Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Näme üçin durmuş gurýançam garaşamaly?

Näme üçin durmuş gurýançam garaşamaly?

5-NJI BAP

Näme üçin durmuş gurýançam garaşmaly?

«Meni hemişe jynsy gatnaşyk etmäge yrjak bolýarlar». Keli

«Şu wagta çenli hiç kim bilen ýatyp görmändigime utanýaryn». Jordan

«ENTEGEM hiç kim bilen bolup görmediňmi?» diýen ýaly soraglar seni geň galdyrmagy mümkin. Käbir ýerlerde heniz durmuş gurmanka jynsy gatnaşyk etmedik ýaşlara «akja jüýje» diýýärler. Dogrudan-da, ýaşlaryň köpüsi ýetginjekkä ahlaksyzlyk edýärler.

Içimden höwes, daşymdan täsir

Eger sen Ýehowanyň Şaýady bolsaň, Hudaýyň «ahlaksyzlykdan gaça dur» diýen tabşyrygyny bilýänsiň (1 Selanikliler 4:3). Muňa garamazdan, saňa jynsy höwesleriňe erk etmek kyn bolýandyr. Pawel atly ýaş oglan: «Käte öz-özünden jynsy gatnaşyk etmek islegi döreýär» diýýär. Sende-de şeýle pikirler döreýän bolsa, alada etme, bu hemmelerde bolýar.

Ýöne jynsy gatnaşyk edip görmändigiň üçin üstüňden gülenlerinde aňsat bolmaýar. Mysal üçin, oglanlar saňa «erkegem däl ekeniň», gyzlar bolsa «wiý, masgara, sen entegem gyzmy?» diýmekleri mümkin. Elen atly gyz şeýle diýýär: «Deň-duşlarym muňa lezzet beriji we adaty zat hökmünde garaýar. Eger sen biri bilen ýatmasaň, durmuşdan yza galak hasaplaýar».

Ýöne dostlaryň we joralaryň durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň erbet tarapyny aýdýan däldirler. Meselem, söýüşýäni bilen jynsy gatnaşyk eden Mariýa atly gyz şeýle diýýär: «Men gaty utanyp, eden işime ökündim. Men hem ony, hem özümi ýigrendim». Şeýle ýagdaýy köp ýaşlar başyndan geçirýär. Aslynda, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etseň, ýüregiňe bitmejek ýara salýarsyň we ynsabyň köseýär.

Şanda atly gyz şeýle sorag berýär: «Durmuş gurmazdan öň jynsy höwesiňi kanagatlandyrmaly däl bolsa, onda Hudaý näme üçin şol islegi berdi?» Gel, bu hakda oýlanyp göreli.

Jynsy gatnaşyk etmek ýeke-täk güýçli islegmi? Ýok. Ýehowa Hudaý seni her dürli duýgular we islegler bilen ýaratdy.

Her bir döreýän islegiňi şol bada kanagatlandyrmalymy? Ýok, Hudaý saňa özüňe erk etmek ukybyny berdi.

Mundan näme öwrenip bolýar? Käbir islegleriň döremeginiň öňüni alyp bilmeseň-de, özüňe erk edip bilersiň. Her gezek gaharyň gelende kimdir birini urmagyň dogry bolmaýşy ýaly, jynsy islegiň güýjände hem ony her gezek kanagatlandyrmak nädogry we akylsyzlyk bolar.

Hudaý adamlaryň jynsy organlaryny nädogry ulanmagyny islemeýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Siz mukaddes bolup, öz bedeniňize nädip erk etmelidigini we Hudaýa ýaramly ýaşamalydygyny bilmelisiňiz» diýilýär (1 Selanikliler 4:4). «Söýmegiň... ýigrenmegiň öz wagty» bolşy ýaly, jynsy gatnaşyk etmegiň ýa-da ondan saklanmagyň hem öz wagty bar (Wagyz kitaby 3:1—8). Nähili bolaýanda-da, höwesleriňe erk etmek özüňe bagly!

Biri ýaňsylap, ynanmazçylyk bilen: «Entegem hiç kim bilen ýatyp göreňokmy?» diýse, çekinme! Seni kemsidip, üstüňden güljek bolýan adama: «Hawa, näme?! Soňam, bu meniň öz işim» ýa-da «Berýän soragyň nähili? Meniň ýanymda şeýle zatlary aýtma» diýip bilersiň a. Ýazgylarda: «Akylsyza akmaklygyna görä jogap berme, sen-de oňa meňzäýme. Duzuň nahary tagamly edişi ýaly, siziň hem sözleriňiz ýakymly bolsun. Şonda siz her kime nädip jogap bermelidigini bilersiňiz» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 26:4; Koloslylar 4:6). Eger onuň bilen gürrüňi dowam etmek isleseň, Mukaddes Ýazgylara esaslanan ynançlaryň hakda aýdyp bilersiň.

