Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaý barada nädip çekinmän gürrüň bermeli?

Hudaý barada nädip çekinmän gürrüň bermeli?

36-NJY BAP

Hudaý barada nädip çekinmän gürrüň bermeli?

Ynanýan zatlaryň barada klasdaşlaryňa aýtmaga esasan şularyň haýsysy çekindirýär?

□ Mukaddes Ýazgylary gowy bilmeýändigiň

□ Üstüňden gülmeklerinden gorkýandygyň

□ Gürrüňe nädip başlajakdygyňy bilmeýändigiň

Hudaý barada gürrüň bereniňde şu usullaryň haýsysy seniň üçin has aňsat?

□ Hersine aýratynlykda aýtmak

□ Bütin klasyň öňünde aýtmak

□ Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary hakda beýannama ýazmak

Mukaddes Ýazgylary gowy düşündirseň haýsy klasdaşyň seni diňlemegi mümkin? Onuň adyny ýaz.․․․․․

ISLENDIK ZAT — sport, egin-eşik ýa-da gyzlar (oglanlar) barada gürrüň et, garaz, klasdaşlaryň ýanynda Hudaý barada gürrüň etmeseň bolýandyr. «Hudaý» diýip agzanyňdan, dymyşlyk bolýandyr.

Bu deň-duşlaryň Hudaýa ynanmaýandygyny aňlatmaýar. Ýaşlaryň köpüsi Hudaýa ynanýar. Ýöne olar bu barada gürrüň etmäge utanýarlar. Sebäbi olaryň pikiriçe, Hudaý barada gürrüň etmek «ýörgünli tema däl».

Senem şeýle pikirdemi?

Belki, sen hem klasdaşlaryňa Hudaý barada gürrüň bermäge çekinýänsiň. Bu ýagdaýa düşünse bolýar. Sebäbi hiç kim özüniň çetde tutulmagyny we üstünden gülünmegini islemeýär. Klasdaşlaryňa Hudaý barada gürrüň berseň, senem şeýle ýagdaýa düşmegiň mümkin. Emma olaryň ählisi saňa şeýle garar diýip pikir etme. Ýaşlaryň köpüsini: «Bu dünýä näme bolýar? Näme üçin kynçylyk köp?» diýen ýaly soraglar gyzyklandyrýar. Deň-duşlaryň bu barada uly ýaşlylar bilen däl-de, öz ýaşyndakylar bilen gürrüň etmegi gowy görýärler.

Ýöne şonda-da klasdaşlaryň bilen din hakda gürrüňe başlasaň, diliň tutulaýjak ýalydyr. Ahmal, olar meni öte dindar hasaplarlar ýa-da berýän soraglaryna dogry jogap berip bilmerin öýdüp biynjalyk bolýansyň. Eger şeýle bolsa, känbir alada etme. Ynanýan zatlaryň hakda gürrüň bermegi saz guralyny çalmak bilen deňeşdirse bolýar. Çalmak ilkibaşda kyn bolar, ýöne yzygider öwrenmegiňi dowam etseň, gün-günden aňsatlaşar. Şeýdip, tagallaň ýerine düşer. Onda Hudaý barada nädip gürrüňe başlamaly?

Köplenç sen adaty zatlardan gürrüňe başlap bilersiň. Meselem, deň-duşlaryň ýaňy-ýakynda bolup geçen zat barada gürrüň edýän bolsalar, senem bu hakda Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlary öz sözüň bilen aýdyp bilersiň. Ýa-da sen klasdaşlaryň biri bilen gürrüňdeş bolup bilersiň. Ýa bolmasa, senem käbir ýaşlar ýaly has aňsat usuly ulanyp bilersiň. Olar klasdaşlarynyň üns berýändigini ýa-da bermeýändigini bilmek üçin, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýaty partasynda goýýarlar. Köplenç olaryň muňa üns berýändigi üçin, gürrüňe başlamak aňsat bolýar.

Sen ýokardaky usullaryň haýsysyny ulanyp görmek isleýärsiň? ․․․․․

Klasdaşlaryňa Hudaý barada gürrüň bermek üçin ýene nähili usul ulanyp biljekdigiňi ýaz.

