Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3-NJI BAP

Hudaýyň söýýänlerini söý

Hudaýyň söýýänlerini söý

«Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 13:20).

1—3. a) Mukaddes Ýazgylar nähili hakykaty tassyklaýar? b) Bize gowy täsir edýän dostlary nädip saýlamaly?

BELLI bir manyda, adamlar özüne suwy siňdirýän pagta meňzeýär. Biz aňsatlyk bilen, hatda duýman, gatnaşýan adamlarymyzyň garaýşyny, kadalaryny we häsiýetlerini özümize çekýäris.

2 Mukaddes Ýazgylarda munuň hakykatdygy şeýle tassyklanylýar: «Akyldarlar bilen gezýän adam akyldar bolar; akylsyzlaryň dosty bolsa zelel çeker» (Süleýmanyň tymsallary 13:20). Bu tymsalda ýöne bir ýüzleý gatnaşyk barada aýdylmaýar. Biri «bilen gezmek» diýen jümle dowamly gatnaşygy aňladýar *. Bu aýat barada Mukaddes Ýazgylaryň bir ensiklopediýasynda şeýle diýilýär: «Biri bilen gezmek, ýagny gatnaşmak ony söýmegi we oňa ysnyşmagy aňladýar». Eýsem, kimdir birini söýsek, ondan görelde almarysmy? Dogrudan-da, kimi söýsek, oňa güýçli ysnyşýarys, ol bolsa bize gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär.

3 Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin, gowy täsir edýän dostlary saýlamaly. Nädip? Gysgaça aýtsak, Hudaýyň söýýänlerini söýmeli we onuň dostlaryny dost edinmeli. Şu barada oýlanyp gör: Ýehowanyň öz dostlarynda görmek isleýän häsiýetleri edinen adamlar bilen dost bolmakdan gowy zat barmy? Geliň, Hudaýyň nähili adamlary söýýändigine seredeliň. Eger biz Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutsak, onda gowy dost saýlap bileris.

HUDAÝYŇ SÖÝÝÄN ADAMLARY

4. Näme üçin Ýehowanyň dostlaryny ünsli saýlamaga haky bar we ol Ybraýyma näme üçin «dostum» diýdi?

4 Ýehowa dostlaryny örän ünsli saýlaýar. Eýsem, onuň muňa haky ýokmy? Ýehowa Älemiň eýesi — onuň bilen dost bolmak uly hormatdyr. Ol özüne nähili adamlary dost saýlaýarka? Ýehowa özüne doly ynanýan we bil baglaýan adamlary ýakynlaşdyrýar. Geliň, berk imanly Ybraýymyň mysalyna seredeliň. Ata üçin ogluňy gurban bermekden agyr synag bolmasa gerek *. Emma Ybraýym «Yshagy gurban getirjek boldy», sebäbi ol «Hudaýyň ogluny ölümden direldip biljegine» doly ynanýardy (Ýewreýler 11:17—19). Ybraýym iman edip, gulak asandygy üçin, Ýehowa oňa söýgi bilen «dostum» diýdi (Işaýa 41:8; Ýakup 2:21—23).

5. Ýehowa wepaly gulak asýan adamlara nähili garaýar?

5 Ýehowa gulak asýan adamlaryň gadyryny bilýär. Ol Hudaýa gaýduwsyz wepaly adamlary söýýär (2 Şamuwel 22:26-ny okaň). Şu kitabyň 1-nji babynda aýdylyşy ýaly, Ýehowa söýgi bilen gulak asýan adamlary halaýar. Süleýmanyň tymsallary 3:32-de: «Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir» diýilýär. Ýehowa talaplaryny wepaly berjaý edýän adamlary «çadyryna» myhman bolmaga, ýagny sežde etmäge we islän wagty arkaýyn dogada ýüzlenmäge çagyrýar (Zebur 15:1—5).

