Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI BAP

«Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň»

«Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň»

«Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkaly berkidiň... özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» (ÝAHUDA 20, 21).

1, 2. Sen nähili jaý gurýaň we bu gurluşygyň hili näme üçin wajyp?

AÝDALY, sen arman-ýadaman özüňe jaý gurýaň. Gurluşygy başlanyňa ep-esli wagt geçdi, ýöne edilmeli iş heniz köp. Iş agyr bolsa-da, sen höwes bilen işleýäň. Nähili kynçylyk bolsa-da, sen badyňy gowşatmarsyň, çünki seniň ýaşaýşyň, hatda gelejegiň hem şu gurluşygyň hiline bagly. Näme üçin? Sebäbi gurulýan jaý seniň özüň!

2 Isanyň şägirdi Ýahuda bu gurluşygyň ähmiýetini nygtap geçdi. Ol mesihçilere «özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýip, munuň üçin näme etmelidigini hem görkezdi: «Özüňizi iň mukaddes imanyňyz arkalyberkidiň» (Ýahuda 20, 21). Eýsem, sen Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin nädip özüňi gurmaly, ýagny imanyňy berkitmeli? Geliň, munuň üç ýoluna üns bereliň.

ÝEHOWANYŇ DOGRY TALAPLARYNA IMANYŇY BERKIT

3—5. a) Şeýtan Ýehowanyň tabşyryklary barada seni nämä ynandyrjak bolýar? b) Hudaýyň tabşyryklaryna nähili garamaly we bu bize nähili täsir etmeli? Mysal getir.

3 Birinjiden, biz Hudaýyň kanunlaryna imanymyzy berkitmeli. Şu kitaby öwrenip, sen özüňi alyp barmak barada Ýehowanyň ençeme talaplaryny bildiň. Sen olara nähili garaýarsyň? Şeýtan seni Ýehowanyň kanunlary, prinsipleri we kadalary örän kyn, hatda ýowuz diýip ynandyrjak bolýar. Ol bu usulyny Erem bagyndan bäri üstünlikli ulanyp gelýär (Gelip çykyş 3:1—6). Oňa seni-de aldamak başardarmyka? Köp zat seniň garaýşyňa bagly.

4 Aýdaly, sen ajaýyp bagda gezelenç edip ýörsüň. Birdenkä, bagy ikä bölýän belent haýada gözüň düşýär. Haýadyň aňyrsy şeýle owadan welin, seniň ol tarapa geçesiň gelýär. Ilkibaşda, bu haýat seniň azatlygyňy çäklendirýän ýaly bolup görner. Emma haýadyň aňyrsynda awuna topuljak bolup, bukulyp oturan wagşy ýolbarsa gözüň düşýär! Indi sen haýadyň goragdygyna düşünýärsiň. Saňa-da topuljak bolýan ýyrtyjy haýwan barmy? Hudaýyň Sözünde şeýle duýduryş bar: «Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň! Duşmanyňyz bolan Iblis arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Petrus 5:8).

5 Şeýtan — ýyrtyjy haýwan. Ýehowa biziň Şeýtanyň oljasy bolmagymyzy islemeýär, şonuň üçin ol bize «Iblisiň hilelerinden» goraýan kanunlary berdi (Efesliler 6:11). Her gezek Hudaýyň kanunlary barada oýlananda, gökdäki Atamyzyň olary söýgi bilen berendigini görjek bolmaly. Eger şeýle garaýşy saklasak, onda Hudaýyň kanunlary gorar we şatlyk berer. Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Azat edýän kämil kanuna içgin seredip, şoňa görä ýaşaýan adam... öz edýän işlerinden hoşal bolar» (Ýakup 1:25).

