Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?

Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?

8-NJI BAP

Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?

«Ýaş wagtyň hiç zady alada etmeýärsiň. Ýöne birden agyr keselleseň bar zat üýtgeýär. Bir günüň içinde garran ýaly bolýarsyň». Jeýson

18 ÝAŞYNDA Jeýsonyň içegesinde güýçli sowuklamanyň bardygy anyklanyldy. Belki, senem haýsydyr bir dowamly keselden ejir çekýänsiň ýa keseliň sebäpli geýinmek, iýip-içmek ýa-da mekdebe gatnamak üçin köp tagalla etmeli bolýansyň.

Dowamly kesel sebäpli özüňi azatlykdan mahrum bolup, türmede oturan ýaly duýýansyň. Özüňi ýeke duýýan bolmagyň hem mümkin. Käte bolsa kelläňe «Hudaý maňa gargandyr» ýa-da «bu Allanyň synagydyr» diýen ýaly pikirler gelýän bolmagy ahmal. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, onuň özi-de hiç kimi synamaýar» diýilýär (Ýakup 1:13). Häzirlikçe, biziň ählimiz keselleýäris hem-de «amatsyz wagta we hadysa duçar bolýarys» (Wagyz kitaby 9:11).

Ýöne Ýehowa Hudaýyň täze dünýäni wada berýändigi bize teselli berýär. Ol ýerde «ilatyň hijisi: „Men syrkaw“ diýmez» (Işaýa 33:24). Hatda ölen adamlar direlip, täze dünýäde şadyýan hem-de durmuşdan lezzet alyp ýaşarlar (Ýahýa 5:28, 29). Täze dünýä gelýänçä, sen keseliňe nädip döz gelip bilersiň?

Şatlygyňy ýitirme! Mukaddes Ýazgylarda: «Şadyýan ýürek oňat şypadyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:22). Käbir adamlar ýaramaýan wagtyň «gülki ýadyňa düşmeýär» diýýärler. Emma degişmeklik we ýakymly gürrüňdeşlik gaýgy-aladalardan ünsüňi sowup, ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýar. Durmuşyňy has manyly etmek üçin näme edip biljekdigiň barada oýlan! Şatlyk — Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Galatýalylar 5:22). Mukaddes ruh şatlygyňy ýitirmän, keseliňe döz gelmäge kömek eder (Zebur 41:3).

Ýetip biljek maksatlaryňy goý! Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldarlyk... pes göwünliler bilendir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 11:2). Kiçigöwünli bolsaň öz ýagdaýyňa çynlakaý gararsyň we howsala düşmersiň. Meselem, mümkinçiligiňe görä peýdaly maşklary etseň, özüňi gowy duýmaga kömek eder. Şonuň üçinem köp hassahanalarda çagalara we ýetginjeklere ýörite bejergi maşklaryny etdirýärler. Adatça, dogry saýlanan maşklar adama diňe bir beden taýdan däl-de, eýsem, ruhy taýdan hem kömek edýär. Diýmek, öz mümkinçilikleriňi göz öňünde tutup, ýetip biljek maksatlaryňy goý.

Gürrüňdeş bolmagy öwren! Kimdir biri seniň ýagdaýyň barada pikirlenmän bir zat diýse näme edip bilersiň? Mukaddes Ýazgylarda: «Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme» diýilýär (Wagyz kitaby 7:21). Şonuň üçin käte şeýle zatlara üns bermeseň ýa-da özüň gürrüňdeşlige başlasaň gowy bolar. Mysal üçin, käbirleri seniň maýyplaryň arabasynda oturandygyňy görende, özüni oňaýsyz duýup, gürrüňe başlap bilýän däldir. Şol sebäpli ilki özüň gürrüňe başlap, nädip şeýle ýagdaýa düşendigiňi aýdyp bilersiň.

Ýan berme! Isa kyn ýagdaýda Hudaýa doga edip, oňa bil baglady we ünsüni kynçylygyna däl-de, gelejekde aljak sylagyna gönükdirdi (Ýewreýler 12:2). Şeýle-de ol gören görgülerinden köp zady öwrendi (Ýewreýler 4:15, 16; 5:7—9). Ol berilýän kömegi we tesellini kabul etdi (Luka 22:43). Isa öz gaýgy-aladalary barada däl-de, adamlara kömek etmek hakda pikirlenmäge çalyşýardy (Luka 23:39—43; Ýahýa 19:26, 27).

