Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BAP

«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»

«Ahlaksyzlykdan gaçyň!»

«Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» (KOLOSLYLAR 3:5).

1, 2. Balam Ýehowanyň halkyna zyýan ýetirmek üçin näme etdi?

BALYKÇY özüniň halaýan ýerine gelýär. Ol dürli balygy tutmakçy. Ol iýmiti saýlap, çeňňege ildirýär-de suwa atýar. Biraz salymdan ýüp çekilip, çeňňek gyşarýar welin, ol awuny çekip çykarýar. Balykçy iýmiti dogry saýlandygyna göz ýetirip ýylgyrýar.

2 B. e. öň 1473-nji ýylda Balam atly adam hem Hudaýyň halkyna garşy nähili mekirligi ulanjakdygyny köp oýlandy. Şol wagt Hudaýyň halky Wada edilen diýaryň araçäginde ýerleşýän Mowap düzlüginde düşläpdi. Balam özüni Ýehowanyň pygamberi saýýardy, ýöne aslynda, ol Ysraýyly näletlemek üçin satyn alnan açgöz adamdy. Emma Ýehowanyň goşulmagy bilen ol Ysraýyla diňe ak pata berdi. Balam islendik ýol bilen sylagyny almak isleýär. Eger ysraýyllylary agyr günä itersem, onda Hudaý öz halkyny näletlär diýip pikir edýär. Şu pikir bilen hem Balam mowaply aýallar arkaly duzak gurýar (Sanlar 22:1—7; 31:15, 16; Ylham 2:14).

3. Balamyň işi başa bardymy?

3 Onuň mekirligi başa bardymyka? Başa bardy diýseňem boljak. On müňlerçe ysraýyllylar «çeňňege» düşdüler, ýagny «mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar». Olar hatda Mowabyň hudaýlaryna, şol sanda hasyl, ýagny jyns gatnaşyk hudaýy bolan Pegor Bagala-da sežde edýärdiler. Netijede, Wada edilen diýaryň araçäginde 24 000 ysraýylly heläk bolýar. Nähili aýylganç betbagtçylyk! (Sanlar 25:1—9).

4. Näme üçin müňlerçe ysraýylly ahlaksyzlyk duzagyna düşdüler?

4 Bu betbagtçylyga näme sebäp boldy? Ysraýyllylaryň köpüsi azypdy, olar Müsürden azatlyga çykaran, çölde aladasyny eden we Wada eden diýaryna sag-aman elten Hudaýy Ýehowadan daşlaşdylar (Ýewreýler 3:12). Pawlus resul bu barada şeýle ýazdy: «Olaryň käbiri ýaly ahlaksyzlyk hem etmäliň, sebäbi ahlaksyzlyk edip, bir günde 23 müň adam heläk boldy» (1 Korinfliler 10:8) *.

5, 6. Ysraýylyň Mowap düzlüginde eden günäsinden nähili wajyp sapak edinip bileris?

5 Hudaýyň häzirki halky Wada edilen diýaryň bosagasynda dur. Olar Sanlar kitabyndaky wakadan ençeme wajyp sapak edinip biler (1 Korinfliler 10:11). Meselem, häzirki dünýä ahlaksyzlykda gadymy Mowapdan has hem beter. Şeýle-de her ýyl müňlerçe mesihçiler ahlaksyzlyk duzagyna, ýagny ysraýyllylar ýaly şol bir «çeňňege» düşýärler (2 Korinfliler 2:11). Ysraýyl halkynyň gözüniň öňünde midýanly aýaly öz çadyryna getiren Zimri ýaly şu günler hem Hudaýyň halky bilen ýakyndan gatnaşýanlaryň käbiri ýygnak agzalaryna erbet täsir edýär (Sanlar 25:6, 14; Ýahuda 4).

6 Göçme manyda aýdanda, sen häzir Mowap düzlüginde durandygyňa düşünýärmiň? Uzak garaşylýan sylagy, ýagny täze dünýäni görýärmiň? Görýän bolsaň, onda Hudaýyň söýgüsinde galmak we «Ahlaksyzlykdan gaçyň!» diýen tabşyryga eýermek üçin eliňden geleni et (1 Korinfliler 6:18).

Mowap düzlügi

AHLAKSYZLYK NÄME?

7, 8. «Ahlaksyzlyk» näme we ony edýänler näme orýar?

