Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BAP

«Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»

«Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»

«Agzyňyzdan hiç hili göwne degiji sözler çykmasyn... diňe ruhlandyryjy sözleri aýdyň» (EFESLILER 4:29).

1—3. a) Ýehowa bize näme sowgat berdi we ony nädip nädogry ulanmagymyz mümkin? b) Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin gepleýşimizi nädip ulanmaly?

EGER sen gowy görýän adamyňa sowgat beren bolsaň, ol hem ony bilgeşleýin nädogry ulansa, özüňi nähili duýardyň? Aýdaly, sen oňa maşyn sowgat etdiň, soňra onuň seresapsyz sürüp, adamlara zyýan ýetirendigini eşidýäň. Eýsem, bu seni gynandyrmazmy?

2 Gepleýiş ukyby — Ýehowanyň sowgady, çünki ol «her bir gowy we kämil sowgat» berýär (Ýakup 1:17). Biz şu sowgat arkaly haýwanlardan tapawutlylykda, diňe bir pikirimizi däl-de, eýsem, duýgularymyzy hem aýdyp bilýäris. Bu sowgady hem maşyn ýaly nädogry ulanyp bolýar. Seresapsyz gepläp, adamlaryň ýüregini agyrtsak, Ýehowa nähili gynanar!

3 Özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamak üçin, biz gepleýiş ukybymyzy Ýaradyjynyň niýetine görä ulanmaly. Ýehowa nähili gepleýşiň ýaraýandygyny aýdyň görkezýär. Onuň Sözünde şeýle diýilýär: «Agzyňyzdan hiç hili göwne degiji sözler çykmasyn, gaýtam, diňleýänlere peýdaly bolar ýaly, gerekli wagty diňe ruhlandyryjy sözleri aýdyň» (Efesliler 4:29). Geliň, gepleýşimize näme üçin ünsli bolmalydygymyza, nähili gepleýişden gaça durmalydygymyza we «ruhlandyryjy sözleri aýtmak» üçin nädip geplemelidigimize seredeliň.

GEPLEÝŞIMIZE NÄME ÜÇIN ÜNSLI BOLMALY

4, 5. Mukaddes Ýazgylaryň käbir tymsallarynda sözüň güýji nädip beýan edilýär?

4 Gepleýşimize ünsli bolmagyň birinji wajyp sebäbi, sözüň güýji bolýar. Süleýmanyň tymsallary 15:4-de: «Süýji dil ýaşaýyş agajydyr; egri dil bolsa ruhy owradýandyr» diýilýär. Suwuň guran agajy janlandyryşy ýaly, süýji dil hem diňleýänleriň ruhuna şypa berýär. Egri dil bolsa, ruhy owradýar. Hakykatdan-da, diýýän sözümiziň güýji bolýar, ol hem ýara salyp, hem şypa berip bilýär (Süleýmanyň tymsallary 18:21).

5 Başga bir tymsalda bolsa, diliň güýji şeýle aýdyň beýan edilýär: «Biri bardyr, gylyjyň sanjylyşy ýaly, soňuny saýman gepleýändir» (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Soňuny saýman, howlukmaç geplemek, ýürege agyr ýara salyp, gatnaşygy bozup bilýär. Biri sözi bilen seniň ýüregiňe gylyç ýaly ýara salypdymy? Emma şol tymsalda şeýle sözler hem bar: «Akyldaryň dili bolsa şypa berýändir». Hudaýyň akyldarlygy bilen oýlanyşykly aýdylan sözler ýaralanan ýürege şypa berip, gatnaşygy dikeldip biler. Süýji sözleriň saňa şypa berşi ýadyňa düşýärmi? (Süleýmanyň tymsallary 16:24-i okaň). Elbetde, biz sözüň güýçli täsir edýändigini unutmasak, gepleýşimiz bilen adamlaryň göwnüne degmän, olara şypa bermek isläris.

