Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Isa pygamber — wada edilen Mesih

Isa pygamber — wada edilen Mesih

MESIH diýilýän Halasgäri tanatmak üçin, Ýehowa Hudaý Mukaddes Ýazgylarda onuň dogluşy, gullugy we ölümi barada jikme-jiklikleri öňünden ýazdyrtdy. Bu pygamberlikleriň hemmesi Isa Mesihde jikme-jik we dogry ýerine ýetdi. Muňa göz ýetirmek üçin, Isa Mesihiň dogluşy we onuň çagalyk durmuşy hakdaky käbir pygamberliklere seredeliň.

Işaýa pygamber Mesihiň Dawudyň neslinden doguljagyny aýtdy (Işaýa 9:7). Bilşimiz ýaly, Isa onuň neslinden hem doguldy (Matta 1:1, 6—17).

Mika pygamber bolsa, geljekki hökümdaryň «Beýtullaham-Efrat» şäherinde doguljagyny aýtdy (Mika 5:2). Isa doglanda, Ysraýylda Beýtullaham atly iki şäher bardy. Olaryň biri ýurduň demirgazygynda, Nasyra şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi. Beýlekisi bolsa, Ýahudada Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýärdi. Oňa öňler Efrata diýilýärdi. Isa şol şäherde-de doguldy. Şeýdip, Mikanyň pygamberligi ýerine ýetdi (Matta 2:1).

Mukaddes Ýazgylaryň beýleki pygamberliginde, Hudaý Ogluny «Müsürden çagyrdy» diýilýär. Isa çagaka Müsüre äkidildi. Hirodes patyşa ölenden soň, ony Müsürden getirdiler. Şeýdip, pygamberlik ýerine ýetdi (Hoşeýa 11:1; Matta 2:15).

200-nji sahypadaky tablisanyň ikinji hatarynda  Mesihe degişli pygamberlikleriň aýatlary bar. Üçünji hatarda olaryň ýerine ýetendigini görkezýän aýatlar ýerleşýär. Gaýrat et-de, şol aýatlary deňeşdirip gör. Bu seniň imanyňy has-da berkider we Hudaýyň Sözüne ynamyň artar.

Ikinji hatardaky aýatlar Isa Mesih dogulmazyndan, ýüzlerçe ýyl öň ýazyldy. Isanyň özi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr» diýdi (Luka 24:44). Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, pygamberlikleriň hemmesiniň jikme-jik ýerine ýetendigine göz ýetirersiň.