Ýehowa seniň aladaňy edýär

Nähili kesel bilen göreşýän hem bolsaň, Hudaý üçin köp zat edip bilmeýärin diýip pikir etme. Gaýtam, Ýehowa islegini ýerine ýetirmäge jan edýän adamlary söýýär we olaryň gadyryny bilýär (Luka 12:7). Ýehowa seniňem «aladaňy edýär» we keseliňe ýa-da köp zady edip bilmeýändigiňe garamazdan, gulluk edýändigiňe begenýär (1 Petrus 5:7).

Gorka we özüňe ynamsyzlyga ýol bermän, isleýän hem-de wajyp işleri etmegiňi bes etme. Hemişe Ýehowadan kömek sora. Ol saňa nämäniň gerekdigini bilýär we duýgularyňa düşünýär. Mundan başga-da, kynçylyklaryňa döz gelip bilmegiň üçin «güýç» berer (2 Korinfliler 4:7). Wagtyň geçmegi bilen, sen hem Timoteos ýaly dogry garaýşy saklap bilersiň. Onda 17 ýaşyndaka dowamly ýadawlyk keseliniň bardygy anyklanyldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «1 Korinfliler 10:13-e görä, Ýehowa biziň göterip bilmejek kynçlygymyza ýol bermeýär. Eger meniň Ýaradyjym şu kynçylyga döz gelip biljekdigime ynamly bolsa, oňa garşy çykar ýaly men kim?!»

Tanyşlaryňdan biri keselli bolsa

Eger tanyşlaryňdan biri keselli bolsa, ony nädip goldap bilersiň? Munuň üçin «duýgudaş» we «rehimdar» bolmaly (1 Petrus 3:8). Şol adamyň nämeler bilen göreşmeli bolýandygyna düşünjek bol. Özüňi onuň ýerine goýup gör! Nina atly gyz dogabitdi oňurga jaýrygy (spina bifida) keselinden ejir çekýär. Ol şeýle diýýär: «Meniň boýum gaty kiçi we maýyplaryň arabasynda oturýaryn. Şol sebäpli meniň bilen çaga ýaly gepleşýärler. Muny bolsa halamok. Ýöne käbirleri meniň bilen gürleşenlerinde oturýarlar. Şonda olara seretjek bolup kösenmeýärin; muňa bolsa gaty begenýärin».

Adamyň keseline üns bermeseň, onuň hem özüň ýaly adamdygyna göz ýetirersiň. Ýöne seniň aýdýan sözleriň, hakykatdanam, onuň üçin «ruhy sowgat» bolup biler. Şeýle etseň, özüňem «ruhlanarsyň» (Rimliler 1:11, 12).

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 13-NJI BABYNA SERET

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Şonda... ilatyň hijisi: „Men syrkaw“ diýmez». Işaýa 33:23, 24

MASLAHAT

Öz ýagdaýy barada doly bilmese adam gorkup başlaýar. Şol sebäpli käbir zatlary bilmeýän bolsaň, lukmandan giňişleýin düşündirmegini haýyş et.

BILÝÄŇIZMI?

Keseliň Hudaýdan däl. Sen Adam atadan ählimize günä geçendigi sebäpli keselleýärsiň (Rimliler 5:12).

SEN NÄME ETMEKÇI?

Ýarawsyz bolsam-da, dogry garaýşy saklamak üçin, men ․․․․․

Ýetip biljek maksatlarymyň biri: ․․․․․

Biri ýagdaýyma düşünmän göwnüme degse, men ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Dowamly keselden ejir çekýänlere ýa-da maýyplara kömek etmek üçin şu bapdaky maslahatlary nädip ulanyp bilersiň?

Dowamly keseliň bar bolsa, haýsy zatlar barada oýlanmak ýagdaýyňy ýeňilleşdirer?

Ýarawsyzlygyň Hudaýyň gargyşy däldigine seni näme ynandyrýar?