6. Biz Isany söýýändigimizi nädip görkezip bileris we Ýehowa Ogluny söýýänlere nähili garaýar?

6 Ýehowa ýeke-täk Ogly Isany söýýänleri söýýär. Isa şeýle diýdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar; Atam-da ony söýer, biz oňa baryp, ýanynda mesgen tutarys» (Ýahýa 14:23). Biz Isany söýýändigimizi nädip görkezip bileris? Munuň üçin Isanyň tabşyryklaryna gulak asyp, hoş habary wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly (Matta 28:19, 20; Ýahýa 14:15, 21). Şeýle-de bikämillige garamazdan, sözde-de, iş ýüzünde-de Isadan görelde alyp, onuň «yzyna doly eýersek», ony söýýändigimizi görkezýäris (1 Petrus 2:21). Ýehowa Ogluny söýüp, ondan görelde almaga çalyşýan adamlary görende örän begenýär.

7. Ýehowanyň dostlaryny dost edinmek näme üçin paýhasly?

7 Ýehowa dostlarynda iman, wepalylyk, gulak asmak, Isany we onuň kadalaryny söýmek ýaly häsiýetleri görmek isleýär. Şol sebäpli her birimiz özümize şeýle sowal bermeli: «Meniň dostlarymda şeýle häsiýetler barmy we olar Ýehowanyň kadalary boýunça ýaşaýarlarmy? Olar Ýehowanyň dostumy?» Eger dosty bolsa, onda bu örän gowy. Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürip, Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly wagyz edýän adamlar bize gowy täsir edýärler hem-de Hudaýyň halaýşy ýaly ýaşamaga kömek edýärler (« Kime gowy dost diýse bolýar?» diýen çarçuwa seret).

MUKADDES ÝAZGYLARDAKY MYSALLARDAN ÖWRENÝÄRIS

8. a) Saňa Naomi bilen Rutuň, b) üç ýewreýiň, ç) Pawlus bilen Timoteosyň dostlugynda näme ýaraýar?

8 Mukaddes Ýazgylarda gowy dost saýlap, peýda tapan ençeme adamlaryň mysallary bar. Onda Naomi bilen gelni Rutuň, Babyla äkidilen üç ýewreýiň we Pawlus bilen Timoteosyň dostlugy barada okap bolýar (Rut 1:16; Danyýel 3:17, 18; 1 Korinfliler 4:17; Filipililer 2:20—22). Geliň, Dawut bilen Ýonatanyň dostlugy barada ajaýyp mysala seredeliň.

9, 10. Dawut bilen Ýonatan näme üçin jana-jan dostdy?

9 Mukaddes Ýazgylarda Dawut Golýaty öldürende, «Ýonatan Dawudy ýürekden söýüp, ony öz jany ýaly gowy gördi» diýilýär (1 Şamuwel 18:1). Şeýdip, olaryň jana-jan dostlugy başlandy we ýaş tapawudyna garamazdan, tä Ýonatan söweşde wepat bolýança dowam etdi (2 Şamuwel 1:26) *. Olar näme üçin jana-jan dostdy?

10 Dawut bilen Ýonatany Hudaýa bolan söýgi we oňa wepaly bolmaga güýçli höwes ýakynlaşdyrýardy. Olaryň ikisi-de Hudaýy razy etmek isleýärdiler. Olar bir-biriniň häsiýetlerini gowy görýärdiler. Elbetde, batyrgaýlyk we yhlas bilen Ýehowanyň adynyň hatyrasyna edermenlik görkezen ýaş oglan Ýonatanyň göwnünden turdy. Ýehowanyň häkimiýetini wepaly goldap, Dawudyň bähbidini özüniňkiden ýokary tutan gartaşan adama Dawudyň hormat goýandygyna şübhelenmän bileris. Geliň, bir waka seredeliň. Dawudyň durmuşynda kyn pursatlar başlandy. Ol Ýonatanyň kakasy Şaulyň gazabyndan gaçyp çöle gitdi. Emma Ýonatan dostuna wepaly galyp, özi «Dawudyň Hudaýa ynamyny berketmek üçin onuň ýanyna gidýär» (1 Şamuwel 23:16). Ýakyn dosty gelip, ony goldanda we ruhlandyranda, Dawudyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getir! *

11. Ýonatan bilen Dawudyň dostlugyndan näme öwrenýäris?

