Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Dostum näme üçin beýle etdi?

Dostum näme üçin beýle etdi?

10-NJY BAP

Dostum näme üçin beýle etdi?

«Kerri meniň iň gowy joramdy. Maşyny bolmansoň, ony her gün işden soň öýüne alyp gaýdýardym. Ýöne soňky wagtlar onuň meni diňe öz peýdasy üçin ulanýandygyna göz ýetirip başladym.

Ol maşyna münende hemişe işlisirän bolup, telefonda gepleşýärdi ýa-da SMS ýazyşýardy. Ol maňa bir gezegem alyp gaýdýandygym üçin „sagbolsun“ aýtmady we ýangyç üçin biraz pul bermegini hem bes etdi. Üstesine-de, ol meniň ýanymda başgalary günäkärleýärdi. Oňa şunça wagtlap çydap gezenim üçin, öz-özüme gaharym gelýär.

Bir gün men oňa sypaýyçylyk bilen mundan beýläk işden soň äkidip bilmejekdigimi aýtdym. Şondan bäri Kerri maňa ýüz berenok. Men onuň diňe öz peýdasy üçin dostlaşandygyna göz ýetirdim. Bu maňa gaty agyr degdi». Nikola

ŞEÝLE ýagdaý iň gowy dostlaryň arasynda-da bolup bilýär. Olar bu gün-ä jana-jan dost, ertir bolsa bir-biriniň ýüzüne-de seredenok. Şeýle ýakyn dostlaryň arasynda nädip beýle zatlar bolup bilýär?

● Ýakyn dostunyň uzak ýere göçüp gitmegi Jeremä gaty agyr degdi. Ol: «Dostum göçüp gideni bäri maňa bir gezegem jaň edenok. Men ondan gaty gördüm» diýýär.

● Dostlaşanyna bäş ýyl geçensoň, Kamila jorasynyň häsiýetleriniň üýtgäp başlandygyny duýýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Onuň niýeti we aýdýan zatlary maňa ýaramaýardy. Ol meniň wajyp hasaplaýan zatlaryma garşy çykýardy. Bu barada gepleşjek bolanymda bolsa, maňa „dönük“ hem-de „öte dogruçyl“ diýip, dostlaşanyna ökünýändigini aýtdy».

● Gloriýa ýakyn joram bilen tersleşerin diýip asla pikir etmeýärdi. Ol şeýle diýýär: «Ilkibaşda, ähli zat gowudy. Ol maňa: „Sen meniň edil doganym ýaly“ diýýärdi. Soň bolsa ol her dürli bahana tapyp, menden gaçyp başlady».

● Lara bilen Dariýanyň arasynda oglan sebäpli düşünişmezlik döräpdi. Lara şeýle gürrüň berýär: «Dariýa şol oglan bilen meniň söýüşýändigimi bilse-de, onuň bilen sagatlap telefonda gepleşýärdi. Men hem-ä iň gowy joramyň eden işine çydamaly boldum, hemem durmuşa çykyp biljek ýigidimi ýitirdim».

Näme sebäp boldy?

Ýalňyşmaýan adam ýok, şonuň üçin dostuň iru-giç seniň göwnüňe degmegi mümkin. Belki, seniňem başgalaryň göwnüne degen wagtyň ýadyňdadyr (Wagyz kitaby 7:22). Liza atly gyz: «Ählimiz bikämil we bir-birimiziň göwnümize degýäris» diýýär. Adatça, açyk gürleşip, kiçiräk düşünişmezlikleriň öňüni alyp bolýar.

Käwagt iki dostuň arasyndaky düşünişmezlik birden döremeýär. Siz kem-kemden köp zatda pikiriňiziň deň gelmeýändigine üns berip başlarsyňyz. Şonuň üçin ulaldygyňyzça ikiňiziňem gyzyklanýan zatlaryňyzyň üýtgeýändigini ýatdan çykarma. Eger dostuň bilen araň sowaşýandygyny duýsaň näme etmeli?

Dostlugy nädip berkitmeli?

Sen iň gowy görýän eşigiňi ýyrtsaň näme ederdiň? Ony zyňardyňmy ýa-da tikerdiň? Bu eşigiň näçeräk ýyrtylandygyna we ony nähili gowy görýändigiňe bagly bolar. Elbetde, gowy görýän eşigiňi zyňasyň gelmez. Edil şonuň ýaly, dostuň bilenem araň sowaşsa, ony berkidip bolýar. Ähli zat bolup geçen ýagdaýa we dostlugyňy näçeräk gymmat saýýandygyňa bagly a.

Mysal üçin, kimdir biri sözi ýa-da hereketi bilen göwnüňe degen bolsa, muny çözmek üçin Zebur 4:4-däki: «Düşegiňizde içiňizden oýlanyp, ümsüm boluň» diýen maslahata eýerip bilersiň. Dostuň bilen araňy kesmezden öň, gowuja oýlan. Ol seniň göwnüňe bilgeşleýin degdimi? Eger bilgeşleýin degmedik bolsa, dostuňa şübhelenme. Köplenç şeýle ýagdaýlaryň öňüni almaga «söýgi köp günäleriň üstüni örtýändir» diýen maslahat kömek edýär (1 Petrus 4:8).