Süýji dil şypa berýär

6. Näme üçin dilimizi saklamak kyn?

6 Biz näçe jan etsek-de, dilimize doly erk edip bilmeris. Diýmek, gepleýşimize ünsli bolmagyň ikinji sebäbi, günä we bikämillik dilimizi nädogry ulanmaga iterýär. Söz ýürekden çykýar, ýüregiň bolsa «päli-niýeti ýaşlykdan bäri pisdir» (Gelip çykyş 8:21; Luka 6:45). Şonuň üçinem diliňi jylawlamak örän kyn (Ýakup 3:2—4-nji aýatlary okaň). Dilimize doly erk edip bilmesek-de, başardygymyzdan ony gowulandyryp bileris. Ýüzüjiniň akyma garşy ýüzüp, göreşişi ýaly, bizem dili nädogry ulanmaga iterýän günäli höwes bilen göreşmeli bolýarys.

7, 8. Sözümiz üçin Ýehowanyň öňünde nähili jogapkärçiligimiz bar?

7 Gepleýşimize ünsli bolmagyň üçünji sebäbi, biz sözümiz üçin Ýehowanyň öňünde jogap berýäris. Dilimizi ulanyşymyz diňe bir adamlar bilen gatnaşygymyza däl, eýsem, Ýehowanyň biz barada edýän pikirine hem täsir edýär. Ýakup 1:26-da şeýle diýilýär: «Kimdir biri Hudaýa sežde edýändirin öýdüp, dilini saklamasa, ol öz-özüni aldaýandyr, edýän seždesi-de biderekdir» *. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, gepleýşimiz Hudaýa edýän seždämiz bilen berk baglanyşykly. Eger biz dilimizi saklaman, sögünip, awuly sözleri aýtsak, edýän gullugymyzy Ýehowa biderek hasaplar. Gör nähili jogapkärçilik! (Ýakup 3:8—10).

8 Görşümiz ýaly, gepleýşimize ünsli bolmaga degerli sebäpler bar. Abatlyk üçin oňat sözlere näme degişlidigini bilmekden öňürti, geliň, mesihçileriň durmuşynda nähili sözleriň asla agzalmaly däldigine seredeliň.

RUHDAN DÜŞÜRÝÄN SÖZLER

9, 10. a) Şu günler nähili hapa sözler adaty zat hasaplanylýar? b) Biz näme üçin hapa sözden gaça durmaly? (Çykgyda-da seret.)

9 Gelşiksiz sözler. Sögünmek, paýyş we başga-da hapa sözler häzir adaty zat hasaplanylýar. Köp adamlar gepleýşini owadanlajak bolup ýa özüni hondan bärsi saýyp, sögünç sözleri ulanýarlar. Wäşiler we satirikler adamlary güldürmek üçin, jyns gatnaşygy bilen bagly edepsiz sözleri aýdýarlar. Emma hapa sözlemek oýun zat däl. Takmynan 2 000 ýyl mundan ozal Pawlus resul Kolosdaky ýygnaga «gelşiksiz sözleri» aýtmaň diýip maslahat berdi (Koloslylar 3:8). Efesdäki ýygnaga bolsa Pawlus«ýaramaz degişmeler» mesihçileriň arasynda asla agzalmasyn diýdi (Efesliler 5:3, 4).

10 Gelşiksiz sözler Ýehowanyň hem-de ony söýýänleriň göwnüne degýär. Biz Ýehowany söýýäris, şonuň üçin her bir gelşiksiz sözden gaça durýarys. Pawlus «ten işleriň» arasynda «azgynlygy» agzady, oňa gelşiksiz sözler hem degişli (Galatýalylar 5:19—21). Muňa biparh garamaly däl. Eger mesihçi ençeme gezek berlen maslahatlara gulak asman, toba etmese, ahlaksyz, ýaramaz we azdyryjy sözleri aýdýan bolsa, ol ýygnakdan çykarylmagy mümkin *.

11, 12. a) Gybat näme we ol haçan zyýanly bolar? b) Ýehowanyň gullukçylary näme üçin töhmet atmakdan gaça durmaly?

