Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

1914-nji ýyl — Mukaddes Ýazgylara görä‚ ähmiýetli ýyl

1914-nji ýyl — Mukaddes Ýazgylara görä‚ ähmiýetli ýyl

MUKADDES ÝAZGYLARY öwrenýänler, 1914-nji ýylyň taryhda ähmiýetli ýyl boljagyny, birnäçe ýyl öňünden aýtdylar. Şonda nähili wajyp wakalar boldy we näme üçin biz 1914-nji ýyly taryhda ähmiýetli ýyl hasaplamaly?

Luka 21:24-de Isa Mesih şeýle diýdi: «Olar möwritleri (milletler döwri) dolýança, Iýerusalimi basgylar». Iýerusalim Ysraýylyň paýtagtydy, ýagny Dawudyň neslinden bolan patyşalaryň şäheridi (Zebur 48:1, 2). Bu patyşalar başga milletleriň hökümdarlaryndan tapawutlanýardy. Olar «Rebbiň tagtynda» oturýardylar we Hudaýyň wekilleridi (1 Ýyl ýazgylary 29:23). Şonuň üçin Iýerusalim Ýehowanyň hökümdarlygyny aňladýardy.

Hudaýyň hökümdarlygyny milletler haçan we nädip basgylap başladylar? Bu b. e. öň 607-nji ýylda, babyllylar Iýerusalimi basyp alanda boldy. Dawudyň neslindäki patyşalaryň höküm sürmegi bes edildi we şondan soň hiç kim «Rebbiň tagtynda» oturmady (2 Patyşalar 25:1—26). Hudaýyň hökümdarlygy ebedi basgylanarmy? Ýok, çünki Hezekiýeliň pygamberliginde Iýerusalimiň soňky pytaşasy Zedekiýa: «Täjiňi çykar-da goý... Ol hakyky (kanuny hukukly) eýesi gelýänçä bolmaz, Men ony şoňa bererin» diýilýär (Ezekiýel 21:26, 27). Dawudyň täjini geýmäge, Isa Mesihiň kanuny hukugy bar (Luka 1:32, 33). Diýmek, milletler döwri Isa Mesih Patyşa bolanda tamamlanmaly.

Bu ähmiýetli waka haçan bolmalydy? Isa Mesih milletleriň wagtlaýyn höküm sürjekdigini aýtdy. Milletleriň näçe wagt höküm sürjegi, Danyýel kitabynyň 4-nji babynda aýdylýar. Onda Babylyň patyşasy Nebukadnezaryň gören düýşi gürrüň berilýär. Nebukadnezar patyşa düýşünde bir beýik agaç gördi, gören agajyny çapdylar. Agaçdan täze baldak gögermez ýaly, ony demirdir mis bilen «ýedi döwre» bagladylar (Danyýel 4:10—16).

Mukaddes Ýazgylarda agaç hökümdarlygy ýa-da patyşalygy aňladýar (Ezekiýel 17:22—24; 31:2—5). Görnüşdäki agajyň çapylmagy, Hudaýyň tagtynda oturan patyşalaryň höküm sürmegini bes edendigini aňladýar. Emma milletler Iýerusalimi ebedi däl-de, «ýedi döwür» basgylar. Ýedi döwür näçe wagtka?

Ylham 12:6, 14-nji aýatlardan bilşimiz ýaly, üç ýarym ýyl (döwür) «müň iki ýüz altmyş gün» bolýar. Diýmek, «ýedi döwür» ondan iki esse köp bolup, 2 520 güne deň. Emma Iýerusalimiň basyp alnanyna 2 520 gün geçende, milletler Hudaýyň hökümdarlygyny basgylamagyny bes etmediler. Görşümiz ýaly, bu pygamberlik has köp wagty öz içine alýar. Ezekiýel 4:6-daky we Sanlar 14:34-däki prinsipe görä, «güni ýyl» diýip hasaplasak, «ýedi döwür» 2 520 ýyl bolýar.

B. e. öň 607-nji ýylyň oktýabr aýynda babyllylar Iýerusalimi basyp alyp, Dawudyň neslinden bolan patyşany tagtdan düşürdiler. 2 520 ýyly şondan başlap hasaplamaly. Bu döwür b. e. 1914-nji ýylynyň oktýabr aýynda tamamlandy. Edil şol wagt milletleriň döwri tamamlanyp, Isa Mesih patyşa boldy * (Zebur 2:1—6; Danyýel 7:13, 14).

Isanyň öňden aýdyşy ýaly, onuň gökde Patyşa bolmagy bilen ýer ýüzünde uruş, açlyk, ýer titreme, gyrgynçylyk ýaly uly betbagtçylyklar bolmaly (Matta 24:3—8; Luka 21:11). 1914-nji ýylda gökde Hudaýyň Patyşalygynyň berkarar bolandygyny we şondan bäri zalym dünýäniň «soňky günleriniň» başlandygyny bu wakalar subut edýär (2 Timoteos 3:1—5).

^ abzas 9 B. e. öň 607-nji ýylyň oktýabr aýyndan, b. e. öň 1-nji ýyla çenli 606 ýyl geçdi. Nolunjy ýyl bolmansoň, b. e öň 1-nji ýylyň oktýabr aýyndan, b. e. 1914-nji ýylynyň oktýabr aýyna çenli 1914 ýyl geçdi. 606 ýyla 1914 ýyly goşsaň 2 520 ýyl bolýar. Iýerusalimiň b. e. öň 607-nji ýylda basyp alnany barada «Ýazgylaryň hemmesi dogry hem-de peýdaly» (rusça) diýen kitabyň 3-nji sapagyndaky 5, 6-njy abzaslaryndan hem-de «Ýazgylara düşünmek» diýen ensiklopediýanyň «Hronologiýa» diýen makalasyndan bilip bolar. Bu edebiýatlary Ýehowanyň Şaýatlary dürli dilde çap etdi.