6. Hudaýyň dogry kanunlaryna we prinsiplerine imanymyzy nädip berkidip bileris? Mysal getir.

6 Hudaýyň tabşyryklary boýunça ýaşasak, bu biziň Kanun çykaryja we onuň paýhasly kanunlaryna bolan imanymyzy berkitmäge kömek eder. Meselem, «Mesihiň kanuny» Isanyň «ähli tabşyran zatlaryny berjaý etmegi» adamlara öwretmekden ybarat (Galatýalylar 6:2; Matta 28:19, 20). Şeýle-de mesihçiler Hudaýa sežde etmek we bir-birimizi ruhlandyrmak üçin ýygnanyşmaly diýen tabşyryga örän çynlakaý garaýarlar (Ýewreýler 10:24, 25). Hudaýyň tabşyryklaryna Ýehowa yzygiderli, ýygy-ýygydan we ýürekden doga etmek hem degişli (Matta 6:5—8; 1 Selanikliler 5:17). Şu tabşyryklar boýunça ýaşasak, olaryň söýgä esaslanandygyna has köp göz ýetireris. Olara eýerip, bu howsalaly dünýäde tapylmajak şatlygy we kanagaty taparys. Hudaýyň kanunlaryny berjaý edip, olaryň peýdasy barada oýlananyňda, eýsem, seniň imanyň berkemeýärmi?

7, 8. Dogrulyk ýolunda ömürboýy ýöremegi kyn hasaplaýan adamlara Hudaýyň Sözi nädip kömek edýär?

7 Käbir adamlar Ýehowanyň kanunlary boýunça ömürboýy ýaşamak kyndyr öýdüp biynjalyklanýarlar. Olar Hudaýyň kanunyna görä ýaşap bilmerin diýip gorkýarlar. Eger sen hem şeýle pikir edýän bolsaň, şu sözler barada oýlanyp gör: «Men Ýehowa, seniň Hudaýyň, saňa peýdaly zatlary öwredýän, seni ýöremeli ýoluňdan alyp barýan Hudaýdyryn. Eger sen meniň tabşyryklaryma ünsli bolsadyň! Onda seniň parahatlygyň derýa kimin, dogrulygyň bolsa deňiz tolkunlary kimin bolardy» (Işaýa 48:17, 18, TD). Bu sözleriň nähili teselli berýändigi barada oýlanyp görüpmidiň?

8 Ýehowa bu sözler arkaly bize gulak asmagyň peýdasyny ýatladýar. Eger gulak assak, ol iki zady wada edýär. Birinjiden, biziň parahatlygymyz asuda, bol, tükeniksiz derýa ýaly bolar. Ikinjiden, dogrulygymyz bolsa deňiz tolkunlary kimin bolar. Deňziň kenarynda durup, tolkunlaryň yzly-yzyna urşuna syn edeniňde, olaryň hemişelikdigine düşünýärsiň. Sen tolkunlaryň kenara elmydama urlup durjagyny bilýärsiň. Ýehowa seniň dogrulygyň, ýagny dogry hereket etmek islegiň hem şeýle bolar diýýär. Oňa wepaly bolsaň, ol seni elmydama goldar! (Zebur 55:22-ni okaň). Şu tolgundyryjy wadalar Ýehowa we onuň dogry talaplaryna bolan imanyňy berkitmeýärmi?

«RUHY TAÝDAN ÝETIŞEN ADAM BOLMAGA YMTYLALYŇ»

9, 10. a) Ruhy taýdan ýetişmek näme üçin her bir mesihçiniň ajaýyp maksady? b) Ruhuň görkezmesine görä ýaşaýanlar näme üçin şadyýan?

9 Ikinjiden, seniň gurýan jaýyň üçin «ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga ymtylmak» wajyp (Ýewreýler 6:1). «ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga ymtylmak», ýagny ruhy taýdan ýetişmek — her bir mesihçi üçin ajaýyp maksatdyr. Biz häzir kämil bolup bilmesek-de, ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolup bileris. Galyberse-de, ruhy taýdan ýetişen mesihçiler Ýehowa gullukda has köp şatlyk tapýarlar. Näme üçin?