[75-nji sahypadaky çarçuwa/ surat]

DASTIN, 22 ýaşynda

«Bütin ömrüme maýyplaryň arabasynda oturmalydygymy aýdanlarynda, ejemiň gujagynda aglanym hiç ýadymdan çykanok. Şol wagt men bary-ýogy 8 ýaşymdadym.

Mende muskul distrofiýasy bar. Maňa eşik geýmek, suwa düşmek we iýip-içmek üçin kömek gerek bolýar. Men asla elimi göterip bilmeýärin. Ýöne şonda-da özümi bagtly duýýaryn; durmuşymam manyly hem-de minnetdar bolmaga zatlar gaty köp. Men yzygiderli wagza çykýaryn we ýygnagyň hyzmatçysy bolup gulluk edýärin. „Keselim bilen göreşmeli“ diýen pikir kelläme-de gelenok. Sebäbi Ýehowa gulluk etmek üçin maňa ýygnakda elmydama etmäge iş we goýmaga maksat köp. Hudaýyň wada berýän täze dünýäsinde „keýik kimin bökjeklejekdigime“ sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» (Işaýa 35:6).

[75-nji sahypadaky çarçuwa/ surat]

TOMOKO, 21 ýaşynda

«4 ýaşymdakam lukman bütin ömrüme insulin sanjymlaryny almaly boljakdygymy aýtdy.

Süýji keseli bolanlar üçin iň kyn zat ganyň düzümindäki süýjüniň kadaly saklanmagydyr. Köplenç iýmeli däl wagtym-a iýesim gelýär, iýmeli wagtymam iýesim gelmeýär. Häzire çenli maňa 25 müňe golaý sanjym etdiler. Şol sebäpli elimde we aýagymda sanjym edilen ýerler gatady. Ejem bilen kakam mümkinçiligime görä, elimde barymy etmäge kömek edýärler. Olar hemişe şadyýan we dogry garaýyşda bolup, ruhy zatlary gymmat saýmagy öwredýärler. Ýehowa meni söýýär. Ýagdaýym gowulaşan wagty bolsa, men köpräk gulluk edip, Ýehowa minnetdarlygymy görkezýärin».

[76-njy sahypadaky çarçuwa/ surat]

JEÝMS, 18 ýaşynda

«Köpler başgalardan tapawutlanýan, ýagny meniň ýaly adamlar bilen özüni nähili alyp barjakdygyny bilmeýär.

Meniň dogabitdi boýum kiçi. Adamlar köplenç daş keşbe üns berýär. Men bolsa hemişe ýogyn sesim bilen çaga däldigimi subut etjek bolýaryn. Men ýok zadyma nägile bolman, gaýtam, bar zadym hakda oýlanyp, durmuşdan lezzet alýaryn. Men Mukaddes Ýazgylary okaýaryn we Ýehowadan kömek sorap doga edýärin. Maşgalamam meni hemişe goldaýar. Hudaýyň ähli keseli aýyrjak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Häzir kesel bilen göreşip ýaşamaly bolsamam, onuň bütin durmuşymy gaýgy-hasrata öwürmegine ýol bermeýärin».

[76-njy sahypadaky çarçuwa/ surat]

DANITRIÝA, 16 ýaşynda

«Bir bulgur suwy hem göterip bilmänimde, ýagdaýymyň gowy däldigine düşündim.

Mende fibromialgiýa (birleşdiriji dokumalardaky myşsanyň agyrysy) keseli bolandygy üçin bedenimde agyry duýýaryn. Men joralarym ýaly bolmak isleýärin, ýöne öňki edýän zatlarymy etmek gitdigiçe kynlaşýar. Hatda uklamak üçin birnäçe sagat gerek bolýar. Ýöne Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklaryma döz gelmegi öwrendim. Şeýle-de kömekçi pioner bolup köpräk gulluk edip bildim. Bu aňsat bolmasa-da, men ony başardym. Men elimde baryny edýärin. Saglygymy hem göz öňünde tutýaryn. Muny ýatdan çykarsam, ejem hemişe ýatladyp durýar».