11 Ýonatan bilen Dawudyň mysalyndan näme öwrenýäris? Görşümiz ýaly, dostlar üçin iň esasy zat — Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmak. Eger imanymyz, ahlak kadalarymyz we Hudaýa wepaly bolmaga höwesimiz gabat gelýän adamlar bilen dostlaşsak, onda pikir-düşünjämizi we şatlyk-gaýgymyzy paýlaşyp, durmuşda bolýan wakalary gürrüň berip, bir-birimizi ruhlandyrarys hem-de berkideris (Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary okaň). Biz Hudaýa wepaly dostlary imandaşlaryň arasyndan tapyp bileris. Emma ýygnak duşuşyklaryna gelýänleriň ählisi gowy dost bolup bilermi? Ýok, bolup bilmez.

NÄDIP DOST SAÝLAMALY

12, 13. a) Hatda mesihçileriň arasynda dost saýlanyňda näme üçin ünsli bolmaly? b) I asyrdaky ýygnakda nähili ýagdaý ýüze çykdy we Pawlus nähili duýduryş berdi?

12 Eger Hudaý bilen dostlugymyzyň berkemegini islesek, onda dostlary ýygnakda-da ünsli saýlamaly. Bu bizi geň galdyrmalymy? Ýok. Käbir agaçlaryň miwesi uzak wagtlap bişişi ýaly, ýygnakdaky mesihçileriň käbirine hem ruhy taýdan ösmek üçin köp wagt gerek bolýar. Diýmek, ýygnaklarda-da mesihçileriň ruhy taýdan ösüşi deň däl (Ýewreýler 5:12—6:3). Elbetde, biz täze gelenlere we imany gowşaklara ruhy taýdan ösmäge kömek etmek üçin, sabyrly bolup, söýgi bildireris (Rimliler 14:1; 15:1).

13 Käte ýygnakda-da ätiýaçly bolmaly. Käbirler özüni edepsiz alyp barsa, käbiri gaharjaň ýa-da igenjeň bolýar. B. e. I asyrynda hem şeýle ýagdaý bolupdy. Doganlaryň köpüsi wepaly bolsa-da, käbiri özüni nädogry alyp barýardy. Korinfdäki ýygnagyň käbir agzalary Mesihiň taglymatyna dogry uýmaýardy, şol sebäpli Pawlus şeýle duýduryş berdi: «Aldanmaň. Erbetler bilen gatnaşyk etmek gowy endikleri bozýandyr» (1 Korinfliler 15:12, 33). Pawlus Timoteosa Mesihiň şägirtleriniň arasynda-da özüni abraýsyz alyp barýanlar bolar diýdi. Ol Timoteosa şeýle adamlar bilen ýakyn gatnaşmazlygy maslahat berdi (2 Timoteos 2:20—22-nji aýatlary okaň).

14. Pawlusyň duýduryşyna esaslanan prinsipi nädip ulanyp bileris?

14 Biz Pawlusyň duýduryşyna esaslanan prinsipi nädip ulanyp bileris? Ýaramaz täsir edýän her bir imandaşdan we başga adamlardan daş durmaly (2 Selanikliler 3:6, 7, 14). Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy goramaly. Pagtaly mysaly ýadymyza salalyň. Biz ýakyn dostlarymyzyň garaýşyny hem-de häsiýetlerini özümize çekýäris. Biz pagtany şeraba batyryp, ol özüne suwy siňdirer öýtmeýäris. Şol sebäpli-de, ýaramaz täsir edýänler bilen dostlaşyp, olar bize peýda getirer diýip bolmaz (1 Korinfliler 5:6).

Sen gowy täsir edýän dostlary imandaşlaryň arasyndan tapyp bilersiň

15. Ýygnakda Ýehowanyň dostlaryny nädip tapyp bileris?