11 Gybat we töhmet. Gybat—adamlar we olaryň işleri barada gürrüňi ýaýratmak. Eýsem, biriniň gürrüňini etmek nädogrumy? Ýok, eger biz gürrüňdeşlikde bir-birimize peýdaly we oňat täzelikleri aýtsak, meselem, biriniň ýakynda suwa çümdürilendigi ýa-da kimdir birine kömek gerekdigi barada gürrüň etsek, nädogry bolmaz. I asyrda ýaşan mesihçiler bir-biriniň hal-ýagdaýy barada ýürekden gyzyklanýardylar we imandaşlary hakda ýerlikli zatlary gürrüň berýärdiler (Efesliler 6:21, 22; Koloslylar 4:8, 9). Emma gürrüňdeşlikde täzeligi ýoýsak ýa-da biriniň syryny açsak, bu zyýanly gybat bolar. Has erbedi hem soňy töhmede ýazmagy mümkin. Töhmet bolsa hemişe-de zyýanly. Töhmet — «birine ýöňkelýän myjabat, günä, garalyk». Meselem, fariseýler Isany biabraý etmek üçin oňa töhmet atdylar (Matta 9:32—34; 12:22—24). Töhmet sebäpli köplenç dawa-jenjel turýar (Süleýmanyň tymsallary 26:20).

12 Ýehowa gepleýiş ukybyny biriniň abraýyny gaçyrmak we agzalalyk döretmek üçin ulanýan adamlary temmisiz goýmaýar. Ol «doganlaryň arasyna dawa salýan adamy» ýigrenýär (Süleýmanyň tymsallary 6:16—19). Töhmetçi diýip terjime edilýän grek sözi «diabolos» Şeýtanyň ady hökmünde hem ulanylýar. Ol «Iblis», Hudaýa zalymlyk bilen töhmet atýar (Ylham 12:9, 10). Elbetde, biz özümizi Iblise meňzedýän gepleýişden gaça durmak isleýäris. Ýygnakda «jedel» we «bölünişik» ýaly ten işlerini döredýän töhmete orun ýokdur (Galatýalylar 5:19—21). Şol sebäpli biri barada täzeligi aýtmakçy bolsaň, özüňe şu sowallary ber: «Bu dogrudan-da şeýlemikä? Muny birine gürrüň bersem, ýagşylyk etdigim bolarmyka? Aslynda, bu gürrüňi aýtmak zerurmyka?» (1 Selanikliler 4:11-i okaň).

13, 14. a) Göwne degiji sözler adamlara nähili täsir edýär? b) Sögünmek näme we näme üçin sögünýän adam özüni howply ýagdaýa salýar?

13 Göwne degiji sözler. Öň aýdylyşy ýaly, söz bilen adamyň göwnüne degip bolýar. Dogrudan-da, biz bikämildigimiz sebäpli, käwagt göwne degiji sözleri aýdýarys. Emma Mukaddes Ýazgylarda mesihçiniň öýünde ýa-da ýygnakda şeýle sözleriň asla agzalmaly däldigi aýdylýar. Pawlus mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Özüňizden her hili öýke-kinäni, gahar-gazaby, gykylygy, hapa sözleri... aýryň» (Efesliler 4:31). Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimelerinde «ýamanlama» sözi «ýaramaz sözler», «ajy dil» we «kemsidiji sözler» diýip hem terjime edilýär. Ýamanlama, ýagny kemsitmek we gödeklik bilen hemişe tankytlamak adamyň mertebesini depeleýär, özüni gereksiz duýdurýar. Näzik hem ynanjaň ýürekli çagalar şeýle kemsitmäniň öňünde has-da ejiz bolýarlar (Koloslylar 3:21).

14 Mukaddes Ýazgylarda sögünmek, ýagny awuly we göwne degiji sözler bilen kemsitmeklik berk ýazgarylýar. Şeýle sözleri aýdýan adam özüni howply ýagdaýa salýar. Eger ol birnäçe sapar berlen maslahata gulak asmasa, ýygnakdan çykarylmagy mümkin. Wagty bilen düzelmese, hatda täze dünýäde ýaşamaga-da mümkinçiligi bolmaz (1 Korinfliler 5:11—13; 6:9, 10). Şeýlelikde, eger biziň sözlerimiz abatlamasa, ýalan hem betniýetli bolsa, özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklap bilmeris. Sebäbi şeýle sözler ruhdan düşürýär.