7 Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «ahlaksyzlyk» (grekçe porneýa) sözi Hudaýyň kanunyna görä, nikasyz jynsy gatnaşygy aňladýar. Muňa zyna, jelepçilik, durmuş gurmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk, oral (agyz), anal (täret deşigi) jynsy gatnaşygy we är-aýal bolmazdan bir-biriniň jynsy organlaryny oýnamak degişli. Muňa bir jynsly adamlaryň şeýle hereketleri we mal bilen jynsy gatnaşyklar hem girýär *.

8 Mukaddes Ýazgylarda ahlaksyzlyk edýän adamlaryň mesihçiler ýygnagyndan çykarylyp, ebedi ýaşaýşa gowuşmajakdygy aýdyň görkezilýär (1 Korinfliler 6:9; Ylham 22:15). Şeýle-de olar ynamdan gaçýarlar, öz-özüne hormaty ýitýär, maşgalasynda dawa köpelýär, ynsaby ezýet berýär, islenilmedik göwrelilige uçraýarlar, keselleýärler, hatda heläk bolýarlar we başga-da köp zyýan çekýärler (Galatýalylar 6:7, 8-nji aýatlary okaň). Özüňi şeýle horluklara sezewar etmek nämä gerek? Gynansak-da, köp adamlar pornografiýanyň nämä eltýändigi barada oýlanman, onuň bilen gyzyklanyp, ilkinji nädogry ädimi ädýärler.

PORNOGRAFIÝA—ILKINJI ÄDIM

9. Pornografiýa käbirleriniň aýdyşy ýaly zyýansyzmyka? Düşündiriň.

9 Köp ýurtlarda pornografiýany gazet satylýan kiosklarda we telewizorda görüp, aýdym-sazlarda eşitse bolýar, Internet bolsa ondan hyryn-dykyn *. Emma käbirleriň aýdyşy ýaly, pornografiýa zyýansyzmyka? Asla ýok! Pornografiýany görýänler masturbasiýa etmegi endik edip, «wejera şewhetlerine» baş goşýarlar, bu bolsa jynsy ahlaksyzlyga we azgyn höweslere iterip biler, maşgalada güýçli agzalalyk döräp, hatda är-aýalyň aýrylyşmagy mümkin * (Rimliler 1:24—27; Efesliler 4:19). Bir alymyň aýtmagyna görä, jynsy ahlaksyzlyga bolan höwes rak keseline meňzeýär. «Höwes gitdigiçe güýjeýär. Ol hiç haçan kemelmeýär, bejermesi hem kyn bolýar».

Interneti öýde hemmeleriň görýän ýerinde ulanmak paýhasly bolar

10. Ýakup 1:14, 15-nji aýatlardaky prinsipi nädip ulansa bolýar? (Şeýle-de « Ahlak taýdan arassa bolmak üçin güýji nireden almaly» diýen çarçuwa seret).

10 Ýakup 1:14, 15-nji aýatlardaky sözlere seredeliň: «Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar. Soňra höwes güýjäp, adamy günä iterýär, günä bolsa ölüme eltýär». Şonuň üçin eger sende erbet pikir dörese, ondan şol bada dynjak bol! Meselem, eger ahlaksyz zada tötänden gözüň düşse, gözüňi derrew başga ýana sow, kompýuteri öçür ýa telewizory başga ýaýlyma geçir. Ahlaksyz höwesler seni eýelemez ýaly, özüňe erk etmek üçin eliňde baryny et! (Matta 5:29, 30-njy aýatlary okaň).

11. Erbet höweslere garşy göreşenimizde nädip Ýehowa bil baglap bileris?

11 Bizi özümizden hem gowy bilýän Şahsyýet şeýle maslahat berýär: «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» (Koloslylar 3:5). Mümkin, bu aňsat bolmaz. Emma gökdäki söýgüli we sabyrly Atamyzy kömege çagyryp bilýändigimizi unutmalyň (Zebur 68:19). Hapa pikir dörän badyna derrew «Hudaýdan güýjüni» dile we ünsüňi başga zada sowjak bol (2 Korinfliler 4:7; 1 Korinfliler 9:27; « Erbet endigimi nädip taşlap bilerin» diýen çarçuwa seret).

12. Mukaddes Ýazgylarda «ýürek» diýen söz näme aňladýar we biz ony näme üçin goramaly?

12 Akyldar Süleýman patyşa: «Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr» diýip ýazdy (Süleýmanyň tymsallary 4:23). «Ýürek»—biziň içki dünýämiz bolup, aslynda, Hudaýyň öňünde nähili adamdygymyzy görkezýär. Ebedi ýaşaýşa gowuşjagymyz ýa gowuşmajagymyz adamlaryň garaýşyna däl-de, Hudaýyň «ýüregimiz» barada edýän pikirine baglydyr. Bu ýönekeý ýaly bolup görünse-de, muňa çynlakaý garamaly. Meselem, hudaýhon Eýýup aýala azgyn nebisli seretmez ýaly, gözi bilen äht baglaşdy (Eýýup 31:1). Nähili ajaýyp görelde! Şeýle garaýşy saklap, mezmurçy: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» diýip doga etdi (Zebur 119:37).

