Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ene-atalar!

Ene-atalar!

Ene-atalar!

Geçiş döwrüni sirkdäki inçe ýüpden ýöremeklige meňzetse bolýar. Çagaňyzyň her bir ynamsyz ädimi sizi howsala salýandyr. Siz ene-ata hökmünde çagaňyzy şeýle ýüpden ýöretmejek, ýagny kynçylyklarynyň öňüni aljak bolýansyňyz. Ýöne bu mümkin däl. «Ýüpden» ýöräniňde deňagramlylygy saklamaga kömek edýän «taýak» ýaly, siz hem olara ýardam berip bilersiňiz. Geçiş döwründe olara ýoldan azaşmazlyga we jogapkär adam bolup ýetişmäge başgalara garanda, siz has köp kömek edip bilersiňiz.

Ýöne siz: «Bu diliňde aňsat» diýmegiňiz mümkin. Sebäbi gören ýerinde gürläp, bir ýerde oturmaýan düýnki şadyýan ogluňyz, birdenem dommarylyp, siz bilen gürleşmek islemeýändir. Ýa bolmasa, nirä gitseňiz-de sizden galmaýan gyzyňyz, indi siziň bilen köçä çykmaga-da utanýan ýalydyr.

Eger şeýle ýagdaýlary sizem başdan geçirýän bolsaňyz, çykalga ýok diýip pikir etmäň. Mukaddes Ýazgylar size we çagaňyza akyldar bolmagy hem-de dogry hereket etmegi öwredip biler.

«Ýaşlaryň sowallary» kitabynyň şu tomy çagaňyza Mukaddes Ýazgylar esasynda pikirlenmäge we karara gelmäge kömek eder. Kitabyň 4, 5-nji sahypalaryndaky mazmunyna seretseňiz, nähili soraglaryň jogabyny tapyp bolýandygyny görersiňiz. Emma bu kitap diňe bir şol soraglara jogap bermän, eýsem onuň dürli aýratynlyklary bar. Geliň, olary bileliň:

1) Ýaşlar kitaby hem okap, hem pikirini ýazyp bilýär. Onuň köp ýerinde soraglara jogap ýazmak üçin boş ýerler goýlan. Mysal üçin, 132, 133-nji sahypadaky «Deň-duşlaryň täsirine garşy durmak» diýen çarçuwada çagaňyz durmuşynda ýüze çykyp biljek kynçylyklary we olary nädip ýeňip biljekdigini ýazyp biler. Mundan başga-da, olar şu kitabyň her bölüminiň soňundaky «Depderim» diýen sahypa okan zatlary barada dörän pikirlerini we duýgularyny ýazyp biler.

2) Bu kitap ýaşlara ene-atasy bilen gürrüňdeş bolmaga kömek edýär. Muňa mysal edip 63, 64-nji sahypadaky «Jynsy gatnaşyk hakda ejem ýa kakam bilen nädip gepleşip bilerin?» diýen çarçuwany getirse bolar. Şeýle-de her babyň soňundaky «Sen nähili jogap berersiň?» diýen çarçuwa bapdaky pikirleri gaýtalamaga kömek edýär. Muny maşgala agzalary öz arasynda pikir alyşmak üçin hem ulanyp biler. Galyberse-de, ýaşlar her bapdaky «Sen näme etmekçi?» diýen çarçuwadaky «Bu babatda ene-atamdan sorajak zatlarym» diýlen ýere olardan soramak isleýän zatlaryny ýazyp biler. Bu olary «inçe ýüpden» ýöremäge kömek edip biljek ene-atasyndan peýdaly maslahaty soramaga höweslendirer.

Gadyrly ene-atalar, siziň çagalaryňyz bu kitaba biynjalyk edýän zatlaryny açyk ýazmagy mümkin. Şol sebäpli çagaňyzdan birugsat kitabyny ellemäň. Wagtyň geçmegi bilen, belki, olaryň özleri size içini döker.

Bu kitaby özüňiz üçin hem alyň we ony ünsli okaň. Ýaşlyk döwrüňizde sizi hem nämäniň biynjalyk edendigini, utandyrandygyny ýa-da gaharyňyzy getirendigini ýadyňyza salyň. Ýeri gelende bolsa, bu hakda ogluňyza ýa-da gyzyňyza gürrüň beriň. Şonda olar size ynanyp biler. Olar gürrüň berende bolsa ünsli diňläň! Olar bilen gürleşmek üçin edýän tagallaňyz başda başa barmaýan ýaly bolup görünse-de, ýan bermäň! Käwagt çagaňyz sizi diňlemeýän ýaly bolýandyr. Ýöne olar deň-duşlarynyňka garanyňda, siziň berýän maslahatlaryňyza has köp üns berýär.

Mukaddes Ýazgylara esaslanan bu kitabyň size we çagaňyza köp peýda berjekdigine biz örän begenýäris. Şeýle-de biz onuň maşgalaňyza köp bereket bermegi üçin doga edýäris.

Neşir edenler