Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Ata, Ogul we mukaddes ruh baradaky hakykat

Ata, Ogul we mukaddes ruh baradaky hakykat

TROISA ynanýan adamlar Hudaýa üç şahsyýet diýýärler, ýagny Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. Olaryň üçüsiniň-de güýji deň, başlangyjy ýok diýip hasaplaýarlar. Troisa taglymatyna görä, Ata Hudaý, Ogul Hudaý we Mukaddes Ruh Hudaý bar. Ýöne şonda-da bir Hudaý bar diýýärler.

Troisa ynanýan adamlaryň köpüsi bu taglymaty düşündirip bilmese-de, ol Mukaddes Ýazgylara esaslanan diýýärler. Emma Mukaddes Ýazgylarda Troisa sözi bir gezegem ulanylmaýar. Onda Mukaddes Ýazgylarda «Troisa» diýen düşünje barmy? Bu taglymaty subut etmek üçin ulanylýan aýada seretsek, jogabyny bileris.

«SÖZ HUDAÝYŇ ÖZÜDI»

Ýahýa 1:1-de: «Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi» diýilýär. Soňra bu bapda Ýahýa resul «Sözüň» Isadygyny aýdýar (Ýahýa 1:14). Bu aýatda «Söz Hudaýyň Özüdi» diýilýäni üçin, käbir adamlar Ata bilen Ogul bir Hudaý diýen netijä gelýär.

Ýahýanyň hoş habary başda grek dilinde ýazylypdy. Soňra ony başga dillere terjime etdiler. Käbir terjimelerde «Söz Hudaýyň Özüdi» diýen sözler ýok. Näme üçin? Gadymy grek dilini bilýän terjimeçiler bu aýady başgaça terjime etdiler. Nädip? Mysal üçin: «Logos (Söz) hudaýa meňzeşdi» («A New Translation of the Bible»); «Söz hudaýyň özüdi» («The New Testament in an Improved Version»); «Söz Hudaýa meňzeşdi» («Nowyý Zawet w sowremennom perewode», snoska). Bu terjimeler Sözüň Hudaý däldigini görkezýär *. Söz Ýehowanyň ýaradan zatlarynyň içinde iň ýokary wezipe tutýany üçin, oňa «hudaý» diýilýär. Bu aýatdaky «hudaý» diýen söz, «onuň uly güýje eýedigini» aňladýar.

BAŞGA SUBUTNAMALAR

Köp adamlar grek dilini bilmeýär. Onda Ýahýa resulyň nämäni göz öňünde tutanyny nädip bilip bolarka? Aýdaly, mugallym okuwçylara sapak düşündirýär. Ýöne okuwçylar muňa hersi özüçe düşünýär. Olar näme etmeli? Dogry düşünmek üçin ýene-de mugallyma ýüz tutmaly. Sapaga has gowy düşünmäge goşmaça maglumat kömek eder. Şonuň ýaly-da Ýahýa 1:1-däki sözleriň manysyna düşünmek üçin, Ýahýanyň hoş habaryna ýüzlensek, Isa Mesihiň nähili wezipä eýedigini bileris. Bu bize dogry netijä gelmäge kömek eder.

Meselem, Ýahýa hoş habarynyň 1-nji babynyň 18-nji aýadynda «[Gudraty güýçli] Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir» diýip ýazdy. Emma Ogly, ýagny Isany adamlar gördüler. Ýahýa: «Söz (Isa) jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny... gördük» diýdi (Ýahýa 1:14). Onda Ogul, Gudraty güýçli Hudaý bolup bilermi? Şeýle-de Ýahýa «Söz Hudaýdady» diýdi. Hudaýda bolup-da, Hudaýyň özi bolup bolýarmy? Galyberse-de, Ýahýa 17:3-däki Isanyň sözleri, onuň we gökdäki Atasynyň aýratyn şahsyýetdigini görkezýär. Isa Mesih Atasyna «ýalňyz hak Hudaý» diýdi. Ýahýa hoş habarynyň ahyrynda sözüni şeýle jemleýär: «Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz... üçin ýazyldy» (Ýahýa 20:31). Üns ber, bu ýerde Isa Mesihe Hudaý däl-de, Hudaýyň Ogly diýilýär. Görşümiz ýaly, Ýahýanyň hoş habarynyň başga aýatlary Ýahýa 1:1-däki sözleriň manysyna düşünmäge kömek edýär. Isa Mesihe ýa-da Söze ýokary wezipe tutýany üçin, «hudaý» diýilse-de, Gudraty güýçli Hudaý bilen deň däl.

ÝENE NÄHILI SUBUTNAMA BAR?

Ýene-de okuwçylar baradaky mysala seredeli. Mugallym goşmaça maglumat getirenden soňam, käbir okuwçylarda şübhe galsa näme etmeli? Başga mugallyma ýüz tutaýmaly. Eger ol mugallym birinji mugallymyň aýdanyny tassyklasa, okuwçylaryň köpüsinde şubhe galmaz. Senem şeýle edip bilersiň. Ýahýanyň Isa Mesih hem-de Gudraty güýçli Hudaý barada aýdan zatlaryna doly düşünmeseň, başga hoş habarça ýüz tutup bilersiň. Meselem, Markusyň hoş habaryna görä, Isa Mesih ahyrzaman barada: «Emma ol güni hem ol sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul, diňe Ata bilýändir» diýdi (Markus 13:32). Bu sözler Isanyň Gudraty güýçli Hudaý däldigini nädip tassyklaýar?

Isa Mesih Atasynyň Oglundan köp zat bilýändigini aýtdy. Eger-de Isa Gudraty güýçli Hudaý bolsa, ol Atasynyň bilýän zatlarynyň hemmesini bilerdi. Diýmek, Ogly Atasy bilen deň däl. Kimdir biriniň «Isa bu sözleri ynsanka aýtdy» diýmegi mümkin. Onda mukaddes ruh barada näme diýse bolar? Eger mukaddes ruh Hudaý bolup, Ata bilen deň bolsa, onda näme üçin Isa ol barada hiç zat aýtmady? Näme üçin ol Atanyň bilýän zatlaryny mukaddes ruham bilýär diýmedi?

Mukaddes Ýazgylary öwrenseň, bu tema degişli başga-da aýatlara duş gelersiň. Olar Ata, Ogul we mukaddes ruh baradaky hakykaty aýan edýär (Zebur 90:2; Resullaryň işleri 7:55; Koloslylar 1:15).

^ abzas 7 Ýahýa 1:1-däki sözleriň manysyna düşünmek üçin, grek diliniň grammatikasynyň düzgünini bilmeli. Bu barada Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dilde çap eden «Troisa ynanmalymy?» diýen broşýuranyň 26—29-njy sahypalaryndan bilip bolar.