10 Ruhy taýdan ýetişen mesihçi ähli zada Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýar (Ýahýa 4:23). Pawlus şeýle ýazdy: «Ten höweslerine görä ýaşaýanlar tene degişli zatlar barada pikir edýärler. Emma mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýanlar ruha degişli zatlar barada pikirlenýärler» (Rimliler 8:5). Ten höweslerine görä ýaşaýan adamlar köp şatlyk tapmaýarlar, sebäbi olar diňe özüni bilýär, öňdengörüjiligi ýok we baýlyga kowalaşýar. Ruhuň görkezmesine görä ýaşaýanlar bolsa şadyýan, çünki olaryň pikiri «bagtly Hudaý» Ýehowa gönükdirilendir (1 Timoteos 1:11). Ruhy taýdan ýetişen adam synaglarda-da şatlygyny ýitirmän, Ýehowany razy etmek isleýär. Näme üçin? Synaglar Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge we aýypsyzlygymyzy berkidip, gökdäki Atamyzy begendirmäge mümkinçilik berýär (Süleýmanyň tymsallary 27:11; Ýakup 1:2, 3-nji aýatlary okaň).

11, 12. a) Pawlus «saýgarma» ukyplary barada näme diýdi we «öwrenişdirmek» sözi näme aňladýar? b) Bedeniň türgen bolmagy üçin näme etmeli?

11 Ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmak üçin tälim almaly. Şu aýada seredeliň: «Agyr nahar ruhy taýdan ýetişen adamlar üçindir. Olar aň-düşünjesini ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenişdirendirler» (Ýewreýler 5:14). Pawlus saýgarma ukyby öwrenişdirmek hakda aýdanda, ähtimal, b. e. I asyrynda Gresiýanyň sport zallarynda giňden ulanylýan grek sözüni ulanan bolmaly. Bu jümläni «gimnastikaçy ýaly türgenleşmek» diýip, terjime etse-de bolýar. Häzir bolsa şeýle türgenleşmek üçin nämeler etmelidigimize seredeliň.

Gimnastikaçy maşk edip, bedenini türgenleşdirýär

12 Çaga dünýä inende, bedeni hiç zada taýýar bolmaýar. Meselem, bäbek eline we aýagyna erk edip bilmeýär. Şol sebäpli ellerini galgadanda, ýüzüni dyrnaýar-da, aglap başlaýar we näme bolanyna-da düşünmeýär. Wagtyň geçmegi bilen, çaga bedenine erk etmegi öwrenýär. Ilki emedekleýär, soňra ýöreýär we ylgap başlaýar *. Eýsem, gimnastikaçynyň ukyby barada näme diýse bolar? Sen ýokaryk towsup, howada owadan hem ýalňyşman pyrlanýan gimnastikaçyny göreniňde, onuň bedeniniň uzak wagtlap maşk edip bilýändigine şübhelenýän dälsiň. Şeýle ukyp öz-özünden däl-de, ençeme sagatlap türgenleşmegiň netijesinde bolýar. Mukaddes Ýazgylarda «beden maşkynyň peýdasy azdyr» diýilýär. Emma ruhy taýdan saýgarma ukyplarymyzy terbiýelemek has-da wajypdyr! (1 Timoteos 4:8).

13. Biz saýgarma ukyplarymyzy nädip terbiýeläp bileris?

13 Biz şu kitap arkaly saýgarma ukyplarymyzy öwrenişdirmäge hem-de ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolup, Ýehowa wepaly bolmaga kömek edýän köp zatlar hakda gürrüň etdik. Sen gündelik durmuşyňda karara geleniňde, Hudaýyň prinsiplerini we kanunlaryny ulanmak üçin doga et. Özüňe şeýle sowallary ber: «Bu meselede Mukaddes Ýazgylaryň haýsy kanunlaryny ýa-da prinsiplerini göz öňünde tutmaly? Olary nädip ulanyp bilerin? Men gökdäki Atamyň göwnünden turmak üçin nähili karara gelerin?» (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; Ýakup 1:5-i okaň). Şeýdip, sen gelen her bir kararyň bilen saýgarma ukyplaryňy öwrenişdirersiň. Bu saňa mundan beýläk hem ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga ýardam eder.

