Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

11-NJI BAP

«Goý, hemmeler nika hormat goýsun»

«Goý, hemmeler nika hormat goýsun»

«Ýaşlykda öýleneniňe guwan» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 5:18).

1, 2. Nähili sowala serederis we näme üçin?

SEN durmuş gurduňmy? Guran bolsaň, bagtly ýaşaýarmyň ýa-da maşgalaňda kynçylyk köpmi? Ýanýoldaşyň bilen araň sowaşdymy? Maşgala saňa şatlyk bermän, gaýtam, ýük bolýarmy? Eger şeýle bolsa, onda birwagtky söýgiňiziň sowaşandygyny görüp gynanýansyň. Sen mesihçi hökmünde nikaňyzyň söýgüli Ýehowa Hudaýy şöhratdyrmagyny isleýänsiň. Elbetde, häzirki ýagdaýyň zerarly biynjalyk bolup, alada edýänsiň. Şeýle bolaýanda-da, ýagdaý çykalgasyzdyr öýtme.

2 Häzir mesihçileriň arasynda bagtly maşgalalar köp, ýöne öňler olaryň hem maşgalasy bagtly däldi. Emma olar maşgalasyny berkidip bildiler. Sen hem nikaňda bagtly bolup bilersiň. Nädip?

HUDAÝA WE ÝANÝOLDAŞYŇA ÝAKYNLAŞ

3, 4. Näme üçin är-aýal Hudaýa ýakynlaşmaga jan etseler, bir-birine ýakynlaşarlar? Mysal getir.

3 Eger sen Hudaýa ýakynlaşmaga jan etseň, ýanýoldaşyňa-da ýakynlaşarsyň. Näme üçin? Bir mysala seredeliň: konus şekilli düýbi giň, depesi ýiti dagy göz öňüne getir. Adamsy dagyň gündogar tarapynda, aýaly bolsa günbatar tarapynda dur. Ikisi-de daga çykyp başlaýar. Olar ýaňy daga çykyp başlanda, aralary örän daşdy. Emma olar ýokaryk galdygyça, barha aralary ýakynlaşýar. Sen bu mysalyň manysyna düşünýärmiň?

4 Siziň Ýehowa ýürekden gulluk etmek üçin edýän tagallaňyzy-da, daga çykylanda edilýän tagalla bilen deňeşdirse bolýar. Siz Ýehowany söýýändigiňiz üçin, göçme manyda, eýýäm daga çykýarsyňyz. Emma siz ýanýoldaşyňyzdan daşlaşan bolsaňyz, onda daga dürli tarapdan çykýarsyňyz diýse bolar. Çykmagyňyzy dowam etseňiz, näme bolar? Elbetde, ilkibaşda, araňyz daş bolar. Ýöne Hudaýa ýakynlaşmak üçin jan etseňiz, ýagny näçe ýokaryk galsaňyz, şonça-da bir-biriňize ýakynlaşarsyňyz. Dogrudan-da, är-aýal bir-birine ýakynlaşmak üçin, ilki bilen, Hudaýa ýakynlaşmaly. Eýsem, munuň üçin näme etmeli?

Mukaddes Ýazgylaryň bilimini ulansaňyz nikaňyz berkär

5. a) Ýehowa we ýanýoldaşyňa nädip ýakynlaşmaly? b) Ýehowa nika nähili garaýar?

5 Är-aýal Hudaýyň Sözüniň maşgala barada berýän maslahatyna eýermek bilen, göçme manyda aýdanda, daga çykýar (Zebur 25:4; Işaýa 48:17, 18). Pawlus resulyň beren maslahatyna üns bereliň. Ol: «Hemmeler nika hormat goýsun» diýdi (Ýewreýler 13:4). Bu nämäni aňladýar? «Hormat goýmak» sylamagy hem gymmat saýmagy aňladýar. Diýmek, Ýehowa hem nikany gymmat saýýar we sylaýar.

