Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

«Beýik Babyl» näme?

«Beýik Babyl» näme?

YLHAM kitabyndaky käbir sözlere göni manyda düşünmeli däl. Meselem, şol kitapda maňlaýynda «Beýik Babyl» diýip ýazylan aýal barada gürrüň edilýär. Bu aýal «halklaryň, märekeleriň» üstünde otyr (Ylham 17:1, 5, 15). Ol adaty aýaly suratlandyrmaýar, diýmek, munuň başga manysy bolmaly. Onda bu kemçin kimi aňladýarka?

Ylham 17:18-de bu aýala «dünýä patyşalaryna patyşalyk eden uly şäherdir» diýilýär. Bu «uly şäher» «dünýä patyşalarynyň» üstünden höküm sürýäni üçin, «Beýik Babyl» atly aýal halklara täsir edýän guramany aňladýar. Oňa dünýä imperiýasy diýseňem bolýar. Bu nähili imperiýaka? Dini imperiýa. Gel, bu sözleri Ylham kitabynyň tassyklaýşyna seredeli.

Syýasy, söwda we dini imperiýalar bar. «Beýik Babyl» atly aýal syýasy imperiýa bolup bilmeýär, sebäbi Hudaýyň Sözünde: «Ýer ýüzüniň patyşalary [dünýäniň syýasy güýçleri] onuň bilen zyna etdi» diýilýär. Bu aýal ýer ýüzündäki hökümdarlar bilen şertnama baglaşyp zyna edýär. Şonuň üçin oňa «uly kemçin» diýilýär (Ylham 17:1, 2; Ýakup 4:4).

Beýik Babyl söwda imperiýasy däl, çünki «dünýäniň täjirleri», ýagny söwda guramalary, bu şäher weýran edilende aglaşar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar patyşalaryň we täjirleriň «daşda durup», Beýik Babyla seredýändigini aýdýar (Ylham 18:3, 9, 10, 15—17). Bularyň hemmesi Beýik Babylyň syýasy ýa-da söwda imperiýasy däl-de, dini imperiýadygyny görkezýär.

Beýik Babylyň dindigini görkezýän ýene bir subutnama bar. Ylham kitabynda bu şäher hemme halklary «jadysy» bilen azdyrdy diýilýär (Ylham 18:23). Beýik Babyla «jynlaryň jaýy» diýilmeginiň sebäbi, jadygöýlügiň ähli görnüşi din bilen bagly we jynlardan gelip çykýar (Ylham 18:2; Kanun taglymaty 18:10—12). Bu imperiýa hakyky dine garşy çykyp, «pygamberleri» we «mukaddesleri» yzarlaýar (Ylham 18:24). Beýik Babyl hakyky dini gaty ýigrenýär. Şonuň üçin göçme manydaky kemçin «Isa güwälik edenleri» zalymlyk bilen yzarlaýar we hatda olary öldürýär (Ylham 17:6). Görşümiz ýaly, «Beýik Babyl» diýen aýal ýalan diniň dünýä imperiýasyny ýa-da Ýehowa Hudaýa garşy gidýän ähli dinleri aňladýar.