Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary

Hudaýy şöhratlandyrýan Halypamyzyň agşam nahary

MESIHÇILERE Isa Mesihiň ölen gününi ýatlamak tabşyryldy. Bu ýatlama güne «Halypamyzyň agşam nahary» hem diýilýär (1 Korinfliler 11:20). Bu baýramçylygyň nähili ähmiýeti barka? Ony haçan we nädip bellemeli?

Isa Mesih bu baýramçylygy b. e. 33-nji ýylynda ýewreýleriň Pasha baýramyny belleýän güni girizdi. Pasha baýramyny ýewreýleriň nisan aýynyň 14-ine ýylda bir gezek belleýärdiler. Onuň haýsy güne düşjegini bilmek üçin, gije-gündiziň ýazda deňleşýän wagtyna garaşýardylar. Ýazda gije-gündiziň deňleşýän gününe golaý täze dogan aýdan, nisan aýy başlanýardy. Pasha baýramyny nisan aýynyň 14-ine, gün ýaşandan soň belleýärdiler.

Isa pygamber şägirtleri bilen Pasha baýramyny belläp, Iuda Iskarioty iberenden soň, Halypamyzyň agşam naharyny girizdi. Ol ýewreýleriň Pasha baýramyna derek bolany üçin, ony ýylda bir gezek bellemeli.

Mattanyň hoş habarynda şeýle diýilýär: «Isa çörek alyp, şükür etdi-de, ony döwüp şägirtlere berdi, diýdi: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir». Onsoň käsäni aldy, şükür edeninden soň, olara berip diýdi: «Şundan hemmäňiz içiň, çünki bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr» (Matta 26:26—28).

Käbir adamlar Isa çöregi bedene, şeraby bolsa gana öwrendir öýdýär. Emma Isa çöregi resullaryna berende, onuň bedeni ýerindedi. Isanyň resullary, dogrudanam, onuň bedenini iýip, ganyny içdilermikä? Ýok. Bu adamhorluk we Hudaýyň kanunyna garşy bolardy (Gelip çykyş 9:3, 4; Lewiler 17:10). Luka 22:20-de Isa şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen täze ähtdir». Käse «täze äht» boldumyka? Ýok, sebäbi äht baglaşmak maddy zat däl-de, düşünje.

Diýmek, çörek bilen şerap bir zadyň nyşany bolmaly. Çörek Isanyň kämil bedenini aňladýar. Şol agşam Isa şägirtlerine Pasha naharyndan galan çöregi berdi. Bu çöregi hamyrmaýasyz bişirýärdiler (Müsürden çykyş 12:8). Mukaddes Ýazgylarda hamyrmaýa köplenç günäni we zaýalygy aňladýar. Petir çörek Isanyň gurban eden kämil bedenini aňladýar. Onuň bedeni günäsizdi (Matta 16:11, 12; 1 Korinfliler 5:6, 7; 1 Petrus 2:22; 1 Ýahýa 2:1, 2).

Gyrmyzy şerap Isanyň ganyny aňladýar. Isanyň döken gany arkaly täze äht başlaýar. Isa «günäleriň bagyşlanmagy üçin» ganynyň döküljegini aýtdy. Bu bolsa adamlara Ýehowanyň öňünde arassa bolmaga we onuň bilen täze äht baglaşmaga mümkinçilik berýär (Ýewreýler 9:14; 10:16, 17). Bu äht baglanyşygy 144 000 wepaly mesihçilere gökde ýaşamaga ýol açýar. Olar patyşa we ruhany bolup, adamzada peýda getirer (Gelip çykyş 22:18; Ýermeýa 31:31—33; 1 Petrus 2:9; Ylham 5:9, 10; 14:1—3).

Halypamyzyň agşam naharynda çörekden we şerapdan kim datmaly? Äht baglaşanlar we gökde ýaşajaklar çörekden hem-de şerapdan dadyp bilýär. Bu adamlar gökde patyşa bolmak üçin saýlanandygyna, mukaddes ruh güwä geçýär (Rimliler 8:16). Şeýle-de Isa Mesih olar bilen Patyşalyk barada äht baglaşdy (Luka 22:29).

Onda ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar barada näme diýse bolar? Isa Mesihiň tabşyrygyny ýerine ýetirip, olaram ýatlama agşamyna gelýär. Olar ýatlama agşamyna sarpa goýýar, emma çörekden we şerapdan datmaýar. Ýehowanyň Şaýatlary Halypamyzyň agşam naharyny nisan aýynyň 14-ne, gün ýaşandan soň, ýylda bir gezek belleýär. Gökde ýaşajaklardan häzir ýer ýüzünde birnäçe müňi galsa-da, mesihçileriň hemmesi bu ýatlama agşamynyň gadyryny bilýär. Biziň her birimiz Halypamyzyň agşam naharynda Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesihiň çäksiz söýgüsi barada oýlanyp bileris (Ýahýa 3:16).