SENI ÝEHOWA BOLAN SÖÝGI HÖWESLENDIRSIN

6. Pawlusyň nika baradaky maslahatynyň konteksti nämäni görkezýär we muny ýatda saklamak näme üçin wajyp?

6 Sen we ýanýoldaşyň Hudaýyň gullukçysy, şonuň üçin, elbetde, nikanyň gymmatlydygyny, hatda mukaddesdigini bilýänsiňiz. Sebäbi nikany Ýehowa döretdi (Matta 19:4—6-njy aýatlary okaň). Siz nika hormat goýulmalydygyny bilseňiz-de, maşgalaňyzdaky käbir kynçylyklar sebäpli biri-biriňizi söýüp, hormat goýmak, mümkin, aňsat däldir. Eýsem, sizi muňa näme höweslendirip biler? Pawlusyň nika hormat goýmak barada aýdan sözüne üns bereliň. Ol «nika hormat goýulýar» diýmän, «nika hormat goýsun» diýdi. Pawlus ýöne bir pikirini aýtman, eýsem, nika hormat goýmaga çagyrýar *. Şuny ýatda saklasaň, belki, ýanýoldaşyňa hormat goýmaga ýene-de islegiň artar. Bu näme üçin wajypka?

7. a) Mukaddes Ýazgylaryň haýsy tabşyryklaryny berjaý edýäris we näme üçin? b) Gulak assak nähili gowy netije berer?

7 Sen Mukaddes Ýazgylaryň şägirt taýýarlamaly ýa-da ýygnanyşmaly diýen tabşyrygyna garaýşyň hakynda birsalym oýlan (Matta 28:19; Ýewreýler 10:24, 25). Elbetde, bu tabşyryklary ýerine ýetirmek käte aňsat däl. Wagyzda käbir adamlar garşylyk görkezýärler ýa-da işde şeýle ýadaýaň welin, hatda ýygnaga-da gidesiň gelmeýär. Muňa garamazdan, sen Patyşalyk baradaky habary wagyz edip, ýygnak duşuşyklaryna-da barýarsyň. Seni hiç kim, hatda Şeýtan hem saklap bilmez! Näme üçin? Sebäbi sen Ýehowany ýürekden söýýärsiň we tabşyryklaryna gulak asmak isleýärsiň (1 Ýahýa 5:3). Bu nähili gowy netije berýär? Wagyz işine we ýygnak duşuşygyna gatnaşyp, seniň kalbyň rahatlyk tapýar, ýürekden şatlanýarsyň, çünki Hudaýyň islegini berjaý edýändigiňe düşünýärsiň. Bu saňa güýç-kuwwat berýär (Nehemýa 8:10). Mundan nähili sapak edinse bolýar?

8, 9. a) Nika hormat goýmaly diýen tabşyryga gulak asmaga bizi näme höweslendirýär we näme üçin? b) Nähili iki sowala serederis?

8 Päsgelçiliklere garamazdan, Ýehowa bolan çuňňur söýgiň seni wagyz etmäge we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga höweslendirýär. Şonuň ýaly-da Ýehowa bolan söýgi saňa nika hormat goýmaly diýen tabşyrygy kyn bolsa-da, berjaý etmäge kömek eder (Ýewreýler 13:4; Zebur 18:29; Wagyz kitaby 5:4). Şeýle-de wagyz etmek we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak üçin edýän tagallalaryňa Hudaýyň bol bereket berşi ýaly, nika hormat goýmak üçin edýän tagallaňy-da Ýehowa hökman görer we sylaglar (1 Selanikliler 1:3; Ýewreýler 6:10).

9 Sen nikaňa nädip hormat goýup bilersiň? Birinjiden, nikaňa zyýan ýetirjek hereketlerden gaça durmaly. Ikinjiden, nikaňy berkidýän ädimleri ätmeli.

NIKANYŇ GADYRYNY GAÇYRÝAN SÖZLERDEN WE HEREKETLERDEN GAÇA DUR

10, 11. a) Nähili gylyk-häsiýet nikanyň gadyryny gaçyrýar? b) Biz ýanýoldaşymyza nähili sowal bermeli?

10 Bir mesihçi uýa şeýle diýdi: «Men Ýehowadan çydamaga güýç dileýärdim». Näme üçin? Ol şeýle düşündirýär: «Meniň ýoldaşym göwnüme degýär. Tenimde urgynyň yzy ýok, ýöne ol özüniň «Sen bir başyma inen musallat!», «Bolgusyz adam ekeniň!» diýen ajy sözleri bilen ýüregimi agyrdýar». Bu aýal maşgalada döreýän gynançly ýagdaýy, ýagny sögünç sözleriň ulanylýandygyny agzap geçýär.