15 Bagtymyza, imandaşlaryň arasynda bize gowy täsir edýän dost tapynmaga mümkinçilik köp (Zebur 133:1). Biz ýygnakda Ýehowanyň dostlaryny nädip tapyp bileris? Eger biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri we endikleri ösdürsek, onda Hudaýa ýaranmak isleýän imandaşlary özümize çekeris. Şol bir wagtyň özünde senem täze dost tapmak üçin, käbir ädimleri ätmeli bolarsyň (« Nädip gowy dost tapdyk» diýen çarçuwa seret). Sen özüňde nähili häsiýetleri görmek isleseň, şeýle häsiýetli adamlara üns ber. Mukaddes Ýazgylardaky «ýüregiňizi giňden açyň» diýen maslahata eýerip, imandaşlaryň jynsyna, milletine we medeniýetine garaman, olaryň arasyndan dost saýla (2 Korinfliler 6:13; 1 Petrus 2:17-ni okaň). Diňe deň-duşlaryň bilen dostlaşma. Ýonatanyň ýaşynyň Dawutdan örän uly bolandygyny unutma. Uly ýaşly adamlar bilen dostlaşsaň, olaryň tejribesi we akyldarlygy seniň durmuşyňy baýlaşdyrar.

KYNÇYLYK ÝÜZE ÇYKANDA

16, 17. Eger imandaşymyz göwnümize degse, näme üçin ýygnagy taşlamaly däl?

16 Ýygnakdaky dogan-uýalaryň häsiýeti we terbiýesi her dürli bolandygy üçin, käwagt kynçylyk ýüze çykýar. Imandaşlarymyz sözi ýa-da hereketi bilen biziň göwnümize degip biler (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Käte düşünişmezlik ýa-da garaýşyň tapawutlylygy zerarly kynçylyk ýüze çykýar. Biz şeýle kynçylyklar sebäpli büdräp, ýygnagy goýarysmy? Eger Ýehowany we onuň söýýänlerini ýürekden söýsek, onda ýygnagy goýmarys.

17 Ýehowa Ýaradyjy we Ýaşaýyş beriji hökmünde söýgimize hem-de wepadarlygymyza mynasypdyr (Ylham 4:11). Şeýle-de Hudaýyň ýygnagyna biziň mähirli goldawymyz gerek (Ýewreýler 13:17). Şol sebäpli imandaşymyzyň bizi gynandyrany ýa göwnümize degeni üçin närazylyk bildirip, ýygnagy taşlamarys. Eýsem, bu dogrumy? Göwnümize degen Ýehowa däl ahyryn. Ýehowa bolan söýgimiz bizi hiç haçan ondan we onuň halkyndan ýüz öwürmäge ýol bermez! (Zebur 119:165-i okaň).

18. a) Biz ýygnakda parahatlygyň bolmagyna nädip ýardam edip bileris? b) Eger degerli sebäbe görä bagyşlasak, nähili bereket alarys?

18 Imandaşlara bolan söýgimiz ýygnakda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär. Ýehowa söýýän adamlaryndan kämillige garaşmaýar, bizem şeýle bolmaly. Söýgi bize başgalaryň ujypsyz kemçiliklerine üns bermezlige kömek edýär we biz bikämildigimizi hem-de ýalňyşýandygymyzy unutmaýarys (Süleýmanyň tymsallary 17:9; 1 Petrus 4:8). Söýgi bize «bir-birimizi ýürekden bagyşlamaga» ýardam edýär (Koloslylar 3:13). Emma bu maslahata eýermek hemişe aňsat däl. Eger biz ýaramaz duýgulara erk etmesek, öýke-kine kalbymyza ornaşar, mümkin, gahardan ýaňa göwnümize degen adamdan ar aljak bolýandyrys. Aslynda bolsa, biz özümize zyýan ýetirýäris. Eger degerli sebäbe görä ony bagyşlasak, bol bereket alarys (Luka 17:3, 4). Bu kalbymyza rahatlyk, ýygnaga parahatlyk berer, esasanam, Ýehowa bilen dostlugymyzy saklarys (Matta 6:14, 15; Rimliler 14:19).