DINANYŇ AKYLSYZ HEREKETI

13. Dina kimdi we ol nädip akylsyzlyk bilen dost saýlady?

13 3-nji bapdan görşümiz ýaly, dostlarymyz bize ýa gowy ýa-da erbet täsir edip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 13:20; 1 Korinfliler 15:33-i okaň). Geliň, häzir Ýakubyň gyzy Dinanyň mysalyna seredeliň (Gelip çykyş 34:1). Çagalykdan gowy terbiýe alandygyna garamazdan, Dina kenganly gyzlar bilen dostlaşyp, akylsyz hereket edýär. Kenganlylar hem mowaplylar ýaly ahlaksyzlygy bilen tanalýardylar (Lewiler 18:6—25). «Maşgalasynda iň hormatlanýan» Şekem hem beýleki kenganlylar ýaly Dina bilen jynsy gatnaşyk etmegi erbetlik hasaplamady (Gelip çykyş 34:18, 19).

14. Dinanyň dost saýlaýşy nädip betbagtçylyga eltdi?

14 Dina Şekemi görende, jyns gatnaşygy ederin diýip, pikir hem eden däldir. Emma köp kenganlylaryň jynsy höweslerini kanagatlandyryşy ýaly, Şekem hem şeýle hereket etdi. Indi Dinanyň garşylyk görkezmegi peýdasyzdy, çünki Şekem «ony tutdy, zorlap, namysyna degdi». Soňra Şekem Dinany «söýen» bolmaly, ýöne bu onuň etmişini aklamaýardy (Gelip çykyş 34:1—4-nji aýatlary okaň). Netijede, diňe bir Dina azar çekmedi. Onuň saýlan dostlugy bütin maşgalasyny masgaralap, abraýdan gaçyrdy (Gelip çykyş 34:7, 25—31; Galatýalylar 6:7, 8).

15, 16. Biz nädip hakykatdan-da akyldar bolup bileris? (Şeýle-de « Oýlanmak üçin Mukaddes Ýazgylardan aýatlar» diýen çarçuwa seret.)

15 Dina wajyp sapak edinen hem bolsa, goýberen ýalňyşlygy üçin köp görgi gördi. Ýehowany söýýän we oňa gulak asýan adamlara şeýle ýol bilen sapak edinmek gerek däl. Olar Hudaýa gulak asyp, «akyldarlar bilen gezýärler» (Süleýmanyň tymsallary 13:20a). Şeýle-de olar «her bir gowy ýola» düşünýärler we gerekmejek kynçylyklardan, horluklardan gaça durýarlar (Süleýmanyň tymsallary 2:6—9; Zebur 1:1—3).

16 Hudaýyň akyldarlygy ony küýseýän, dyngysyz doga edýän, Hudaýyň Sözüni we sadyk hyzmatkäriň edebiýatlaryny yzygiderli öwrenýän adamlar üçin elýeterli (Matta 24:45; Ýakup 1:5). Şeýle-de Ýazgylardaky maslahatlara eýermek üçin kiçigöwünli bolmaly (2 Patyşalar 22:18, 19). Meselem, mesihçi ýüreginiň gaty mekir we hiç zatdan gaýtmaýandygyna gowy düşünýändir (Ýermeýa 17:9). Emma ol gerek wagtynda söýgi bilen berlen anyk maslahaty, kömegi kiçigöwünli kabul edermikä?

17. Maşgalada döräp biljek ýagdaýy we kakasynyň gyzy bilen nädip pikir alyşmalydygyny gürrüň ber.

17 Aýdaly, kakasy gyzyna ýaş mesihçi dogan bilen ikiçäk duşuşmaga ýol bermeýär. Gyzy: «Kaka, sen maňa ynanmaýarmyň? Biz hiç hili erbet iş etmeris ahyryn!» diýýär. Ol Ýehowany söýýändir, niýeti-de gowudyr, ýöne ol Hudaýyň «akyldarlygynda gezýärmi»? «Ahlaksyzlykdan gaça durýarmy»? Ýa-da akylsyz hereket edip, «öz ýüregine bil baglaýarmy»? (Süleýmanyň tymsallary 28:26). Mümkin, senem bu meselede kakasyna we gyzyna kömek edýän başga-da prinsipleri getirip bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 22:3-e seret; Matta 6:13; 26:41).