RUHLANDYRYJY SÖZLERI AÝDYŇ

15. Nähili sözler ruhlandyrýar?

15 Gepleýiş ukybymyzy nädip Ýaradyjynyň niýetine görä ulanyp bileris? Hudaýyň Sözündäki «diňe ruhlandyryjy sözleri aýdyň» diýen maslahaty ýadyňa sal (Efesliler 4:29). Biz adamlary abatlaýan, ruhlandyrýan we berkidýän sözleri aýdanymyzda, Ýehowa begenýär. Şeýle sözleri aýtmak üçin gowy oýlanmaly. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda taýyn nusga ýok; onda «peýdaly zatlaryň» sanawy-da berilmeýär (Titus 2:8). «Ruhlandyryjy sözleri» aýdar ýaly, abatlaýan üç sany ýönekeý, ýöne wajyp aýratynlygy ýatda saklamaly: sözleriň peýdaly, dogry we mähirli bolmaly. Şol sebäpli geliň, käbir anyk mysallar arkaly nähili sözleriň abatlaýandygyna seredeliň. (« Meniň sözlerim ruhlandyrýarmy?» diýen çarçuwa seret.)

16, 17. a) Biz näme üçin adamlary öwmeli? b) Ýygnakda we maşgalada öwmäge nähili mümkinçilikler bar?

16 Ýürekden öwgi. Ýehowa-da, Isa-da öwgüli we ýagşy sözleri aýtmagyň wajypdygyny bilýärler (Matta 3:17; 25:19—23; Ýahýa 1:47). Biz, mesihçilerem adamlary ýürekden öwmeli. Näme üçin? Süleýmanyň tymsallary 15:23-de: «Ýerlikli söz nähili gowy!» diýilýär. Özüňe şeýle sowal ber: «Meni ýürekden öwseler, maňa nähili täsir edýär? Göwnümi göterip, ruhlandyrmaýarmy?» Dogrudan-da, seni ýürekden öwseler, diýmek, gowy görýärler, aladaňy edýärler, edýän tagallalaryň gadyryny bilýärler. Şeýle abatlaýjy sözleri eşitseň, özüňe ynamyň artýar we has-da erjel bolmaga höweslendirýär. Seni öwenlerinde begenýän bolsaň, onda sen hem başgalary öwmeli dälmi näme? (Matta 7:12-ni okaň).

17 Adamlaryň gowy häsiýetlerini görüp, olary öwmegi öwren. Belki, ýygnakda bir dogan gowy çykyş edendir, ýaş wagyzçy ruhy taýdan ösýändir, garry dogan bolsa ýaşyna garamazdan, ýygnaklara sypdyrman gelýändir. Seniň öwgüli sözleriň olaryň göwnüni göterip, ruhy taýdan berkider. Maşgalada hem är-aýal bir-birini ýürekden öwüp, minnetdarlyk sözlerini aýdyp durmaly (Süleýmanyň tymsallary 31:10, 28). Ylaýta-da, çagalar gowy görlüp, özüni gerekli duýsalar, has-da göwni hoş bolýar. Ösümlige gün şöhlesiniň we suwuň gerek bolşy ýaly, çagalara-da öwgüli hem-de ýagşy sözler gerek. Ene-atalar, çagalaryňyzy gowy häsiýetleri we tagallalary üçin öwmäge mümkinçilik gözläň. Şeýle öwgini eşidip, çagalaryňyz has gaýratly we özüne ynamly bolar, dogry zady etmek üçin öňküden-de köp yhlas ederler.

18, 19. Imandaşlara göwünlik berer ýaly, näme üçin wagtymyzy gaýgyrmaly däl we muny nädip etmeli?

18 Göwünlik bermek. Ýehowa «göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» (Zebur 34:18). Hudaýyň Sözünde: «Göwnüçökgünlere göwünlik beriň, ejizleri goldaň» diýilýär (1 Selanikliler 5:11, 14). Ýehowa göwnüçökgün imandaşlarymyza teselli bermek üçin edýän tagallamyzy görýär we gadyryny bilýär.