11 Mesihçi maşgalada är-aýalyň bir-birine sögünip, ýüregine bitmesi kyn ýara salmagy nähili gynandyrýar! Elbetde, maşgalada sögünç sözler aýdylsa, nikanyň gadyry gaçýar. Seniň maşgalaňda-da şeýle bolýarmy? Şonuň üçin ýanýoldaşyňdan kiçigöwünlilik bilen «Meniň sözlerim saňa nähili täsir edýär?» diýip sora. Eger ýanýoldaşyň pikirine görä, seniň sözleriň köplenç onuň ýüregine ýara salýan bolsa, onda gylyk-häsiýetiňi üýtgetmäge taýyn bol (Galatýalylar 5:15; Efesliler 4:31-i okaň).

12. Näme üçin Hudaý käbir adamlaryň seždesini kabul etmeýär?

12 Ýadyňda bolsun, maşgalada aýdýan sözleriň seniň Ýehowa bilen dostlugyňa täsir edýär. Injilde şeýle diýilýär: «Kimdir biri Hudaýa sežde edýändirin öýdüp, dilini saklamasa, ol öz-özüni aldaýandyr, edýän seždesi-de biderekdir» (Ýakup 1:26). Seniň aýdýan sözleriň Hudaýa edýän seždäň bilen berk baglanyşykly. Belki, sen Hudaýa gulluk edip, öýde bolýan zatlaryň kän ähmiýeti ýokdur diýýänsiň. Emma Mukaddes Ýazgylar beýle düşünjäni goldamaýar. Sen hem öz-özüňi aldama. Bu örän wajyp mesele (1 Petrus 3:7-ni okaň). Sen ukyply we yhlasly bolsaň-da, ýanýoldaşyňa ajy sözleriň bilen bilgeşleýin ýara salýan bolsaň, diýmek, nikanyň gadyryny gaçyrýaň, Hudaý hem seždäňi kabul etmez.

13. Är-aýal nädip bir-biriniň göwnüne degip biler?

13 Şeýle-de är-aýal bir-birine başgaça-da ýara salmakdan ägä bolmaly. Iki mysala seredeliň: Çagasyny ýeke terbiýeleýän uýa ýygnakdaky öýlenen dogan bilen maslahatlaşmak üçin kän jaň edýär we uzak wagtlap gürleşýär; öýlenmedik dogan durmuşa çykan uýa bilen her hepde köp wagyz edýär. Belki, bu maşgalaly doganyň we uýanyň niýeti gowudyr, ýöne olaryň özüni alyp barşy ýanýoldaşlaryna nähili täsir edýärkä? Şeýle ýagdaýa düşen bir mesihçi aýal gürrüň berýär: «Ärim meniň gadyrymy bilmeýär, sebäbi ýygnakdan bir uýa bilen gürrüňdeş bolup, köp wagtyny geçirýär. Bu maňa gaty agyr degýär».

14. a) Gelip çykyş 2:24-de maşgala babatda näme diýilýär? b) Özümize nähili sowal bermeli?

14 Bu uýanyň we şeýle ýagdaýa düşen başga-da mesihçileriň duýgularyna düşünse bolýar. Sebäbi olaryň ýanýoldaşy Hudaýyň maşgala barada beren esasy maslahatyny äsgermeýärler: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşýar» (Gelip çykyş 2:24). Elbetde, durmuş guranlar ata-enesine hormat goýýarlar, ýöne Hudaýyň niýeti boýunça olar üçin indi iň wajyp adam ýanýoldaşy bolýar. Şonuň ýaly-da mesihçiler imandaşlaryny ýürekden söýýärler, ýöne biz, ilki bilen, öz ýanýoldaşymyzy söýmeli. Şeýlelikde, maşgalaly mesihçiler imandaşlary bilen, esasanam, başga jynsly imandaşlary bilen aşa köp wagt geçirse ýa-da has ýakyn gatnaşyk etse, onda maşgala gatnaşyklaryna zyýan ýetirýärler. Belki, seniň maşgalaňda-da şu sebäpli kynçylyk döreýändir? Özüňe şeýle sowal ber: «Men ýanýoldaşyma, dogrudan-da, ýeterlikli wagt sarp edýärinmi, üns berýärinmi we söýgimi görkezýärinmi, eýsem, ol muňa mynasyp dälmi?»