ÝUSUP AHLAKSYZLYKDAN GAÇDY

18, 19. Ýusup nähili synaga duşdy we oňa nädip döz geldi?

18 Dinanyň atabir dogany, Ýehowany söýýän we ahlaksyzlykdan gaça duran ýaş ýigit Ýusup gowy görelde galdyrdy (Gelip çykyş 30:20—24). Ýusup çagaka, gyz doganynyň akylsyz hereketiniň nämä eltendigini öz gözi bilen görüpdi. Dina barada ýatlamalar we Hudaýyň söýgüsinde galmak islegi Ýusuby Potyparyň aýalynyň «her günki» synagyndan gorady. Elbetde, Ýusup gul bolany üçin, işinden çykyp gidip bilmeýärdi. Ol bu ýagdaýda paýhasly we batyrgaý bolmalydy. Potyparyň aýaly ony her gün yrjak bolsa-da, oňa gulak asmady, iň soňy gaçyp gitdi (Gelip çykyş 39:7—12-nji aýatlary okaň).

19 Pikirlenip gör: eger Ýusup bu aýal hakda oýlanyp, jyns gatnaşygy arzuw eden bolsa, aýypsyzlygy saklap bilermidi? Elbetde, saklap bilmezdi. Ýusup günäli höwesleri ösdürmän, gaýtam, Ýehowa bilen gatnaşygyny gymmat saýdy. Bu onuň Potyparyň aýalyna aýdan sözlerinden görünýär: «Jenabym... hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň men nädip beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» (Gelip çykyş 39:8, 9).

20. Ýehowa Ýusup bilen bagly wakany nädip ugrukdyrdy?

20 Ýaş Ýusubyň maşgalasyndan daşda ýaşaýandygyna garamazdan, her gün aýypsyzlygyny saklaýandygyny görüp, Ýehowa gör nähili begenendir! (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Soňra Ýehowa bu wakany ugrukdyryp, Ýusuby diňe bir türmeden boşatman, eýsem, Müsürde azyk paýlaýan baş hökümdar edip belletdi (Gelip çykyş 41:39—49). Zebur 97:10-daky: «Eý Rebbi söýýänler, ýamanlygy ýigreniň! Ol takwalarynyň janlaryny goraýandyr, erbetler elinden olary halas edýändir» diýen sözler, dogrudan-da, berjaý boldy.

21. Afrikaly ýaş dogan ahlak taýdan arassalygy saklap, mertligini nädip görkezdi?

21 Şu günler hem Hudaýyň köp gullukçylary «ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýýändigini» görkezýärler (Amos 5:15). Afrikaly ýaş dogana synpdaşlaryndan bir gyz matematika boýunça barlag işine kömekleşse, deregine jynsy gatnaşyk etjekdigini utanman aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men onuň teklibini şol bada inkär etdim. Aýypsyzlygymy saklap, men altyn-kümüşden hem gymmatly mertebämi, sylag-hormaty sakladym». Dogrudan-da, «az salym günäniň sapasyny sürmek» gowy ýaly, ýöne beýle wagtlaýyn lezzet köp jebir çekdirýär (Ýewreýler 11:25). Mundan başga-da beýle keýpi-sapany Ýehowa gulak asyp, ebedi ýaşaýşa gowuşmak bilen asla deňeşdirip bolmaz (Süleýmanyň tymsallary 10:22).

REHIMDAR HUDAÝYŇ KÖMEGINI KABUL ET

22, 23. a) Agyr günä eden mesihçiniň ýagdaýy näme üçin çykgynsyz däl? b) Günä eden adam nähili kömek alyp biler?

22 Biziň ählimiz bikämil, şol sebäpli Hudaýyň gözünde dogry hereket etmek üçin, ten höweslerine garşy göreşmeli bolýarys (Rimliler 7:21—25). Ýehowa muňa düşünýär, çünki «toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zebur 103:14). Käte mesihçi agyr günä etmegi mümkin. Eýsem, onuň ýagdaýy çykgynsyzmy? Elbetde, ýok! Emma günäkär adam Dawut patyşa ýaly etmişiniň ajy miwesini orar. Muňa garamazdan, toba edip, günäsini açyk «boýun alýanlara», Hudaý hemişe «geçirimlilik» edýär (Zebur 86:5; Ýakup 5:16; Süleýmanyň tymsallary 28:13-i okaň).