Adamlara ruhlandyrýan sözleri aýtsak, Ýehowa begenýär

19 Emma sen ruhdan düşen we göwnüçökgün imandaşyňy abatlamak üçin näme diýip bilersiň? Onuň kynçylygyny çözmelidirin öýtme. Köplenç ýönekeý sözler has peýdaly bolýar. Göwnüçökgün adamy golda. Oňa bile doga etmegi teklip et. Doga edeniňde, Ýehowadan dogan-uýalaryň we Hudaýyň ony söýýändigine düşünmäge kömek etmegi diläp bilersiň (Ýakup 5:14, 15). Onuň ýygnakda gerekli we gymmat lydygy barada aýt (1 Korinfliler 12:12—26). Ýehowanyň ol barada alada edýändigini görkezýän ruhlandyryjy aýady okap ber (Zebur 34:18; Matta 10:29—31). «Ýagşy sözleri» aýtmak üçin wagtyňy gaýgyrmasaň, ýürekden gürleşseň, oňa özüni söýgüli we gadyrly duýmaga kömek edersiň (Süleýmanyň tymsallary 12:25-i okaň).

20, 21. Maslahat nähili ýagdaýda peýdaly bolup biler?

20 Peýdaly maslahat. Biz bikämil, şol sebäpli hemmämize wagtal-wagtal maslahat gerek bolýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Soň akyldar bolar ýaly, öwüdi diňle, terbiýe al» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 19:20). Maslahaty diňe bir ýaşulular bermeýär. Ata-eneler hem çagalaryna maslahat berýär (Efesliler 6:4). Tejribeli uýalar has ýaş gelin-gyzlara maslahat berýär (Titus 2:3—5). Söýgi bizi adamlaryň göwnüne degmän maslahat bermäge höweslendirýär. Şeýle maslahat bermäge bize näme kömek eder? Maslahat has peýdaly bolar ýaly, şu üç zada seredeliň: maslahat berýän adamyň garaýşy we niýeti, maslahaty näme esasynda bermeli hem-de nähili bermeli.

21 Maslahatyň peýdaly bolmagy, ilki bilen, ony berýän adama bagly. Özüňden: «Maslahaty kabul etmek maňa haçan aňsat?» diýip sora. Eger maslahat berýän aladaňy edip, senden nägile bolmasa, maslahat hem gizlin bir niýet bilen berilmese, ony kabul etmek aňsat bolar. Eýsem, senem birine maslahat bereniňde, şeýle garaýyşda we niýetde bolmaly dälmi? Şeýle-de gowy maslahat Hudaýyň Sözüne esaslanýar (2 Timoteos 3:16). Eger Mukaddes Ýazgylara salgylanmasak-da, maslahat hemişe oňa esaslanmaly. Şonuň üçin ýaşulular öz pikirini kabul etdirjek bolmaýar hem-de olar Mukaddes Ýazgylar kimdir biriniň şahsy garaýşyny goldaýar diýen pikir döremez ýaly aýatlary hem ýoýmaýar. Onsoňam, maslahat dogry tärde berilse, has-da peýdaly bolýar. Maslahat mähirli berilse, oňa eýermek aňsat hem-de kabul edýän adama mertebesini saklamaga kömek edýär (Koloslylar 4:6).

22. Sen Hudaýyň beren gepleýiş ukybyny nähili ulanmak isleýärsiň?

22 Hawa, gepleýiş ukyby Hudaýyň gymmatly sowgady. Biz Ýehowany söýýäris, şonuň üçin bu sowgady dogry ulanmaly. Sözüň güýçli täsir edýändigini, ýagny abatlaýandygyny ýa-da ruhdan düşürýändigini unutmalyň. Geliň, bu sowgady Ýaradyjynyň niýetine görä, «ruhlandyrmak üçin» ulanalyň. Şonda biziň sözlerimiz adamlary ruhlandyrar, göwnüni göterer we bize Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek eder.

^ abzas 7 «Biderek» diýip terjime edilen grek sözi «puç» diýmegi hem aňladýar (1 Korinfliler 15:17).

^ abzas 10 Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «azgynlyk» sözi köp manyly we oňa dürli günäler degişli. Her bir azgynlyk üçin temmi berilmeýär, ýöne adam gödeklik bilen azgynlyk edip, toba etmese, ol ýygnakdan çykarylar (2 Korinfliler 12:21; Efesliler 4:19; 2006-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňiniň» (rusça) «Okyjylaryň sowallary» diýen bölümine seret).