14. Ruhy taýdan ösmek üçin nämäni küýsemeli, ýöne nämäni unutmaly däl?

14 Ruhy taýdan ýetişen bolsak-da, ösmäge mümkinçilik hemişe bar. Ösmek üçin bolsa naharlanmaly. Şol sebäpli Pawlus resul: «Agyr nahar ruhy taýdan ýetişen adamlar üçindir» diýdi. Imanyňy berkitmek üçin agyr ruhy nahar bilen iýmitlenmeli. Öwrenenleriňi durmuşyňda dogry ulansaň, akyldarlyk gazanarsyň, Mukaddes Ýazgylarda bolsa: «Iň möhüm zat akyldarlykdyr» diýilýär. Şol sebäpli Atamyzyň berýän gymmatly hakykatyny hemişe küýsemeli (Süleýmanyň tymsallary 4:5—7; 1 Petrus 2:2). Elbetde, bilim we akyldarlyk tekepbir bolmaga esas bermeýär. Ýüregimizde tekepbirlik ýa başga bir erbet häsiýet ornaşmaz ýaly, biz özümizi barlap durmaly. Pawlus şeýle ýazdy: «Iman edýän zatlaryňyz boýunça ýaşaýandygyňyzy elmydama barlap duruň» (2 Korinfliler 13:5).

15. Ruhy taýdan öser ýaly näme üçin söýgi wajyp?

15 Jaýyň gurluşygy gutarsa-da, iş azalmaýar. Jaýy arassa saklamaly, bejeriş işlerini geçirmeli ýa-da gerek bolsa gapdalynda ýene bir otag gurmaly. Eýsem, ruhy taýdan ýetişip, ösüşimizi dowam etdirmek üçin näme etmeli? Iň wajyp zat — söýgi. Biz Ýehowa we imandaşlarymyza bolan söýgimizi artdyrmaly. Eger söýgimiz bolmasa, alýan bilimimiziň we edýän işimiziň peýdasy bolmaz (1 Korinfliler 13:1—3). Söýgimiz bolsa, onda ruhy taýdan ösmegimizi dowam ederis.

ÝEHOWANYŇ BERÝÄN UMYDYNY UNUTMA

16. Şeýtan adamlary nähili pikirlere iterýär we Ýehowa bize nähili gorag berýär?

16 Geliň, jaýyň gurluşygy bilen bagly ýene bir zada seredeliň. Isanyň şägirdi bolmak üçin, dogry garaýşy saklamaly. Dünýäniň hökümdary Şeýtan adamlary ters pikirlenmäge, ruhdan düşmäge, ynamsyzlyga we umytsyzlyga iterýär (Efesliler 2:1, 2). Mesihçi üçin şeýle oý-pikirler howpludyr; agaçdan gurlan jaýyň çüýreýşi ýaly zyýanlydyr. Bagtymyza, Ýehowa bize gorag üçin wajyp serişde, ýagny umyt berýär.

17. Mukaddes Ýazgylarda umydyň wajyplygy nädip görkezilýär?

17 Mukaddes Ýazgylarda Şeýtana we onuň dünýäsine garşy göreşmek üçin dürli ruhy ýaraglaryň zerurdygy aýdylýar. Bu ýaraglaryň wajyby — tuwalga, ýagny «gutulyş umydydyr» (1 Selanikliler 5:8). Gadymy döwürde tuwalgasyz esger söweşde aman galmajagyna düşünýärdi. Adatça, tuwalgany demirden ýasap, aşagyna keçeden ýa-da deriden telpek tikýärdiler. Şonuň üçin urgularyň köpüsi uly zyýan ýetirmeýärdi. Tuwalganyň kelläni goraýşy ýaly, umyt hem seniň oý-pikiriňi gorar.

18, 19. Isa umydy unutmazlykda nähili görelde galdyrdy we biz oňa nädip eýerip bileris?

18 Isa umydy unutmazlykda ajaýyp görelde galdyrdy. Ýer ýüzündäki ömrüniň soňky gijesi onuň nämeleri başdan geçirendigini ýadyňa sal. Ýakyn dosty ony pula satyp, hyýanat edýär. Ýene biri Isany tanamaýaryn diýip, ony inkär edýär. Beýlekiler bolsa ýeke özüni goýup, gaçyp gidýärler. Ildeşleri bolsa Isa garşy çykyp, rim esgerlerinden ony jebirli ölüme sezewar etmegi talap edýärler. Isanyň çeken agyr synaglaryna hiç birimiz hem duçar bolmasak gerek. Isa näme kömek etdikä? Ýewreýler 12:2-de şeýle diýilýär: «Ol öňünde goýlan şatlyk üçin utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz geldi. Şeýdip, ol Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturdy». Isa «öňünde goýlan şatlygy» hiç haçan unutmaýardy.

