häsiýetini bilmeýär.

Diýmek, Hudaýyň ady Mukaddes Ýazgylarda esasy orun eýelemeli. Biz Hudaýyň adyny bilsek we ony gorkman tutsak, gökdäki Atamyz Ýehowa ýakynlaşmak aňsat bolar *.

^ abzas 12 Hudaýyň ady, manysy hem-de ony näme üçin tutmalydygy barada Ýehowanyň Şaýatlarynyň köp dilde çap eden «Hudaýyň ady ebedi durar» diýen broşýurada giňişleýin düşündirilýär.