Belki-de, şeýle kynçylygyň döremegine özüňem sebäp bolansyň. Aýdaly, dostuň syryňy başgalara aýdýar. Ilki bilen, oňa şeýle zatlary aýtmadyk bolsaň gowy bolardy. Ýa-da oýlanman gepläp üstüňden gülünmegine sebäp bolansyň (Süleýmanyň tymsallary 15:2). Eger şeýle bolsa, dostuň seni sylar ýaly, nämäniň üstünde işlemelidigiň hakda oýlan.

«Bolan zatlar hakda açyk gürleşeli!»

Eger bolan ýagdaýy hiç ýadyňdan çykaryp bilmeýän bolsaň, onda dostuň bilen gepleş. Ýöne muny gaharyň gelip durka etme! Mukaddes Ýazgylarda: «Gaharjaň adam dawa turuzýandyr; gahary giç gelýän bolsa urşy ýatyrýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:18). Şonuň üçin gaharyň ýatyşýança garaş we soňra meseläni çözjek bol.

Galyberse-de, «ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermek» üçin däl-de, dostuň bilen düşünişmezligi çözüp, dostlugyňy berkitmek üçin gepleşmelidigiňi unutma (Rimliler 12:17; Zebur 34:14). Akýürekli we dogruçyl bol. Sen oňa: «Ikimiz köpden bäri dost ahyryn. Gel, bolan zatlar hakda açyk gürleşeli!» diýip bilersiň. Düşünişmezligiň näme sebäpden dörändigini bilseň, ony çözmek aňsat bolar. Hatda dostuň gepleşmese-de, sen parahatlygy döretmäge tagalla edendigiň üçin özüňi rahat duýarsyň.

Onsoňam, bir-birini tüýt-müýt etmäge taýýar dostlar bar. Ýöne «dogandan hem ýakyn dostuň bardygyny» hem ýadyňdan çykarma (Süleýmanyň tymsallary 18:24). Hatda iň gowy dostlaryň arasynda-da käte sene-mene bolup bilýär. Şeýle ýagdaýda düşünişmezligi çözüp, dostlugyňy berkitmek üçin eliňde baryny et. Şonda çagalykdan saýlanyp, uly adam bolup ýetişýändigiňi görkezersiň.

ŞU TEMA BARADA KÖPRÄK BILMEK ÜÇIN I TOMUŇ 8-NJI BABYNA SERET

INDIKI BAPDA

Deň-duşlaryň köpüsi Internetde sagatlap ýazyşýar. Bu näme üçin şeýle?

[Çykgyt]

a Käbirleri, esasanam, mesihçilere ýaraşmaýan häsiýetleri görkezip başlanlar bilen ýakyndan gatnaşyk saklamasaň gowy bolar (1 Korinfliler 5:11; 15:33).

ESASY PIKIRLERI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Mümkin boldugyndan, ähli adamlar bilen parahat ýaşamak üçin eliňizde baryny ediň». Rimliler 12:18

MASLAHAT

Netije çykarmaga howlukma, ilki, bu ýagdaý barada dostuňdan pikirini sora (Süleýmanyň tymsallary 18:13).

BILÝÄŇIZMI?

Birek-biregiň erkinligine hormat goýup, başgalar bilen dostlaşmagyna garşy bolmaýan adamlaryň dostlugy berk bolýar (Süleýmanyň tymsallary 25:17). Dostuňdan köp wagtyny seniň bilen geçirmegini hem-de üns bermegini talap etseň, ony özüňden daşlaşdyrarsyň.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Dostum göwnüme degse, onuň bilen gepleşmek üçin, men: ․․․․․

Dostum göwnüme degse, parahatlygy saklamak üçin, men: ․․․․․

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym: ․․․․․

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

Dostlar näme üçin käwagt bir-birinden sowaşýar?

Dostuň göwnüňe degse, ony haýsy ýagdaýda bagyşlap bilýärsiň? Haýsy ýagdaýda bolsa onuň bilen gürleşmeli bolarsyň?

Eger dostuň göwnüňe degen bolsa, bu ýagdaýdan näme sapak edinersiň?

Dostuň göwnüňe degmez ýaly nädip öňüni alyp bilersiň?

[95-nji sahypadaky sitata]

«Ähli zady yzyna dolap bolsady, dostumdan köp zada garaşmazdym. Ony diňläp, goldaw bererdim we kemçiliklerine känbir üns bermezdim. Dostlugy berkitmek üçin kynçylyklardan we synaglardan geçmeli bolýandygyna indi düşündim» Kenan

[94-nji sahypadaky surat]

Ýyrtylan eşigi tikip bolşy ýaly, dostlugy hem berkidip bolýar