HAÇAN GATNAŞYK ETMELI DÄL

19. Haçan biri bilen gatnaşygy kesmeli bolýarys?

19 Käwagt biz ýygnagyň agzasy hasaplanmaýan dogan-uýalar bilen gatnaşygymyzy kesmeli bolýarys. Biri Hudaýyň kanunyny bozup, toba etmän ýygnak gatnaşygyndan kesilse, ýalan taglymatlary ýaýradyp imandan dänse ýa-da ýygnagy inkär etse, onda şeýle adam bilen gatnaşygy kesmeli bolýarys. Hudaýyň Sözi şeýle adamlar bilen «gatnaşmazlygy» açyk aýdýar (1 Korinfliler 5:11—13-nji aýatlary okaň; 2 Ýahýa 9—11) *. Dostumyz ýa garyndaşymyz bilen gatnaşygy kesmek, has-da kyn bolup biler. Şeýtsek, Ýehowa we onuň adyl kanunlaryna bolan wepalylygymyzy ähli zatdan ýokary tutýandygymyzy görkezmerismi? Ýehowanyň wepaly we gulak asýan adamlaryň gadyryny bilýändigini unutma.

20, 21. a) Ýygnak gatnaşygyndan kesilmek näme üçin söýgini görkezýär? b) Dostlary näme üçin paýhasly saýlamaly?

20 Aslynda, ýygnak gatnaşygyndan kesilmek — Ýehowanyň söýgüsini görkezýär. Näme üçin? Toba etmedik günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmek, bu Ýehowanyň mukaddes adyna we onuň bilen bagly ähli zatlara bolan söýgimizi görkezýär (1 Petrus 1:15, 16). Bu çäräniň kömegi bilen ýygnak arassa saklanýar. Ýygnagyň wepaly agzalary özdiýenli günäkäriň ýaramaz täsirinden goralýar we olar zalym dünýäden goraýan asuda ýer bolan ýygnakda şatlyk bilen gullugyny dowam edip bilerler (1 Korinfliler 5:7; Ýewreýler 12:15, 16). Şeýle berk temmi günäkäre bolan söýgimizi görkezýär. Bu oňa pikirini özgertmäge we Ýehowa dolanmak üçin gerekli ädimleri ätmäge höweslendirip biler (Ýewreýler 12:11).

21 Diýmek, ýakyn gatnaşyk edýän adamlarymyz bize güýçli täsir edýär. Şol sebäpli dostlary paýhasly saýlamaly. Ýehowanyň dostlary bilen dostlaşyp, onuň söýýän adamlaryny söýsek, biz iň gowy dostlary tutunarys. Olardan öwrenenlerimiz bize Ýehowanyň halaýşy ýaly ýaşamaga kömek eder.

^ abzas 2 Biri «bilen gezmek» diýip terjime edilen ýewreý sözi «ýaranlyk etmek» diýip hem berilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:24).

^ abzas 4 Ýehowa Ybraýymdan ogluny gurban bermegi talap edende, özüniň ýekeje Ogluny gurban etjekdigini göçme manyda görkezdi (Ýahýa 3:16). Ybraýym ogluny gurban etjek bolup durka, muňa Ýehowa goşulyp, Yshaga derek goç berdi (Gelip çykyş 22:1, 2, 9—13).

^ abzas 9 Dawut Golýaty ýaş «oglanka» öldürdi, Ýonatan aradan çykanda, ol 30 ýaşlaryndady (1 Şamuwel 17:33; 31:2; 2  Şamuwel 5:4). Ýonatan 60 ýaşlarynda ölýär, ol Dawutdan 30 ýaş uludy.

^ abzas 10 1 Şamuwel 23:17-de Ýonatanyň aýdan sözlerine görä, ol Dawudy şeýle ruhlandyrdy: 1) Dawudy batyrgaý bolmaga höweslendirdi; 2) Şaulyň tagallasynyň üstünliksiz boljagyna ynandyrdy; 3) Hudaýyň wada edişi ýaly, Dawudyň patyşa boljagyny ýatlatdy; 4) Dawuda wepaly boljagyna söz berdi; 5) Onuň Dawuda wepalydygyny hatda Şaulyň hem bilýändigini aýtdy.

^ abzas 19 Ýygnak gatnaşygyndan kesilenler ýa-da dänenler barada kitabyň «Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam bilen özüňi nähili alyp barmaly?» diýen goşmaça maglumatyndan köpräk bilse bolýar.