Üstüňden gülmek üçin «Entegem hiç kim bilen ýatyp göreňokmy?» diýseler nähili jogap berjekdigiňi ýaz:

․․․․․

Deňsiz-taýsyz sowgat

Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeklige Hudaý nähili garaýar? Göz öňüne getir, sen dostuň üçin sowgat satyn alýarsyň. Sowgady heniz bermänkäň, bilesigelijilik bilen ony açyp görse, özüňi nähili duýardyň? Elbetde, halamazdyň. Indi bolsa, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etseň, Hudaýyň özüni nähili duýýandygyny göz öňüne getir! Ol seniň şeýle gatnaşykdan diňe durmuş guranyňdan soň lezzet almagyňy isleýär (Gelip çykyş 1:28).

Jynsy gatnaşyk etmek islegi dörese näme etmeli? Özüňe erk etmegi öwren. Sen muny başararsyň! Bu hakda Ýehowa doga etseň, mukaddes ruh özüňe erk etmäge kömek eder (Galatýalylar 5:22, 23). Ýehowanyň «göni gezýänlerden hiç bir ýagşylygy gaýgyrmaýandygyny» ýatdan çykarma (Zebur 84:11). 20 ýaşly Gordan şeýle diýýär: «Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň hiç hili erbetligi ýok diýen pikir kelläme gelende, munuň ruhy ýagdaýyma ýetirip biljek zyýany hakda oýlanýaryn. Onsoňam, günäli isleg üçin Ýehowa bilen dostlugyňy bozanyňa degmeýär».

Dogrudanam, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmäge bolaýmaly zat ýaly garamak nädogry. Sebäbi ol mertebäňi peseldýär, ynsabyňy köseýär we zyýan ýetirýär. Dünýäde giňden ýaýran garaýyşlaryň duzagyna düşüp, Mukaddes Ýazgylaryň kada-kanunlaryna eýerip ýaşamak «nädogry» diýen sözlere aldanma. Galyberse-de, durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeseň, duýgy hem-de fiziki taýdan sagdyn bolarsyň. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa bilen dostlugyňy gorarsyň.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 24-NJI BABYNA SERET

[Çykgyt]

a Isa-da Hirodes patyşanyň soraglaryna jogap bermedi (Luka 23:8, 9). Dawalaşjak bolup sorag berenlerinde jogap bermeseň, köplenç peýdaly bolýar.

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Kimdir biri durmuş gurmazlygy ýüregine düwüp... gelen kararynda berk dursa, ol gowy edýändir». 1 Korinfliler 7:37

MASLAHAT

Ynanýan zatlaryňa garşy çykmasa-da, ahlak kadalary boýunça ýaşamaýanlar bilen dostlaşma.

BILÝÄŇIZMI?

Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegi endik edinen adam, durmuş gurandan soňam endigini goýmaýar. Şonuň ýaly, durmuş gurmazdan öň Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adam, soňam ýanýoldaşyna wepaly bolar.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmezlik üçin, men...

Bu babatda dostlarym erbet täsir etse, men...

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmeýänleriň näme üçin üstünden gülýärler?

Muny etmezlik näme üçin kyn bolup biler?

Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmezligiň nähili peýdasy bar?

Muny jigiňe nädip düşündirerdiň?

[51-nji sahypadaky sitata]

«Jynsy gatnaşyk etmek islegi dörände, hemişe Efesliler 5:5-däki: «Hiç bir ahlaksyz, ýigrenji... Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýen sözleri ýatlaýaryn» Lidiýa

[49-njy sahypadaky surat]

Bellik depderçäm

Netijesi nähili bolar?

Filmleri, telegepleşikleri çykarýanlar we deň-duşlaryň durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmegiň erbet netije berýändigini gizleýärler. Seniň pikiriňçe, bu nähili netije berer? Geliň, üç ýagdaýa seredeliň:

● Klasdaşyň köp gyz bilen ýatandygyny aýdyp öwünýär. Ol: «Bul-a hezil ekeni; hiç kime hiç zat bolmady» diýýär. Soň şol oglana we gyzlara näme bolar?

● Film durmuş gurmadyk iki ýetginjegiň bir-birini söýýändigini görkezmek üçin jynsy gatnaşyk etmegi bilen gutarýar. Munuň netijesi durmuşda nähili bolar?

● Sen owadanja oglan bilen tanyşýarsyň. Ol saňa bile ýataly we muny hiç kim bilmez diýýär. Sen onuň bilen razylaşsaň we muny gizleseň, netijesi nähili bolar?

[54-nji sahypadaky surat]

Durmuş gurmazdan öň jynsy gatnaşyk etmek, sowgady berilmänkä açan ýalydyr