15. Matta 5:28-e laýyklykda, maşgalaly mesihçiler başga jynsly imandaşlaryna näme üçin ýerliksiz köp üns bermeli däl?

15 Mundan başga-da maşgalaly mesihçiler başga jynsly imandaşlaryna ýerliksiz köp üns berip, akylsyzlyk edýärler we howply ýola düşýärler. Gynansak-da, käbir maşgalaly mesihçilerde has ýakyn gatnaşan adamlaryna duýgy döredi (Matta 5:28). Netijede, şeýle duýgular sebäpli, olar nikanyň gadyryny has-da gaçyrýan işleri etdiler. Geliň, bu babatda Pawlus resulyň aýdanlaryna üns bereliň.

«ÄR-AÝAL DÜŞEGI GÜNÄ BILEN HAPALANMASYN»

16. Pawlus nika barada nähili tabşyryk berdi?

16 Pawlus «hemmeler nika hormat goýsun» diýen öwüdi berip, soňra: «Är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder» diýen duýduryşy berdi (Ýewreýler 13:4). Pawlusyň «är-aýal düşegi» diýen sözi jynsy gatnaşyklary aňladýar. Eger şeýle gatnaşyklar diňe är bilen aýalyň arasynda bolsa, onda «hapalanmaýar», ýagny ahlak taýdan arassa bolýar. Şol sebäpli mesihçiler: «Ýaşlykda öýleneniňe guwan» diýen ylham bilen ýazylan sözlere gulak asýarlar (Süleýmanyň tymsallary 5:18).

17. a) Bu dünýäniň ahlaksyzlyga garaýşy näme üçin mesihçilere täsir etmeli däl? b) Biz nädip Eýýupdan görelde alyp bileris?

17 Başga biri bilen jynsy gatnaşyk edýän adamlar Hudaýyň ahlak kadalaryny depeleýärler. Hawa, şu günler köp adamlar ahlaksyzlygy ýazgarmaýarlar. Emma başga adamlaryň ahlaksyzlyga garaýşy mesihçilere täsir etmeli däldir. Sebäbi olar adamlaryň däl-de, «Hudaýyň ahlaksyzlary we zynahorlary höküm etjekdigine» düşünýärler (Ýewreýler 10:31; 12:29). Şol sebäpli mesihçiler bu meselä diňe Hudaýyň garaýşy ýaly garaýarlar (Rimliler 12:9-y okaň). Eýýup pygamberiň aýdan sözlerini ýada sal: «Men gözlerim bilen äht baglaşdym» (Eýýup 31:1). Hawa, ahlaksyzlyga eltýän ýola düşmezlik üçin mesihçiler nirä seredýändigine üns berip, ýanýoldaşyndan başga hiç kime jynsy höwes bilen seretmeýärler. («Mukaddes Ýazgylaryň aýrylyşmaga we aýry ýaşamaga garaýşy» diýen goşmaça maglumata seret.)

18. a) Ýehowa ahlaksyzlygy näme üçin agyr günä hasaplaýar? b) Ahlaksyzlyk bilen butparazlygyň näme meňzeşligi bar?

18 Ýehowa ahlaksyzlygy şeýle agyr günä hasaplaýarmy? Musanyň kanuny Ýehowanyň muňa garaýşyna düşünmäge kömek edýär. Gadymy Ysraýylda ölüm jezasy berilýän günäleriň arasynda ahlaksyzlyk we butparazlyk agzalýardy (Lewiler 20:2, 10). Bu iki günäniň näme meňzeşligi bar? Buta sežde edýän ysraýylly Ýehowa bilen baglaşan ähtini bozýardy. Ahlaksyzlyk edýän ysraýylly bolsa ýanýoldaşyna beren ähtini bozýar. Olaryň ikisi-de biwepalyk edýär (Müsürden çykyş 19:5, 6; Kanun taglymaty 5:9; Malaky 2:14-i okaň). Diýmek, wepaly we ynamdar Ýehowa Hudaýyň berjek jezasyna olaryň ikisi-de mynasyp (Zebur 33:4).

19. Mesihçä ahlaksyzlyk etmezligi ýüregine düwmäge näme kömek eder we näme üçin?

19 Elbetde, mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarlar. Emma olar gadymy Ysraýylda ahlaksyzlygyň agyr günä hasaplanandygyny ýada salsalar, şeýle günä etmezligi berk ýüregine düwerler. Näme üçin? Şeýle deňeşdirmä seredeliň: Sen dyza çöküp, butuň öňünde doga edermiň? «Hiç haçan etmerin!» diýersiň. Emma saňa ummasyz köp pul bereris diýseler? «Şonda-da etmerin!» diýip jogap berersiň. Aslynda, mesihçi üçin buta sežde edip, Ýehowa biwepalyk etmek baradaky pikiriň özi-de ýigrenji. Şonuň ýaly-da mesihçiler Ýehowa Hudaýa we ýanýoldaşyna biwepalyk etmek baradaky pikiri ýigrenmeli, çünki zynahorlugy aklap bolmaz (Zebur 51:1, 4; Koloslylar 3:5). Biz Şeýtany begendirýän, ýöne Ýehowa ysnat getirýän we mukaddes nikanyň gadyryny gaçyrýan işleri etmeris.