․․․․․

Käwagt mekdep sapaklary Hudaý barada gürrüň bermäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, siz ewolýusiýa taglymaty barada sapak geçýärsiňiz. Sen mümkinçilikden peýdalanyp ýaradylyş barada gürrüň berersiňmi?

Ýaradylyş barada aýtmaga gorkma

Raýen atly ýetginjek: «Mekdepde ewolýusiýa taglymaty barada geçen sapagymyz kiçilikde öwrenen zatlaryma düýbünden garşy gelýär. Mugallymym: „Bu subut edilen zat“ diýende, gaty gorkdum» diýýär. Rakel atly gyz hem özüni şeýle duýandygyny aýdyp: «Mugallymym: „Indiki sapak ewolýusiýa taglymatyny öwreneris“ diýende, inim tikenekläp gitdi. Men bütin klasyň öňünde bu çekeleşikli tema barada garaýşymy düşündirmeli bolaryn diýip alada etdim» diýýär.

Sen ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynanýandygyň üçin, mekdepde ewolýusiýa taglymaty barada geçeniňizde özüňi nähili duýýarsyň? (Ylham 4:11). Daş-töwerekdäki zatlar ýaradylyşyň bolandygyny subut edýär. Ýöne okuw kitabynda adamlaryň ewolýusiýa esasynda dörändigi barada öwredilýändir. Mugallymlaryň hem şuny aýdýandyr. Şol sebäpli sen: «Alymlar bilen jedelleşer ýaly men kim bolupdyryn?!» diýip, pikir etmegiň mümkin.

Ewolýusiýa taglymatyna diňe sen däl, eýsem başga-da ynanmaýan adamlar köp. Hatda alymlaryň arasynda-da muňa ynanmaýanlary bar. Mundan başga-da, mugallymlaryň we klasdaşlaryň köpüsi muňa ynanýan däldir.

Sen ýaradylyş barada ynanýan zatlaryňy gürrüň bermek üçin Mukaddes Ýazgylarda bu barada näme diýilýändigini bilmeli. Mukaddes Ýazgylarda anyk aýdylmaýan zatlar hakda jedel etmegiň geregi ýok. Gel, käbir mysallara seredeli.

Okuw kitaplarynda Ýer planetasy bilen Gün sistemasynyň milliardlarça ýyl mundan öň bardygy aýdylýar. Mukaddes Ýazgylarda Älem-jahanyň ýaradylyşyň birinji gününden öňem bardygy aýdylýar. Şol sebäpli, belki, Ýer planetasy bilen Gün sistemasy milliardlarça ýyl mundan öň peýda bolandyr (Gelip çykyş 1:1).

Mugallymlarym: «Ýer planetasynyň bary-ýogy alty günüň içinde ýaradylmagy mümkin däl» diýýär. Alty günüň göni manydaky 24 sagatdan ybarat bolan güni aňladýandygy barada Mukaddes Ýazgylarda hiç zat aýdylmaýar.

Sapakda janly-jandarlarda hem-de adam organizminde wagtyň geçmegi bilen bolan özgerişlikler hakynda gürrüň edildi. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Hudaý janly-jandarlaryň «dürli» görnüşini ýaratdy (Gelip çykyş 1:20, 21). Bu bolsa, «ýaşaýyş jansyz zatdan peýda boldy» ýa-da «Hudaý bir öýjügi döretdi, soňam şol öýjükden ewolýusiýa esasynda başga zatlar peýda boldy» diýen düşünjäniň nädogrudygyny görkezýär. Ýöne janly-jandarlaryň her bir görnüşi hem öz içinde dürli görnüşli bolup bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar hem her bir janly-jandaryň öz görnüşindäkileriniň arasynda üýtgeşmäniň bolup bilýändigini inkär etmeýär.

Şu bapda aýdylan zatlary göz öňünde tutup, mugallymyň ýa-da klasdaşyň şeýle diýse näme jogap berersiň:

«Biziň ewolýusiýa esasynda dörändigimizi ylym subut edýär». ․․․․․

«Hudaýy görmeýändigim üçin onuň bardygyna ynanmaýaryn». ․․․․․

Ynanýan zatlaryň dogrudygyna göz ýetir!

