Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Isa Mesih gyşda doguldymyka?

Isa Mesih gyşda doguldymyka?

MUKADDES ÝAZGYLARDA Isa Mesihiň doglan güni barada aýdylmasa-da, Hudaýyň Sözünden onuň gyşda dogulmandygyny bilip bolýar.

Isa Beýtullaham şäherinde doglanda howa nähilidi? Ýewreýleriň kalendary boýunça kislew (noýabr—dekabr) aýynda, aslynda, ýagyşly sowuk howa bolýar. Ondan soň tebet (dekabr— ýanwar) aýy gelýär. Bu ýylyň iň sowuk aýy hasaplanýar. Ýahudanyň daglyk ýerlerinde bolsa gar bolýardy. Ol ýeriň howasy barada Mukaddes Ýazgylaryň näme diýýänini bileli.

Ezranyň kitabyndan görnüşi ýaly, dogrudanam, kislew aýy ýagyşlydy we sowukdy. Ezra «dokuzynjy (kislew) aýyň ýigrimisine» halkyň Iýerusalimde ýygnanandygyny aýdýar. Ol ýerde adamlar meýdanda «ýagyşdan... ýaňa sandyrap» şeýle diýdiler: «Häzir ýagyşly howa, daşarda durmaga-da ýagdaý ýok» (Ezra 10:9, 13; Ýermeýa 36:22). Diýmek, çopanlaryň sürüleri bilen gyşda näme üçin gijelerine meýdanda galmaýany düşnükli.

Emma Mukaddes Ýazgylarda Isanyň doglan gijesi çopanlaryň sürüleri bilen meýdanda bolandygy aýdylýar. Hoş habarçy Luka Beýtullahamyň golaýynda çopanlaryň «gijelerine düzde galyp, sürülerini» goraýandygyny aýdýar (Luka 2:8—12). Çopanlar meýdana diňe gündizine gelmän, şol ýerde ýaşaýardy. Olaryň sürüsi gijelerine meýdanda galýardy. Gyşyň sowuk we ýagyşly günleri çopanlar düzde ýaşarmydy? Elbetde, ýok. Mukaddes Ýazgylardaky habarlar Isanyň gyşda dogulmandygyna güwä geçýär *.

Mukaddes Ýazgylarda Isanyň ölen güni barada aýdylsa-da, onuň doglan güni barada anyk aýdylmaýar. Süleýman patyşanyň: «Ýagşy at gowy ýagdan, adamyň ölen güni bolsa, doglan gününden gowudyr» diýen sözleri ýadyňa düşýär (Wagyz kitaby 7:1). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylarda Isanyň gulluk edişi we ölümi barada jikme-jik aýdylsa-da, onuň doglan güni barada maglumat az.

Isanyň doglan gijesi çopanlar sürüleri bilen düzdedi

^ abzas 6 Bu barada Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dilde çap eden «Ýazgylary ulanyp ynandyrmak» diýen kitabynyň 176—179-njy sahypalaryndan giňişleýin bilip bolar.