23 Şeýle-de Hudaý söýgi bilen mesihçiler ýygnagyna «sowgat hökmünde dürli ukyply adamlary», ýagny höwes bilen kömek edip bilýän ruhy taýdan tejribeli çopanlary berdi (Efesliler 4:8, 12; Ýakup 5:14, 15). Ýaşulular günäkäre Hudaý bilen gatnaşygyny dikeltmäge we mundan beýläk günä etmez ýaly, akyldar patyşanyň aýtmagyna görä, «düşünje gazanmaga» kömek edýärler (Süleýmanyň tymsallary 15:32).

DÜŞÜNJE GAZAN

24, 25. a) Süleýmanyň tymsallary 7:6—23-nji aýatlarda agzalýan ýaş ýigit «düşünjesiniň kemlik edýändigini» nädip görkezdi? b) Biz nädip düşünje gazanyp bileris?

24 Mukaddes Ýazgylarda «düşünjesi kemlik edýänler» we «düşünje gazanýanlar» barada aýdylýar (Süleýmanyň tymsallary 7:7). Ruhy taýdan ýetişmedik we gullukda tejribesi bolmadyk käbir mesihçileriň «düşünjesi kemlik edýär», ýagny olara akyl-paýhas ýetmeýär. Süleýmanyň tymsallary 7:6—23-nji aýatlarda agzalýan ýaş ýigit ýaly mesihçi hem agyr günä edip bilýär. Emma «düşünje gazanýan» adam doga edip, Hudaýyň Sözüni yzygiderli öwrenip, ýüregini çynlakaý barlaýar. Ol bikämildigine garamazdan, pikirlerini, isleglerini, duýgularyny we durmuşdaky maksatlaryny Hudaýa ýaramly etmek üçin elinden gelenini edýär. Şeýlelikde, ol «öz janyny söýýär», ýagny ony erbetlikden gorap, «rowaç tapýar» (Süleýmanyň tymsallary 19:8).

25 Özüňe şeýle sowallary ber: «Men Hudaýyň kadalarynyň dogrudygyna doly ynanýarynmy? Olary berjaý etsem, bagtly boljakdygyma düşünýärinmi?» (Zebur 19:7—10; Işaýa 48:17, 18). Eger biraz şübhäň bolsa-da, ony aýyrjak bol. Hudaýyň kanunyny inkär etseň, nämäniň üstünden barjakdygyň barada oýlan. Şeýle-de hakykat ýoldan ýöräp, aňyňy «adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan... artyk... zatlar» bilen dolduryp, «Rebbiň ýagşylygyny dadyp gör» (Zebur 34:8; Filipililer 4:8, 9). Eger sen şeýle etseň, Hudaýa we onuň halaýan zatlaryna söýgiň artar, erbetligi hem-de onuň ýigrenýän zatlaryny ýigrenersiň. Ýusup hem bikämildi. Emma şonda-da ahlaksyzlykdan gaçyp bildi, sebäbi Hudaýyň göwnünden turmak üçin, ençeme ýyllap onuň terbiýesini kabul etdi. Sen hem şeýle edip bilersiň (Işaýa 64:8).

26. Indiki baplarda nähili wajyp meselä serederis?

26 Ýaradyjymyz jyns organlary güýmenje üçin däl-de, ýaşaýyş bermek we nikadaky jynsy gatnaşykdan lezzet almak üçin ýaratdy (Süleýmanyň tymsallary 5:18). Indiki iki bapda biz Hudaýyň nika bolan garaýşyna serederis.

^ abzas 4 Sanlar kitabynda agzalan 24 000 adama kazylaryň elinden heläk bolan «halkyň ýolbaşçylary» hem-de Ýehowanyň höküm eden adamlary hem girýär. Kazylaryň elinden heläk bolanlaryň sany 1000-e golaýdy (Sanlar 25:4, 5).

^ abzas 7 Hapa we azgyn hereketler baradaky meselä 2006-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň «Okyjylaryň sowallary» diýen temada seredilýär. Ýehowanyň Şaýatlary neşir edýär.

^ abzas 9 «Pornografiýa» jynsy höwesleri oýarmak üçin ulanylýan şekilleri, ahlaksyz zatlary ýazuw üsti bilen ýa-da söz arkaly suratlandyrmagy aňladýar. Pornografiýa adamyň ahlaksyz ýagdaýdaky şekili we iki ýa birnäçe adamlaryň iň nejis jynsy gatnaşygy bolup biler.

^ abzas 9 Masturbasiýa barada «Masturbasiýa we ony nädip goýmaly?» diýen goşmaça maglumatda aýdylýar.