[77-nji sahypadaky çarçuwa/ surat]

ELISIÝA, 20 ýaşynda

«Men mekdepde gowy okaýardym. Häzir bolsa ýönekeýje sözlemi hem okamak kyn bolýar. Munuň üçin käte ruhdan düşýärin.

Dowamly ýadawlyk keseli sebäpli aňsat işleri etmek hem kyn bolýar. Köplenç ýatan ýerimdenem galyp bilmeýärin. Ýöne keselim sebäpli ejizlämok. Men Mukaddes Ýazgylary azajyk bolsa-da ýa-da maşgala agzalarymyň birine haýyş etmeli bolsam-da, her gün okaýaryn. Men olara gaty minnetdar. Meni kongrese eltmek üçin, kakam hatda kongres bilen baglanyşykly hormatly işindenem geçdi. Ýöne ol hijem zeýrenmeýärdi. Kakamyň aýtmagyna görä, onuň üçin iň hormatly iş — maşgalasynyň aladasyny etmek».

[77-nji sahypadaky çarçuwa/ surat]

KATSUTOSI, 20 ýaşynda

«Men birden howsala düşüp gygyryp başlaýaryn we el-aýagym sandyrap, hamala dünýä ýykylyp barýan ýaly bolýar.

Bäş ýaşymdan bäri mende garaguş keseli bar. Aýda ýedi gezek tutgaýym tutýar. Her gün derman içmeli bolýaryn; bu bolsa meni tiz ýadadýar. Ýöne men diňe özüm hakda däl-de, başgalar hakda hem oýlanmaga çalyşýaryn. Ýaşy meniň bilen deňiräk ýygnagymyzdaky iki sany uzak wagtly gullukçy maňa köp goldaw berýär. Mekdebi gutaryp, köpräk gulluk edip başladym. Garaguş keseli bilen her gün göreşmeli bolýar. Halys tapdan düşen wagtym bolsa, men dynç alýaryn. Şeýdip, ertesi gün özümi ýene gowy duýýaryn».

[78-nji sahypadaky çarçuwa/ surat]

METÝU, 19 ýaşynda

«Deň duşlaryň edýän zadyny edip bilmeseň, olara ýaranmak gaty kyn bolýar.

Men sport bilen meşgullanmagy gowy görýärin, ýöne gynansam-da, muny başaramok. Mende serebral paraliç (beýni ysmazy) keseli bolansoň, ýöremek kyn düşýär. Ýöne edip bilmeýän zatlarym hakda azrak, başarýan zatlarym hakda köpräk pikirlenmäge jan edýärin. Meselem, men okap bilýärin we muny höwes bilen edýärin. Ýygnak jaýynda özümi arkaýyn duýýaryn, sebäbi ol ýerde meni bolşum ýaly kabul edýärler. Ýehowanyň daş keşbime däl-de, içki dünýäme seredip baha berýändigine we söýýändigine begenýärin. Özümi maýyp adam hasaplamaýaryn. Ýöne men beýleki adamlaryňkydan tapawutlanýan şeýle agyr kynçylyk bilen göreşmeli bolýaryn».

[78-nji sahypadaky çarçuwa/ surat]

MIKI, 25 ýaşynda

«Men öň sport bilen meşgullanýardym. Ýöne ýetginjek ýaşa ýetenimde, birden garran ýaly boldum.

Meniň ýüregimde dogabitdi kemçilik bar eken. Ýöne munuň alamatlary ýetginjeklik döwrümde ýüze çykdy. Maňa operasiýa edilenine 6 ýyl bolsa-da, henizem tiz ýadaýaryn we köplenç kelläm agyrýar. Şol sebäpli men gysga wagtly we ýetip biljek maksatlarymy goýýaryn. Meselem, uzak wagtly gulluk edýärin. Men, esasan, hat we telefon arkaly wagyz edýärin. Şeýle-de ýarawsyzlygym mende ýok häsiýetleri, ýagny çydamlylygy we pespälligi ösdürmäge kömek edýär».

[74-nji sahypadaky surat]

Dowamly kesel sebäpli özüňi türmede ýaly duýýansyň. Ýöne Mukaddes Ýazgylarda keseliňden sagaljakdygyň wada berilýär.