NIKA GATNAŞYKLARYŇY NÄDIP BERKITMELI

20. Käbir nikalar nähili ýagdaýda? Mysal getir.

20 Nikanyň gadyryny gaçyrýan işlerden gaça durmak ýeterlik däl, eýsem, ýanýoldaşyňa hormat goýýan käbir zatlary hem etmeli. Aýdaly, nika bu jaý. Hoşamaý sözleri, paýhasly işleri we birek-biregiň bähbidi üçin edilýän başga zatlary-da jaýyň bezegi bilen deňeşdirse bolýar. Eger siz ysnyşykly ýaşasaňyz, nikaňyz owadan we bezegli öýe meňzär. Eger siz bir-biriňizden sowaşsaňyz, onda wagtyň geçmegi bilen, nikaňyz bezegsiz reňki solan öýe meňzär. Sen Hudaýyň «nika hormat goýuň» diýen tabşyrygyna gulak asmak isleýärsiň, şonuň üçinem ýagdaýy gowulandyrasyň gelýändir. Onsoň hem, gymmat saýýan jaýyňy bejerip, dikeltmäge güýjüňi gaýgyrmarsyň. Muny nädip edip bolýar? Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Öý akyldarlyk bilen salnyp, düşünje bilen berkarar edilýändir. Bilim bilen otaglar her hili gymmatbaha hem ýakymly şaý-sepden dolýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 24:3, 4). Şu sözleriň nika babatda ulanylyşyna seredeliň.

21. Nikany nädip kem-kemden berkidip bolar? (« Men nädip maşgalamy bagtly edip bilerin?» diýen çarçuwa hem seret.)

21 Bagtly öýi doldurýan «gymmatbaha şaý-seplere» hakyky söýgi, Hudaýdan gorky we berk iman ýaly häsiýetler degişli (Süleýmanyň tymsallary 15:16, 17; 1 Petrus 1:7). Bu häsiýetler nikany berkidýär. Ýokardaky tymsala laýyklykda, otaglaryň nädip gymmatbaha şaý-seplerden dolýandygyna üns berdiňmi? «Bilim bilen» dolýar. Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň berýän bilimi durmuşda ulanylsa, onda ol adamyň düşünjesini üýtgedýär we birek-birege söýgini oýarýar (Rimliler 12:2; Filipililer 1:11). Şonuň üçin ýanýoldaşyň bilen arkaýyn oturyp, her günki aýady okasaňyz ýa-da «Garawul diňinden» ýa-da «wepaly we paýhasly» hyzmatkäriň beýleki edebiýatlaryndan maşgala barada makalalary öwrenseňiz, şonda siz, hamala, öýüňizi bezejek owadan zatlary ýekän-ýekän synlaýan ýalysyňyz. Ýehowa bolan söýgiňiz maşgala baradaky maslahaty ulanmaga höweslendirse, siz, şol bezegleri «otaga» salýarsyňyz. Netijede, nikaňyz bir wagtky ýaly owadan we mähirli bolar.

22. Maşgalaňy berkider ýaly güýjüňi gaýgyrmasaň, näme üçin begenjiň çägi bolmaz?

22 Elbetde, bezegleri ýerbe-ýer goýmak üçin köp wagt we tagalla gerek bolar. Eger sen güýjüňi gaýgyrmasaň, Mukaddes Ýazgylaryň: «Birek-birege hormat goýmaga taýyn boluň» diýen tabşyrygy berjaý etseň, begenjiň çägi bolmaz (Rimliler 12:10; Zebur 147:11). Galyberse-de, nikaňa hormat goýmaga ýürekden tagalla etseň, özüňi Hudaýyň söýgüsinde saklarsyň.

^ abzas 6 Kontekstden görnüşi ýaly, Pawlus başga nesihatlar bilen birlikde nika barada-da maslahat berýär (Ýewreýler 13:1—5).