19 Eýsem, Isa nähili şatlyk garaşýardy? Ol soňuna çenli çydasa, Ýehowanyň mukaddes adyny şöhratlandyrardy we Şeýtanyň ýalançydygyny gutarnykly subut ederdi. Başga hiç hili umyt Isany şeýle begendirmese gerek! Şeýle-de ol wepaly bolsa, Ýehowanyň uly sylag berjegini, ýene-de Atasy bilen gökde bile boljagyny bilýärdi. Isa şu şatlykly umyt barada durmuşynyň iň agyr günlerinde-de unutmady. Biz hem şeýle bolmaly. Bize-de şatlykly günler garaşýar. Ýehowa her birimize beýik adyny mukaddes etmegi ynandy. Eger biz dürli synaglara garamazdan, Ýehowany Hökümdarymyz hasaplap, özümizi Atamyzyň söýgüsinde saklasak, Şeýtanyň ýalançydygyny subut ederis.

20. Saňa dogry pikirde bolmaga we umydyňy üzmezlige näme kömek eder?

20 Ýehowa wepaly gullukçylaryny ýürekden sylaglamak isleýär (Işaýa 30:18; Malaky 3:10-ny okaň). Ol gullukçylarynyň ýürek arzuwlaryny höwes bilen amala aşyrýar (Zebur 37:4). Şol sebäpli gelejege bolan umydyňy unutma. Şeýtanyň köne dünýäsine mahsus bolan erbet, ahlaksyz, azdyryjy pikirlere ýol berme. Eger dünýäniň ruhy seniň aňyňa we ýüregiňe täsir edýändigini duýsaň, «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy» barada gyzgyn doga et. Şonda Hudaýyň berýän parahatlygy seniň ýüregiňi we aňyňy gorar (Filipililer 4:6, 7).

21, 22. a) «Uly märeke» nämä umyt edýär? b) Hudaýyň berýän umydynda saňa näme has-da ýaraýar we sen nähili karara geldiň?

21 Biziň nähili ajaýyp umydymyz bar! Eger sen «agyr muşakgatda» halas boljak «uly märekä» degişli bolsaň, gelejekde nähili durmuşyň garaşýandygy barada oýlan (Ylham 7:9, 14). Şeýtan we onuň jynlary ýok edilende, sen şeýle bir ýeňillik duýarsyň, beýle ýeňilligi häzir hatda göz öňüne getirmek hem kyn. Biziň haýsymyz Şeýtanyň azdyryjy täsirini duýmadyk? Onuň täsiri ýok edilende, Isanyň we gökdäki 144 000 hökümdarlaryň ýolbaşçylygy astynda ýer ýüzüni Jennete öwürmek nähili şatlykly bolar! Ähli keselçiligiň soňuna çykyljak we dogan-garyndaşlarymyzyň direljek döwrüne hem-de Hudaýyň ilkibaşdan biziň üçin niýetlän täze dünýäsine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! Kämillige golaýlaşdygymyzça, biz Rimliler 8:21-däki has uly sylaga, ýagny «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna» ýakynlaşarys.

22 Ýehowa seniň göz öňüne getirip bilmejek azatlyga gowuşmagyňy isleýär. Şeýle azatlyga gowuşmak üçin oňa gulak asmaly. Eýsem, bu Ýehowa her gün gulak asmak üçin edýän ähli tagallaňa degmeýärmi? Hudaýyň söýgüsinde ebedi galmak üçin, özüňi hemişe iň mukaddes imanyň arkaly berkit!

^ abzas 12 Alymlaryň aýtmagyna görä, bizde propriosepsiýa, ýagny bedenimiziň we el-aýagymyzyň hereketini syzýan aýratyn bir duýgy döreýär. Meselem, şu duýgy arkaly biz gözümizi ýumup, el çarpyp bilýäris. Şeýle duýgyny ýitiren bir hassa adam durup, ýöräp, hatda oturyp hem bilmeýärdi.