Sen Ýehowanyň Şaýatlarynyň maşgalasynda önüp-ösen bolsaň, onda ene-ataň saňa Ýaradyjynyň bardygy barada öwredendir. Senem şol sebäpli Hudaýyň bardygyna ynanýansyň. Ýöne ulaldygyňça «pikirlenmek ukybyňy ulanyp», ýagny Hudaýyň bardygyna özüň düşünip, iman etmek isleýänsiň (Rimliler 12:1). Şonuň üçin özüňe: «Hudaýyň bardygyna meni näme ynandyrýar?» diýen soragy ber. 14 ýaşly Sam adam bedeniniň gurluşy hakda pikirlenýär. Ol: «Adamyň bedeni örän çylşyrymly hem-de organlary biri-biri bilen baglanyşykly işleýär. Bu zatlaryň ewolýusiýa esasynda peýda bolmagy mümkin däl» diýýär. 16 ýaşly Holly hem munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Mende süýji keseliniň bardygy bilnenden soň, adam bedeniniň gurluşyny gowy öwrenip başladym. Mysal üçin, aşgazanasty mäz kiçijik organ bolsa-da, ol gaty uly işi ýerine ýetirýär. Şeýle kiçijik organyň ganyň düzümine hem-de beýleki organlaryň işleýşine täsir edýändigi gaty geň».

Boş ýerlere Hudaýyň bardygyna ynandyrýan üç sany subutnamany ýaz.

1. ․․․․․

2. ․․․․․

3. ․․․․․

Hudaýa we ýaradylyşa ynanýandygyň üçin utanyp, aljyrar ýaly hiç zat ýok. Sebäbi daş-töweregimizdäki zatlaryň hemmesi ýaradylyşyň bolandygyny subut edýär.

Ýaradylyşa däl, eýsem, subutnamanyň ýokdugy sebäpli ewolýusiýa taglymatyna ynanmak köre-körlükdir. Ewolýusiýa taglymatynda gudrat görkezip bilýäniň bardygyna däl-de, gudrata ynanmalydygy barada aýdylýar. Eger bu barada gowy gözleg geçirseň we düşünseň, Hudaýyň bardygy baradaky ynanjyňy düşündirmek aňsat bolar.

INDIKI BAPDA

Deň-duşlaryň suwa çümdürilýär. Senem suwa çümdürilmäge taýýarmy?

ESASY PIKIRI NYGTAÝAN BAŞ AÝATLAR

«Men hoş habary wagyz etmekden utanmaýaryn. Hoş habar — Hudaýyň güýji bolup, imanly adamlaryň ählisini... halas edip bilýändir». Rimliler 1:16

MASLAHAT

Hudaý barada gürrüň bereniňde utansaň ýa-da känbir ynamly geplemeseň, klasdaşlaryň üstüňden gülmegi mümkin. Şonuň üçin garaýşyň hakda olaryňky ýaly çekinmän aýt. Şonda olar saňa hormat goýar.

BILÝÄŇIZMI?

Mugallymlardan ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny subut etmegi haýyş edenlerinde, käte olar hiç zat aýdyp bilmeýär. Şonda olar diňe şeýle öwredilendigi üçin muny dogry hasaplaýandyklaryna düşünýär.

SEN NÄME ETMEKÇI?

Klasdaşym bilen Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňe başlamak üçin, men ․․․․․

Ýaradyja näme üçin ynanýandygymy sorasalar, men...

Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym:

SEN NÄHILI JOGAP BERERSIŇ?

● Hudaý barada gürrüň bermek näme üçin wajyp?

● Klasdaşlaryňa ýaradylyşa ynanýandygyňy gürrüň bermek üçin haýsy usullary ulansaň aňsat bolar?

● Ähli zady Ýaradana minnetdardygyňy nädip görkezip bilersiň? (Resullaryň işleri 17:26, 27).

[299-njy sahypadaky sitata]

«Mekdep diňe biziň baryp biljek wagyz meýdançamyz» Iraýida

[298-nji sahypadaky surat]

Ynanýan zatlaryň barada gürrüň bermek saz guralyny çalmak ýalydyr. Yzygider türgenleşseň ökdeleşersiň

[301-nji sahypadaky surat]

Ynanýan zatlaryňy gürrüň bermäge gorkýan bolsaň, sen muny ýeňip bilersiň